1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bu sahypada Türkmen halylary barada mowzuk açylmandyr öýdýän, gözledip gördüm welin.
Şol sebäpli-de, bu mowzugy açmagy ýüregme düwdim.

Köp maglumat bilýänligimden däl, köp maglumata agzalaryň ýazjak oňat ýazgylary arkaly eýe bolmak üçin.

Men UK-yň köp ýerinde gabat geldim öz halylarymyza, ynha, kiçiräk 1-2 surat goýjak, üstünde bahalary hem ýazylgy:

1-kiçi haly : £20 ( £35 ekeni öň) :



2- ynha-da uluragy : £180 (öň £375=750$) ekeni:



Türkiýede-de görüpdim, kiçeňräk halylaram gymmat baha satýardylar ýörite getir(d)ip.

Gynansagam, biziň halymyz dünýäniň kä/köp ýerlerinde "Özbek halysy" diýlip bilinýär, sebäbi bolsa, öňki SSSR-e degişli Orta Aziýa ýurtlarynyň birleşdirilip "Türkistan" diýilmegi we paýtagtynyň hem häzirki Özbegistanyň paýtagty bolan Taşkendiň goýulmagymyka diýýän?!

Indi bolsa, Türkmen halylary boýunça oňat maglumat we suratlaryňyza garaşýaryn!

Sag boluň!

jogaplar

atymyza, itimize birem halymyza deň geljegi ýoklaý!
ata aga dogry aýtýaň, biz öz milli baýlyklarymyzyň patentini almaly, bolmasa olaryň türkmeniňkidigini köp kişi bilenok.
meselem türkmen alabaý itlerine, cao(central asian ovcharka) diýýärler.
ahal teke atlarymyzyň bolsa maşgala daragt kitabyny, ruslaryň ýazany kabul edilýär.
palowa özbek palow diýýärler(özbekleriňki üýtgeşigräkmikä diýýän)
baýdagymyzdaky gölleriň haýsynyň haýsy welaýata ýada taýpa degişlidigini bilýäniňiz barmaý?
ata aga! bir türk ýaşuly(özüni türkmen hasaplaýar) maňa halylar barada kitap sowgat etdi.
Niýazmyrat dowodow we Nury Hojamuhammedowyň 1982-nji ýylda çap edilen kitaby "Türkmenistanyň halylary". ýazgylar 3 dilde ýazylypdy, türkmençe, rusça, we iňlisçe.
boş wagtym bolsa kitapda ýazylanlary ýazyp goýaryn bu ýere, suratlaram!
öz soragyma özüm jogap tapdym öýtýän
1. "Guşly göl" Teke Halysy
2. "Gabsa göl" Ýomut Halysy
3. .......
4. .......
5. "towuk göl" ärsary gyzylaýak halysy

beýleki ikisinem tapamda ýazarynda!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy