Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!
Ýaňy goňşy mowzukda:
diýipdim, ynha-da, görşüňiz ýaly netijesi. Başda "eseriň Türkmençe görnüşini bilemok" diýipdim, ýöne şu wagt öwrendim: eseriň ady «Günüň dogmasy aňsatmy?»
Indi şol eserde käbir bölekleri aşakda bölek-bölek goýmakçy. Soňam TTM (Türkmen-Türk Mekdepleri) barada özara pikir alyşyp bileris!
Sag boluň!
Ýaňy goňşy mowzukda:
"...başga bir guramaň gürrüňi gidýän ýaly. Olam "Höwesjeňler guramasy we agzalary" bolmaly öýdýän.
Bu babatda aýry mowzukda pikir alyşyp bileris. Häzir men täze mowzuk açjak dost sahypadan Agajan agaň goýan ýazgylaryny ulanyp. Eseriň eýesi bolsa, Ylýas Amangeldi aga. Eseriň Türkçe görnüşiniň ady "Kalir dudaklarda şarkimiz bizim" bolmaly. Türkmençe görnüşini bilemok, ýöne türkçesi elimde bar şu wagt. "
diýipdim, ynha-da, görşüňiz ýaly netijesi. Başda "eseriň Türkmençe görnüşini bilemok" diýipdim, ýöne şu wagt öwrendim: eseriň ady «Günüň dogmasy aňsatmy?»
Indi şol eserde käbir bölekleri aşakda bölek-bölek goýmakçy. Soňam TTM (Türkmen-Türk Mekdepleri) barada özara pikir alyşyp bileris!
Sag boluň!
- ata
- 26 jogap
- 1805 okalan
- 2008-12-16 02:41:36
jogaplar
«Günüň dogmasy aňsatmy?» diýen kitapdan bölek.
SSSR dargap dörän garaşsyz ýurtlaryň arasynda uruş-gygyryş görmän ýaşap gelýän Türkmenistan ilkinji ädimleriniň parahatçylykly bolandygynyň gymmatyna ýyl geçdigiçe çuň düşünip başlady. Beýik Serdarymyz iliniň uly hem ilkinji söýgüsini ýurtda parahatçylygy sakalamagy başaryp gazanypdy. Içi ýat ýurtlarda, nahak gülleden wepat bolan, gül ýüzli türkmen ýigitli demir tabytlaryň gelip durmagynyň öňüni alany üçin halk ilkinji Prezidentini başyna täç etmäge taýýardy. Bu Beýik ogluň ýurdunda harby bölümlerini, uruş ojaklaryny däl-de, bilim ojaklaryny açmagyny türkmen ili uly begenç bilen kabul edipdi.
Emma mekdep açmak meselesine hemmeler Serdary¬myz ýaly batyrgaý hem öňdengörüjilik bilen garap bilmändi. Ine şeýle garaýyşlar Türkmenistana Türkiýeden mekdep açmaga ilkinjileriň hatarynda gelen Hajy Ýusuf Kemal Erimeziň gözüne ýaş aýlandyrypdy. Bu wakany Türkmenistanda mekdep açmak üçin Hajy Ýusuf Kemal aga bilen gapy-gapy aýlanan Sadetdin Başer şeýle gürrüň berdi. Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleriniň açylmagynyň gözbaşynda duranlardan biri Sadetdin aga ilkinji ädimleriň janly şaýady, tapylgysyz hazynady.
„Şol döwürlerde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde jogapkär wezipeleriň birinde oturan wezipeli adam Türkýäniň gyzyl baýdagyny mysal alyp bize: „Bir gyzyl baýdakdan ýaňy dyndyk, ikinji gyzyl baýdak bize gerek däl“ diýipdi. Kemal aga başyna täç edip gezýän Watanynyň baýdagynyň bir ýykylan döwletiň baýdagyna deňelmegine namys edipdi. Namysdan ýaňa köpi gören gözlerinden syrygan ýaş gasyn-gasyn ýaňaklaryndan akyp gysgajyk ak sakalyna siňip gitdi. Çünki ol garşysyndaky adama ortasy aý-ýyldyzly baýdagynyň şol diýilýän gyzyl baýdakdan tapawudyny düşündirerden ejizdi. Oňa düşünilmegi üçin wagt gerekdi. Türkmenler „Tanamadyk sylamaz“ diýýärler. Biziň baýdagymyz hem sylaga-hormata mynasyp bolmak üçin özüni tanatmalydy.

Wagt garaşmaýar diýip ýaşaýan Kemal aga wagta garaşmagam başaryp biljek ynsandy. Emma baş niýetini açyp görkezmän bu ýerden çykyp gitmegi ol ýalňyş hasap etdi. Ol goý beýle sözleri aýdardan ir bolsun, Ata Watanda onuň päk kalbyna, halal niýetine, türki diline, goý, entek gowy düşünilmesin, şonda-da „aýtmaly“ diýen netijä gelipdi. Bir meňzeş Oguz köklerimiziň hormatyna, Togrul begleriň, Çagryl begleriň, Alparslanlaryň hormatyna, bir meňzeş dinimiziň, entek biri-birine doly düşünmeselerem bir meňzeş kalplarymyzyň hormatyna aýtmaly diýip hasap edipdi. Garaşyşym ýaly, Kemal aga ýüregindäki joşuna bäs gelip bilmän, töweregindäkileriň türkçä çala düşünýändiklerini bilip dursa-da, ähli başarnygyny jemläp aýtjagyny aýtdy. Ýaz ýagyşy ýaly paýrap gaýdan oturanlar üçin käsi düşnükli, käsi düşnüksiz türki sözler ýürekleri jümşüldetdi. Ýürekden çykan sözlere gulaklar düşünmese-de, ýürekler kabul edip, ýüreklerem düşündi. Emma bu-da ýeterlik bolmady. Biz Bilim ministrliginden gutarnykly jogaby alyp bilmän yzymyza Türkiýä dolanmaly bolduk.
Näme üçin bize bada-bat düşünilmedikä? Men bu barada köp oýlandym. Gynansagam, durmuşda köplenç gowy niýetiňi näçe gowy düşündirjek boldugyňça şonça-da, ikirjiňlenmelere gabat gelýärsiň. Bu ýerde-hä biz – mekdep açaly diýip gelýänler Türkýe döwleti tarapyndan wezipelendirilip iberilen adamlaram däldik, husuyýetçilerdik. Türkmen arkadaşlarymyza-da dogry düşünmek gerek. Bazar ykdysadyýetini gören, kapitalistik bir ýurtdan hususyýetçi, iş adamsy gelip: „Öz hasabyma çagalaryňyza mugt dünýä derejesindäki bilim bereýin“ diýmesine ynanaýmak kyndyr. Megerem şol sebäpli bilim ministrliginde biziň teklibimiz orta atylyp üç gezek maslahat geçirilse-de, olaryň üçüsinde-de „Şeýle mekdebiň açylmagyny goldamaly“ diýlen netijä gelinmedi. Hiç kim bu mekdepleriň açylmagyna-da, garşy bolmaýardy. Çagalarynyň boýnuna gyzyl galstuk dakyp, gerek bolsa olaryň sünnetlimi däldigine çenli barlamakdan gaýtmadyk „gyzyllardan“ gorkan türkmen kowumdaşlary¬myz „kör hasasyny bir aldyrar“ diýen nakyla eýerip hüşgärlik edýärdiler…“

Şol döwürlerde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri bolup işlän Orazguly Annaýewden hajy Kemal Erimez ýaşuly bilen Sadeddin Başeriň lapykeç Türkiýä dolananlaryndan soň bolup geçen wakalar, ahyrynda türkmen-türk mekdebini açmak kararyna nähili gelinendigi barada gürrüň bermegini haýyş etdik.
„Dogrusy biz gury söze ynanyp biljek däldik. Ynanyp biljek däldik diýsemem hajy Kemal aganyň sözleri alabaharyň ýumşak şemalynyň buz gatlagyna jaýryk atdyryşy mysaly aradaky sowuklugyň buzuna jaýryk salypdy. Bu gysga sakal ýaşuly bilen Sadeddin Başer gidenden soň Türkmenistana Kemaletdin Özdemiriň ýolbaşçylygynda uly topar geldi. Olaryň arsynda Garaşsyzlygyny alan Türkmenistany dünýä tanatmakçy bolýan Türkiýäniň dünýäniň birnäçe dillerinde çap edilýän meşhur „Zaman“ gazýetiniň wekili Nejdet Öz hem bardy. Bu toparyň gelişi örän ymyklydy. Şu günki ýaly ýadymda olar öz aralaryndan Nedim Polada, Ibrahim Çapara, Halyl Ibrahim Kozana türkmen dilinden kurs bermegimizi haýyş etdiler. Olaryň biziň bilen düşünşip belli bir karara gelmek isleýändikleri şübhesizdi. Men bir gezek Kemaletdin Özdemiriň şeýle mylaýym, hem päk ýürekli nazaryna gözüm düşüp, içimden: “Şu adamdan türkmene zyýan gelmez“ diýip oýlandym.

Iki aý çemesi wagt geçenden soň türkmen dilinden kurs alan Nedim Polat bu ýaşulynyň aýdýanlaryny bize başardygyndan terjime edýärdi. Kemaletdin aga Türkmenistanyň bilim ulgamynyň garamatyny üstüne alanlaryň Türkiýä gelmegini, ol ýerde açan mekdeplerini görmegini, soň belli karara gelinmegini teklip etdi. Bu teklip dogry tapyldy. Türkmenistan tarapyndan Bilim Ministrini we onuň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdirini Türkiýä ibermeli, ol ýerdäki hususyýetçileriň açan mekdepleri bilenem, döwlet mekdepleri bilenem içgin tanyşyp, soňra belli karara gelmeli edildi. Bu şeýle-de boldy. Türkiýä gidip ol ýerdäki hususy hem döwlet mekdepleri doly öwrenilenden soň „Başkent“ Bilim şereketi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda şertnama baglaşyldy. Şertnamada Aşgabatdan bir mekdebiň binasyny Türkiýe tarapy doly timarlap, onda Türkmenistanyň çagalaryna dünýä talaplaryna laýyk gelýän bilim-terbiýe bermegi guramaly, bu iş üçin ähli çykdajylary „Başkent“ Bilim şereketi öz üstüne almaly, 2-3 aýdan soň edilýän işler Türkmenistan tarapyndan göwnejaý hasap edilmese, edilen çykdajylara garamazdan, hiç bir zady garşylyklaýyn talap etmezden Türkiýe tarapynyň ýurtdan çykyp gitmäge borçlanýandygy barada aýdylýardy. Bu şertleriň ählisini kabul edendigini tassyklap Kemaletdin Özdemir şertnama gol çekişdi. Şeýdibem Aşgabatda ilkinji türkmen-türk mekdebini açmak barada karara gelindi.“
Döwlet ähmiýetli, il bähbitli işler ýokary derejede wajyp bolandyklary üçin hiç bir kynçylyksyz amala aşar gider diýip garaşýarsyň. Emma edil tohumyň gögermegi üçin Günüň ýylysynyň, ýaz ýagyşynyň yzgarynyň, topragyň ýumşaklygynyň, çigdiň düşen çuňlugynyň… we ýene-de birnäçe bilinýän hem bilinmeýän talaplaryň utgaşmagynyň gerek bolşy ýaly, köplenç halatlarda, mesele näçe uly boldugyça onuň çözülmegi üçin utgaşmasy gerek bolan şertlerem köp bolýar. Şol şertlerden diňe biri ýetmese-de tohum gögerip bilmeýär. Ilkinji türkmen-türk mekdebiniň açylyşy bilen baglanşykly wakalary aňyndan geçirip oturan Orazguly gürrüňini dowam etdirdi

„Ýöne men bir zada ünsi çekmekçi. Ol hem Türkmenistanda türkmen-türk mekdepleri kynlyk bilen açyldy diýmek ýalňyş bolar. Meselä oýlanyşykly çemeleşildi diýmek, ine dogrusy. Çünki mekdep ýurduň geljegi, Watan perzentleri, eziz balalar bilen bagly. Onuň zawod ýa-da fabrik açan ýaly bolmajakdygy düşnükli zat.
Täzeçe işlejek mekdebi açmak o döwürde kyn bolmalam däldi. Çünki Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy ýurt Garaşsyzlygyny gazanandan soň ilkinji çözülmeli mesele diýip Bilim syýasatyny öňe sürüpdi. Bu syýasatda hem täzeçillik, öňki köne akymlardan çykmak, bilimi dünýä standartyna gabat getirmek baş ýörelgedi. Türkiýäniň Prezidenti Turgut Ozalam Türkmenistan bilen, ähli türki kowumdaşlar bilen esasy ýola goýulmaly gatnaşygy bilim ulgamynda görüpdi. Şonuň üçin Türkiýe döwleti 1992-nji ýylda türki döwletlerden on müňdenem köp talyplary okuwa kabul etdi. Olaryň bir müň bäş ýüzüsi Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşlarydylar.
Türkiýäniň döwlet wekillerem Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde döwlet mekdeplerini açmagy teklip edýärdiler. Emma bu işe hususyýetçileriň hem goşulmagy biziň üçin amatly bolup çykdy. Sadeddin aganyň ýatlaýan döwürlerinde olaryň Türkiýedäki mekdepleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginden tanyşmaga gidenimde hakykatdanam hususy mekdepleriň derejesiniň Türkiýedäki döwlet mekdepleriniň derejesinden mese-mälim ýokary ekendigini gördüm. Biz muňa doly göz ýetirdik hem-de Türkiýäniň döwlet mekdepleri bilen bir hatarda hususyýetçileriňem mekdep açmaklaryny goldamaly diýen netijä geldik. Şondan soň öňde ýeke-täk mesele — tekliblerimizi Türkmenistanyň Prezidentine ýetirmek we onuň geljek netijesine garaşmak galypdy. Ýaş döwletiň „açyk gapylar“ syýasatyny alyp barýan öňdengörüji ýolbaşçysy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy serdar paýhasy bilen bizi bada-bat goldady we hususyýetçilere haýyş edişleri ýaly, Aşgabadyň islendik ýerinden mekdep jaýyny türk arkadaşlara bermegi Aşgabadyň şäher häkimine tabşyrdy. Türkiýäniň Bilim ministrligine hem mekdep açmaklary üçin doly hukuklar berildi. Olar soň Aşgabatda Anadoly türkmen-türk döwlet liseýini açdylar.“

Tohum bereketli el bilen topraga atyldy. Indi onuň gögerjegi hakynda hiç bir şek-şübhe ýokdy. Şänik hernäçe gaty bolanda-da wagty gelende ýarylýar. Näzijek iki ülüş Günüň nuruna tarap ösüp ýagty jahana çykýar. Onuň geljekde beýik daragt bolup ýetişjekdigine, salkyn saýalar salyp miwe berjekdigine ynanar ýalam däl. Edil şonuň ýaly bu iki ülüş beýik daragt bolup ýetişensoň onuň saýasynda bol miwelere guwanjaklar hem onuň şeýle näzijek, ter, ideg-hyzmata mätäç, ejizje bolandygyna düşünip dursalaram ony göz öňüne getirip bilmezler. Bu daragtyň bagbanlarynyň şeýle datly miweleriň ýetişjekdigine umyt baglap gijelerini ýatman geçirendiklerine erteki ýaly gararlar…
Ýene-de hajy Muammer aga bilen eden gürrüňimizden bir parçany getiresim gelýär.
„Ynsan niýetine ylaýyk ýaşamasa şol niýetine ýetip bilmez. Mysal üçin, okuwçylaryna çilim çekdirmezlik niýeti bilen, özi çilim çekýän mugallym: „Çagalar çilim çekmäň, ol saglygyňyza zyýanlydyr“ diýse okuwçylar onuň diýenini edermi? Biziňem niýetimiz ata Watanyň çagalaryna dünýä derejesinde bilim bermek. Bu niýetimize ýetmegimiz üçin özümizem dünýä derejesindäki mugallymlar bolmaga çalyşmaly.
Bir gezek Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň sekretary Onjuk Musaýew Marydan gelýärkä ýarygije Tejendäki mekdebimize ýol ugruna baryp görmek isläpdir. Gije sagat birdigine garamazdan mekdepde müdir bilen onuň orunbasarynyň iş stolunyň başynda ertirki edilmeli işler barada maslahatlaşyp oturandyklaryny görüp haýran galanyny maňa gürrüň berdi. Ýöne men haýran galmadym. Çünki olaryň öňünde goýlan maksat, niýetleri uly. Ukyňa, janyňa dözmeseň uly maksatlara ýetip bolmaýar.“

Ynha, ýokardaky eserden bir bölek ýazgy.
Ýokarda hem görşüňiz ýaly, döwletimiziň jogapkär guramalary hem şol gelen höwesjeň we Allah aşygy ynsanlara doly ynanyp, watanymyzda olara ýer açyp beripdirler.
Kitabyň dowamynda her welaýatdaky mekdeplerde bolup geçen kä pajygaly wakalar gönüden-göni ýene degişli jogapkär gurama ýa şahyslarymyz tarapyndan beýan edilip geçilipdir!
Garaz, şulara-da ters düşünýän ýa düşünmek isleýänler ýok däl häzrem. Mümkin, käbir türk iş guramalary ýa işgärleri bn çalyşýandyrlar ýa deň hatarda tutýandyrlar?!
Şeýle bolsa, olar örän ýalňyşýarlar!

Ýazsaň ýazara zat kän bu babatda!
Ýöne agzalaň pikiri nämekä bu babatda?!
Şoňa görä-de ýazgylar ýazarys ýa ýazaryn, enşallah!
Häzirlikçe "ýolagçy ýolda ýagşy" diýleni!

Salam Ata! Yazan ajayyp bilgilerin ucin kop sag bol,dogry aydyan geljekki nesil mugallymlaryn elinde,menem nesip bolsa az wagtdan shol mukaddes karin eyesi bolmaly,shonun ucundir mana yazan zatlaryn gaty tasir etdi.Inshall devamli olur,dogrymy aytsam gowy zatlary yazyanynyza begenyan
Thanks for information man!
I was really pleased while reading!
I'm the 9nt grade student in Turkmenabat Turkmen Turkish High School !

ey daway cardjowca yazali cto wi za lyudi yomayo turkmenabatlilara respect.turkmen turk mekdebi forever. hati okayan turkmenabatli bolsa habarlasin.men erkek yesli co
Turkmen-turk mekdeplerinin turkmenistana peydasy gaty kop degdi we mundan sonam deger nesip bolsa.Bu babatda Turk doganlarymyza name de bolsa hormat goyup bilmelidiris.
Turkmenistanda adamlar bir mesela yalnys dusunulyarler ttmde der dokyan bizin geljegimiz ucin cabalanyan mugallymlary firmada is magsady bilen gelen biedep,ahlaksyz bihepbeleri den goryarler.Bu bolsa gaty yalnys muny halka dusundurmek gerek.

kary zyyanynyn yanynda peydasy kop bolany ucin peydaly diyilip aydylyar.yagny dusun 100000000 bar birem 1 bar 1'i kop yerde hasaba almazlar sol sebapli kop taraplayyn peydaly diyip bileris seyle dalmi?
zyyanlaryny sorap oturjak dal yone ozume hic hili zyynynyn degmedigini aydyp bilerin.Elbetde peyda-zyyan meselesi adamdan adama gora uytgeyar.Men geljege pozitif nazar bilen seredenim ucin beyledir belkam...
yone maslahat sorasan geljege umytly seretsek sonda in gowsy bolarmyka diyyarin.