Belgiler:
Imprerator
, soygi
Ine barýaň umydyňa büdräp,
Egniň horlugyňa utanyp çala,
Uzakda orkestr joşup titräp,
Tans edýär owadan gyzlar bilen.
Hor elleriň çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly,
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.
Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň,
Geçip barýan bir syratly oglanyň,
Mylakatly söz aýdaryny isleýäň.
Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar,
Ýörite ýag bilen saçlaryny darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özleriniň owadan gyzlaryna tarap.
Ah horja gyz, horlygyňdan horlanýaň,
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede,
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de...
Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülşip ýüregine düşýär,
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.
Öýe gelýäň, gyýýar ýüregiň ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň,
Aglaýarsyň, "Ah ejejan näme üçin",
Meni beýle betgelşik dogurdyň
Emma goňşy gelin bir görmegeý dul,
Atasyz oglana günäli bakýar,
Hem seniň tersiňe gussa-gam çekýär,
Owadan dogulma, bagtly dogul.
Aglama gyz, uýajygym gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyň öňünden
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma,
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.
Käte şeýle bolýar, görkdir-görmek,
Gidip otyr il-içinden at alyp,
Ýöne nämeüçindir tylla-ýüzek dek
Ýolda gum içinde galýar sadalyk...
Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sada bol aýlaryň doguşy ýaly
Şeýle ýigitler bar, olar bar entek
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly...
Egniň horlugyňa utanyp çala,
Uzakda orkestr joşup titräp,
Tans edýär owadan gyzlar bilen.
Hor elleriň çykaraňok ýeňiňden,
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly,
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden,
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.
Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň,
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň,
Geçip barýan bir syratly oglanyň,
Mylakatly söz aýdaryny isleýäň.
Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar,
Ýörite ýag bilen saçlaryny darap,
Olar wagtdanam ozup barýarlar,
Özleriniň owadan gyzlaryna tarap.
Ah horja gyz, horlygyňdan horlanýaň,
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede,
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar,
Seni öýe ugradanok biri-de...
Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip,
Owadan gülşip ýüregine düşýär,
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.
Öýe gelýäň, gyýýar ýüregiň ünjiň,
Hasratdan çekilýär iki owurdyň,
Aglaýarsyň, "Ah ejejan näme üçin",
Meni beýle betgelşik dogurdyň
Emma goňşy gelin bir görmegeý dul,
Atasyz oglana günäli bakýar,
Hem seniň tersiňe gussa-gam çekýär,
Owadan dogulma, bagtly dogul.
Aglama gyz, uýajygym gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyň öňünden
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma,
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.
Käte şeýle bolýar, görkdir-görmek,
Gidip otyr il-içinden at alyp,
Ýöne nämeüçindir tylla-ýüzek dek
Ýolda gum içinde galýar sadalyk...
Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek,
Sada bol aýlaryň doguşy ýaly
Şeýle ýigitler bar, olar bar entek
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly...
- imperator
- 22 jogap
- 694 okalan
- 2009-11-15 17:46:36
jogaplar
Dostum seniň goşgyň ajaýyp eser,
Bu dünýäde hemme bir zada ýeser,
Belki bu zatlara kömegmiz deger,
Dostum aýdanlaryň men-a goldaýan.
Daşky görküňem-ä gerekdir welin,
Häzirlikçe pul gaty rol oýnaýar,
Pul gerek däl diýen bolýalar welin,
Diňe gözler pul tarapda oýnaýar.
Ýazgarmalyň bu durmuşyň gurluşyn,
Ynsan edýär hemme zadyn durmuşyň,
Hany halkym, muňa garşy göreşiň,
Dostum aýdanlaryň men-a goldaýan.
Bu döwürde sadalyga ýol-a ýok,
Talyplar.com gel açaly muňa ýol,
Ýok, ýok diýsem bütinleý ýok däl,
Şol ýerlere açmaly biz birje ýol.
Bu dünýäde hemme bir zada ýeser,
Belki bu zatlara kömegmiz deger,
Dostum aýdanlaryň men-a goldaýan.
Daşky görküňem-ä gerekdir welin,
Häzirlikçe pul gaty rol oýnaýar,
Pul gerek däl diýen bolýalar welin,
Diňe gözler pul tarapda oýnaýar.
