1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,
Ömür



Oýlanma



Ömür agajymdan düşdi bir ýaprak,

ýerde-de üýşip dur bir gysym ýaprak,

Sanamda sany hem çykdy köpüräk,

Agaja garadym, görüp bilmedim



Dostlarym gynandy düşen ýapraga,

Birgün menem girip gara topraga,

Sesimi meňzedip köne deprege,

Bir owaz etjekdim, edip bilmedim



Adam bu dünýäde göýä ýolagçy,

Saralan ýapraklar misli sanagçı,

Sonky ýaprak gaçsa,geler gölegçi,

ýapraklaň sanyny görüp bilmedim



ýapraklaň sanyny görmek isledim,

Saralanlaň sanyn bilmek isledim,

İň bolmanda sesli gülmek isledim,

Bogazymda galdy, gülüp bilmedim



Adamlara mydam boldum mylaýym,

Dowzah ataşyndan gora ylaýym,

İmanymdy meniň günüm hem aýym,

Allam (j.j.) saňa sadyk, bolup bilmedim



Mydam saňa sadyk bolaýyn diýdim,

Seň ýoluňa başym goýaýyn diýdim,

İň bolmanda şol maksady eýerip,

ýat illere gidip öleýin diýdim



Köp badaklar atdy nebsim hem maňa,

Menem ýeňilipler elmydam oňa,

Şonda-da süýrenip seniň gapyňa,

Gelem diýdim, emma gelip bilmedim



Hudaýym geçewer; meniň günälem,

Seň nuruň bolmasa tümlük bu älem,

Rahmet bosagaňa goýup bu kelläm,

Toba edem diýdim, edip bilmedim


jogaplar

oylanma menden oylanmagam sizden dostlar,pikiriniz bolsa yazybermeli.....





duydurysh,men garashyma gidyan agzalar bu temany zayalaman, sizden erkek yaly hayysh edyan, gerek dal onem bu sayty edi bileninizi etdiniz....
hudaýym geçewer; meniň günälem,

seň nuruň bolmasa tümlük bu älem,

rahmet bosagaňa goýup bu kelläm,

toba edem diýdim, edip bilmedim


Örän gowy setirler.
dereksiz ozun yazdynmay?
ozum yazamok,bir shahyryn oylanmasy,shahryn adyny goyjakdym,adyny tapmadym....
gayrat et kimdiginiem yazsana govy eken
wah bilemok bilsem goyaryn..
men barik yene gowy goshgular goyasym gelya, yone entek bu goshga kan pikirl yok,onson olaram bosh yere goymak islamok
ozun ogurlaman yazan bolsana betov
ay dost men shahyr dala..manada gyzykly oylanma bolanson siz bn paylashayyn diyidm
dogry etyan yenede yazsana gowy oylanma...
Monça bol



Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol
Sen sanama gara saçyň agyny
Sen sag-aman öreniňe monça bol

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol
Şat günleriň köp bolmanna gynanma
Şat günleriň bolanyna monça bol

Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny
Aýaklaryň ätjek ädimin äder
Göreçleriň görer görjek zadyny

Säher turup syl ýüzüňe dünýäni
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol

Erbet bor bu baglar geçse deňiňden
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa
Bagy ikiýana bulanda tupan
Zerur çagy gül ýüzüňe degmese

Gykywlaşyp geçip gitse deňiňden
Durnalaryň ýyllar kimin hatary
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň
Cözülen hem cözülmeli mataly

Şonuň üçin syl ýüzüňe dünýäni
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.



gurbannazar ezizow
dereksiz sana edebiyat sapagyndan 5lik gaty gorme govy shygyr shahyram betlay
aslynda edebiyatdan men 4likchi..ay yone bashligem erbet dal...
ay islesen 4 edayyas dost
hahahahahahahaha ay bashligine duraysyn....
men seretan(kuheylan)dost rap aydasym gelya ddiiip yazypsyn menka islesen bile aydaly yone men dine pessimist rap aydyan manyly ve peydaly bolan rap
Dost mem entak omrume rap okap goremok,yone bir hili sonky wagt howes dordi,elbetde aydaysam bosh aydasym gelmez,manyly zatlar aydasym geler.
Ya da shu oylanamanam okalsa kem dal,manyly
bu oylanmany men tanshym oylanma dp biri yazypdyr,yokarda oylanma dp bardyr shon yazgysy shu
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy