1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,


Menem söýdüm söýülmedik juwany,

Menden başga bagtly baryn bilmedim,

Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyň

Söýgi hakda söhbetini diňledim.


Menem bagtly boldum ýagty dünýäde,

Menden başga bagtly baryn bilmedim.

Ýöne ot başynda dünýäni undup,

Bagtlylaryň söhbetini diňledim.


Ýok, men muny bilgeşleýin edemok,

Adamlara gulak asman bilmedim.

Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim.

Elmydama özgeleri diňledim.


Indi bilenimden ýazýaryn aýdym,

Öz-özümden monça bolýan, ýeňleýän,

Ýöne sähralara çykamda, ýene

Özgäň düzen aýdymyny diňleýän.

jogaplar

gysga hem bet manyly goshgy!
hay dost shu soygi diyilende chepimden tutyadarey haha
dereksiz

senem yandynmy söygüden?(
hahahaha ay yoklay dash etsin soymawerayin...oylenem son soyewereyin allajan......oz gelinjigimi soyjek bolany....
ay molodes dogry aytyaň.
;yitme; diyip movzuk açypsyň velin senem
gelniňi daşary yurtlara göyberip yitiräyme.
käbir yerde uly gürleyäň velin.
gaty göräýme oyun etyandirin ok.
yokla gaty goremok, nesip bolsa gelinigimi nirde bolsam bileje bolaryn...men name uly gurledimmikamay, nirde uly gurledimkam
sen /usher/ diyilen agzany tanayaňmy?
soňky vagtlar gelenok öyütyän görünenok
velin.
hawa ol men dostuma, ol eli degyan daldir, yogsama aralarda bardy, ishe yerleshen bolaymasa...
oooo aralarda tm-da-dy.
okuvyny gutardymy näme?
98765 | kyyamat temamda chalarak tanyshdyraysan diyipsin menem dini temany tanyshlyga owurmayin diyip barik yazdym, men ukrda okayan, adymam atajan, dereksiz dalde...
oooo aralarda tm-da-dy.
okuvyny gutardymy näme?
98765 | 2009-10-13 13:21:01


yok okap yor, yone okuwun dashyndan ishleya oytyan
Hane hemmamiz soyga gecelin, atajan bulajak bolyanmy yene soygumizi ha ha ha haaaaaaa???
yeke soz b.n aydanynda ,super,. yone soygi yok diyyanlere jogap: ylym ynanylmasy gyn zatdyr, islan alymynyza soran! soygi ynanylmasy gyn zatdyr. islan ashygynyza soran! Yaratyjy ynanylmasy gyn zatdyr, islan musulmanynyza sorayyn! -serjon sen nirede okayan? t.ndamy yada dasary yurtda?
Dost temany bulajak da,gayrat edin adamlar,oglan bn gyzyn arasyndaky soyguni agzaman,agzan dine durmush guranyndan doreyan soyguni,ondan barde yashlyk soygusi geldi gecherdir
eger yazanlarym gownunize yaramadyk bolsa otunc sorayaryn! niyetim temany bulamak dal, bilyanimi siz b.n paylashmak. DEREKSIZ paylashara bashga zat tapmadyn my diyme, meninem kawagtlar dereksiz zatlary yazmaga hakym bardyra? oyun edyan! )
hahahah victor dereksiz zatlary dereksiz temalar achylar shonda basy ber....
-serjon sen nirede okayan? t.ndamy yada dasary yurtda?
Victor | 2009-10-13 22:28:23




Dost, men Ukrainada okayan,2-nji kurs, Finansist!
shu gowy goshgy yone soygi dal okayyn







Kysmat



Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe

Ýere tiken atsaň, gögerer tiken.

Bu kada bolupdyr ýylyň-ýylyna.

Ýere näme atsaň, şo çykar eken.

G.Ezizow



Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe

Bahar gelen wagty gögerer ine,

Bu gözel gülleriň arasy bile

Seň eken gülüňem, boý alar ine.



Ene toprak gögerder, atan tohmuňy

Ýere tiken atsaň, gögerer tiken.

Ýöne şol atan tikeniň birgün seniň

Ýüregňe batjagyn bilmeli eken



Daýhan bende eken hasylyn alar,

Adam hem edenin egninde çeker,

Bu kada bolupdyr ýylyň -ýylyna,

Bu kada asyrlap dowamam eder.



Kysmat diýilen zat; meňzär topraga,

Eden işiň miwesini alarsyň,

Ýere arpa ekip, bugdaý oran ýok,

Ýere näme atsaň, şo çykar eken.
ine kerim agan goshgulary ine soygi







“Söýgi näme?”



“Söýgi näme?” diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: “Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn”.

“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: “Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!”

“Söýgi näme?” diýdim bi gara Garga.
Ol diýdi: “Sataşyp yşk diýen ugra,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal”.

“Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşlym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum”.

“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men, men…
Ynha, Söýgi men!..”

“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!”

“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!”
shu gosguny gowja okan manysyna seredin






“Gaýtarma”



Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda,
Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy,
Onda-da ne gaýtarma!

Görmegeýdi. Asyllydy. Alçakdy.
Ykbal bu üç bagty berenok hemmä.
(Kä ikisin berip, birin berenok,
Käte birin berse, ikisin kemýä).

Onda şu baýlyklaň üçüsem bardy.
Ady dilindedi uludan-kiçiň.
Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol,
Ejedi biz ýaly uşaklar üçin.

Käte kemput berip, käte gant berip,
Käte bolsa paýlap kendirli nabat,
Dilimizem, göwnümizem tapardy.
Dili-de nabatdy, ady-da Nabat.

Duldegşir goňşudyk. Olaryň öýi
Käriziň sagynda. Biziňkem çepde.
Garahassalykmy, mamamy, mergi –
O mahal her dürli keselem köpdi.

Ony dul goýupdy şo dertleň biri.
Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly.
Şondan bäri atasynyň öýünde.
Ol-a bir betbagtdy
Bizem bagtly.

Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda.
Ynha indi ýarylyber “begen-de”
Ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma!

Atasam hiç kime berenok ony.
Berjegem däl. Özem edenok meýil.
Otyr ol ak öýüň törüni saklap,
(Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül
Oturýandyr bir oturan ýurdunda)
Iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut.
…Ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga,
Çabdynyň jübüsi durşuna kemput.

Edil şo mahalam bir daýaw çopan
Sowdy eşegini ýabyň boýuna.
Eňegin basdy-da käriz suwuna,
Ýene “gur-roww!” diýip, gitdi ugruna.

- Aýu, oglan, Muhtar, kemeriň galdy! -
Çopanyň yzyndan ylgady Nabat.
Näme bolanyna düşünmän galdyk –
Aýylganç gümpüldi edildi şo bat.

Ýene bir gümpüldi… Gyzyň dogany
Elinde tüpeňi, bilinde hatar,
Awdan gelýän eken. Gapdalna baksa –
Gürleşip duranmyş Nabatdyr Muhtar.

Edil şo demde-de gysylýar mäşe.
Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan.
Çakmak çekilende ikinji sapar,
Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan.

..Müňkürlik diýen zat
Hemişe şeýdip
Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny.
Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp,
Käte atýar şeýdip
Öz doganyny
yoklay, kerim aga cozyalay!
shu goshga oz pikirlerinizi aydaysanyz
diysen govy goshgy ...
Diymesemem gowy goshgy,shu goshgyda name diyiljek bolyaka
"gaytarma" gowy goshgy. diyjek bolyany: hich bir zadyn anygyna yetman netije chykarman. ol birinin janynyn sonuna yetmek bilen gutaryp biler. sabyrly bolup sonuna yetin, gyzmalyk etman! gaty gowy manyly goshgy!
Hawa sonuna gaty gynandymay,oz doganyny atanyna
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy