1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , , , ,
bilşiňiz yaly moskwada 11-nji martda «Ýüpek ýoly—2009» rallisiniň resmi tanyşdyrylyşy boldy. Rallini geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) tarapyndan 2009-njy ýylyň sport kalendaryna girizilen Kazan—Aşgabat awtoýaryşy «Dakar» seriýa (Dakar series) derejesine mynasyp boldy. Diňe ýokary guramaçylyk standartlaryna we «Dakar» sport gymmatlyklaryna laýyk gelýän ýaryşlar şeýle dereje astynda geçirilip bilner.

Tanyşdyrylyşa «Dakar» rallisiniň direksiýasynyň, «Ýüpek ýoly — 2009»-yň guramaçylyk komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Russiýanyň awtomobil federasiýasynyň (RAF) wekilleri gatnaşdylar. Žurnalistleriň we sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara rallisiniň taslamasynyň ýolbaşçysy Semýon Ýakubow Amaury Sport Organisation (A.S.O.) fransuz firmasynyň wekili Frederik Lekiýen bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekdi. A.S.O. — meşhur «Dakar» marafonynyň guramaçysy ralliniň türkmen direksiýasy we «KAMAZ-Master» komandasynyň wekilleri bilen deň derejede Kazan—Aşgabat rallisiniň guramaçylarynyň biri bolup çykyş eder.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Ýüpek ýoly» rallisiniň dünýä ähmiýetli ajaýyp sport wakasyna öwrüljekdigine we sürüjilerde hem, köpsanly janköýerlerde hem ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyna ynam bildirdiler. Ralliniň marşrutynyň uzynlygy 4,5 müň kilometre barabar bolup, ol Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçer. Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Buýruga gol çekip, degişli döwlet düzümlerini ralliniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge borçly etmegi türkmen tarapynyň geljekki ýaryşlara taýýarlyk görmäge aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär.

«Ýüpek ýoly—2009» taslamasy bütin dünýäde uly gyzyklanma döretdi we eýýäm guramaçylyk komitetine ýaryşlara gatnaşmaga isleg bildirýänlerden 300-den gowrak haýyşnama gelip gowuşdy. Ýaryşa Türkmenistanyň ekipažlary hem gatnaşar. Munuň özi ýurdumyzda awtosporty ösdürmek üçin oňat höweslendiriş çäresi bolar. Üstesine-de ýakyn wagtda döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda häzirki zaman awtodromlarynyň gurluşygyna badalga berler.

Tanyşdyrylyşyň çäklerinde russiýaly ekipažlaryň birnäçesine awtomarafona ilkinji gatnaşyjylaryň hormatly sertifikatlary gowşuryldy.
şeyle hem bu çäräniň umumy bahasy barada hiç zat aytmady turkmenistan tarapy bu çäräniň çykdayjysyny türkmen tarapy çykarya bahasy 5 million yewro.

jogaplar

inni öz pikirleriňizi aydyweriň.
diysen begendirji habar.......tkmstanda da kawagtjyk sport yaryshlary gechsinahowwwww
Men shu wagtda Kazanda okayan. Barde-de turkmen talyplary okayar. Nesip bolsa rallynyn finishini gormesegem, startyna goreris.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy