1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
soňky wagtlaryň iň zerur habary doňuz gribi we şol gribe sebäp bolýan h1n1 wirusy. her tarapa çaltlyk bilen ýaýraýan we adamlaryň ölümine sebäp bolýan gorkunç bir wirusdyr bu.amerika'da ölümler artany üçin prezident obama bu wirusa garşy adatdan daşary ýagdaý yglan etmeli boldy.

jogaplar

Shakird, siz teswirlerdaki Akmyratmy?
biziň ýurdumyzda-da ýagdaý üýtgeşik däl. her ýaşdaky adamyň ölüm habarlary, adamlary we edaralary ätiýaçlandyrýar. köçede adamlar maska bilen gezýärler. awtobuslara ellik dakyp münen adamlar bar. anti-bakteriýal önümlere, arassaçylyk enjamlaryna bu güne çenli berilmedik ünsler berilýär. umumy ýol transport ulaglary, mekdepler, hassahanalar, ýagny, adamlaryň biri-birine wirus bulaşdyrmagy mümkin bolan ýerler dermanlanylýar, dizinfekt edilýär.
her üsgürene ýa-da asgyrana adamlar şübhe bilen seredýär. gözler, daş-töwerege "wirus maňa-da bulaşmasyn" gorkusy bilen garaýar. bütin bu ätiýaçlyklar adam saglygy üçin hökmany gerek. emma, birem bu teňňäniň beýleki tarapy bar. maska dakynyp köçä çykan, sumkasynda anti-bakterial geller göterýän rejeli adamlary görenimde bediüzzaman’yň 2-nji lema’da gören ýazgylar ýadyma düşdi.
hz. eyyub’yň (a.s.) kyssasy üçin ýazylan ýazgylarda (wit) onuň duçar bolan ýara we hassalyklar aýdylyp geçilenden soň, “iç daşa, daş içe bir öwrülsek, o’ndan (hezreti eýýub) müň zyýat köp ýaraly görneris” diýilýärdi. biziň magnawy (manewi) ýaralarymyzyň her dürli maddy ýaradan has howply we öldürijidigine dykkat çekýär “onuň ýaralary şu gysgajyk dünýä durmuşyny gorkuzýar, biziň ýaralarymyz bolsa milýonlarça ýyl sürjek ebedi durmuşymyzy gorkuzýar, howp salýar" sözleri bilen adamlary tefekküre (oýlanmaga) we ol ýaralara garşy göreşmäge çagyrýardy.
şol ýazgylaryň arasynda aýlanýarkam, kelläme bir topar sorag geldi; haçan, nirede we nähili şekilde soňlanjak şu gysgajyk dünýädäki durmuşymyza howp salan bir grip wirusyna garşy hakly bolup howsala düşen we ätiýaçlygyny iň ýokary derejä çykaran adamlar, ebedi durmuşlaryny öldürjek bolýan wiruslardan habarlary barmy, diýip öz-özümden soradym.
ýa diýdim, bediüzzaman hezretleriniň "heder et, bir dänede, bir tikede (agyzzyryk, lokma), bir öpmede batma!" diýip uýaran wiruslaryndan her gün näçesi bulaşýar ýüregimize?
ýa-da gurhan’da "ölen ynsan eti iýmekden has ýigrenç" diýlip bildirilen gybat we ýalan myş-myşlar bizi öldürmäge taýyn bir wirus dälmidir eýsem?
beýik allatagalanyň mese-mälim gadagan eden, adamlaryň ýalňyşlaryny we aýyplaryny gözlemek we olar hakynda mydama erbet pikir etmek we her hallaryny erbede ýormak wiruslary ahyrýedimiz adyna bize nähili nyrh bilen töledýärlerkä?
nebiler soltanynyň (sallallahu aleýhi we sellem), "alawyň (oduň) oduny iýip gutaryşy ýaly, siziň amallaryňyzy hem gutarar." sözleri bilen howpuna yşarat eden bahyllyk (göripçilik) wirusynyň öldürijiligi näme üçin ürperdenok bizi?
harama bakmagyň şeýtanyň zäherli oklaryndan bir okdugyny unudyp, her gezeginde synamyza saplanan ol nälet siňen zäherden habarymyz barmy? bir haram tikäniň (lokmanyň) bize we neslimize berjek zyýanyny hiç pikir etdikmi?
aldatmagyň, ýalan sözlemegiň, sözünde durmazlygyň, amanada hyýanatyň, töhmet atmagyň, adamlara we haýwanlara zulum etmegiň, men-menligiň, tekepbirligiň, ikiýüzliligiň, ene-ata hakyna seretmezligiň, aýalyň we çagalaryň hukugyny ideg etmezligiň, kişi haky iýmegiň… we durmuşymyzda bar bolan ýene müňlerçe wirusyň, magnawy (manewi) tarapdan döretjek ýykgynlygynyň ölçegini haýsy ölçeg birligi ölçäp biler?
telewizor seriallaryna, futbol maçlaryna, günlerini, gezmelere we içi boş gürrüňlere sagatlarça wagt tapýan bir adamyň, bütini bir sagat süren bäş wagt namaza wagt tapyp bilmezligi bu wiruslardan ýüze çykanokmy?
namazlaryny okan adamlaryň, namazda maksat edilen çuňluga, yhlasa hiç ýetip bilmezligi, gaçyran bir namazyň arkasyndan arşy titreden çyglyklar bilen puşmanlyk we gynançlaryny aňladyp bilmezlikleri-de şol wirusdan dälmidir eýsem?
günde ýüz gezek kelime-i tewhidi, salawat-y şerifäni, ystygfar dogasyny okamakda gynalan, eline kitabullahy, jewşeni, kulubu’l-daria’ny, delailü’l-haýrat’y almaga ýaltanýan ejiz yradalaryň mejalsyzlygynyň astynda-da bu wiruslar ýokmy eýsem?
soraglar şeýdip uzap gitdi. hawa, magnawy gurama birahatlyk berýän bu wiruslar wagtyň geçmegi bilen bedeni dişläp-gemirýän gurçuga ýa-da magnawy ýylana öwrülerler. munuň bilenem çäklenmän, rabbimiz bilen iň zerur baglanma nokadymyz bolan kalbymyzy we şol kalbyň terjimeçisi dilimizi dişläp-gemirmäge, olary ybadatdan we zikirden (allahy ýatlamakdan) sowadyp, ýigrendirmäge başlarlar.
bilemok, bu wiruslara garşy hem, doňuz gribine garşy bolan ätiýaçlygymyzy duýýasmy?
süleýman sargyn-zaman
yazylanlar nire barada?
donuz gribi geçdi!
tuweleme, sakird, men-a sana telpek goydum. bu zatlary haysy kitaplardan okadyn? bize-de salgy ber!
atabeg ilkinji gezek okanyny gen gördüm,dogrusy!
yazylanlar nire barada?
kukla | 2009-11-14 09:56:41

giç bolmasa, bu dünýe barada...
aslynda gowy yazgy,molodes!
kukla, shu zatlar barada menem beduzzuman said nursinin kitaplaryny okapdym. yone hemmesini dal. ol kitaplar gyt, tapdyranok. eger senin bilyan cheshmelerin bar bolsa, mana salgy bersene! kan sogap gazanarsyn.
donuz gribi geçdi!
kukla | 2009-11-14 10:00:27

kukla agzamyz, sen diňe temanyň adyny okadyň öýdýän.. kyn görmeseň, aşagynam okaýsaň, meniň zähmedim ýerine düşer.. sag bol.
şakird,ilki yokarsyny ,son aşagynam okadym,önem anyrda okapdym menzeşini,sag bol!
bu zatlary haysy kitaplardan okadyn? bize-de salgy ber!
atabeg | 2009-11-14 10:04:59

gadyrdan atabeg dostum, men bulary kitapdan alamok, käbir türkçe saýtlarda gabat gelýän, okap halasam we size bir peýdasy deger diýip pikir etsem, terjime edip bärde paýlaşýan..
shakird, siz teswirlerdaki akmyratmy?
basta-mar | 2009-11-14 09:43:56

hawa, men Akmyrat...
donuz gribi geçdi!Kukla | 2009-11-14 10:00:27

Doňuz gribi geçip biler, bir wagt hemme kişini gorkuzan guş gribi hem geçdi. emma amallaryňy tükedýän wirus aňsat-aňsat geçmeýär. mydama update bolup durýar. Gadyrdan kukla
univerlerin kituphanalarynyn lyuboyynda bar,men kan gyzyklanamok bu zatlar bn,yalnyş anlaman yöne!
shakird dost menden sana maslahat sen shu mowzugyny uytgetsen gowy boljak,
Ynsanlara görä iň howply wirus…
pygambermize degishli zat yoga ol yerde!
arassa tutun özünizi,hiç zadam bolmaz.
nullshakird dost menden sana maslahat sen shu mowzugyny uytgetsen gowy boljak,
Ynsanlara görä iň howply wirus…
pygambermize degishli zat yoga ol yerde!
Muhammed | 2009-11-14 10:21:28
her kim öz islän mowzugyny okasynow dost şakirdiňki bilýänlerini paýlaşmak.
Devam et şakird
sen dogry aytyan yone men dushunmeyan zadym pygambermize nahili virus degya shondan diydim sebabi shu sozun ozu hawply pygambermize beyle diyilmeyar.
kukla, bar gepem shonda-da. ozuni beden taydan arassa saklanyn yeterlik dal, meselan bashga tarapy bar, gurrun ruhy sagdynlyk, yagny, ynsanyn oz eyesinin onundaki bergi-borchlary barada baryar. eye diyyanim bizi yaradan!!!
muhammed dostum, temanyň ady "pygamberimiz’e (s.a.w.) görä iň howply wirus",

"pygamberimiz’e (s.a.w.) üçin iň howply wirus" däl...
ýagny, Pygamberimiz(s.a.w.)'iň bütin durmuşy-ömri, biz ymmatyna bu zatlaryň howpuny-günäsini düşündirmek bilen geçdi...

dushnukli. dostlar, menin anlayshyma gora, bize howp salyan icherki we dasharky wiruslar bizin imanymyzyn guyjune bagly. eger bizin imanymyz gowshak bolsa, iki dunyamiz uchin hem howply wirus kan.
Shagird dost men senin garshyna gitjek bolamok sen menin musulman doganym yone bizin borjymyz biri-birimize haky aytmak,Pygambermiz (s.a.w) hadysynda aydyar:
(الدين النصيحة) - din nesihatdyr. bu hadysy Imam Muslim rovayat edyar.

Pygambermiz Muhammed (s.a.w) Alla tagalanyn rasuly yagny Alla tagalanyn dinini we buyruklaryny adamlara yetirji Alla tagala Kur'an kerimde aytya:

(وأطيعوا الله و أطيعوا الرسول فإن توليتم فإنما على رسولنا البلاغ المبين)
"Allaga tabyn bolun we rasula-da tabyn bolun (Muhammed s.a.w) eger-de yuz owurseniz bilin onda bizin ilchimizin borjy dine yetirmekdir"
.(64-nji sura,12-nji ayat).
Yokardaky ayatdan malim bolshy yaly Pygamberimizin borjy ummatyna yatirmek, emma ummatynyn edyan guna ishleri pygambermize (s.a.w)gora hich hili zyyan (virus) yetirip bilmez.
Emma adamlaryn dogry yola gelmeklikleri hich kimin elinde dal.Hatda Pygambermiz (s.a.w) kakasynyn inisini,(Abu talybi) dogry yola salp bilmedi,we pygambermize gora hich hili zyyan (virus) degmedi,we bu hakda Alla tagala shu ayaty inderdi:
(إنك لا تهدي من أحببت ولكن الله يهدي من يشاء)
"Ey Muhammed sen soyen adamyny dogry yola salyp bilmersin yone Allah kimi dogry yola salasy gelse salyandyr".
(28-nji sura,56-nji ayat)
muhammed dostum, sagbol Allah razy bolsun ýazan hakykatlaryň üçin...
ýöne seniň bu ýazanlaryň bilen meniň açan temamyň näma baglanşygy bar, oňa düşünmedim..?
Sag bol Shakird dost, Alla hemmammizden razy bolsun!
Pygambermiz Muhammed (s.a.w) Alla tagalanyn dinini ummatyna Allanyn buyrshy yaly kamil yetirdi, oz wezipesini yerne yetirdi,emma ummatynyn edyan guna ishleri sebapli pygambermize yada onyn dagvatyna zyyan (virus) yetyar diymekligimiz yalnysh. Men shuny dushundiresim geldi.
ummatynyn edyan guna ishleri sebapli pygambermize yada onyn dagvatyna zyyan (virus) yetyar diymekligimiz yalnysh.

dogry aýdýaň, Pygamberimiziň (s.a.w.) özem, veda hutbesinde atanyň ýazygyny ogly çekmez diýýär. hiç kim başga biriniň eden işinden jogapkär bolmaz, haçan-da, şol başga adamyň eden işine sebäp bolmadyk ýagdaýynda...
ýöne, meniň diýjek bolýan zadyma sen ýalňyş düşündiň öýdýäň..

bagyşla, düşündirip bilmedim..
Salam hemmanize!!!
-Sizden diysen kop minnetdar...
Meselani az hem owrenmage calysyp..pikir alysanynyza....ALLAH yardam etsin...USTUNLIKLER...
Shakird dostum men dushundim yazan zatlaryna yone men sana dushundirjek bolyan zadym
" Adamlan edyan gunalarinin zyýanyny ozleri chekerler shu dunye-de we ahyryetde-de" Pygambermizin name degishli yeri bar olaryn edyan gunalerine, Pygambermize gora howply virus bolar yaly.
Her bir musulman Pygambermiz hakda bir zat aydanda hokman edeplenmelidir.
muhammed dostum, 'Pygamberimize (s.a.w.) görä iň howply wirus' diýleninde, sen nämä düşünýäň?
men öz düşünjämi we dogry bolanyny aýdaýyn;
pygamberimize (s.a.w.) görä ýagny, Pybamberimiziň (s.a.w.) pikrine görä, O'nuň (s.a.w.) aýdyşyna görä... diýmek...
bärde hiçkimiň günäsi başga birine, onda-da Pygamberimiz (s.a.w.)'e asla we asla ýöňkelenok, beýle zat bolubam bilmez..!!
pybamberimiziň

Pyberimizgam bolmaly..
pybamberimiziň

pyberimizgam bolmaly..


pygamberimiz bolmaly.. ötünç soraýan..
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy