1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Remezan baradaky mowzuk uzap gitdi, indi täze mowzuk bn hem oraza barada maglumatlar, hem-de oraza bn baglanyşykly wakalary şu ýerde paýlaşmak üçin, şu mowzugy açýaryn!

Ilki bilen-ä, hemmäňizi ýetip gelen mübärek Remezan aýy bn tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ikinjidenem, bu aýda tutan orazalaryňyzyň, eden dilegdir ybadatlaryňyzyň, beren pitredir sadakalaryňyzyň we haýyr-sahabatlaryňyzyň Biribar tarapyndan iň oňat ýagdaýda kabul edilmegini ýene Beýik Biribaryň Özünden dileýärin!

Ýene bir zat : bir ýerde biri "Ýa Remezan" babatda örän oňatja ýazgy ýazan ekeni, şu ýere bolşy ýaly goýmakçy:

"Yokarda bir aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar,
Pygamberiň saçagynda,
Bize goýlan paý bar.
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügiňizden aý gördük,
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun,
Ýa remezan, ýa remezen!"


Hawa, sizem Remezan aýynda özüňiziň ýa-da tanyşlaryňyzyň başdan geçiren gowy, gülkünç we ş.m. wakalaryny bärde ýazyp, biziň bn paýlaşyp bilersiňiz!

Sag boluň!

jogaplar

Umumy manyda:"...oraza aýynda diňe agyz(nahar iýmezlik bn) däl, eýsem-de bolsa, gözüňi - harama seretmezlik bn, eliňi - harama uzatmazlyk bn, aýagyňy - harama gitmezlik bn, diliňi - gyýbat/söwünç etmezlik bn, gulagyňy - gyýbata/söwünje gulak asmazlyk bn, kalbyňy - hemme zady ýigrenmezlik bn, aňyňy- erbet zatlary pikir etmezlik bn, nebsiňi - erbet zatlary islemezlik bn hem tälim etmeli, ynha, şonda Biribar seniň gören gözüň, eşiden gulagyň we tutan eliň bolar..." diýilýär!

şol ýagdaýy hemmämiz üçin dilemek hem-de dilegleriňizde ýatlanmak dilegi bn!
agyz açdykdan son tm jaň etdim.oraza bayramy gutlamak üçün...trubkany açan vagtlary aňyrdan ses gelyar...
"Yokarda bir aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar,
Pygamberiň saçagynda,
Bize goýlan paý bar.
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügiňizden aý gördük,
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun,
Ýa remezan, ýa remezen!"
(başga yerik düşdümmikam diydim)şondan soň yada düşüp gitdi yaremezan gündigini....

aaaa onsoňam bu sorag oglanlar üçün,her kim köçede oturan vagty (belki araňyzda körpelerden soň öyden çykmayanam bardyr)çagalar yaremezana aylanyp yörkäler "şu oturanlardanam 5 manat alyp bolmazmyka" diyip çagalar yanyňyza gelip yaremezan aydyp beryaler (esasy yeri)
Köp bereniň ogly bolsun,
Az bereniň gyzy bolsun,
a-na şu setir eşiden soň siz puly köp beryaňizmi ya az (ya-da hiçzat).....
Hawa, sizem Remezan aýynda özüňiziň ýa-da tanyşlaryňyzyň başdan geçiren gowy, gülkünç we ş.m. wakalaryny bärde ýazyp, biziň bn paýlaşyp bilersiňiz!
intäk irä agam.bitsin onsoň gyzyklyja wakalar "нейтральный туркменистан"-dan göçürüp alarys....
"Yokarda bir aý bar,
Göti gyzyl möý bar,
Kelje agaň ýaşşiginde,
iki çüýşe meý bar.
Ol köçede toý gördük,
Zakuskasyz meý urduk
Az guýanyň gyzy bolsun,
Köp guýanyň ogly bolsun.
Kelje agam sagja bol!
aý, üýtgeşigräk görnüşi ekeni welin, şu mübärek Remezan aýynda-da möýüň syrty nireden ýada düşüp ýör-aý?!

Garaz, bu aý bir arassaja ýazgylar, degişmeler we ş.m. ýazaýalyň! Ýokarjykda-da bir ýazgy goýduma, ynha:

:"...oraza aýynda diňe agyz(nahar iýmezlik bn) däl, eýsem-de bolsa, gözüňi - harama seretmezlik bn, eliňi - harama uzatmazlyk bn, aýagyňy - harama gitmezlik bn, diliňi - gyýbat/söwünç etmezlik bn, gulagyňy - gyýbata/söwünje gulak asmazlyk bn, kalbyňy - hemme zady ýigrenmezlik bn, aňyňy- erbet zatlary pikir etmezlik bn, nebsiňi - erbet zatlary islemezlik bn hem tälim etmeli,

Garaz, has kämil bolmaga çagyrýan sizi, iň azyndan şul aý aýratyn!
Kakabaý, diňe şu ýyl oraza tutýaňmy ýa öňlerem tutdyňmy

Neme, öňki tejribeleňriňizden diýipdim-laý, ýogsam, bu ýylkylary soňa goýjagymyz belli, ahyryn

Men şu wagda deňiz "Ýa Remezan!" aýdýan hiç bir çaga duşmadym, sebäbi, oraza tutýan ýokdy obadakam ýa men hiç-hili bilemokdym. 94-de çykyşym, şondan bäri daşarda ygyp ýörün obamyza barman, mümkin, şondandyr
Ýöne köçäň çatrygynda çommalyp, çigit çigitläp, çilim çekip we tüýkürişip, köçeden geen nätanyş bar bolsa, oňa yrsaraýan gompy (blatnoý, krutoý) oglanlar-a ýadyma düşýär obalardaky
Menden bir waka, Türkiýede bolup geçdi 98-de:

Meň ýadyma düşýär Türkiýedäki ilkinji Remezan. Şonda gijäň 3-4-inde bir gümbürti eşitdim, bäh, bomba zat bolaýmasyn diýip seretsem, deprekçiň biri depregini gygyrdyp, aýagaldygyna ynsanlary selärlige turuzýan eken-laý
Soň Remezan boýunça ýa soňundan oňa peşgeş berýän ekenler. Olaram şol "Ýa Remezan!" diýýänleriň bir görnüşi bolmaly!

Şeýdip turuzsalar-a kem boljak däl.
orazalaram kabul bola!
bar aýtjagyň şomy?
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy