1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,


Bolup ýörşüň hiç maňzyma batanok,

Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum.

Saňa akylam-a gelerçe boldy,

Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!


Öz diýeniň tutup ýörseň elmydam,

Päkmikäň öýdýärsiň hemmeden beter.

Ýaşlygyňdan şeýdip ýörseň girrelip,

Düşewüntli iş başyny kim tutar?


Menem ýaş boluldym. Ýöne başlygym

Un diýse un çekdim, gum diýse-de gum.

Sen nireden boýnuýogyn doguldyň?

Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!


«Onuň tutýan ýioly, päli nädogry,

Ol özünden başga bardyr öýdenok!» .

Muny diýmek seň paýyňa düşüpmi?

Näme üçin başga biri aýdanok?


Saňa başda edep-ekram öwredip,

Sypaýy terbiýe bermekçi boldum.

Saňa diýdilermi — ýerine ýetir,

Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!


«Ol adam itdenem beter ýaranjaň,

Duşsa uly kärlä, guýruk bulaýa».

Ýeri, seniň näme işiň diýsene,

Seň özüň ýaranjaň bolmasaň bolýa.


Işiň bilen bol-da, dogruja ýaşa,

Senden tamakin däl köp zady göwnüm.

Işiň şowuna bor, horluk çekmersiň,

Hemme kişi ýaly bolaýsaň, oglum!


Siz ýaşlar ýa baryp ýatan iş ýakmaz,

Ýa ýürekde päklik ýokundyňyz kän.

...Wah, ýene öýkeläp gitdi peläket,

Diýmesiz sözleri diýäýdimmikäm?

jogaplar

hay ata gorguli sonundanam gynanyada,yuregi yukadarey
hawwa edil turkmen oglanlaryna/ka bir oglanlara degishli/ gerek owut nesihat emma gynansakda dinlanoklar
anyajan, yashka dinleyan az, yone 40-dan gecyaler welin, kakam shey diyerdi, atam shey diyerdi diyip doly dushunup bashlayalar!
hahahaha ay dost durmush sheyle gurlupdyr natjekda,
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy