1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,


Edil düýn ýalydy,

Ýaňy ýalydy,

Sagadyn dillerin rehimsie towlap,

Seň ýanyna duşuşyga barýanym

Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.


Paýtagtyň asuda köçelerinden

Kä öňe ýörärdik, kä yza bakaýa.

Şemal össe, tolkun atar durardy

Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.


Bu erde hiç hili düşünmezlik ýok,

Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.

Sen saga sowuldyň,

Men bolsa çepe,

Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan,


Ýöne agşam bir düşnüksiz gam bile.

Gitdim şol duşuşan ýermize bakan.

Tolkun atdy göz öňümde yene-de

Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakan.


Birden ýüregime çümdi-de gitdi,

Iňňän ujy ýaly rehimsiz ünji, —

Seň bilen duşuşyp bilmänime däl,

Seň ilkinji söýgim bolanyň üçin.


Çigrek güýz agşamy haýal barýaryn,

Öçügsi ýyldyzlar öçül asmanda.

On bäş ýyl! On bäş ýyl!

Ýaňy ýalydy.
Bir damja şor ýaşym gaçýar asfalta.


Gurbannazar Ezizow

jogaplar

Ay dost meni bular yaly goshgy bn soyga boyun edaymow,men soyguni halamok,demir guty ol
söygi söygidirdä geler geçer.
Shony aytda soygi bomay,geldi gecherdirda
bah, gaty gowy goshgy ekeni serjon! kop sag bol! yene shu hili on goyulmadyk goshgulardan bar bolsa paylashsana biz bilen.
Ok Feya, saglygyn. gelenine gaty begendim!
sag bol begenenin uchin. yone men gidemok ahrym
Feya yadyna dushyami,barik gunca dp birem bady,joran bsa chagyr onam tuweleme talyplar.com janlanyp bashlady
yadyma dushya, yone o gyzy tanamok. talyplar.com onem janly-la, yone bize one gitdirmek gerek.
Hawa one giderelin yene de,has agzalary kopeldelin,taze adamlar,taze pikirler,taze dunya bsn
bor, sag bolun!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy