1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,

öňem bu mowzuga meňzeş bir mowzuk açypdym, türkmençede doly manysy bolmadyk sözler. Emma öz dilimizi daşary ýurt dilleri arkaly dälde göni özünü öwrenmek üçin täze bir mowzuk açmagy kararlaşdyrdym!
Biziň dilimizde kän ulanylman unudylyp giden sözler bar, hatda kän. köne adamlar, käbir türkmenler ulanýaram welin umuman täze nesil, ýagny biz kän bilemzokda. Bilsegem başga dillerden geçen alternatiwini ulanýas, meselem: esgi - trýapka we ş.m.

Meselem ata atly agzamyz ýazgylarynda arassa türkmençe ulanýar, emma onuň hatlaryna, ulanýan sözlerine düşünmek üçin ýarym sagadym gitýär!
eger ýadyňyzda şonuň ýaly sözler bar bolsa manysy bilen ýazmagyňyzy haýişt etýän!

jogaplar

Ceriumoxide!sen taze sahypan hachan achylya?sho sahypan hakynda azajyk bize maglumat bersene..
aşakdaky linkde köp sözler bar ekeni şu mowzuk boýunça sözler:

http://www.turkmenkultur.com/menu/ml/t5/sozluk/dil.html

PS: Serdar jan, öwýäňmi ýa döwýäňmi
Meni öwme-le kän
Ceriumoxide!sen taze sahypan hachan achylya?sho sahypan hakynda azajyk bize maglumat bersene..
NuryHan | 2008-09-07 03:52:14


açylanda içinde hemme maglumaty bolar
basym açylarlaý!!! Alla ýol berse!
PS: Serdar jan, öwýäňmi ýa döwýäňmi
Meni öwme-le kän

agam! ýazýanlaryňa doly düşünmeýänim üçin özümi döwýän!
ata agam! goýan linkiňde diňe türkmen elipbiýi bar ahyryn! ýöne 3-4 sany geň sözlerem bar ekeni!

Wada

Žandark

Famil

Tsirk

Elwan

Ýardym
("ýardam" bolmaly dälmaý!)
Serdar, kompliment-iň üçin sag bol

seret, sahypada diňe harplar bar ýaly görünýär, ýöne L harpyna çenli linkdir, harpyň üstüne bassaň, täze sahypadan açylar, hatda, "A" harpynyň, şol bir sanda link, üstüne bassaň, täze penjireden "A" harpyňam birnäçe bogunly görnüşi çykar, meselem, "AB, AÇ, AR, ..." we ş.m.

Anha, şol ýerde her birine degişli bir ýa birnäçe sözler mysal berilýär, gadymy sözler hem bar içinde.
Wada - dogry;
Žandark - Žan D'Ark - zenan gahrymanyň ady;
Famil - Azeri ady;
Tsirk - Sirk (show);
Elwan - Azeri ady;
Ýardym ("ýardam" bolmaly dälmaý!) - Ýardam

Sözlük kime degişli - biljek däl, ýöne gözüme ilipdi 1 zat gözledip ýörkäm, seň açan şu mowzugyňy okap, täzeden tapdym bu sahypany we bärik goýdum.Hakykatdanam, köp öňki söz tapsa bolýar. Içinde azeridir ruslaňam sözleri ýok däl, "Famil, Sirk" ýaly.
öň bir ýerde ýazypdym gadymy sözleriň sanawyny welin, tapyp bilmedim. men 2-3 sany ýazaýyn:

1- degirmen - bugdaý üwelýän gural;
2- jykyr - guýydan suw çykarýan gural;
3- tulum - jykyryň ujuna dakylýan suw çykarýan gap;
4- haraz - un ýasalýan gural;
5- müwessa - makul;
6- pitiwa - üns;
7- kärizgen - guýy (?!)

we ş.m.
Ata aga ýalňyş gözleýän ýaly bolmasyn welin:
jykyr - guýydan suw çykarýan gural

Jykyr suwy pes yerden has belendiräk yere çykarmak uçin ullanylýan gural. Jykyry işletmek üçin akar suw bolmaly.
kärizgen - guýy

kärizgen diýip käriz gazýan adama diýilýär.
hawa, men takyk bilemokdym, aslynda, ýene ýazyp goýberdim. Seňkä goşulýan.

Kärizgenler diýip kino bardy, diýmek, käriz=guýy bolýar-da?!

Jykyr, şu suw sebäpli pyrlanyp duran guralmy?!

Has takygy, men kinoda görüpdim, guýyň depesinde tagdatadan gural bar, her pyrlananda, ýüpi külterläp/dolap, içi suwly tulumy/bedräni ýokaryk çekýär.
Menem bilyanjelerimi yazayyn:
Aynaly - awtobus;
Gezlik - uly pychak;
Munzek - Tank;
Dik uchar - samalyot;
(bashgada gumda ulanylyan sozleri bilyan, yone gaty kop)
bagyshlannnn!!
dik uchar - wertalyot;

jogap ýaz

myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner