sonky dowurde talyplar.com -da kemsitmek we kemsidilmek barada temalar acylyp baslandy. seyle temalar hakda pikir beyan etmezden on "mertebe" hakynda fundamental dusunja eye bolmak gerekli. sonun ucin $u soragy sorasym geldi: mertebe name?
- Farabi
- 6 jogap
- 655 okalan
- 2008-10-12 15:53:29
jogaplar
mertebe-dereje bolaýmasa. adam ýagşylyklary bilen gazanýan ady, mertebe. gazanýan her bir derejesine laýyklykda ululyk ýa-da kiçilik mertebesi bolup biler. eger sen öziňi iliň içinde peseltseň (mertebäňi pes tutsaň) il seni beýgelder, eger sen öziňi ýokary tutsaň il içinde mertebäň peseler. goý seni öziň däl-de il öwsin...
agaýunus, köplen seň aýdyşyň ýaly bolanok.özüňi pes tutsaň, beter üstüňe münýärler. Tersine, özüňi beýik tutsaň, (gorkupmy, bilmedim) sylap başlaýarlar. Şeýle-de bolýar.
agaýunus, köplen seň aýdyşyň ýaly bolanok.özüňi pes tutsaň, beter üstüňe münýärler. Tersine, özüňi beýik tutsaň, (gorkupmy, bilmedim) sylap başlaýarlar. Şeýle-de bolýar.düşünmänsiň ökde kombat...öziňi pes tutmak gorkak bolmak diýmek däl, öziňi beyik tutmak hem güýçli bolmak diýmek däl. häzir bol bulaşdyrma...özini hondan bäri hasaplaýan birini sessiz sada garry iki minudyň içinde iliň arasynda masgara edip biler. ruhyň, ynamyň beýik bolsyn. hiç kim seniň üstüňe münübem bilmez kemsidibem bilmez. içi boş gap ýaly ses çykaryp duran gury gopbamsynyň ýol alan ýeri, alan galasy bolmaz.
kombat | 2008-10-13 07:54:11
içi boş gap ýaly ses çykaryp duran gury gopbamsynyň ýol alan ýeri, alan galasy bolmaz.
Şolaryň ýol alýanyny göre-göre gelýäs. Tersine ynandyrmak mümkin däl.
Ýogsa-da türklerde adat barmyş, eger çagasy zehinlije bolsa,okuwa ibermän, söwda etdirýämiş (barybir bilim bilen ýol almaz diýip), eger çagasy körzehin, ýalta bolsa, okuwa ugradýamyş (şul-a samsyklygy bilen wezipä ýetse gerek diip). Bu da mantykly elbetde.
Şolaryň ýol alýanyny göre-göre gelýäs. Tersine ynandyrmak mümkin däl.üýtgeşik düşünjelere hormatymyz çäksiz. men onda-da öz pikirimde galýan...büyüklük taslayanda degil gerçek güç dogru ilimde bence.
Ýogsa-da türklerde adat barmyş, eger çagasy zehinlije bolsa,okuwa ibermän, söwda etdirýämiş (barybir bilim bilen ýol almaz diýip), eger çagasy körzehin, ýalta bolsa, okuwa ugradýamyş (şul-a samsyklygy bilen wezipä ýetse gerek diip). Bu da mantykly elbetde.
kombat | 2008-10-13 20:58:58



