1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bilşiňiz ýaly, şu ýere Londondanam birnäçe türkmen agzalar girýärler. Olaryň hemmesi diýen ýaly, bärde ýa dil kurslarynda ýa-da degişli bölümlerde talypmykalar diýýän.

Tutuş britaniýada iň köp türkmeniň bolan şäheri hem London. Sebäbi, bärde kurslaryň bahasy beýleki şäherlerdäkä garaňda, 2-3 esse arzan.

Bu babatda men öz bilýänlerimi soň deliller arkaly ýazaryn, enşallah! Sizem bilýänleriňizi paýlaşaýsaňyz!

Sag boluň!



jogaplar

häzir bir wideojyk goýaýyn, soň öz düşürenimi hem goýup bilsem goýmakçy:

ýene-de:



ýene biri:



bärde hepdesi £50-£250 nyrh boýunça kurslar bar, has arzanlary hem bar, mümkin, has gymmatlary hem. Ýöne tm şertleri üçin iň oňaýlysy has arzanlary bolýar biziň üçin

Gymmatlarynda şertler şeýle gowy, arzanlarynda hem tersineräk.
Allah zehin acyklygyny bersin hemmanize-de. shertler bolan-da nahili bolya, gymmat-arzan bolup, ylymy berlishi den bolanokmy? kursyn bahalary mugallimlere gora kesgitlenilyarmi (professor, okde bilyanler zat diyip) ya-da kitaplar-kompyuter shertleri boyunca kesgitlenilyarmi?

Londondaky kurslardan birinden käbir synplaryndan görüşler:

1- ulyrak synp:


2- kiçiräk synpdan:


Londondaky kurslardan birinden käbir synplaryndan görüşler:

1- ulyrak synp:


2- kiçiräk synpdan:


3- harplaryň seslendirilişi/aýdylyşy:



4- kursyň kitaphanasy:

Allah zehin acyklygyny bersin hemmanize-de.


Allah senden razy bolsun, jigim!

shertler bolan-da nahili bolya, gymmat-arzan bolup, ylymy berlishi den bolanokmy?


Hawa, eger gymmat bolsa, onda has gowy bilim berýärler, arzan bolsa azyrak. Muňa sebäpkär razy bolaýmaly. Muňa mysal üçin:

Eger men hepdede 500$-lyk kursa ýazylsam, bulam aýlyk 2000$ eder. Muňa meniň ne maddy güýjim ýeter, ne-de mejalym Ýöne şeýle ýere giräýsem, onda ol ýeriň şertleri "perfeçt", ýagny, örän oňat bolar:

1- Prožektor;
2- internet mümkinçiligi;
3- giňiş synplary;
4- köp maglumat we kitaplara eýe bolan kitaphanasy;
5- dil taýdan kämil, tejribeli we islegli mugallymlary;
5- Bina we şäher merkezine ýakyn ýer.

we ş.m. bolar. Talyp närazylyk bildirse, ylgap çäre gözlärler we seň bn, dertleriň bn gyzyklanyp, çäre taparlar we ş.m.

Eger hepdesine 20-30 $ ýaly az pully bolsa, onda närazylyk bildirmäge kän ýüzüň hem bolanok, islegiň we wyždanyň hem. Ýokarda sanan şertlerim 2-3 sanysy bolsa boldugy.

kursyn bahalary mugallimlere gora kesgitlenilyarmi (professor, okde bilyanler zat diyip) ya-da kitaplar-kompyuter shertleri boyunca kesgitlenilyarmi?


kursyň bahasyna mugallymlar däl-de, esasy kurs ýeriniň eýesi karar berýär. Mysal üçin, ýokarda sanan şertlerim bn kursy üpjün etmek kursyň eýesine degişli, ol ýerde işleýän mugallymlara däl. Üstesine:

1- mugallymlara tölenjek aýlyk;
2- gerekli tehniki we beýleki enjamlar;
3- kurs ýeriniň ýyllyk salgydy we "faturalary";
4- ähli problema we säwlikleri;
5- kurs ýeriniň, mugallymlarynyň, şertleriniň we ş.m. medýada mahabatlandyrylmasy.

we ş.m. zatlaryny hem kurs ýeriniň eýesi üpjün etmeli. Şonuň üçinem ýagdaý şeýle.

Ýöne şol şertleri berjaý eden biri şol mukdarda-da gowy gazanç edýär, sebäbi, hemme şertleri ýerbe-ýer bolan ýeri isleýän maddy taýdan baý talyplar hem az däl Londonda. Aýratynam, Ýaponýadan, Hytaýdan we Arabystandan şeýle talyplar gelýärler. Ýewropa döwletlerinden gelenler arzan baha okap bilýäler edil ýerliler ýaly. Çünki olar ÝB raýatlary bolany üçin.


1- mugallymlara tölenjek aýlyk;
2- Eger men hepdede 500$-lyk kursa ýazylsam, bulam aýlyk 2000$ eder.


şu ýokarky ýagdaý üçin, mugallymlar 1 sagat(45 min) sapak berýäni üçin £15-20, hatda, £25-30 alyp bilýäler, olam 20-40$ bolýar sagadyna. Günlük 3-4 sapaga girse ummasyz pul alýar-ow
wiý, ýokardaky nyrhlar mugallymlaryň dil baradaky kämillek derejesi we tejribesine görä üýtgeýär, meselem, IELTS-dir TOEFL-a taýýarlaýanlar bn adaty kurs merkezindäki mugallymlaryň aýlyklary bir bolmaz, elbetde.
ol ýeriň şertleri "perfeçt", ýagny, örän oňat bolar:

1- Prožektor;
2- internet mümkinçiligi;
3- giňiş synplary;
4- köp maglumat we kitaplara eýe bolan kitaphanasy;
5- dil taýdan kämil, tejribeli we islegli mugallymlary;
5- Bina we şäher merkezine ýakyn ýer.

we ş.m. bolar. Talyp närazylyk bildirse, ylgap çäre gözlärler we seň bn, dertleriň bn gyzyklanyp, çäre taparlar we ş.m.


şeýle bir ýeriň ýokarda käbir synplaryny we tehniki enjamlaryny görkezýän suratlar goýdum. Wideo hem alypdym, onam youtube-da "upload" etdim/ýükledim, ýöne entäk "taýýar däl!" diýdi youtube hezretleri Taýýar bolanda goýaryn onam, enşallah.

Şol ýerde turkmenpresiň mahabatyny eden ýaly boldum

Gysgaça düşündiriş bolsa:

Synpyň ak tagtasyna prožektor bn ders/sapak düşündirilýär. Şol prožektor hem internede bagly bir kompýuter bn kabel arkaly bagly. Onsoň internede girip, tagtada internet ulanybermeli. Meselem, TM barada turkmenpress ýa youtube-dan gerekli maglumatdyr wideolary tapyp, synpdaky talyplara arkaýyn düşündirip, tanadybermeli. Öý işleriňi hem şol ýerde görkezip bolýar.

Mugallym şol tagtajyga(doska) bir giden zatlar ýazýar. Her dolanda, şony aýratyn faýl/dosya/file hökmünde kompýuteriň beýnine(hafiza) ýazyp(sawe), saklap bilýär we pozup, ýene birnäçe gezek tagtany ýazgydan dolduryp, şol bir işi gaýtalap bilýär.
Soňky dersde şol ýazgylar 100 sahypa bolsa-da, gerkli görse, sahypa-sahypa açyp görkezýär.

Kitaphanalarynda gerekli köp mukdarda kitapdyr maglumatlar bar. We ş.m. gowy şertleri bar-da, garaz!

Şeýle kurs merkezleri TM üçin hem gerekli, diňe bir dil üçin däl-de, eýsem-de bolsa, TM gerekli ähli pudaklar üçin gerekli. Şu şertler hiç bir uniwersitetimizde hem ýokmuka diýýän men-ä?! TÇ-de bardyr, belki, ýöne men ol ýerde-de görmedim. Aý, garamaýagrak bolsaň, şeýle bolar-da diýseňiz, umumy manyda dogry bolup biler

Hususy uni-ler bar TÇ-de "Sabanjy uni", "Koç uni", "Fatih uni" we ş.m. şahyslaryň we käbir guramalaryň. Şolarda bolup bilermikä diýýän şeýle şertler ýa-da has ýokary standartlarda.
eý, men-ä ýazyp we düşündirip ýadadym

Mundan soň soragyňyz bolsa jogaplajak, bolmasa bu mowzuk üçin gyş ukysyna gitmekçi indi Özüm islesem, onda başga gep

Hä, birem, isleýänler goşmaça maglumat goýup/ýazyp bilerler bärde! Olara minnetdar-a bolarys
şeýle bir ýeriň ýokarda käbir synplaryny we tehniki enjamlaryny görkezýän suratlar goýdum. Wideo hem alypdym, onam youtube-da "upload" etdim/ýükledim, ýöne entäk "taýýar däl!" diýdi youtube hezretleri Taýýar bolanda goýaryn onam, enşallah.





ha-ha-ha-ha
doslar bu temada ginişleyin habar bilyaniniz bar bolsa yazsanyzlan!!!!!!!!!!
wah shu zatlary tm da gurnajagam tapylaya.kop yerlera duzedildi yene kop ishlemeli.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy