1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , , ,


jogaplar

Gaty manyly goshgy, bu dunya barada, esasanam kop yeri o dunya barada yazylan!
Söhbet ýagşydyr

Adam ogly gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr;
Atarman, çaparman, algyr ýigide
Ýeri gelse aman-nurbat ýagşydyr.

Hemra bolup oturmagyl pis bile,
Poha degseň, beýniň dolar ys bile,
göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,
Gymmaty egsilmes, hormat ýagşydyr.

Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,
Köňlüň haýra bagla, sydkyň - imana,
Hiç azar bermegil bir musulmana,
Ogry ärden bir dogry it ýagşydyr.

Käşgä adam bu dünýäge gelmese,
gelenden soň, ömür sürse, ölmese,
goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.

Magtymguly, niçik geçer rozygär,
Haka şükr et, barma namarda, zynhar,
Ýok döwletden ýegdir, bolsa bir hünär,
müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy