1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Mowzugyň ady "Tm-da tazelikler?!" diýlip ýazylsa-da, men täzelikleri ýazjak bolup däl-de, bilýänlerden öwrenjek bolup ýazdym. Okap lapykeç bolaýmaň täzelik(ler) görüp bilmän

Ýöne ýene-de Tm-dan gelen dostlarym we tel arkaly käbir habarlary eşidýärin.

Ýene bir zat: öňem bu babatda mowzuk ýa-da mowzuklar açylan bolmagy mümkin, ýöne täzedenem bir ýazaýalyň, öwrenäýeliň diýen niýet bn täze mowzuk halynda açmak ilsedim, enşallah, höküwmet heläk edäýmez-le

Şu wagda deňiç köne we täze täzeliklerden eşidenlerimiň sanawyny ilki özüm goýaýyn, soňam siziň goşantlaryňyza garaşýaryn bu babatda!

Aşakda başlaýan onda!



jogaplar

1-) 1 dolaryň bahasy häzirem 14 250 manat ekeni, ýöne täze manat eskizleriniň 2009-yň başynda ýöräp başlajagy we başga-da käbir sebäplere görä has hem düşjekmişin diýen myş hem bar ekeni.

2-) Tm-da şäherler we ülkeler arasy uçar biletleriniň bahalarynyň nyrhynyň galmagy( 4 aý öň asb-lon-asb biletiniň bahasy 330$-dy, indi 460$ bolupdyr, sebäbi, şol wagtlar 1$=19 800 manatdy, häzir bolsa 1$=14 250)

3-) Internet ulgamynyň Aşgabatda hyzmata başlamagy. Bu babatda www.turkmenpress.Com sahypasynda şeýle diýilýär:
Oguz aýynyň başynda internet babatda täze tilsimatlaryň gurulmagy bilen 2 müň abunalyk internet mümkinçiligi döredi. Hut şu hepdäniň özünde 20 öýe internet baglanandygyny habar beren Türkmentelekom ellerinde internete baglanmak üçin tabşyrlan 3 müň töweregi arzanyň bardygyny mälim etdi emma täze tilsimatlar arkaly diňe 2 müň abuna internetiň baglanyp biljekdigi habar berildi.
Raýatlar häzirki günde internetiň minudyny 192 manatdan ýagny sagadyny 11 520 manatdan peýdalanýar. Şeýle hem aýlyk 115 müň manat abuna tölegi tölenýär. Internet kafelerde bolsa minudy 500 manatdan
,

4-) Her ýerde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da dynç alyş wagtynyň gutarmagy sebäpli, basym täze okuw ýylyna başlanar;

5-)Beijing-däki dünýä olimpiýadalarynda hiç-hili orna mynasyp bolup bilmänligimiz (link:http://results.beijing2008.cn/WRM/ENG/INF/GL/95A/GL0000000.shtml )

6-) Dünýä bilim olimpiadalarynda ýaş talyplarymyzyň oňat orunlara mynasyp bolanlygy...

Meň bilmeýänlerim:

1-) Pagta ýygym we welaýatlara görä netijesi;
2-) Häzirki howa maglumatlary;
3-) Uniwersitetleriň bu ýyl näçe talyp kabul edenligi;
4-) Tm-niň häzirki ykdysadyýeti we ş.m.

Sizem bilýän täzelikleriňizi ýazyberiň!

Sag boluň!
ata aga bäri ýaman iç gysgynç boldy. gaty görmäň menkileremä owerlik däl welin sizinkiler menkidenem erber. hemmesi däal yöne.gaýrat edip mowzuk açmak üçin mowzuk açmalyňlaý.menden gaty görmäň yöne.
ýazylan zatlar az yöne öz bolsa gowy dalmay kabirleme yaman uzyn yazya başyny başlap taşlayan.beyle bolmayarahow.form siteleri men bilşima göra gysga yöne berjek pikirinem beryan bolmalymyka diyyan hakkınızı helal edin eger bir yalnyşym bolan bolsa
nemelayyy menem birje sorag sorasam bolyamy? a galyň nache boldyka shu wagt? a okuwly okuwsyz tapawut etyamika? gaty gorman yene,bu her bir kamillik yashyna yeten yigitleri gyzykzandyryan mesele diyip pikir etyan
ha-ha, galyň mowzugy bardy birnäçe, şol ýerde ýazmandyrlarmy

Eşidişime görä, welaýatlara görä üýtgeýär, emselem, çaklama arassa pul mukdary üçin ýerleriň sanawy:

1-) Aşgabat - 5000$;
2-) Mary - 4000$;

neme, hemme welaýatda-da şol 4000$ töweregi öýdýän, içindäki etrapdyr obalarda azyrak peselýän bolup biler, umuman. Bir-ä aýdypd-ow, kä obalarda/ýerlerde pul mukdary 10 mln manat diýip, az öz-ä, wiý, biz oglanlara gowy diýjek boldum
turkmenbalasy, men mowzuk açmak üçin mowzuk açamok, hakykatdanam, peýdaly bolar diýen niýet bn, ýa sorag hökmünde ýagdaýy öwrenmek üçin açýaryn!

Käbir dini mowzuklarymy görüp, "Içgysgynç ekeni" diýýän bolsaň, onda ýalňyşýarsyň. Sebäbi, dini mowzuklarda agzalaryň örän ünsli ýazmaklary gerekli, garamaty hem boýunlaryna bolýar eger hadys ýa aýat adyna säwlik etseler, şoň üçinem, ýazanlaryndan ýazmanlaryna has gowy görýärlermikä diýýän . A ,men bolsa terjime edip goýýan köplenç. Onsoň diňe okap geçýäler.

A durmuşa degişli mowzuklarymda, men, umuman, soňuna çenli durýaryn, agzalary gyzyklandyrjak, olardan ýazgy ýa-da ýazgylar aljak bolýaryn her edip hesip edip.

Sen öz mowzuklaryňda näme edýäň - biljek däl, häzir seredip göräýerin! Heşelle kakmak üçin däl, eger menden bu babatda has ökde bolsaň, men sendenem beter begenjek, Allah bar!

Sahypanyň gyzygynyň gaçmagy, agzalaryň dynç alyşda bolmagyna baglu uly möçberde.

Men yzly-yzyna birnäçe mowzuk açan bolup bilerin, has köp aşjak halyma, azyrak açýan entägem, günlere serpeýin, ýaýradaýyn diýip. Senem açypdyň yzly-yzyna birnäçe mowzuk.

Meň niýetim ýamanlamak ýa görüplik däl, açalyň mowzuklary, şol ýere agzalary çekmäge çalyşalyň, ýöne ahlak we syýasy taýdanam hetden aşmalyň beýle diýenim bn!

Ynha, gysgaça şulary aýtjakdym saňa!
Hä, ýene 1 zat:

Bärdäki ýazgylarym uzyn görünýän bolup biler, şeýle 1 uzyn hem däl maňa görä-hä, ýöne forumlarda ýazgylar gysga bolmaly diýen şert ýok, diňeje agzalaryň bu babatda ýaltanýanlygy aýan bolsa, onda gysgarak ýazylmagy ündelip biler, muňa men hem razy!

Ýöne bäri pikir alyşylýan sahypa, şonuň üçinem, ýazgy uzynlygyny bahana edýän agzalara düşünip bilemok. Hem pikir sahypasy, hem ýazgy uzynlygy ýa gysgalygy bahana - bular 1-1-ine tersiräk ýagdaý maňa görä!
mowzukdan daşyna çykdym, bagyşlaň!
Ýöne soraga jogap bermeli bolýar kä halatlarda!

Başga bir zat bolsa, turkmenbalasy, jinnek ýaly göwnüňe degmek niýetim ýok, eger degen bolsam, senden ötünç soraýaryn!
Pagta
Awgustyň 23ine ilkinji ýygymlar başlapdyr. Başgada pagta tohumynyň gymmatlandygyny ýazýar. Süýüm (fiber, lif)hilli pes pagtanyň tonnasy 5,200 milýon manat, ýokary hilli bolsa 7,500 milýon manatlygy ýazylypdyr.
agrimarket.info sahypasynda bolsa şeýleräk ýazylan
The new price, set at $140 USD per tonne, will result in a 50 percent increase in farm profits, government officials said.

Birhilek ýazylan sanlar deň däl...
Biz ýalak daýhanlar 1$ üçin hem begenýär
ata aga tm tezeliklerini koprek yazsanyz gaty gowy bolardy, hemem sizden sorajak zatlarym bar,londona nedip barsa bolarka okuw meselesi boyunca?scu hakda dolurak aydaysanyz gaty hoscal bolardym!
meniň eşiden habarlarym.

bugdaýyň daýhandan alynyş nyrhy 600 manat/kg -dan 2000 manat/kg çykarylypdyr.

etrap we obalaryň ýollary oňarylýarmyşyn

maşyn gymmatlapdyr

etraplar arasynda awtobus reýsleri açyljakmyşyn we şol sebäpli täza owtubuslar alnypdyr.

onjuk musaýew basylypdyr!

Maşyn arzanlady. Öň pul üýtgände galypdy. Indi tamojny poşlinany ep-esli azaltdylar Maşynam arzanlady. Sebäbi pul üýtgände adamlar basga düşüp, her kim puluna bir zatlar aldy. Indi nagt pul azalansoň, alyjy az. Zadam arzan.
mashynyn galany chyn. rastamojka gayta gymmatlady. her mashyna 1000$ bermeli bolyar primerno, arzany.

onjuk musayew basylypdyr diyib-a eshidemok, yone dempartiyanyn 2nji sekretarlygyndan saglyk sebapli zararly ayrylypdyr diyip eshitdim.

etrap/obalaryn yollaryndan onerti mary-ashgabadyn yolyny onarmaly ekenleri.

Rastamojka öň 5% bolan bolsa, indi 2% boldy. 300-400$ bermeli, mashyna görä. Tazeje Jeep alsaň kopragem chykar elbetde.
Musayew 2-nji sekretar dal, 1-nji sekretardy. Yashy ep-eslä barandyr onun. Yeterlik ishledi.
dascary yurtlara biletler gymmatlapdyr diyyarler scol cynmyka?
tochno nache % digini bilyan diysem yalanchy, yone on 5% bolan bolsa ol dollaryn onki kursundan shonun yalydy, a indi bolsa 14315 kursunden 2% bolyar. menine tanysh mashyn getirdenler 13 million 14million toledik diyyaler. diymek bir zady bardyr ugrunda...
täzelikler ýazylyp durar-la, enşallah.
ýokarda-da örän köp täzelik bar ekeni.

özüňizem ýazyp durarsyňyz-da
täzelikler ýazylyp durar-la, enşallah.
ýokarda-da örän köp täzelik bar ekeni.

özüňizem ýazyp durarsyňyz-da
daşary ýurtlara bilet bireýýäm gymmatlady, ýokarda-da ýazypdym öýdýän, aýratyn mowzuklaram açylypdy.

Ýokrda sag tarapda "talyplarda tap" diýen boşluga "biletler gymmatlapdyr" diýip gözledip gör, çykar birgiden netije
Bilimler günüňiz gutly bolsun!
tüwelem, şu baýram günlerini hem täzeden goýaýyn-la, gerek bolýar kämahal!

Minnetdar ýatladanyň üçin, komendant!
wiý, men hem gutlaýan
täze mekdepler açyldy. Uniwersitetiň täze korpusy açyldy. Şeýle gowy, owadan, hemme zat bar. Gymmat diýmeseň, söz ýok. Wagtyndan irräk okapsyňyz.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy