1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýene-de men

Aý, kellä bir pikir geldi köne ýerleri dörjeläp ýörkäm, aslynda, öňem bardy welin, ýatlatdy diýeýin, ýörite mowzuk açjak bolup ýördüm.

Şu ýerde agza bolup ýazýanlardan käbirleriniň dürli atlary bolup biler. Hatda, lakam, çyn at, ýalan at we ş.m. bolup biler. Pasportda çyn at, ýaşaýan ýerinde bolsa ýalan( has takygy, ýörgünli) ady tutulýanlar bolup biler.

Bu barada 1 mysal bar şu sahypadanam, meselem, men. Başlaýynmy sanama:

1- Pasportda: Atamyrat( çyn at);
2- Obada : Kakageldi (ýalan/ýörgünli at);
3- Obada : Kapakapagepeldipi (üýtgeşik usulda adymyň aýdylyşy) ;
4- Obada : Kapa (ýokarkyň ilkinji bogny) ;
5- UK-da : Atamyrat (resmi) ;
: Ata (ýerlilere gysgaça aýdýanym) ;
6- UK we TÇ : Murat (Türkler aýdýar) ;
7- Dostlarym: Atam;
8- : Atamurik

we ş.m.

Sizde-de ýa-da haýsydyr bir tanşyňyzda-da şu ýagdaý barmy?! Bar bolsa paýlaşaýsaňyz!

Sag boluň!

jogaplar

Agajanh-nyň ýazan bir ýazgysyna gözüm düşüpdi, ýokarda ýazypdym, ynha, onuňky:

Agajan diyip kop tutyarlar. Men adym kop dogrysy

Agysh-Oydakiler, we garyndashlarymyz.
AgajanOyde azyrak tutulyar, koplenc mekdepde, bu yerde s.m.
AnnamyratDine mugallymlar. Hakyky adym Pasportdaky.
Agamyrat Agamyrat diyip diyip yashuly oz garyndashlarymyz aydyar.
Dushnuklije yazdym oydyan.
Bu yerd indi adymy uytgedip otyrmayyn Agajan diyay, mana dogrysy tapawudy yok.

yaman biderek yazylan yazgy. hiç hili manysy yok.
Enem pahyr (Sapa sopynyň gyzy) kakama ors söýgülisine öýlenmäne rugsat bermändir. Şol sebäpli hemmämize goşmaça ors ady dakypdyrlar. Meň adym Mişa (Mihail), dogan-garyndaşlar we obadaşlar şul ady ulanýar.
Menem käbir ýerde "Mihail Margiana" adyny ulanmany gowy görýän.
Tanyşlar, kursdaşlar, dostlar bolsa familýamy tutýalar "Sadykow" ýada "Sadyk" diýip.
Gullukda esger Gurbanow
Basga yerde Myratberdi.
Bu sahypaň gyzyksyz agam.
asyl adym serdar emma garyndaşlarym serik, seryý, seryý wolk diýýärler.

türk mekdepdäki klasdaşlarym: serýoža, serža, sörž

başgada käbir dostlarym: seryý wolk, möjek we cerium diýýärler.

gulluga gidemde de "polkownik owmadow" ady göwnime ýaraýa
Kapakapagepeldipi

bäh! o nämaý mongollaň ady ýaly

gulluga gidemde de "polkownik owmadow" ady göwnime ýaraýa
haçan gitjek serik.öňünden duydur men hat ugradayyn,saňa "general-polkovnik" zvaniyany bererler yaly...isleseň morskoya gidseň "admiral" zvaniyany alarsyň.(düyşüňde)
At-mada üns berip ýömäň. Bar adyňyz yeterlik. Işläň, adyň özi geler. Mysal üçin, "Beyik Turkmenbashy" birisem enesiniň dakan ady dal.
Tuweleme, erbet dal saytimiz bar eken. Yone mowzuk achjak bolaninizda birazajik pikirlenayin-da!!! Achmali diyse achip yorsuniz....
saytimiz

eýýäm eýe çykaýdyňla, aksiýasyny dagy satyn alan dälsiň.
engineerboy we lakam - ikiňizdenem gowja mowzuklar açmagyňyza garaşýarys!

Aýtmak aňsat, ýöne amal etmek kyndyr. Ilki bir synanyşyň, açyň gyzyklyja mowzuklar, ondan soň gepleseňiz, has amatly bolmazmy?!

Bir tarapdan size goşulmanam duramok, beýleki tarapdan bolsa - goşulamok!

Näme üçin?!

meniň şol ýazgylary ýazmagymyň sebäbi bar, çünki, agzalar kän aktiw ýazanokdy, özümem şolaryň hatarynda we hemişe girip ýöremok. Şol sebäpli hem azyrak höweslensinler, azajygam, gysgajygam bolsa ýazsynlar, gülsünler we ş.m. niýetler bn ýazypdym.

Biderek wagt zaýalamak diýýän bolsaňyz, onda girmäň we ýazmaň wagt ýitirip.

Serdar Kapakapagepeldipi üçin, ynha,
şu ýere bir seret, eger düşünmeseň, onda bärde ýazaýaryn
Myrat aga, men hem seni Sadyk ady bn has gowy tanaýan
Obaňyza baryp, Sadyklar diýäýmeli
Adym barada aytsam, adymİDAR.
1.Dostlarym: DİDA
2.Türkiyede: Serdar
3.Garyndaşlarym: Didarjan
4.komp-da mc_didar
Yazamda:mc_didar
Okalşu:emsi_didar
MC_DİDAR diymek: Men Soyen DİDAR
didar, sag bol!
tuweleme, sizem (atlaryn) azlyk dal ekeniniz-lay


Serdar, yokardaky link ishlanok ekeni, ynha, linki goyyan:

http://www.talyplar.com/2626-uytgeshik-usullarda-dushunishmek.html



uytgeshik usullarda habarlashma

uytgeshik usullarda habarlashma
404 error usuldamy?
komendant, men ikisinem goýdum, sahypada tehniki näsazlyk bar öýdýän, men hemişekisi ýaly goýsamam, linki açanok, şol sebäpli, sen ýokarda goýan linkimi "çopy-paste" usuly bn "adress bar"- goý we aç, ynha, link:

http://www.talyplar.com/2626-uytgeshik-usullarda-dushunishmek.html

eger muňa-da düşünmeseň, onda meniň ulanyjy adym bolan "ata"-ň üstüne bas we aşakdan 12-nji mowzugymy açyp, okap gör!
Aslynda, men aktiw edeýin-le şony, nämä alada galyp otyryn-aý
anna
berdi
annaberdi
anatoli
tach
tachli
toyly
tolik
kowus
kaos
rapper dostlam bar olaram annko ako kei kaos diyyaler
bir adyň ýatdan çykypdyr, gardaş.
"el_mariachi"
Forumlardaky atlaryňmy?
Anna, tovly nireden geld-av, bevlekilere dushundim
ýagny, toýly?!
ata sen ýaman at köp soraýaň. agentligiňi bildirýäň. biraz seresaply işle. kän bildirme.
wah, ahyr bildiler, indi men bärde durmaýyn ýa-da agzalyk adymy üýtgedeýin

Komendant dost, gowudyr-a ýagdaýlar

Men seň maslahatyňa eýereýin, ýogsam hemme agzalaram biler! Sen hiç kime aýdaýma bu babatda bilýänleriňi

Eý, halaýyk, eşitdim eşitmedim diýmäň, men agent ekenim, soň aýtmady diýmäň, menden ýaman ägä boluň

Wiý, ýogsa-da, sendenem ägä bolmaly! "Näme üçin?" diýýän bolsaň, saňa 1-2 degişme arkaly jogap bereýin:

1-) Iki kor 1 kilo erik satyn alyp, 1 yerde oturyp iyip bashlapdyrlar. Biri beyleka:
-Ey, Pylany, name ucin 2-2 den iyyan? diyipdir. Eyleki bolsa:
-Yok how, yekejeden iyyan, nireden bilyan?- diyip ozune soran. Ol bolsa:
-Ha, shey diysene, men 2-2 den iyyan-de, sen hem sheyle edyansindir oytdum. - diyenmish.

2-) Biri erbetlik etse, ynsanlaň içinde şol edilen erbetlik barada gepleşilip başlananda, aljyrap/howsala düşüp:"...kim etdikä, men-ä däl..." diýýänler tora düşýändir köplenç
munyň-a ýapa-da degmedi.
gyzykly ýöne.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy