1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Pidakärlik barada aýratyn mowzuk ýok ekeni, men hem açaýyn diýdim. Näme sebäp boldy diýseňizem :

1- Kä mowzuklardaky pidakärlikli ýagdaýlar, aýratynam, TTM-ler baradaky ýazgylar;

2- Türkiýede her ýyl geçirilýän "Türk dili ýaryşmasy" we şol ýerdäki aýdylan, görülen zatlar (diňe eşretli tarapy tanalýar dünýäde, onuň yzaly ýerinem bir görseler...)

3- Ylýas Amangeldi aganyň "Kalir dudaklarda şarkimiz bizim" atly eserini (Türkçesi bar mende) okamaga başladym.

Men başaryp bilsem, bu babatda ilki Pygamberimiziň (SAW), soň sahabalarynyň, soň bolsa, 14 asyr soň gelselerem, şol sahabalara örän meňzeş aýratynlyklardaky Türk mugallymlarymyzyň eden, edýän we etjek pidakärlikleri barada mysallar arkaly ýazmakçy, enşallah.

Aşakda bölek-bölek ýazgylar bn dowam ederin-dä wagtyň geçmegi bn. Sizem bu babatda bilýän goşantlaryňyzy goşup bilersiňiz, açylan degişli linkdir ýazgylary hem goýup bilersiňiz. Meselem, aA aga nädip ilkinji TTM-niň açylany barada ýörite bir blog açypdy öýdýän.

Öňünden goşjak goşandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin!

Sag boluň!



jogaplar

Men Tm we Tç-da da bolup geçen 1 wakany gürrüň bereýin pidakärlik babatda gysgaça:

Büzmeýin TTM-da (?!) mugallym bolup işleýän Jihan(?!) mugallym ençeme pidakärlik görkezip, Tç-dan TM gelýär, ol ýerde-de ençeme pidakärlik görkezýär. Soňunda şehit hem bolýar, Allah rahmet etsin we jaýyny jennet etsin.

Şehit bolansoň, ejesi onuň bedeniniň Türkiýede jaýlanmagyny isleýär. Şol wagtyň bu babatdaky jogapkäri Turan aga ony berjaý edýär. Şonda öýlerine baranda bolup geçen wakany aýdyp berdi şu Londondaky agşam naharynda, ynha, şeýle:

Bardyk. Ejesi we gyz doganlary bardy. Biz şeýle gynançlydyk, sebäbi, biz öldürip getirenýaly bolýardyk şeýle halatlarda. Gyz doganlary aglaýardylar, ýöne ejesi welin aglamaýardy. Ol şeýlle diýdi: " Şehitler üçin aglanylmaz, men muňa söz berdim..."
Hakykatdanam, aglamaýardy. Bizden oglunyň üstündäki örtüni(perde) açmagymyzy haýyş etdi. Soň bolsa, biziň düşünip bilmejegimiz ýagdaýda şeýle diýdi:"Oglumyň alnyndan öpmek isleýärdim, ýöne ol Allah üçin şehit boldy. Men kim, şehidiň alnyny öpmek kim?! Bolsa-bolsa, men onuň dabanyny öpüp bilerin!.." diýdi-de, gidip, oglunyň dabanyndan öpüpdi.

Bu ýagdaý hemmämizi diýen ýaly agladypdy..

PS: Enşallah, soňam ýazaryn!

hmmm...kiçi pidakärlikler bar welin, gyzlaryň arasynda kän bir ýazga döküp bolaýjak ýagdaýlar bolup geçenok öýtýän ýa-da men bilemok. bar aslynda kän welin bilemok-da bular abilerimiziň pidagärlikleri ýanynda nä göwrümde, şol pidagär ärleriň aýallary we gyzlary bar aslynda. gyz maşgalanyň tebigaty näzik bolýar, arzuwçyl bolýar. Türkmenistana bir bilim, bir harp öwretmek üçin ýakynda toý edip şol hepdäň ýa-da aýyň içinde watanyny taşlap gaýtýan nije pidagär gelinler bar. Balo aýlary üçin pristiž ýerlere gidenoklar iki komnatly darajyk kwartira, oboylary sypyk-sypyk, suw sagatlaýyn akýar, watanyňda iýip öwrenşenje iýmitleriňi tapaňok. täze çatynja, täze durmyş owadan ýaşaýyş islegleriniň baryna atanak çekip gaýdan näçe gelinler bar. bir çagajygyň okuw puly diýip ömür eli iňňe tutyp görmedikler kermes günlerinde gijäniň bir wagtyna çenli dümtinip oturýan giň göwün sabyrly ýaş ruhlar bar...diňe şulary otyryp sananym üçin maňa sogap ýazylsa, Jennediň iň owadan ýeri meňki bolardy(inşallah ). eh, bu pidagär ruhlaryň bir ýere jemlenip dertlerini orta dökýän wagtlary ýokmy..sözüň gutaryp ornyny gözýaşlar bilen beýan edilýän duýgylara berýän wagty...
art niyetsiz, kardeşane cevapliyorum...ýazgymdan näme netijä gelen bolsaňyz o men.
hmmm..bäh maňa oglan diýýän bolsalar onda men oglan terbiýesini gyzyňkydan agdygrak alan bolmaly
bar aslynda kän welin bilemok-da bular abilerimiziň pidagärlikleri ýanynda nä göwrümde, şol pidagär ärleriň aýallary we gyzlary bar aslynda. gyz maşgalanyň tebigaty näzik bolýar, arzuwçyl bolýar.
abi dikkatlice okusaydik? mailinizi alamam, kusura bakmayin.
hiç zada düşünemok!!!!!!!!!!!!!!! nämeler bolýara. ýaňam bar zat indi ýok. bolanyna görä o ýazgylara ýazan meniň jogaplarymam pozyňda. öz-özüm bilen gürleşýän ýaly edip goýupsyňyz...bimany!!!






Hawa, şol zenanlara-da hormat!

Ankaradaky Türk dili ýaryşynda wagtynyň TBMM (TÜRKİYE BÜYÜK MİLLET MECLİSİ) başlygy bolan Bülent Arinç bir gyz barada mysal getiripdi.

Berekellah şolara!
"ÖNDEN GİDEN ATLYLAR" VE "ÖRNEKLERİ KENDİNDEN (BİR)HARAKET" YALY ESERLEREDE HEM PİDAKAR GAHRYMAN GERÇEKLERİ GÖRÜP BUYSANYP BİLERSİNİZ.ŞOLAR EDİL BİR YERDEN ÇYKANOK EYSEM BÜTÜN DÜNYA DÖWLETLERİNİN HEM ÖZ İÇİNDE YAŞ PİDAKERLER DÖRAP BAŞLADY(HUDAYA MÜNDE BİR ŞÜKÜR).gERÇEK PİDAKARLERE BAŞ EGYARİN
d_oguz, tüweleme, sen daýow ekeniň-laý
hawa, aýdyşyň ýaly ýagdaý.
maldiw adalarynda,
afrikada;
amerikada;
gyrgyzda;
gazakda;
rossiýada;
ukrainada...
we ş.m. ýerlerde mugallym bolup ýören türkmen gerçekleri muňa mysal bolup biler.
pidakarlik name?
pidakärlik - bu wajyp bir häsiýet bolup, öz bähbidiňden daşyndan, näme iş edýän bolsaňam, kim bn iş salyşýan bolsaňam, şol iş ýa şahyslar üçin edilmeli aladalary adatdan daşary ýagdaýda amal etmeklik. Meselem, öz çagaň okuwyna gitmegi üçin goňşy oba äkitmeli bolsa, ony arman-ýadaman her gün onlarça km geçip, ony mekdebine äkidip getirmek.

Ýene biri:

Işiň, okuwyň, guramaçylyklaryň we ş.m. daşyndanam, şu sahypanyň ösmegi, giňemegi, gyzyklanmagy, peýdaly bolmagy we ş.m. ýagdaýlar üçin elinden gelenini edip, bu babatda gije-gündiz gaýrat görkezmek hem bu sahypa üçin görkezilen pidakrlikdir.

Bu babatda söhbetdeşlige menden has laýyk görkezilen Serdar görkezilip biler

Düşündirip bildimmi ýa dowam edeýinmi

Sendi, sen dagyn Türkmen dili we edebiýaty olimpiýadalaryna gatnaşyp, iň oňat orunlardan birine-de mynasyp bolupdyň, ahyryn?!
Degişip soradyňmy ýa gara çynyň?!
pidakarlik - yakyn manysyna tapamok,yone "sacrifice","altruizm" yaly sozlere yakynrak oydyan?

dushundim,ata,ozem chyndan soradym

gadymy turkmen sozi bolup,turklerin tasiri bilen tazeden bari ulanylyp bashlan bolaymasa bu soz,mena kitaplarda-da pidakarlik diyen soze dush gelmandim;


pidakarlik - bu turk dilinden turkmencha terjime edilen soz yalyla
kitaplarda we kinolarda duş gelýän ýagdaý.
Gadym zamanlarda ata-babalarymyz tarapyndan ulanylypdyr diýen myş bar. Sebäbi düşnüksiz.
gadymy turkmen sozi bolup,turklerin tasiri bilen tazeden bari ulanylyp bashlan bolaymasa bu soz,mena kitaplarda-da pidakarlik diyen soze dush gelmandim;


hawa, şeýleräk. Ýöne senem "Pida" sözüni köp eşiden ýa okan bolmagyň mümkin, meselem:

"Türkmeniň gerçek goç ýigitleri öz şirin janlaryny watanlary ugrunda pida etdiler!"

Jepa -> jepakärlik;
Pida -> pidakärlik.

we ş.m.

Şoň üçinem
pidakarlik - bu turk dilinden turkmencha terjime edilen soz yalylanabelli | 2008-10-02 15:54:47
şuňa goşulamok
Bäh bet konulara girip bashla
In gowy we makbul pidakarliklerin biri hem hic kimin habary bolman,dine Alla bilen gulyn oz arasinda bilinen wakalar,pidakarliklarmika diyyan.hany Sahabalardan sonky dowurde yashap gecen Zeynel Abidin bardir,belki bilyansiniz.
uzakgun masgalasini eklemek ucin oyerde bu yerde islap yadap gelenden son hem..biraz dynjyny alip gijan tum garanky wagtynda we hemmelerin uka batan wagtynda arkasina alip bilen yuku alip garyp-gasarlarin işigine goyup gaydyar eken.muny yaman az adam bilyar eken we ruhuny Rahmana tabsyrandan sonra mubarek jesedini dowrun meshur alymlarindan biri yuwyar.ol syrtyndaki elin icine gerjek derejedaki yaralari gorup bu name diyip sorayar.şol yerdaki adamlardan biri hem Zeynel abidin`in omur hekeyasini aydandan son gozyaslarina gark bolyar...
Beyik Biribarin dergahinda in kabule yakin bolan amallarin biri de shu bolmalimika diyyan. esasan hem su egoist dowurde azajyk hem bolsa ediljek pidakarliklar bize gaty kop sogap gazandyrar enşAlla.
wagt geçdigiçe biz özümizi nämedir bir zatlara öz erkimiz bilen ýa-da biygtyýar pida edýäris.
"Pidakärlik dowam edýär..."
kino üçin gowy at boljak ekeni.
wagt geçdigiçe biz özümizi nämedir bir zatlara öz erkimiz bilen ýa-da biygtyýar pida edýäris.


eý, niredeň tapdyň-aý muny?! Daş edipsiň-ä mysal arkaly bu "pida"ny

Berekellah!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy