1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýaňy men "häsiýetler" atly mowzugymda:
"nokat we bond - her ikiňiziň hem soraglaryňyzy aýratyn mowzuk açyp, şol ýerde jogaplamakçy, enşallah. Sahypanyň öňki halynda-da açypdym, täzeki, ýagny, şu halyndakyda ýok."
diýip, degişli agzalara jogap beripdim. Olaň ýazgysyna kän pisindim oturmady - bu adaty ýagdaý. Indi şol ýazgym boýunça, özüm barada öňki ýazgylamdan birini goýmakçy.

Islän özi barada şu ýerde ýazgylar goýup bilerler.

Başldaym onda:

Men şu wagta deňiç özüm barada, belki, örän köp ýazgy ýazandyryn, ýene-de şu ýerde ýazmakçy, yöne bu gezek jemleýji ýaly bir zat bolar. Gerekli sitatalar bn dowam edeýin ýazgyma:

1- Maksat aga, ur diyseler, senem oldurayyan-le
Mowzugyn dashynda bolyar, azyrak ozum barada derdinjek, taze mowzukdyr poll acjak dal, men copan, men bihepbe, men samsyk, men yalancy, men aldawcy, men kezzap, men nadan, men namyssyz, men zannyyaman we sh.m.!
Men molla-da, ishanam, muftem we sh.m. dal!
Men shu yerde kop agzanyn gownune degdim, olardan mana haklaryny halal etmeklerini hayish edyarin, yalbaryaryn, arzuw we dileg edyarin!

Kopunizin adynyzy dileglerimde hemishe yatladym, yatlayaryn we hemishe yatlaryn, ensalla!

Indi, men barada ... shuna menzesh zat yazmasanyz, toydyr zatdyr. Men-a yadadym, cynymy aytsam, surnukdym, belki-de mana yalnysh dushundiler kabireri, olaram meni bagyshlasynlar
!


we şu ýerde şeýle ýazan ekenim:


Akyl yashda dal, bashda bolar diyipdirler...

Yokardaky bash yazgym shul saytdaky uly agzalarymyz ucin dal-de, ayratyn menin bn baglanyshykly bolup biler. Name ucindir men ozumi hic halap bilmedim, hemishe ozumi kici gordum, belki-de, nalajedeyin hokmunde. Ensalla, beyle daldir. Yone bashgalaryna gelende, hemishe hormat etmage calyshdym, cunki, hadysda:"Dushmanynyza-da milayim bolun, belki bir gun dost bolarsynyz..." diylenini uyyaryn. Peydasynam shu wagt cenli gordum, yuz mun shukur. TC-de, TM, TC, Gazak, Gyrgyz, Azeri, Tatar, Mongol,...-bularyn hemmesi bn, shukur, aram onatdy, shol mynasybetli, hemme Turkmenlerin arasy gowy boldy, elbetde, kabirlerinin tersine bolmagy umumyn yagdayiny bozmaz.
Bilemok, hernace ozumi yigrensemem, meninem halayik ucin edip biljek peydalarymyn hem barlygyna goz yetirdim, olary amala ashyrmaga calyshyan giyjumin yetdiginden. Ensalla, hemishe sheyle dowam eder diyen umyt we dileg bn!


Ýazgylarymda kähalatlarda özümi ýigrenýän diýenimi bilýän bolsaňyz gerek. Ýokardaky ýazgym hem muny tassyklaýar.

Men barada ýene öz açan mowzugymda biri şeýle diýen ekeni:


Ata aga men ýok wagtymam meni ýatlapsyňyz minnetdar dilegleriňiz üçin! Menem siz barada biraz ýazaýyn.
Ata aga özi sadaja çopanmy çopan dälmi bilemok ýöne ömür özüni çopan diýip atlandyrýa Hemişe hemme agzalaň arasynda asudalygyň agzybirligiň bolmagyny isleýä gerek ýerinde çuň oýunlara-da ökde. Käwagt ýönekeýje zatlar üçinem gaty görmesi bar ýöne şonda-da derrw açylyp yzyndan özi ötünç soraýa. Hemme zadyň gowy tarapyny görmäge çalşýa tanaýşym boýunça ýüregi ýukamyka diýýän. Aladaçyl, sada, şadyýan, degişgen, akylly... garaz Altyn Asyryň ALTYN ÇOPANY!!!

Elbetde, şeýle däldigimi bilsemem, şeýle bolmaga dyrjaşýaryn, hoşniýetliligi üçin bolsa, jigimden örän minnetdar!

Ozum barada iň köp edýän biri bolsa:

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"


Öňki golum hem muny tassyk edýän bolmaly!

Ozüme hemişe sadamyka diýýän, köp ýerde
"men çopan"

diýmegim, munyň delilidir, ýöne maňa bu babatda:
...ýere bakandan ýer gorkar...
diýlipdi.

Kämahal pikir edýän, men hem bir wagt öýlenmeli bolaryn, şonda maňlaýy gara biriniň bagtyny ýatyraryn öýdüp gorkýan, bu babatda-da Biribardan haýyr bermegini dileýärin. Ynha, bu babatda şeýle ýazan ekenim:
....ýalňyşamda jylawlajak, haýyrlarda gylawlajak birine....

Enşallah, şu ýagdaýy Biribar maňa rowa görer!

Bu sahypada özümi näçe agras alyp barjak bolsamam bolanok, kämahal gyzlar bilen hem, oglanlar bilen hem degişäýýän. Belki-de, çyzykdan hem çykýandyryn, şeýle bolsa, onda göwnüne degen agzalarym bar bolsa, olardan ötünç soraýaryn, haklaryny halal etsinler! Bu oýunlary çyn hökmünde kabul edýänler hem bar bolup biler, şeýle bolsa ýalňyşýarlar. Sahypadaky oňat ýagdaýy bozmazlyk, agzalary azyrak güldürmek(beýle ýagdaý men tarapyndan çopança ýazylansoň, gülkünjräk bolar diýen niýet bilen) üçin şeýle edýädim. Ynha, şu ýerde , şu ýerde we şu ýerlerde meni görüp, diňläp bilersiňiz!

Özümizi hasaba çekmek barada, aýratyn bir mowzuk açsamam, peýdasyny bilsemem, özüm şu ýagdaýy köplenç ýa-da hemişe diýen ýaly ýerine ýetirip bilemok!

Gyzlar bilen aga hökmünde gerek umumy, gerek bolsa-da şahsy habarlaşypdym. Bu ýagdaýyň dogry däldigini SYR mowzugynda şeýle ýazan ekenim:
yene 1 zat...
Yokarda yazylanlara gora, tejribeler-a we hadysdyr nakyllara gora, syr aydylyanca syr bolup galyar, aydylanson welin zaher bolayyar oydyan. Yene bir zat, gyzlar oz syrlaryny gyzlara, oglanlar hem oz syrlaryny oglanlara ynansa has yerlikli bolarmyka diyyan we yene-de gyzlar oz hususy soraglaryny gyzlara, oglanlar hem oz hususy soraglaryny oglanlara ynansa has yerlikli bolarmyka diyyan, sebabi, gysgca, etik/(ahlaga gora) bolman biler!
In gowusy, shu yerde, umumy forumda, azyrak yagday uytgedilip sorag soralsa, has shahsy we mashgala yagdaylaryny hem oglanlar oglanlara, gyzlaram gyzlara PM ya mail arkaly yazsalar has amatly bolar diyip pikir edyarin!
Sebabi, komek etmek islesenem, edip bolmayan wagtlary bolyar, syrynam pash boljagy yagdaylar emele gelyar!


Hawa, ýagdaý-a şeýle, men bolsa, ýene öz bilenimi edipdirin. Aslynda, niýetim haýsam bolsa bir gyz agzanyň duýgylaryny ogurlamak ýa-da täsir etmek däldi, hemmesinden diýen ýaly yaş tapawudym uly bolansoň, bu babatda ýalňyş pikir ediler öýdemok. Birem, bu babatda, ynha, şu ýerde şeýle ýazan ekenim:


TC-de mana kop teklip edilipdi, 2-3 yerde yazdym welin, soñ ustden dushup hem bashladylar, täzeje agzalarymyz
Men shu yerde gygyrmak isleyarin, eshitmediklere-de siz duyuryñ : MEN MUNDAN BEYLAK HEMME TEKLIPLERE YAPYK!


Garaz, köp agzany öz käbir samsyk ýazgydyr pikirlerim, degişmedir sözlerim bilen az gynandyrmadymmykam diýýän?! Şeýle halatlarda kämahal:
ölüp gitsedim, hiç kim menden zyýan çekmesedi

diýesim gelýär. Ýöne bu ýagdaýyň dogry däldigini bilemsoň hem beýle diýmegi islamok!

Özüm barada ýene ýazsam ýazyp oturmaly, ýöne boldy edeýin!

Umuman, ýene bir gezek göwnüne degen agzalarym bar bolsa, olardan ötünç soraýaryn, haklaryny halal etsinler!

Salam we dileg bilen!



jogaplar

Salam Nokat! Indi seň meň baradaky soraglaryňa şu ýerde jogap bereýin:


Ata, Seniñ ýazgylaryñy okanymda men seni peri$dedir öýdýän! Näme üçin beýle imedj saña zerur!?


Meniň perişde ýa-da perişde ýaly däldigimi senem beýän edipsiň kakdyryp, ýokarda özümem ýazdym bu babatda. Başga-da agzalar bu babatda öz pikirlerini beýan etdiler. Beýdip, bir agzany pikirleri, görüşi sebäpli, şahsyna ýetip, ynjytjak bolmak nämä gerek?!

men bärde kimdir birine görünjek bolup, özümi söýdürjek bolup, hormata mynasyp boljak bolup we ş.m. ýagdaýlar üçin ýazgy ýazamok ýa terjime edemok, ol-a seň ýazyşyňdaky ýaly, "özüme haýsydyr bir imedži/görünişi zerur görmek" ekeni.

Allahyň razylygy we haýra sebäp bolmak diýibem bir ýagdaý bar, şol barada-da pikir etmeli azyragam bolsa.



Ýa-da özüñ parhyny bilmäni $eýle mowzuklar açýañmy?

Ýok, bilip açýan. "Enşallah, peýdaly bolar we men hem geljek, ýazyljak pikirdir maslahatlardan peýdalanaryn..." diýen niýet bn.

Ýa akyl satmak islegiñ hyjuwa öwrüldimi?


Kimine görä "akyl satmak", kimine görä "hyjuw", kimine "Allah razylygy", kimine-de "pikir alyş-çalyşygy" we ş.m.

Senem-ä bilmäni osursañam osurýansyñ-a, $onda-da ýöne häsiýet, ahlak, parasat... Äý garaz peri$däñ bar-da! Seniñ imedjiñ meniñ gözümde $eýle päkize ruh! $oña mynasyp däl bolsañ özüñden gör!


Başga ynsanlar hakynda umumy ýerde sebäpsiz ýere ýaňsylaýjy ýazgy ýazmagam beýiklikdir käbirleri üçin. Özümiň nähilidigimi özüm gowy bilýän. Başga biriniň nähilidir bir ýol bn sypatlandyrmagyna mätäç däl.
Ýazýan ýazgylaryma özümi laýyk görüp-görmezligem öz işim. Her kim özi üçin jogap berer. Degişli bolmadyk ýagdaýda iliň işi bn nä işiňiz bar?!

Indi ahlak barada. Durmu$y diñe ahlak kadalary esasynda ýa$amak wagtyñ geçmegi bilen adamyñ ýüregine dü$ýär.

Men dini we gözel ahlak taýdan ýazgylar ýazdym köplenç. Bu babatda gysgaça şeýle diýeýin:"Yslam dini ähli keýp üçin hemişelik kanagatlandyryjydyr. Onuň daşynda keýp gözlemäge hajat ýok!"
Munyň daşyndakylar, elbetde, öz isleg we erklerine görä hereket ederler. Kanagatlanmazlyklary hem örän tebigy.

Ata, sen maña emailiñi ber men saña ahlak we dü$ünje ulgamlary baradaky makalamy goýbereýin!


Aslynda, asyl ýazan ýeriňde muň jogabyny berdim, ýöne maňa şahsy mail ibermek gerekmi şuň üçin?! Gözel ahlak hemmämize-de gerekli. Goýubermeli ekeniň-dä şu ýerde!

Hä, ýöne maňa örän "hoşamaý" sözler ýazjak bolsaň welin, onda ilki soran ýeriňde meň mailim barada bir link bardyr.

Saňa şuny hem aýdaýyn: Sendäki bar bolan nebis, namys, parasat we ş.m. aýratynlyklar mende-de bar, beýlekilerde-de. Kä ýazgylaryňy ýazaňda, şu ýagdaýy pikir etmeli dälmidiň?!

Bende haky diýip 1 zat bar - iň azyndan şony göz öňünde tutsaň has amatly bolar indikiňde. Meňki bir ýaňzytmak - erk, elbetde, sende!

Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynançly ynsan bolmak dilegi bn!
ata sen perishdeni?
bond


dälligim mese mälim bolmaly.

elbetde adam 100% gowy bolup bilmez ol gowy boljak bolsa yureginde hich hili hapalyk bolmaly daldir sahelche hapalyk tutush arassany bulayar,


şu aýdanlaryňa, az mukdarda goşulmak bn, umumy ýagdaýda goldamok. Näme üçin diýseňem, ynha, jogabym:

"1 gaýykda 10 adam bolup, shol gaýykda 7 erbet adam we 3 oňat adam bar bolsa, şol 3 oňat adamyň şanyna gaýyk batyrylmaz!
Şeýle-de, bir ynsanyň 10 aýratynlygyndan iki-ýekesi erbet bolup, galany gowy bolsa, onda ol adama-da (düýbinden) erbet diýip bolmaz!"

Mümkin, ikimiziň pikirimiz bu babatda tersdir. Bulam adaty.

Häsiýetler barada ýazanlaryňam maňa kakdyrybrak ýazylan ýaly gördüm. Mümkin, ýalňyşýandyryn. Ýene-de degişli mowzukda olara soň jogap ýazaryn-da, enşallah!

Ýokarda "bende haky" barada ýazypdym nokat üçin. Saňa-da ýatlatmakçy şol ýagdaýy. Garaz, iň amatlysy - beýleki agzadyr myhmanlaryň hakyna girmezligimiz!

Şony dilemek bn!

gowy mowzuk...shu yere cenli okanlarymyn arasynda in peydaly we gowne yatyan mowzuk.

adamlara birini sypatlandyr diysen...ucunda bahbidi bolsa goge goterer, eger yok bolsa yere sokar...hemme kishi dal, onam yz yany yazabereyin...hak meselesi sonucta, hemme kisha umumylashdyrmak islamok. garaz...her kim bashga biri barada name diyse diysin, ozunde bolan hasiyetleri sanap cykyandygyny aydayyn, ozunde name hasiyet bar bolsa garshyky kishisinde-de shony goryar we shona esaslanybam ona baha berjek bolya, nacar adamzat...hic kim, hic kimi ozuni tanayyshyndan otri tanap bilmez. biri sheyle-sheyledir diyyan bolsa ozune mahsus hasiyetleri sanap cykar dine ondan ote gecip bilmez. yagshyny yamany adamyn icindaki benligi kesgitleyar. perishde yaly adamlary peseldip goyyanlaram sheytana sapak beryan kishilerin shanyny goge goteryanlerem benlikden gelip cykyar. sen kim bolsan garshyky tarapam shonyn yaly gorersin.

"ozuni bilen weli"-dogry we yerlikli aydylan soz. ozuni tananyndan son beylekileri yamandan-yagshydan hic hili sypatlandyrmazlygy owrenyar adam. bir zat diyayenliginde-de ozuni suratlandyryanyna anry-yany bilen dushunyar.

kim name diyse diysin sen "sen" bol bolar shol. halk ucin dal ozun ucin "sen" bol...

akyl satamokdyr adamlar...yalnysh dushunmeseniz begenerin...bagtly bolun

sen men hasiyetimi gorup dursun men sheyle,hich zady gizlamok oz bolushum shu internedin ichindede internetden dashyndada mana nahili baha bersenem ,baran yerim elmydama dawada bolanok gulup yashamany gowy goryan,


Şeýle bolsa, onda, gör, nähili gowy! Maňa-da miýesser etsin şeýle bolmagy Biribar!

Saňa-da berekellah, eger şeýle bolsaň, hakykatdanam! Biribar şeýle bolmagyňy we dowam etdirmegiňi hem dilesin!

sen ata dine akylly parasatly garaz dana bolup gorkezyan bu yerde kitap dilindaki yaly edip gadyrly hormatlamak bn we sh megzesh sozleri ulanyp yazyan deyl kornega menzap nama gerek yokarda bir topar hasiyet yazypsyn,


men hormat goýýan agzalara-da, myhmanlara-da. Bu dana görünjek bolmak ýa ýaranjak bolmak däl. Men şu ýerde nähili bolsam, durmuşda-da şeýle ýa-da şeýleräk. Meni bärde tanaýanlaram bardyr, cerimoxide, maxat, shahyr, agajanh we başga-da birnäçe agza muňa mysal. Olar ýa-da tanaýanlar aýdaýsynlar tersi ýagdaý bar bolsa! Özümi subut etmek islegi ýok-da, eger şübhäň bar bolsa diýip ýazaýdym.
Bir giden zat ýazmagym bolsa, "özüme-de, islänlere-de peýdasy bolar, enşallah" diýen niýet bn ýazdym. Men geplämde-de aýlawly ýa-da köpüräk gepläp düşündirýän - bulam meň ejizligim gysga sözler bn düşündirmek babatda. Mysal isleseň link berip bilerin?!

men bary yogy 4 hasiyet bn gepimi gutardym sen bolsa ,kowusnamany pechat edip chykdyn ,ol zatlarada garshylygym yok men sen yoluny gechdim.


sen we men - ikimiz deň däl-ä?! Sen az we uz gepleýäň, a men muny başaryp bilemok. Men hem seň ýoluňa geçip bilerin, belki, wagtyň geçmegi bn!

gowy taraplaryn aydayyn kop geplap durmayynda bolmasa menem sen bolup baryan gowy tarapyn ,gaharyn hayal gelyar ,sabyryn bar azda kande bolsada .


gaharym çalt gelýär-le, ýöne çalt belli edemok. Sabrymam az welin, ýene-de sabyr etjek bolýan-da.
Maňa meňzemek erbet däldir-ow

beyleki hasiyetlerin,ozuni pes sayyp beylekileri wapshe ozundenem pesde edip gorkezyan,


Şuňa düýbinden goşulamok. Ýekeje delil getir ýazgyňa, onda "hä!" diýerin. Men özümi köp ýerde pes görkezdim, gerek bolsa birnäçe delil getirip bilerin.

nadibem bolsa dine chykalga gozleyan ,


çykalga "dini"mi ýa "diňe"?! her ikisi bolaýanda-da dogrymyka diýýän şeýle etmek?!

owulmani halayan,


Şuňa-da düýbinden goşulamok. Ýekeje delil getir ýazgyňa, onda "hä!" diýerin.

deylkornegin ustu bn hereket edip oz sozunde gurlanok dine bashga birinin metotlaryny materyallaryny ulanyan ,


"Akylly ynsan başga ynsanlaryň tejribelerinden peýdalanýandyr" şygary boýunça, bu ýagdaý adaty, ýagny, geň däl!

Onsoňam, gowy zatlaryň gaýtalanmagy hem gowy dälmi näme eýsem?!

yzynam yazybirin yazgylaryny okayyn muny men 1-2 sany yazgyndan aldym .
bond | 2008-12-03 06:27:28

1-2 ýazgymda köp netije çykarypsyň, tüweleme!
Ýöne ýalňyşrak netijeler ekeni - bähbit bolsun!

Umumy ýagdaý hökmünde "Özüň barada erbet pikir edilmezligini islemeýän bolsaň, onda sen hem beýlekiler barada erbet pikir etme!" kanunyna laýyklykda amal etmeli.

Men kämahal geň galýaryn:
"Näme üçin ynsanlar örän şübheçil?
Näme üçin tanamaýan ynsanlary hakynda erbet pikir edýärkäler?!
Näme üçin dogry beýanlara ynananokkalar?!
Näme üçin ynsannalr hakynda ters pikir edýärkäler?!
Näme üçin...
Näme üçin..."


Bilmedim-dä, dünýäň we ynsanlaryň gurluşy şeýle bolany üçindir, elbetde.

Şeýle bolsa, onda şeýle ýagdaýlaryň bolmagy hem adaty.

Onda maňa-da öňkileriň diýişi ýaly diýmek galýar bu ýagdaý üçin Biribara:

"Gelse Jelalyňdan jepa;
Ýa-da Jemalyňdan wepa;
Ikisi hem jana sapa,
Lütfuňam hoş, kahryňam hoş!
ata aga tuweleme das edipsinz agam menintuys jaydar yerinden urupsynz mende telpek yok bolmasa bererdim kabirleri yagny supek akyllylar yalnys pikir etmekleri hem mumkun yone biz yolumuza dowam edyas
kim owadan gurleyan bolsa shondan gorkubermelidir.ony durmushdan mysal alyberin.
chunki olar dine gulup etjegini edyandirler.
Häää tassykla jankakasy tassykla. Ýaran agaña ýaran... Hää. Bärden gaýdaýma. Doly kanagatlanyp ýaransana.
chunki olar dine gulup etjegini edyandirler.bond | 2008-12-04 13:26:49

we
Häää tassykla jankakasy tassykla. Ýaran agaña ýaran... Hää. Bärden gaýdaýma. Doly kanagatlanyp ýaransana.Nokat | 2008-12-04 15:12:19


Hawa, onsoň içiňiz sowadymy?!
Keýpimiz kökeldimi?!
Eliňize nähiliräk gazanç düşdi?!

Eý, bar-a, kä ýerde gowy ýazýaňyz, a kä ýerde aryňyz köýen ýaly?!

Menden näme akgyňyz bar?! Men size näme etdim?! Haýsy häsiýetimi ýigrenýäňiz?!

Gaty geňeý sizem bar-a!

Bolýar-da! Ýazyň, ýeňläň, giňäň!
ata agama doneyin....
kim owadan gurleyan bolsa shondan gorkubermelidir.ony durmushdan mysal alyberin.
bond | 2008-12-04 13:25:41

shu yazga doly dogry diyip bolar menin pikirim yene tazeden gaytalap goydum.
nabelli jigime döneýin

bond, saňa-da hormat, dogan!

men erbet adam, menden gorkuň

salam we dileg bn!
salam agzalar!
agam sizden sorayanymy gen gorman yone men shu setirlere dushunmedim:




TC-de mana kop teklip edilipdi, 2-3 yerde yazdym welin, soñ ustden dushup hem bashladylar, täzeje agzalarymyz
Men shu yerde gygyrmak isleyarin, eshitmediklere-de siz duyuryñ : MEN MUNDAN BEYLAK HEMME TEKLIPLERE YAPYK!





siz nama yapyk?
taze tema acmak barada my?
hic dushunmedim name diyjek bolanynyza?!
kyn gormeseniz acykalp berayin ok!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy