Belgiler:
Vesiýetnama
, Vesiýetnama
Vesiýetnama
Çagakak aglamak utanç diýdiler.
Jahylkak aldamak utanç diýdiler.
Şeydip endik etdik aglamazlyga
Şeydip endik etdik aldamazlyga.
Diýdiler köplükde gägirmek aýyp
Diýdiler köçede sygyrmak aýyp
Diýdiler meýlisde geçmänkaň töre
Hakyň barmy töriň özünden sora
ýenede diydiler ulamy kiçä
Öljegiňi bilseňde ýalbarma kişä
Diňe bir adama ýalbar diýdiler
Onuň hem adyna Dilber diýdiler
Aýyp däl näzini çekmek diýdiler
Näzden ýüzüni sowan akmak diýdiler
ýene iki merde ýalbarmak bolar
Diýdiler enedir atadyr olar
Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy
Eneňe ýalbarsaň kemeler ahy
Kim etse şolara tagzym diýdiler
İşi rovaç ýaşy uzyn diýdiler
ýene kän edepden tutdylar adyn
Diýdiler gabanma özganiň şohratyn
Gabanma zehiniň edermenligini
Gabanma öz joraň gözelligini
Gabanma öz äriň gerçekligini
Gabanma öz geliniň alçaklygyny
Ne näzlarini ne sözlerini gaban
Diňe oynatgasy gözlerini gaban
Diýdiler erkekden belentdir aýal
O näme üçin diýip berdiler sowal
Jogabyny berdiler gutaryp ömrüň
ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün
Aýal är ojagyny saklar diýdiler
Söýgiňi mün kere haklar diýdiler
Çagalaryňy iýdir geýdir diýdiler
Şeýdip ýaş ömrüňü köýdir diýdiler
Emma beýdip bilmez erkek diýdiler
Bu babatda pesdir erkek diýdiler
Altmyşdan ýetmişden geçse mysaly
Gözlerini ýumdymy eziz aýaly
ýatdan çykyp wepa ygrar diýdiler
İkinjiň gözlegini ygrar diýdiler
Diýdiler diydiler diýdiler kän zat
Käbiri aňsat köpüsi kyn zat
Ansadyny hemmeler başar diýdiler
Kynyny başarmakda iş bar diýdiler
Kynam bolsa şu bir vesiýet diýdiler
Diňe kyn zat şol mukaddes diýdiler...
**ýalnyş ýeri bar bolsa özüňiz düzedersiniz...
- coolguy
- 2 jogap
- 442 okalan
- 2008-11-19 02:06:35
jogaplar
goşgy bir klassikanyn şaeseridir.
Kerim Aga Türkmen Poeziyasynyn mün öwüşginli almaz tajidir.
Onyn goşgylary wagt geçdigiçe hasam ebedileşyar.gymmaty hasda artyar.
Dostym yöne kabir yerlerinde yalnyşlyk yazan mahalyn
oynatgasy=oynaklatsa
hoşlaşsan bir gün=hoşlaşan günin
bu babatda pesdir erkek diydiler diyen setirde erkek yerine entek bolmaly
altmyşdan yetmişden geçse mysaly=altmyşdan yetmişden geçse-de haly
ikinjin gözlegine ygrar diydiler=ikinjin gözlegine ylgar diydiler.
tankytlarym üçin yüz sowuşmak yok
Kerim Aga Türkmen Poeziyasynyn mün öwüşginli almaz tajidir.
Onyn goşgylary wagt geçdigiçe hasam ebedileşyar.gymmaty hasda artyar.
Dostym yöne kabir yerlerinde yalnyşlyk yazan mahalyn
oynatgasy=oynaklatsa
hoşlaşsan bir gün=hoşlaşan günin
bu babatda pesdir erkek diydiler diyen setirde erkek yerine entek bolmaly
altmyşdan yetmişden geçse mysaly=altmyşdan yetmişden geçse-de haly
ikinjin gözlegine ygrar diydiler=ikinjin gözlegine ylgar diydiler.
tankytlarym üçin yüz sowuşmak yok