Ýazgarmalyň bu durmuşyň gurluşyn,
Ynsan edýär hemme zadyn durmuşyň,
Hany halkym, muňa garşy göreşiň,
Dostum aýdanlaryň men-a goldaýan.
Bu döwürde sadalyga ýol-a ýok,
Talyplar.com gel açaly muňa ýol,
Ýok, ýok diýsem bütinleý ýok däl,
Şol ýerlere açmaly biz birje ýol.
Imperator dost sheydip arasynda bet goshgularyny biz bn paylashyp dur. Tuweleme iki goshgam betlay,respect size
jynsy söýgi (oglan we gyz arasyndaky) - bu açlyk we suwsuzlyk ýaly, emma jynsy isleg bilen bagly duýgudyr.
tutaşan wagty gana söýgi gormonlary dökülmäge başlaýar we ol soňra adama edil neşe ýaly täsir edýär. Her göreniňde gormon dökülip, sen şol neşe ýaly gormonlara gowy öwrenişýäň. soňra sen şol gormonlaryň elinde.
saplanmagyň ýoly:
1. näçe kyn hem bolsa, şol gyzy görmezlik, ol hakda eşitmezlik, pikirlenmezlik (gormonlar gana kem-kem az dökülip, soňra ýatyşyp galýar);
2. Oňa öýlenmek (organizm söýgi gormonyndan alýan keýpe öwrenişýär, kem-kemden gormonlaryň täsiri gaçýar).
Ýogsa-da söýgüde gudrat bardyr öýtmäň. ol fizionomik ýitileşmäniň bir üýtgeşijek görnüşi.
tutaşan wagty gana söýgi gormonlary dökülmäge başlaýar we ol soňra adama edil neşe ýaly täsir edýär. Her göreniňde gormon dökülip, sen şol neşe ýaly gormonlara gowy öwrenişýäň. soňra sen şol gormonlaryň elinde.
saplanmagyň ýoly:
1. näçe kyn hem bolsa, şol gyzy görmezlik, ol hakda eşitmezlik, pikirlenmezlik (gormonlar gana kem-kem az dökülip, soňra ýatyşyp galýar);
2. Oňa öýlenmek (organizm söýgi gormonyndan alýan keýpe öwrenişýär, kem-kemden gormonlaryň täsiri gaçýar).
Ýogsa-da söýgüde gudrat bardyr öýtmäň. ol fizionomik ýitileşmäniň bir üýtgeşijek görnüşi.
Goshgularyñ ikisi hem bet ýazylypdyr. Mende has täsir galdyran ikinji goshgy. Beýle diýdigim birinji goshgy erbet diýdigim däl .
Goshgularyñ ikisinede bir sözüm bar.
S u p e r
mekanoraz sen-ä shahyr ekeniñ tüweleme! Ýazylan goshga sözlem dälde goshgy arkaly ajaýyp jogap ýazypsyñ.
Goshgularyñ ikisinede bir sözüm bar.
S u p e r
mekanoraz sen-ä shahyr ekeniñ tüweleme! Ýazylan goshga sözlem dälde goshgy arkaly ajaýyp jogap ýazypsyñ.
goshgyn birinjisi Gurbannazar Ezizowyn goshgusy bolmali ikinjisini bolsa mekanoraz sen ozun duzdunmi? yaman gowy eken!
Shagyzy, minnetdar, ýakymly sözleriň üçin, men goşgyny ozum duzdum, ay içim gysan wagty joşdum. Özüm işlämde-de, häzir okaýan ugrumam inžener-programmist, ýöne şu goşgydyr hekaýanam ýanyndan özümçe ýazsam birhili giňän ýaly bolýan. Hormatly agzalar, sizden ullakan haýyş, men entek köp ýazaryn diýen umydym bar, ýöne öňünden haýyş edýän, öňki
öňki ýazanlarymda-da, indiki ýazjaklarymda-da näsazlyklar bolsa gaýrat ediň-de aýdyň, belki düzedip has kämil görnüşinde işläris. Ýakymly söz eşitmek her kime gowy zat, ýöne dost-ýarlaryňdan ýakymly söz eşidip köpçülikde ýüzüňi sallamaz ýaly, dostlaryňdan kemçiligini eşidip düzedip, ha;lyň öňünde döşüňi gaýşardyp gezeniň gowy.
Mekanoraz gowy goshgy duzyanlay yene birini gachyrda,yone erkek bol soygi bolmasyn.o yokardaky i jullugin temasyndaky yaly goshgy
Dereksiz! Seniň haýyşyň boýunça, maslahat tipde. Men internet arkaly bir gyzjagaz bilen tanyşdym, edil jigim ýaly öwrenişipdirin, jaňlaşýas, hat alyşýas. Şoňa maslahat tipde düzenimi size ýazaýaýyn. Soň sizem baha beriň...
Internetde tanyşdyk biz seň bile,
Birden söz alyşdy, dillerem dile,
Men seni meňzedýän, bir ajap güle,
Ýaşyň uzyn bolsun, Leýlaşka jigim.
Bärde agaň bardyr, ýadyňda sakla,
Ejeň saňa bildirýän ynamyn hakla,
Onsuzam meň saňa gümanam ýok-la
Ýaşyň uzyn bolsun, Leýlaşka jigim.
Biderek zatlara agyrtma başyň,
Ähli zatda, gerek bolar syrdaşyň,
Belki, bolar, seniň baky ýoldaşyň,
Bagtyň açyk bolsun, Leýlaşka jigim.
Ejeň saňa bu gün uly ynamy,
Onuň diýenin et, ony gynama,
Göwnüň ýetse, hiç ýigdi synama,
Ýöne gaty berk bol, Leýlaşka jigim.
Dostuň Mekan aýdar maslahat berip,
Aglama bir ýigide göwnüňi berip,
Uly durmuş garaşýar, gujagyn gerip,
Bagtyň bolsun durmuşda, Leýlaşka jigim.
Internetde tanyşdyk biz seň bile,
Birden söz alyşdy, dillerem dile,
Men seni meňzedýän, bir ajap güle,
Ýaşyň uzyn bolsun, Leýlaşka jigim.
Bärde agaň bardyr, ýadyňda sakla,
Ejeň saňa bildirýän ynamyn hakla,
Onsuzam meň saňa gümanam ýok-la
Ýaşyň uzyn bolsun, Leýlaşka jigim.
Biderek zatlara agyrtma başyň,
Ähli zatda, gerek bolar syrdaşyň,
Belki, bolar, seniň baky ýoldaşyň,
Bagtyň açyk bolsun, Leýlaşka jigim.
Ejeň saňa bu gün uly ynamy,
Onuň diýenin et, ony gynama,
Göwnüň ýetse, hiç ýigdi synama,
Ýöne gaty berk bol, Leýlaşka jigim.
Dostuň Mekan aýdar maslahat berip,
Aglama bir ýigide göwnüňi berip,
Uly durmuş garaşýar, gujagyn gerip,
Bagtyň bolsun durmuşda, Leýlaşka jigim.
Mekan oraz,tuweleme,yene haysh,shu kabir temalara goz aylada,shona gora goshgy yazay,senki yaly shu gornushdaki goshgulan gaty yarady,
Mekanoraz tüweleme gowy ýazypsyñ
menä sen shu durmushda ýazyjylyk bilen ishleshseñem bolarmyka diýän .
Ýene goshgy ýazsañ shol goshgy üchin bir tema ach bizem hezil edip okarys. Men saña bir zat maslahat bereýin sen shu sitde öz adyñy shahyr diýip goýsana ýa-da shahyr mekanoraz diýip gowy gelisherdi
menä sen shu durmushda ýazyjylyk bilen ishleshseñem bolarmyka diýän .
Ýene goshgy ýazsañ shol goshgy üchin bir tema ach bizem hezil edip okarys. Men saña bir zat maslahat bereýin sen shu sitde öz adyñy shahyr diýip goýsana ýa-da shahyr mekanoraz diýip gowy gelisherdi
ayylganch, sag bol maslahatyňa, ýöne men öz özümi däl-de, goý iller meni şahyr diýip atlandyrsynlar... Ýöne men entek şahyrlyk derejesine ýetemokmykam diýýän...
goshgy duzyan butun Agzalar,
kopdur mundan lezzet alyanlar.
Men goshgylary haladym diysen
yurek bulary okap hasam shatlanyar.
kopdur mundan lezzet alyanlar.
Men goshgylary haladym diysen
yurek bulary okap hasam shatlanyar.



