
Maňa seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýäde soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men .
Seniň ýüpek gijeleriňden gitme ýok .
Seniň aýdyň gündizleňden gitme yok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hasaly gojalykdan giderin .
Çünki men olardan gitmän bilemok .
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok .
Men zemin .
Sen bolsa ullakan asman .
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň .
Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar .
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne .
Men bir gyzda gözleriňi görerin .
Men bir gyzda sözleriňi görerin .
Şapakda görerin-ýaňagyn alyn .
Gijede görerin –ýaňagyn halyn .
Synlap ýapraklaryň ýüzünde deriň ,
Onda seniň gözýaşyňy görerin .
Zemin aylanyp dur ,
Oňatlyk örän !
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok .
Dünýäň her gülünde men seni görän ,
Şonuň üçin bu dünýäden gitme ýok .
(Gurbannazar ezizow)
- SerJon
- 11 jogap
- 906 okalan
- 2009-10-06 06:07:26
jogaplar
salam serjon gowymymyn men anya turkiyenin istanbul saherinin marmara uniwersitesinde okayan men senden bir zat soramak isleyan menin turkmenistandabir soygilim bardy menin okamagyma her zaman garsy cykdy meni taslady ol su wagt turkmenistanyn oba hojalyk inistudunda 2 kursunda okaya men ony facebooknadip tapyp bilerin komek etsen senden minetdar bolardym . hemem senin su saytdaa gosgy zat yazyan hezil edip okayan janyn sag bolsun senden gelen jogaba sabyrsyzlyk bilen garasyan poka poka
Salam Anya, men facebook bn kan arama yok, yone menem bir dossum okaya selhozda ekonomikasynda 2-ji kurs bolup, belki shong usti bn tapars?islesen men synanshyp goreyin, wii sen sho Marmarada Nuryny tanayanmy? (Nurmuhammet), 2-nji kurs, olam men dossum, bankacilikda okaya?
serjon bizde bir nakyl bar ;it uyrer kerwen gecer;sen name olar bilen den bolyan name boldy size hapa zatlar yazysyanyz serjon men gozleyan oglanymyn ady Mekan Hansahedow senden haýyşt şol dostundan sorap beraydä selhozda okaya 2 kurs inistudun kompyuterlerine seredya özi mary wel turkmengala etrabynyn seyitnazar seydi obasynda yasaya serjon sen nirede yasayan belki seinem soraja zatlaryn bar bolsa sora belki menem sana aydaryn
Serik dost shun aydymyny kim aytya bilenokmy
dereksiz | 2009-10-06 22:45:47
Gurbannazar Ezizowyn goshgusy dost, aydymyny im aydyanyna bilemok!
serjon men gozleyan oglanymyn ady Mekan Hansahedow senden haýyşt şol dostundan sorap beraydä selhozda okaya 2 kurs inistudun kompyuterlerine seredya özi mary wel turkmengala etrabynyn seyitnazar seydi obasynda yasaya serjon sen nirede yasayan belki seinem soraja zatlaryn bar bolsa sora belki menem sana aydaryn
anya | 2009-10-06 14:14:32
OK, anya men habarlasharn, sen e-mailini yazyp goyay serdar110251@hotmail.com-a, goni shahsy yazyshar yaly!
Sen Stambulyn Marmarasynda okayan bolsan, Nurmuhammet Saparmyradowy tanayanmy sho yerden? Gamili oglan bolmaly 2-nji kurs bankovskide okaya ozem!



