1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,
salam talyplar! men beyleki temalaryn birinde marylylar gokdepe soweshine gelmedi diyen yazgyny okadym we bu tema hakynda taze bir mowzuk achmak isledim we achdym. taryhy okanyzda ylym-fakt hokmunde okan, ony dayzalan gurruni yaly edip owrenman!
*hawa gokdepe urshunda marylylar urshmady. sebabi olar gija galyp geldi. olar gokdepan birnache km-lik golayyna gelende eyyam gala syndy diyip habar gelyar we yzyna dolanyarlar. bularyn barmagam hichzady uytgetmezdi, galanyn ichine gabalyp urshmak orta asyrda galan taktikady. galanyn synany eshdip mary tekeleri yzyna gaydyarlar(in bolmanda maryny goraly diyip).

jogaplar

garshy pikri bolanlar bilen barde chekiship-yazyshyp bileris!
Oglanlar, gyzlar. Gelin bilmeyan bolsak gürlemalin. Gulakdan eşitme zatlary aytmalyn, fakt görkezelin.

Marylylar bardy Gökdepe söweşine. Bile söweşdiler ahallylar bilen. Yöne hiçhili neije alyp bilmansonlar(dara garshy gylyjyn oyny den gelyami?) yzyna gaytyalar.

Men pikrimçe dörjemalin.
Marylylar bardy Gökdepe söweşine. Bile söweşdiler ahallylar bilen.

bu beyle dal dost. gokdepede marylylar urshmady, olar bardylar, yone gijirak boldy.
Fakt görkezip biljekmi? Ahli kitaplarda sheyle diyilyar. Mysal uchin Ata Gowshudowyn bir romanynda da diyilya- Marylylar gitdi, pylan pylan boldy, indi biz natsekkak?

Seng diyyanin Buhara-Ors urshy. Gowshut han Buhara kömege gidyar. Yöne eyyam baryancha gala synyar.

Gowshut han orslar bilen bashyndan bari hem söweşmeli diyen karar alyar. Ahalda boyun bolaly diyyanlerem chykypdyr. Shonda Gowshut han, eger kimde kim boyun bolaly diyse, Marydan goshun chekip baryp jeazasyny berers diyyar. Sebabi ol wagtlar Mary Ahaldan has güyçli eken. Yöne Gowshut han bilen Nurberdi han ölendon son agzybir göreşip bilmeyaler orslara garshy.
Nahili çmo adamlaray shu talyplarda. Gaty görme sawyer.

Aslynda guna mende, beyle zat diymeli daldim, sozumu yzyma alyan.

Çigit yaljak temadan habarsyz adamlar akyllysyrap birzatlar yazya weli janyn yanya.

Gowshut han Saragtyn hany diyyan bolsan, sana jogabam berip otyrjak dal.

Men başda aytdym, dörjemalin.

eger mary ahaldan güýçli bolsa, onda näme orslary duz-çörekli garşy aldy, 1884-nji ýylyň 1-ni ýanwarynda?


Maryda agzybirlik yokdy, iki tarap bardy, urshjaklar we urshmajaklar-Guljemal han bashlyklayin. Urshjaklar urushya,yöne yenilya- Gajar han bashlyklayin. Guljemal hanynkylaram önünden chykya. Urshyp gyrylanyn gowymy ya da ejizligini bilip gysmaly yerini gysanyn? Bu uly jedel.

Sen kellani işlet: Türkler, gazaklar, ozbekler barysy yenildi. Gökdepede urushdylar, mary+ahal, yenildiler. 40 000 adam öldi. Yagny halkyn onda biri.
Yeke shaher galdy, onam eydip beydip alarlar. Biderek adam öldügi bolar. Yöne onda da urshanlar bolypdyr, sebabi elini galdyrmana öwrenşmedik millet türkmen.
we ş.m. ýalňyşlyklary köp aýdýarlar. munuň çäresi tapylmazmyka, maryly doganlarymyz?


Dost sen samsygow gaty görme. Git de özüni as!
gowşut han maryň hany däldi.
saragtyň hanydy. (sarag - ahalda ýerleşýär)

sawyer taryh bilmeyan bolsan barik zat yazma koshek. maryly tekeler on saragtda yashayadylar. olar son gowshut hanyn bashtutanlygynda maryny aldylar we shotayda yashamaga bashladylar. gowshut han maryly tekelen hany.
panturkist, taryhy biçak gowy bilýän bolsaň, şol wagtlar maryda kimler ýaşaýady-ka?
sawyer | 2009-06-06 08:04:10

maryda saryklar yashayardy, olary tagtabazar tarapa kowyarlar. yene bir zat: 1959-njy yyla chenli saragt we tejen mara degishlidi. olar son ashgabat oblastyna degishli edyarler.
gowshut hany sylayan bolsan "saragt galasy"-ny oka. shonda gorersin, mara gochen asly saragtly tekelerin eyran shasy we hywa hany bilen urshuny. gowshut hana ahaldan komek gelmeyar we oz strategiyasy bilen ikisinem yenyar. yone marylylar gelmedigi uchin ahal tekelerini gunakarlanoklar. olaram birden gowshut han yenilayse ozumuzi goramalay bors diyen pikirde bolyarlar.
1-tekeler 17 asyrlarda dorapdir diyilyar(takyk fakt yok)
2-gin yere yayrandyklary uchin welayatlary boyuncha bolunyar.
3-tekeler bashda dashoguza yakyn yerde yashapdyrlar(shuwagtky dashoguzda taze achylan etrap,shol tekelerin yurdy, etrabyn ady yada dushenok)
4-5: ahal we mary sozlerinin gelip chykyshy temadan chykyar, olar bashga zat. mysal uchin mary "yylan"-dan gelyar.
6-tekelerin atasynyn ady tekemuhammet bolupdyr.

*dillerde-de azyrak tapawut bar. mysal uchin tejenden-murgaba chenli we kakadan baherden-gokdepa chenli dialektler biri-birinden azyrak tapawutly. olam yashayan yerlerine gora yyllaryn gechmegi bilen uytgan.
sawyer seni biljekdal welin marylylar, "ahallylar yomutcha bilen tekechani garyp tekechan ishini gorupdirler" diyyar. orslar gelmanka tekeler 3 strategiki merkezde yerleshyardiler. mary, tejen we gokdepe. bularyn 2-sinin dili menzesh bolsa, dine gokdepaňki uytgeshik bolsa. onde tekeche 2>1 mary-tejenlenki bolanokmy? borlay, herkimin dili ozune dogry, sen muň bilen razylashmayan
GOVŞUT HAN
(1823-1878)

Govşut han 1823-nji yýlda belli türkmen serkerdesi Övezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Övezdurdy batyryň 5 ogly bolup olaryň iň ulusy Govşut, iň kiçisi Hojaguly handyr. Govşut hanyň öz oglanlary bolsa: Baba han, Baýramaly han, Hüjrep han, Nobat han, Hally han, Sary han ve Düzüv (gyz).
Baba handan: Täç han ve Sapar. Baýramaly handan: Eýýup. Hüjrep handan: Bähram, Enver, Annadurdy. Nobatdan: Dostmämed. Hally handan: Ata han bolýar. Bular, Ahalda, Maryda ve Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler.
Govşut hanyň tiresi: Teke-togtamyş-beg-gökje-ýary gökje, çomalak-çüri. Govşut han, tegelekden aý ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, eginlek, dolmuş gövreli, goýungözli, giň ma-laýly, gaşlagrak, sü-kbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli, ýolbars ýürekli, tavşan tüýli, tizpähim, edermen adam bolupdyr.
XVIII. asyryň başlarynda Ahal arkajynyň çarvalarynyň mal-garalarynyň köpelmegi, öri meýdanlaryň ýetmezligi ve yýllaryň gurak geçmegi ýaly sebäplere görä, teke türkmenleriniň bir bölegi kem-kemden Kaka taraflaryna süýşýär. Ol ýerlerde İranly tala-çylaryň, basmaçylaryň çozuşlary zerarly rahatlyk bolmansoň, olar häzirki ady Govşut obasy bolan ýeriň 25 km. demirgazyklygyna göçüp barýar, ve ol ýerde 5 topara bölünişip 5 sany gala salýarlar:
Heň-am, Akja, Garaja, Garahan (Torly) ve Gumgala. Olara Bäşgala diýip ad berýärler. (Bu bäşgala, Hojamberdi han öldürilen Mogan çölündäki bäşgaladan başgadyr).
Bäşgalada-da, İran alamançylarynyň türkmenleriň üstüne çozuşlary dovam edýär, ahyrso-y, ýaşulularyň maslahaty bilen Hojamşükür han bu türkmenleri Sarahsa göçürýär. Govşut han Sarags türkmenleriniň İran tala-çylaryndan goralyp saklanyp bilmeklerini nazarda tutup ol ýerde gala saldyrmaga başlaýar, ýöne onuň bu işine Hojamşükür garşylyk görkezýär. Govşut han bilen Hojamşükür han bu meselede ylalaşmaýarlar ve Hojamşükür han Tejen taraflaryndaky Üçburç diýen ýere gidýär, ol soňra Hyva barýar. Hyva hany Mädemin türkmen serdarlarynyň bu agzalaçylygyndan peýdalanyp Saragsa goşun çekmekçi bolýar, ol edilen tövellalary äsgermeýär.
Nurberdi han, Govşut han ve beýleki gala hanlary Hyva hanynyň garşysyna berk teýýarlyk görýärler. Ol Mara gelen vagty, Govşut han ýene bir tövellaçylar tofaryny ýollap, gyrgynçylyga girişmezlik barada oňa ýüz tutsa-da Hyva hany Mädemin vekillere:
Eşidiň vekiller! baryň hanlaryňyza, ýaşulularyňyza aýdyň, ertir ir bilen gündogan vagtynda meniň goşunym siziň üstüňize, galaňyza çozar, nätüýsli çäräňiz bolsa, haýal etmäň-de görüberiň, diýýär.
Govşut hanyň galasynyň gündogaryndan aýlanyp, guşluk tarafyna geçip, Tejen derýasynyň gaýra ýakasynda ve Ulug babanyň (Düýeboýun övliýasyny-) gaýra gabadyndaky ýaglydepäniň üstünde öz ýüpek çadyrynyň-tugunyň içinde gürläp oturan özbek hany Mädemin, aýdan güni türkmenleriň üstüne çozýar, ýöne onuň goşuny-da derbi-dagyn edilýär, özi-de öldürilýär (1855-nji yýlyň 12-nji Mart güni.)
Şol uruşda ikiçäk uruşlarda de-i-tayý görülmedik türkmen ýigitlerinden başga, Töre sokynyň gyzy Güljemal ýaly (18-19 ýaşlaryndaky) türkmen gyz-gelinleri elleri keserli, syndyly, pyçakly, duşmanlara berk gaýtavul beripdirler. Söveşde Güljemalyň adamsy Annaövez vefat bolýar. Uruşda Güljemal: Är ýolda, ogul bilde, tapdyrmaz ene vatan diýip, ähli türkmen gyz-gelinlerine ýolbaşçylyk edipdir.
Mädeminiň meýidini ve özbek esirleri azad edip Hyva tarap ugradan vagtlary, heniz Ahally ýaranlary yzlaryna gaýtmankalar, İran goşunlarynyň Gökdepä, esasanam ilatyň has köp ýeri bolan Hurmana ve onuň tövereklerine duýdansyz hüjüm edendikleri habary gelip govuşan vagty, türkmen serkerdeleri bir maslahat geçirýärler ve Nurberdi han ve ýaranlary Ahala gaýdýarlar.
Türkmen hanlary İran goşunlary bilen şöveşe pugta teýýarlanýar ve Garrygalada ýüz beren söveşde Nasereddin şahyň goşunlary türkmen ýigitleri tarafyndan derbi-dagyn edilýär. Hyrş arap ýören Nasereddiniň goşunlary soňra Mara hüjüm edýär, bu gezek-de oňa pugta temmi berilýär. Uruşdan ozal, Govşut hanyň İranlylaryň üstüne näçe gezek tövellaçy ýollanlygyny, ýöne olaryň, urşa başlajakdyklaryny beýan edendikleriniňde bu ýerde belläp geçmek gerek.
Gajar şahy Nasereddiniň goşunlary bilen uruşda gazanylan ýe-işden soňra Maryda geçirilen maslahat vagtynda ölenleriň ýasy tutulmaly edilýär ve şondan soňra-da uruşda adamsy vefat bolan Töre sokynyň gyzy Güljemaly Nurberdi hana dakmaly bolýarlar. Şondan soňra Govşut han, özlerinden gövni galyp Hyva giden Hojamşükür hany yzyna çagyryp getirýär ve ol öz obasy Vekilbazarda mesgen tutýar.
Padeşah Russiýasynyň Orta Asiýany basyp almaga girişen dövründe Govşut han Maryda rus padyşahyna garşy tofarlaryň başynda durýar. Çünki ol, russiýanyň Mary tövereklerine-de aralaşmagyny islemändir.
1868-nji yýlda padeşah goşunlary Buhara halkynyň üstüne ýöriş geçirende Govşut han Mary türkmenleriniň üç müň atly goşunyna baş bolup Buharanyň tarafynda çykyş edýär. Olar Zerbulag belentliginde ýüz beren söveşe gatnaşýarlar.
1873-nji yýlda rus goşunlarynyň Hyva hanlygyna garşy geçiren ýörişleri vagtynda, olaryň Mara-da gelmeginden hovatyrlanan Govşut han Maryda berkitme saldyryp başlaýar. ýöne ondan harbi çaknyşyklarda peýdalanmak nesip bolmaýar ve ol Govşuthangala ady bilen ilat arasynda belli bolup galýar.
XIX. asyryň 70-nji yýllarynyň ortalarynda Russiýanyň Ahala ornaşmak planynyň aktivleşmegine Govşut han barlyşyksyz garapdyr. 1875-nji yýlyň Januar ayýnyň ahyrlarynda Gökdefe galasynda bolup geçen maslahatda Ahal türkmenleriniň Russiýa bolan garayýşynda ýeke-täk netijä gelinmändir.
Russiýanyň Ahala hüjüm etjekligi barada habarlar ýaýran vagty, Ahal türkmenleri arasynda agzybirlik gazanylyp bilinmändir, şol vagt Govşut han öz dogany Hudaýberdi hany Ahala iberýär. Ozal Bäşgalada han bolan dövründe hem-de dürli alamançylyklarda öz ukybyny görkezen Hudaýberdi han, Ahal türkmenleriniň, Russiýa bilen ylalaşmak planlaryny ýoga çykarmak niýeti bilen iberilen. ýöne, Hudaýberdi hanyň özi soňra, Russiýa bilen ylalaşmaly diýenlere eýerýär, bu habary eşiden Nurberdi han Marydan Ahala gelýär.
Beýleki tarafdan Govşut hanyň özi-de, öz güýçleri bilen Rus güýçlerini de-eşdirip görende öz güýçleriniň olardan pesdigine göz ýetirýär ve ozal, Buharany, Hyvany eýelän ruslaryň Marynyňda eýeläp biljekdiklerine ynanýar ve gan döküşligiň ö-üniň alynmagy gerekdigi pikirine gelýär. onuň bu pikiri, Gökdefe hadysasyndan soňra dogry bolup çykýar.
1878-nji yýlda türkmeniň abraýly serkerde-hany Govşut han aradan çykandan soňra, onuň ogly Baba han-da öz kakasy ýaly Marynyň ir-u giç Russiýanyň hataryna girjekligine göz ýetiripdir. Şeýle kyn vagtda, hanyň ölümi, Mary türkmenleri üçin uly zarba bolýar. onuň, rus içalysy (jasusy) Alyhanov tarafynda zäher berlip öldürilenligi aýdylsa-da, ol, beýle däl, çünki arhiv materýallary Alyhanovyň, 1880-nji yýllaryň başynda Mara gelenligini görkezýär. Govşut han, Marynyň golayýndaky Hoja Abdylla mazarçylygynda jaýlanýar (56 ýaşlarynda).
Govşut han, şol dövrüň agyr taryhy şertlerinde, türkmenleri jebsleşdirmekde eden işleri, salgyt sistemini girizip düzgün-tertipli goşun döretmegi, Murgap derýasynda bent salmaklygy, Mary tövereklerinde suv problemini çözmekligi başaran serdardy
Yokardaky yazylanlar Rejep Gayýpguliýev-Ata Nuriýev değişlidir.
Men shu wagty pikirim gelin tire taypa meselesini gargamalyn we önümüze seredip taryhymyzdan sapak çykaryp has hem birek birege arka çykalyn
MH maladis!
hokman okan mh-yn yazan zatlaryny!
Salam Panturkist, sawyer, mh, annamyrat we beyleki agza hemde myhmanlar!

Shu yerde maglumatlary paylashan hemmelere sag bolsun aydyaryn!

Kabir aytjak zatlarym bar:

Sawyer, sana:

- Jigim, taryhda "pylanlar palan edipdir ya etmandir" diyip, gunumizdakileri gunakarlejek bolma!


bilemok diýmän - bilemmok;
aýdýan - aýtýan;
şokalat - şekelat;
doktor - dugtar;
oglum - owlum;

yokardakylaram yalnysh bilyarsin we yalnysh bildirmek isleyarsin. Men hem Maryly tekelerden. Sencerak bilyarmikam diyyan azyndan. Aydylyshda sana sheyle eshideln bolmagy mumkin, yone yazylanda bashky yazanyn yalydygy mese malim bolsa gerek. BIr "şekelat" sen diyshin yalymka diyyan. galanlaryny yalnysh bilyan ekenin.

Edebiyatyna sozum yok - oran onat bilyan we ulanyan ekenin - berekella!

Beren soraglaryna we alan jogaplaryna hemde bizin owrenmegimize sebap bolanyn ucinem minnetdarlyk bildiryarin!

In ashakda umumy bir yazgy goyjak onkilerdenem ulanyp! Ol yere-de seretginin!
Panturkiste:

Sana-da minnetdar, jigim!

Ozuni agras alyp baryanyn ucin, bizin yokarky maglumatlary owrenmegimize sebap bolanyn ucin! Mundan sonam sheyle dowam etjegin ucin ( ) sagja bol!

MH, sana-da hut sheyle! Minnetdar yokarky maglumatlary paylashanyn ucin!

Alla razy bolsun ikinizdenem, sawyerdenem!
indi annamyrada:

Annamyrat, sen name ucin barde sawyere "samsyk" we (tekelere) atly mowzukda bolsa "kerkila" in erbet soguncleri yazypsyn?! Icin rahatladymy indi?! Kerkilinin hem, onun ejesinin hem sende haklary bardyr, Gurhandaky "hemme berilen nygmatlardan we eden etmishlerinizden hasaba cekilersiniz" ayatynyn manysy boyunca, ol yerde hasabyny nadip berjek sen, ha?!

Ey, yaman gaharymy getirdin bar-a! Men gaharym gelse-de sana tasiri bolmaz, sana edip biljek zadym bolmaz, yone gaharlandym-da, ondan-da ote gynandym! Sana-da gelsihmedi!

Sen gayrat et-de hapa zatlar yazmalyn! diyen yeri okasana, kan wagtyny almaz!

BIz arassa turkmen dalmi name?! Turkmen sheydipmi marakanin icinde?! Dilini hapalapdyrmy, onda-da eja yetipmi?!

Nahili oglanay sen?!

Gynandym-ow, gynandym

Mundan son bir sowmayin-a!

Bilmedim-da, Gurhan ayatlary we pygamber hadyslaryna ters hereket edyarsin sen aram-aram!

"Gaharymy getiryaler-da" diysen bolsa, onda sabyr mowzugyny, nebsine yenilyan bolsan, onda nebsine erk edip bilmek mowzugyny okap goray!

Eh, hacan biz agzymyz bir bolup, oz mukaddes ynanjymyz bn yugrulan dap-dessurymyz sozun doly manysy bn yasharkak?!

Biribardan shu yagday dileyarin!

Mundan son agras we salyhatly hem-de arassa yazay, Annamyrat!
Shu gezek talyplar.com-a girenimde peýdaly we gyzykly ýazgy okadym.
panturkist, saweyr, annamyrat we mh
size ullakan sag bolsun aýtýan. Talyplary peýdaly saýt edeli. Elleriñize güller bitsin.
beyleki mowzuga-da goydum welin, bu yere-de goysam amatly bolar, yogsam, "siz beytdiniz, pylanlar beytmedi..." we sh.m. zatlar kopelip biler.

Ashakdaky yazgyny oran unsli okan we shona gora boljak bolun:

birinin shu mowzuk boyunca yazan yazgysyny goyayyn:

"Seljukly imperiýäsyndan ata-babalarymyzy şugüne getirsek, onda olar bize seredip:"...Şumy biziň neberelerimiz?! Şumydy milletimiziň geljek haly?! Şulara amanatmy biziň milletiň haly?!Ne gözel milletimizi nä günlere düşüräýipdirler?! Biz soňkylara näme miras goýduk, bular nädäýipdirler?!...." diýip, nälet okamaklary ahmal.

Geljekden türkmen neslinden bir bölek bugüne getisek, onda olaram uly ähtimallyk bn şeýle diýerlermikä diýýän:" Wah, şularmydy bize kyn ýagdaýa sezewar eden?! Şu günki erbet ýagdaýymyza sebäp bolanlar?! Bize gowy mümkinçilikleriň ýerine, erbet mümkinçilikleri miras goýan?! Biziň gan aglamagymyza sebäp bolan?!..."

Garaz, sud/mahkeme gurnalsa, hem taryhdan, hem-de geljekden geljek ata-babadyr neberelerimiz şugünki türkmenler bolan bizi günäkärläp bilerler. Ynha, şu ýagdaýa düşmezlik üçin, şu güni iň oňat ýagdaýda ulanmak, şugünden iň oňat ýagdaýda peýdalanmak amatlydyr/ýegdir!


Biz hem özümizden öňkilere nägilelik bildirip bileris. Ýöne soňky nesilleriň bize nägilelik bildirmezlikleri üçin gaýrat etmeli. Bugüni we onuň mümkinçiliklerini ýerli-ýerinde we mukdaryna görä ulnmaly we amal etmeli."

yene-de:

"Sabyr barada mübärek bir ynsan many taydan şeýle diýýär: “Ynsan öz ýaşaýan gününe seretmeli. Geçen günler, barybir, geçipdir, kynçylyklaryň geçenine begenmeli, olary pikir edip, gynanmaly däl. Geljek günler hem entäk gelmändir, kim bilýär, ol günler gelýänçä, biz baky äleme göçüp gideris. Diýmek, ynsan şu gününe diş-dyrnak bolup ýapyşmaly we iň gowy ýagdaýda ryzyk agtarma, her iki älemde bagtly bolmagynä sebäp boljak amallary ýerine ýetirmeli. Geljekdäki kynçylyklara ýa “baý bolmaklyga” hem-de geçmişdäki kynçylyklara we gowulyklara görä pikir-oýa batyp, gamgyn ýa şat bolmak däl-de, elbetde, bugüniňe görä hereket etmek iň dogrusy, ýogsam, bar güýç we sabryňy geçmiş we geljekdäki wakalara dagadyp, bugüniňe hiç-hili takatyň galmasa, anha, şonda ynsan örän ejiz bolar, lagşar. (BSN)”



Sizem sagbolyn, merdanmr,panturkist,bayram-jm,sawyer,annamyrat
näme üçin, marylylar:

bilemok diýmän - bilemmok;
aýdýan - aýtýan;
şokalat - şekelat;
doktor - dugtar;
oglum - owlum;

Sawyer dostjan yazan zatlaryna seretsen dushunjeli birine menzeyan?
Yone senden bir zat hayysht etjek!
Hany gel b...kun icinden shanik gozlemali!
Beyle yalnyshlyklar Ahaldadam az dal!
oran gowy tema welin ekzamen bolanson 15 min men bu hakda size kabir zatlary aydaryn nesip bolsa.aydaryn diyendirin.aytaryn dal!!!
mennen bashganyza mekdepde bet okapsynyz oydyan mena taryh sapaga girip gormamson hich zat bilemok shu sizin sobshenyalanyzy okap inni owrenaymesem turkmenistanyn taryhyny
sawyer sen mana onda:
-bilemak (bilemok)
-püsek (şeker)
-şumat (şuwagt)
-bahym (basym)
*yene-de kop, yada dushenok
***sawyer bu zatlara yalnysh diymek bolmayar, sebabi halkyn diline orun eden sozler. men sana gysgacha mysal bereyin, shony mana dushundir! mysal: 1-bir diyip yazylyar, turkmenler bolsa "byr" diyya, shol yalnysh gurlemek bolyarmy? eger yalnysh bolyan bolsa mara gel-de "bir" diyip gor, gulmeseler meninem zat bilmedigim
eger bir maryly mary dialekti bilen gurlese ashgabatda bilmeyarler(lichno meni bilenoklar), yone ashgabatly biri maryda gurlese goni tanayarlar. sebabi ashgabadynky arassa tekeche dal,muny men aydamok,dilchiler aydya
-azajygam bolsa dushundirendirin diyip umyt edyan, sebabi sen diyyanin dine kakadan-gokdepa chenli, men diyyanim tejenden-murgaba chenli
dowlet dilimiz tekeche bolany uchin biz dal-de senyalylar uytgetsin yalnyshyny , tekeche gurläň teke bolyan bolsanyz ... suw kadine azajygam bolsa maglumat barandyra sawyer?
*** talyplar bu temany tireparazlyk diyip dushunman, natjekda sawyer-e takal okamaly bolyas
panturkist sen bu temany yerliksiz achipsin ay dost,yalnyshmasam senin ozun hem maryly oydyan???barde eyyam maryly,ahally...we-de dillerdaki sozlere gep tapip bashlanipdir... gelin hemmamiz bir bolaylin gerek dallay seyle temalalary achmak...biz turkmenler yende shu wagt hem agzybir dal....(magtymguly)turkmenler baglasa bir yere bili,gurudar gulzumy,deryany nili
merdanmr shol gurhan diyyan zadyn eplenyan bolsa eplabjik dykmaly yerine dyksana gayrat etde! zaybal boldum sen bar yerinde sholam bar... bir zat aydayynlay - kitap boyunca yashap bolmayar! men hormat goyyan gurhan kitaba yone sen we bashgada kabir agzalar shony duybinden yalnysh ulanyar!

p.s. panturkist dogry aytdy bizin(tekelerin) yalnyshymyzy sanaman oz yalnyshynyzy sanan govysy! vse-taki dowlet dili tekeche! - tireparazlyk ya-da dilparazlyk edemok prosto ozlerinin yazyshyna gora! kakoy privet-takoy otvet!
p.p.s. men onki agzalan biri - icimi sowadayayyn diydim
dowlet dili tekeche


aslynda turkmen dili grammatikasy yomut dilinin esasynda duzulyar, onem bir yerde aydylyp gecilipdi. Merkez Ashgabat bolanson kop kishi yalnysh pikir etyar bu babatda!
bagyshlan yomut dili diyipdirin, yomut tire-taypalarynyn
shol gurhan diyyan zadyn eplenyan bolsa eplabjik dykmaly yerine dyksana gayrat etde! zaybal boldum sen bar yerinde sholam bar... bir zat aydayynlay - kitap boyunca yashap bolmayar!

azyndan yashap bolmasada yashajak bolup synanyshmaly,yashap bolanok diymeging deregine

men hormat goyyan gurhan kitaba yone sen we bashgada kabir agzalar shony duybinden yalnysh ulanyar!

sen eger hormat goyyan bolsang shol yokardaky sozleri yazmazdyng,sen allahyng ongunde shol allanyng sozleri yagny quran kitaby eplap dyk diyen sozi hich aytmazdyng,ay bolyada,allah hemmamizi bagyshlasyn ameen
merdanmr shol gurhan diyyan zadyn eplenyan bolsa eplabjik dykmaly yerine dyksana gayrat etde!

Allahyň salamy diňe Özüne ynananlara bolsun!

Şu ýerde diňeje meň şahsyma ýeten bolsadyň, onda men saňa gaty-gaýrym zat diýjek däldim, ýöne ynanýan mukaddes Gurhanymyza meň bn baglanşykda dil ýetireniň üçin, seniň üçin şeýle diýýärin:

"Allah belaňy bersin iň gysga wagtda!"

Şunam aýdaýyn: Sahypalarda şahsa ýetmek ýokdy, meň şahsa ýeten ýerim ýokdur, ýöne şahsyma ýetilen ýer köpdür. Şolaň barynda-da gaty-gaýrym zat diýen däldirin, diňeje düşündirjek bolupdym. Ýöne ynanjyma ýetilse welin, ondan şahsyma ýetilen müň esse erbedi bolýar. Muňa birnäçe ýerdäki ýazan ýazgylarymdan göz ýetirse bolar!

Bu ýagdaýam jogapkärlere bildirjek, enşallah! Gerekli çäräni görerler bärde-de gysga wagtda, enşallah!

zaybal boldum sen bar yerinde sholam bar... bir zat aydayynlay - kitap boyunca yashap bolmayar!


Gurhan boýunça her iki älemde örän bagtly ýaşalyp boljagy mundan öňem subut edildi, häzirem edilýär we mundan soňam ediler, enşallah! Bu ýagdaý saňa we käbir seň ýaly pikir edýänler üçin bolaýmasa!

Meň bolan ýerimde Gurhanyň bolmagy adaty ýagdaý! Biribar meni hemişe-de Gurhany okap, düşünip we amal eden yhlasly bendeleriniň hatarynda eýlesin! Ämin!

men hormat goyyan gurhan kitaba yone sen we bashgada kabir agzalar shony duybinden yalnysh ulanyar!


Bäh, örän geň! Gurhana hormat goýýan bolsaň, maňa "epläp dyk!" diýermidiň?! Şumy seň Oňa goýýan hormatyň, hä?! "Ynsan ölmese her zat görjek ekeni" ýene bir gezek özüni görkezdi şu ýerde-de. Allah ynsap bersin-dä bizlere!

zaybalmensenden


Seniň kimdigiňi çaklab-a bilýän welin, takyk bolmansoň aýdyp oturmaýyn! Ýöne saňa şuny aýdaýyn:

Erkek ýalyjak çykaýmaly ekeniň-dä garşyma! "Men öňki agzalardan pylany" diýip!

Bolýar-da, Allahyň kelamy bolan Gurhany Kerime dil ýetireniň üçin, men-ä seni bagyşlajak däl, hakym bolsun üstüňde! Men bagyşlaýsamam, Allah bagyşlamaz we senden wagty gelende hasabyny örän zabun sorar!
Sorasyn, enşallah!

Bu dünýäde hem saňa laýyk jezany bersin diýip ýokarda! Yzynda durýan şu wagd-a şeýle diýenimiň!

Allahyň gaýraty diýibem bir zat bar. Okasaň düşünersiň!

Belki-de, bu zatlara ynanmarsyňam. Bolýar-da, Allahyň özi biler!

Bellik: Bagyşlaň, mowzukdan daşary boldy, ýöne jogap bermäge özümi mejbur duýdym şu ýerde!
Sawyer, jigim, men-ä oňa gerekli jogaby berdim. Senem indi uzatma - haýyş!

Ikinjiden, şu dil meselesini hem "ahally tekeleriňki, marylaňky däl, ýomutlaňkydygyny birinji senden eşidýän" ýaly ýazgylaryňy ýazmasana, şulam bir aýrylyk, bölüjilik ýaly gelýär hakykatam bolsa! Nämä gereg-ä şeýtmegiň?! Biynjalyk bolunýar, ahyryn, görüp dursyň-a! Eh, hany, giňiş we salyhatly bolalyň-la!

Üçünjiden, Nehir halypaňa-da salam aýt agzalaň adyndan
turkmen dili ahally ya yomutlylaryng gurleyan dili dal,ol oz bolushly her yerden garyshyk alnandyr,sizem heringiz ozungize chekip meningki de meningki bolushyangyz chaga yaly,turkmen edebi dili bar,ahal ya yomut ya arsary diyip yok,olar eyyam dialekte degishli bolup duryar
sawyer dowlet dili senin diyyanina dal koshek. dowlet dili teke dil, olam senin diyyan tekechan dal, kitapda we telewidinyede tejen-mary-murgap dialekti ulanylyar. yone senin aydyan zadynam ugry bar, kabir telewizora chykyp reportaj yapylanda ya-da gepleshik bolanda obychno studiya baranlar ashgabatly bolanson sheylemika diyyan sen. yone bir dashoguzly, lebaply ya-da balkanly gelip gurlesin, shonda-da shey diymeyana. kitap dili mysal uchin dokazat edilen, mary dialektinde
***oglanlar barde yerlikli-yerliksiz chekishyas welin belli bir yere chenli, gurhana dil yetirseniz bularyn bary bosh bor.
***sawyer ikimiz barde gutarmayas, uzak gurrun, in gowusy meni skype-da tap, gurlesheli men skypeda: panturkist_mr
reportaj yapylanda

bagyshlan, 1-nji gezek sypdy, reportaj gechirende (ya-da alynanda)
bu site seredýän AKYLLYRAK admin ýokmaý.Marly Ahally gürrüňüni entegem edýän barmy.TRdeki talyplar öýdýän baryňyzam?haýsyňyz haçan wagtynda dogry ýazylmadyk dogry dürüst TÜRKMEN TARYHY okadyňyz?OKUWY NÄME ÜÇIN OKAÝAŇYZ?sizmi watanyň geljegi?içiňizde akyllyragyňyzam ýokmaý?ýazgy ýazanyňa degmeýär ýöne Türkmenleň arasyndaky agzalalyk bimaza edýär.
menem songky wagt shu taya giresimgelman bashlady,songky wagtlar dinge tireparazchylyk barde,shonga degishli mowzuklar kan achylyp bashlady,bolya eger dingeje taryhy owrenjek bolup achan bolsalar begenerdim,yone songunda talyplar edebi dil meningkida meningki bolushyalar,garaz bes etmeli shu zatlary
muslimah mireli dost sen?TMdenmi?
l e b a h a m a r d a s b a l
bilyen barmy .....!!
manysyny özüniz düşünin.... bu niki açan neme sebepden açtıka bular yalı diyip...
......................!!!!!!!!halch |
sen nahili dushunyarsin, muny hem yazaymaly ekenin.
emma gaty gowy nik saylap alypdyr. bash welayaty, bash dogany anladyar!!
muslimah mireli dost sen?TMdenmi?
tgala | 2009-06-07 05:18:35

turkmenche yazyan,nireli diyip pikir edyang? ya nireden giryang shu wagt diyip sorajak boldungmy?eger sheyle bolsa hytaydan
5. "mary" ady nireden gelip çykýar?
maru sahu jahan yagny jahanyn sha shaheri diymegi anlatyar.
sonra gysgaldylyp mary adynyn ulanylmagy.

ol beyik adyn berilmegi bolsa taryhdaky beyik osushleri ucin, bilimde one gidishlikler ucin berilipdir.
Hayysh etyan okaman gechman:iysen wajypdyr!!!!Gowshut han saragtyn hany diysek diysen yalnysharys.
Gowshut han butun Maryn hanydy.
Saragtyn hany Hojam shukur handyr.
Hojam shukur hanymyz
yuwa yelmik nanymyz
yuwa yelmik gutarsa
nichik bolar halymyz diyip goshgam duzupdir.
Hojam shukur han hatda Gowshut han saylananda garshy hem chykyar.sen agzyndan suyt ysy gitmedik Tekani dolandyryp bilermin diyip
Nurberdi hanly mesela gelemizde.Gokdepa iki sapar yorush bolyar.birinji 1879 yylda bu gezek ruslar yzyna gaytyar gokdepeden yenilip.
yone orslar gokdepani alma hyyalyny elden bermeyar.ikilenc skobelow bashlyklygynda goshun gelyar.
1880 yylda Nurberdi han Mara gaytyar.Gowshut handan komek soramaga.Yone ol wagt Gowshut han zaherlenip olyar.ayakkabyna yara doretyan bir zaher guyyarlar.olam shol zaherden doran yaradan yogalyp gityar.
Nurberdi Han 1880 yylda Maryda bolyar.shonda Maryn goldawyny alyar gokdepa eger rus howpy abansa baryljakdygy kepilini alyp yzyna gaytyar.Gokdepa baryakada yolda aradan chykyar.
1880 yylyn dekabrynda Orslar tazeden gokdepani gabayarlar.Mara habar baryancha 10 gun gechyar.Marylylar 2000 atly jemlap Ahala tarap yola dushyar.elbetde ol wagtlar yol dine at bilen gechilyandigi uchin gokdepa barylyancha esli wagt gechyar.Gokdepa yetmakaler bir depan yanynda dushleyarler.Chapar ugratyarlar ol wagt gunlerden 19 yanwar.yagny Gokdepe urshunun ustunden bir hepde gechen.
Uch gunlik belli ruslaryn talamasy adam oldurmesi chagalary ayallary gynamasy tamamlalan wagty.Bu wagta chenli ruslara yene de 9000 adamlyk otryad gelip yetishyar.sebabi ol wagt demiryol ashgabada chenlidi demir yol bilen gechilen yol bilen atly gechilen yol den daldir dostlarym.
Orslaryn adam sany diysen agdyk.Marylylar yzyna gaytyar.gelip mary halkyna orslaryn mara gelyandigini aytyarlar.
Maryn halky ika bolunyar bir bolegi orslardan gokdepe uchin ar almaly diyyar bir bolegi bolsa Guljemal han yaly ganjygyn gepine ynanyp bular diysen gutchli bizi yok ederler gelin boyun egelin.Guychlin gowsy yok diyip boyun egyar.yone maryn halkynyn hemmesi boyun egmeyar.
Maryda orslara garshy chapawulchylyk eden 1-2 mun adamlyk grup hem bolyar.hatda mara yetip baryaka bu 2000 munlik teke orslar bilen garpyshyar.yone turkmende dine hyrly bilen gylychdan birem atdan bashga zat yok.orslarda top bar guychli yaraglar bolyar we adam sany hem kan bolyar.shonyn uchin bu 2000 maryly teke derbi-dagyn edilyar.yone guljemal han orslar mara gelende boyun egyar.shu hem bir hakykatdyr.sagbolyn.
merdan yone birzady unutyan.
shol turkmen ata-babamyz Cingiz han gelende watany tashlap gitdi.shon ucin shu yagdaya geldik.
Muhammet sha watany boleklere bolup urushdyrmadyk bolsa.turkmenistanyn hazirki yerinde seljukly shu gunlere gelip bilerdi.
800 yyldan sonam ruslar gelip oz eline aldy turkmenistany we halky abraydan chykardy.eger shol yalnyshlyk bolmadyk bolsa turkmenler dunyanin in guychli we abrayly milleti bolardy
40 kilobaýt bize agyr düshjek bu tema
merdan yone birzady unutyan.
shol turkmen ata-babamyz Cingiz han gelende watany tashlap gitdi.shon ucin shu yagdaya geldik.

Salam Lider dostum! Oňatmyň?

Ilk-ä goýan şeýle gowy maglumatlaryň üçin minnetdarlyk bildirýärin!
Yzyndan Güljemal hana agyr söz ýazmaly däl ekeniň, näme, onuň ýekeje özi şol karary berendir öýdýärmiň?! Bardyr-a köp sanly aksakgallaram maslahat beren?! Garaz, saňa gelişmedi oňa degişli ýazan biedep ýazgyň!

Ýokarky ýazgyňda maňa ýüzlendiň öýdýän?
Şeýle bolsa, näme sebäpli ýazdyňkaň diýip pikirlenmän durup bilmedim, men bir "tupoýrak" biri, gowjarak düşündirseň şat bolaryn

Birem, haýsy türkmen taşlap gidipdir watanymyzy Çingiz han gelende?

Muhammet sha watany boleklere bolup urushdyrmadyk bolsa.turkmenistanyn hazirki yerinde seljukly shu gunlere gelip bilerdi.

Muhammet şa Horezm şalarynyň resmi taýdan iň soňkysy bolmaly. Oňa gypjaklardan bolan ejesi Türkan hatyn köp täsir edýärdi. Türkmen aýalyndan bolan iň uly ogly Jelaleddin hany öz tagtyna hem şoň üçin oturtmajak bolupdy. Ýöne mongollara ýeňlişe sezewar bolansoň, halk Jelaleddini şa hökmünde gören we oňa doly tabyn bolan bolmaly. Netije hemmämize mälim - az sanly goşuny bn hem bolsa, Çingiz hany, şeýlelik bn hem dünýäni özüne haýran galdyran ekeni ýaşajyk bolmagyna garamazdan.

Birem, Seljukly imperiýasy Horezm şalygyndan öňki güýç bolmaly, bärde olaň nähiliräk dahyly/täsiri barka?

800 yyldan sonam ruslar gelip oz eline aldy turkmenistany we halky abraydan chykardy.eger shol yalnyshlyk bolmadyk bolsa turkmenler dunyanin in guychli we abrayly milleti bolardy
Lider | 2009-06-11 13:46:33


Belki, iň abraýly millet bolardyk dünýäde, eger Seljukly imperiýasy mongollara garşy bir saý-sebäp bn synmadyk bolsa. Belki, başga bir güýç syndyryp hem bilerdi - ony Allahdan başga hiç kim bilip bilmezmikä diýýän. Diýip biljek zadym - Allah biziň milletimizi, şeýlelik bn hem döwletimizi dünýäde iň ygtybarly döwletleň hataryna goşsun we dünýä adalatly hyzmat etdirsin, enşallah! Ämin!

Ruslar barada zat ýazyp oturmaýyn, ony hemmämiz diýen ýaly azda-kände bilýän bolsak gerek!

Köp sag bol ýene 1 gezek goýan maglumatlaryň üçin!
Sho wagtlar Türkmenlerde doktor gyzam bamydyka?
su gokdepe sowesinin kinosyny dusurup bolmazmyka. ya da turkmenler de hali onyn yaly uly sowesi kinolasdyrjak tehnika yok muka? turklerem indi indi istanbulyn basyp alynysynyn kinosyny dusurjek bolup yorler
ay tkmler enatk bular yaly uly kino alyp onarmazlarlay....
nadip birnache yyldan sonra belkem onararlar yone shu wagt yok...derekli serial chyakryp bilenoklar.....
arada mahrem chynar kinosyny gordum.
Filmin surata dushurlishi osen derejede:HD hilinde diysen gowy alnypdyr.
yone ichinde oynayan oyunchylar we elbetde rejisyor biderek.
mana shol sistemany bersinler HD size gokdepe galasy hakynda hakyky yaly kino dushureyin.rejisyorlygyny men alyp barayyn we senaryosyny men yazayyn.
mana aylgyna ishletseler hem bolyar.
sebabi 2000 yylyn bashlarynda Yusup-Ahmet kinosy surata dushuruldu.6-7 seryalyk.
shonda bolsa kino alysh yagdayy gowy daldi.
yone birtopar adam taplypdyr.egin-eshik ahlisi dowletden.dowlet sana 50-100 mun dolar berse gowyja kino dushurse bolar.
mahrem chynar ,maya gozel diyip ik sany kinlar bar oara biderek yagny artistler yone goshgy okayyalar....menem gowja oynaryn sholaryn yerinelay
sawyer hawa obahojalyk!!!
yöne haysy artist yada kinorejisyor oz ugruny gutaryp kino alypdyr yada dushupdir.
turkmenistanda zatdan bashy chykmayan birtopar klip dushurup yorde biz olardan pes bolasymyz yok.
hudaya shukur kompyutorlyk name etmeli bolsa wideoshop bolsyn yada trademax bolsyn programlary bizem bilman duramyzok.
dine obahojalyk okap otyrmalydal.hunari ogrende yigren diyipdirler sen na bu nakyllary bilenokmy yada dushunmediksiran bolyamy?
ugrum her gabyr bolsyn yone shol samsyklarydan has gowy kino dushurjegimi bilyan!!!
ugrum obahojalygam bolsa sungata soygin bolsa dushubermeli rejisyorlyk edibermeli goshgy yazybermelidir!!!
bu zatlary na men dushundirmelimay?
tuveleme talyplar.coma agza bolup bilyan bir dost bu zatlary men aydmasam hem bilyandir diyip pikir edyan
sen arkayyn bol gullugam ederis.
ozumizem osdureris.sen nirden bilyan derek galmajagyny.ahli zat ynsanyn ozune baglydyr.
Gullugada shu noyabrda gitmekchi.son hich kim meni gulluk etmandir diyip kicheldip bilmez.
diplomymy sentyabrda alyan.yz yany hem noyabrda gitmekchi.
bary yogy bir yyl.bir yylda hich zat bolmaz sen arkayyn.
bu hem bir durmush tejribesi.
haysy dunya gezelench edijiler yada dunyani syyahat edijiler dereksiz bolupdyr.
sholaram kitapdan yazgydan bir yyl hatda 5 yyl uzakda galypdyrlar.
olara tuveleme yenede yazgylaryna oz bashdan gechirmelerini gayta bir yazga yazyp gidipdirler.
men hem bir yyl gulluk etsem ileride yazjagym bir kitabyn mowzugy bolup biler!!!
Sen ozun hakynda alada et.
bu gisish bilen sena nabileyin bir gompy brokrat bolup dorarsin!!!
bäh, taryh...
yara duz sepme gowsy ony yatlama.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy