1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Salam agzalar we myhmanlar!

Soňky wagtlar şu maşgala degişli ýagdaýlar barada köpüräk gyzyklanyp başladym

Aýratynam, "bal süýji, baldanam bala süýji" diýen ýagdaý

Öňem Maşgala bagty üçin altyn kanunlar/ündewler ady bn aýratyn mowzuk açypdym.

Garaz, ýokardaky ýagdaýlar boýunça giňişleýin pikir alyşsak gowy bolaýjak ýaly agzadyr myhmanlara! Elbetde, gowudan gowy we peýdaly pikirleriň ýazylmagy saýasynda.

Men aşakda 1 hekaýany paýlaşjak siziň bn. Maşgalada çagalarymyza berilmeli übs barada.

Ilkinji okamda, men-ä sesli aglamasamam, gözümden ýaşlar gelipdi we aglapdym.

Sizem bu babatda öz paýhasly we peýdaly pikirleriňizi bildiräýseňiz!

Sag boluň!



jogaplar

men aşakda 1 hekaýany paýlaşjak siziň bn. maşgalada çagalarymyza berilmeli übs barada.

ilkinji okamda, men-ä sesli aglamasamam, gözümden ýaşlar gelipdi we aglapdym.


sizem aglarmykaňyz diýýärin! Ynha:

bir sagatjyk


gapyny açyp öýe girdi. eýýäm sagat, gör, näçe bolup gidipdi. bu täze başlygam ýaman kelle agyry bolup başlapdy. şerekediň köp işleriniöň oňa ynanylmagy, aslynda, gowam bolsa öýe giç gelmek ýokuş degýärdi birneme.. ýadawlyk başga bir tarapy, ýadawlyk bilen bir hatarda dreyän gaharam beýleki erbet tarapydy meseläniň. köwşüniň bagjyklaryny çözüp başlanynda, alkymyna gelip duran gyzyny gördi. yüzi ýadaw we ukuly görünyärdi gyzjagazyň. “henizem ýataňokmy?” diýip, gygyryp jogap berdi onuň “hoşgeldiň, kakajan!” sözlerine.. gyzjagaz tisginip gitse-de, azajyk gorky bilen garysyk mylaýym sesi bilen: “kakajan sen bir sagatda näçe pul gazanýaň? diýip sorady.
“hany boldy et.. ýumruk ýalyjak bolup soraýan soraglaryň dagyn nähili? 20 müň manat.. boldumy? bäh, bu gyzy.. bar, derrew ýeriňe geçip ýat.. seniň samsyk soraglaryňa jogap berer ýaly wagtym ýok.. ýadaw men..” diýip, gahar bilen aşhana ugrady.. bir gyrada suw içip oturşyna gyzynyň “maňa 10 müň manat karz beräý?” diýmegine gaharlanyp başlady. naäme etjekkä onça puly, indiki çagalar näteňet bolup başlady.. hudaý saklawersin.. günde näçe manat sowalga berýärin, näme edýärkä onça pullary.. ejesi hem çaltrak geläýbilsedir.. ýas bolanda näme üç günlük gitme-de diýdim welin, şumjaryp başlansoň rugsat beräýdim-dä.. ol bolan bolsady gowy bolardy.. ol eýden bolýar, beýden bolýar, “ballym” diýen bolýar, gusum diýen bolyar, garaz, ugruny tapýar bu bihepbe gyzyň.. men basaramok beýle zatlary, men kaka, men işleýän, işdäki wakalar meni täsir astyna alýar, ahyryn..

ol yene birneme ozuçe gaharlanyp oturşyna yarym sagat çemesi wagt geçdi. yadawlyk azaldy, kosesdi.. sowady birneme gahary.. indi bolsa eyjejik gyzjagazyna nebsi agyryp başlady.. ozunin sowuk jogaplaryna garamazdan nahili mahirli gurleşyardi kakasy bilen.. ol entek gor nahili kicijekdi. nahili mahir we soygi bilen doludy eyjejik yuregi.. birhili yylgyryp gitdi yatlamalarynyn arasyna gireninden.. gyzjagaz kakasyny at edip, arkasyna munup heziller edyardi onun keypi kok wagty.. sadyyan gulkusi nahili yakimlidi onun. yone sonky wagtlar isinden gic gelenson beyle wakalar azalypdy gyzjagazyn durmusynda..

eden herekedinin yalnişdigina dusundi, ahmyr edip başlady.. bat bilen yerinden turdy-da gyzynyn otagyna girdi. otag garankydy. eyjejik gyz bolsa yassygy kellesinin ustune basyp aglap yatirdy. sojap-sojap aglayan sesi nahili nayinjar çykyardy. usullyk bilen onun yanina oturdy. yassygy ayirdi, gul çyrany yakdy. gyzynyn aglamakdan yana cym-gyzyl bolup giden gozlerini gorup ozunin agysy tutup gidipdi. gozlerinden gayta-gayta ogsap bagryna basdy mahribanyny.. ine indi onun ozi hem aglayardy, gyzyndan otunc sorayan jumleleri gaytalayan dodaklary bilen bir hatarda gozleri hem dek durmayardy.. bir tarapdan bagyşla gyzym, samsyk kakany bagyşla mahribanym!! diyyar beyleki tarapdan bolsa ka onun yumsajyk yanaklaryndaky gozyaslaryny supurse, kate bolsa ony berk bagryna basyardy.. gyzjagaz bolsa kicijek eljagazy bilen kakasynyn agzyny tutmaga calişyar we şol bolşuna-da men kakama samsyk diyme diyip mahirli yilgiryardy..

on minut çemesi dowam etdi bu taryhy pursat. sonunda gyzjagazam onun samsyk kakasy hem koşeşdi.. sonra name uçindir jubusinden 10 mun manat cykardy ol we gyzynyn ayasyna gysdyrdy.. gyzjagaz seyle bir begendi welin begenjinden yana incecik sesi bilen gygyryp goyberdi. kakasynyn apet gollary arasyndan sypyp yassygynyn aşaklaryny dorjelemage başlady kakasynyn gen galyjy seredişlerine uns berman.. bir yerlerden akja yaglyk cikardy gyzjagaz, emay bilen eplenip goylan akja elyaglyk.. seresaplyk bilen yagligin arasyny açyp başlan gyzjagazyn begenjini gormage goz gerekdi şol wagt. kakasy bilesigelijilik bilen yaglygyn arasyndan çykan bir topar mayda pullary gorup birhili gen galdy. içinden oylanmaga başlady: munca puly bar bolsa name uçin menden pul soradyka diyyardi..

gyzjagaz sowalgalaryndan tygşytlandygy derrew bildirip duran mayda pullarynyn arasyna sonky on mun manady hem goşdy-da, yeniş gazanan bir serkerdan hereketlerini yatladyan gadamlar bilen kakasynyn yanina gelip ona uzatdy:
- al kakajan! goni 10 mun manat yetenokdy, ony hem senden karz aldym. indi bu pul 20 mun manat boldy. sen 1 sagatda 20 mun manat gazanyan diyipdin-a.. bir sagatjygyny men yanimda geciray-da..

Çeşme: www.yslam.info (admin / gurbansoltan, 07 - 2008)
Türkmen maşgalasy atly ýerde-de köp sanly degişli maglumatlar bardyr, ol ýere-de seredip bilersiňiz!

Indi gezek sizde
gaty gowy hekaya eken, edil agladym-a diymayin, yone gaty tasirli. name uchidnir shu wagt (yalngyshmayan bolsam awtor) Tashli Gurbanowyng "Gyzyl bagul" nowellasy yadyma dushdi, shol yerdaki meselede shunga menzeshirak, yone has hem gynanchly.kopingiz bilyan bolmaly,mekdep programmasynda-da bar ,klasymyz bilenem okapdyk...
ongem okapdym bu hekayany,ongem agladypdy,hazirem gozume yash aylandy
oconizde 'adim-adim evlilik' kitaby okp goren barmy?
ana shol kitap mashalanyn her bir agzalarynyn oz yerini etmeli ishlerini govy dushundiryar,oran onat kitap ekeni sizede maslahat okap gorun.menem ilki utandym evlilik diyen son yone hic hili uytgeshik zat yok oran onat ekeni okap gorun ok!
aslynda menem bu hekayany on okapdym, yone ikinji gezek hem bolsa tasiri guychli boldy.
chaga ilkinji terbiyani nameden bashlamaly oz pikirnizi yazaysanyz
Cho dost caga ilkinji terbiyani yash basyndan baslamaly.
Chsho! Ene garnynda ka bashlamaly. Sonra hem oz goreldan bilen. In esasy zat hem etjek diyen zadyñy hokman etmel. (meselem: oyunjak alyp bererin diydin, hokman alyp beraymeli). Ononam illerin cagasy beyle, bizinki beyle dal yaly deneshdirmeler etmeli dal.... Ay garaz chaga terbiyesine degishli aydara zat kop. Gowsy sen kitapdan okay. Maglumat gaty kop.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy