1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,


Ajap syýahatda boldum diýdi ol,

Goýmady gürrüňin goýmaly ýerde,

O nähili ajap syýahatmyşyn —

Ýedi gün asmanda?

Sekiz gün ýerde?


O nähili ajap syýahatmyşyn?

Bärde — aeroportda uçara münse,

Alty ajap ýurdy ýatyp geçirip,

Ýedinjiniň wokzalynda oýansa.


O nähili ajap syýahatmyşyn?

0 nähili ajap? — Sowal berýärin, —

Ýedi mawy deňzi ýatyp geçirse,

Oň üstüne ýene ýetmiş derýany?


Aşagdaky täin baglaň, metjitleň,

Eşitseň ýokarda diňe myş-myşyn,

Otlar bilen bejermeseň ýaraňy,

O nähili ajap syýahatmyşyn?


Şat zeminde goýup oba, şäheri,

Gulleriň agyny, gyzyl, sarysyn,

Sen sesdenem ozýan çaltlyk bilen

Öz ömrün deňinden geçip barýarsyň.


Çaltlyk bilep köp işleri etse bor.

Ýöne şol çaltlygyň bir emmasy bar,

Ol dünýä,

adama düşunmekligiň

Dedinden,

deňinden,

deňinden barýar.

Sen görmän geçýärsiň

Sen üçin Dörän

Uçmaha ýat, Ereme ýat gülleri.

Ýüzüňi sypasa, ýygyrdyň ýazjak

Otdan hem toprakdan dörän elleri.


Çaltlygyň gylygy: ýagyşlar ýagsyn,

Adam hesret çeksin, ýagsyn akja gar.

Parhy iok,

ol juda zerur zatlaryň

deňinden,

deňinden,

deňinden geçýär.


Gije-gündiz uçýar, uçýar adamlar,

Lezzet alyp motorlaryň heňinden,

Dur sen,

Saklaýa, tizlik söýen Adamzat,

Geçäýmäwer sen öz bagtyň deňinden.

jogaplar

Hakyky syyahat diyilyan shu goshgudaky yaly, o samalyotdan-o samalyota munip edilen syyahatmy ya, hemme yere aylanyp, yuwash yuwashdan, yorap ya mashynly edilen syyahatka?
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy