1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bu gije juma gününe baglaýan gije bolanlygy mynasybetli, Regaib Kandilidir. Bu kandil, dinimizde "Mübärek üç aýlar" hökmünde bilinen Rejep aýy bilen başlap, Şaban aýy bilen dowam eden, rehmeti, feýzi we bereketi bol bolan Remazan aýy bilen gutarýan hözir we ruhy möwsimine girýänligimiziň hem habarçysydyr.

Regaib kandili barada has giňişleýin türkmençe maglumaty hiç kim goýmasa, bugün-erte, enşallah, özüm goýmakçy!

Häzir bolsa, bir-birimizi bu babatda gutlap bileris! Ilkinji gutlag we dileg menden:

Hemmäňizi mübärek üç aýlar we Regaib kandili mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaýaryn! Beýik Biribardan eden ybadatdyr dilegleriňiziň esseleri bn kabul etmegini, bar bolsa günäleriňizi doly bagyşlamagyny, köp mukdarda ragibeler(regaib-sowgat) eçilmegini dilemek bn!

Bir-birimiz üçin hususy dileg etmegiňizi hem haýyş etmek bn!

jogaplar

sagbol ata! men hem seni gutlayaryn. goy bu gije eden yagsy dilegleriniz hasyl bolsun!! sol gije okan namazlarynyz kabul bolsun!!
Salam! Sizi hem bu mubarek regaib gije bilen gutlayaryn,sol sanda ahli musulman doganlarymyza yuregindaki myratlaryna yetmegini Allatagalladan dileg edyarin!Kabul bolsun!!!
salam! men hem size oshulyan bayramynyz gutly bolsun.
kandil gije nace sapar bolya ozi yylda? name ayratynlygy bar?
menem sizi gutlayan shol gije bilen. hemmanize allatagala gowuluklar yhsan eylesin.
lionlion! yalnyshmasam dort sany bolyar yylyn dowamynda:
1. Regaip kandili
2. Beraat kandili(saplanmak)
3. Mevlit kandili(dogmak)
4. Mirach kandili(yerden asmana galmak)

bular barada dushundirish bererdim weli doly bilemokda. belki ata akgamyz bu barada birzat yazar!
Men ýokarda bu gije barada ýazjak diýipdim, gijiräk galdym, bagyşlaň!
aşakda goýmakçy giňişleýin. Çeşme yslam.info sahypasyndan:

Regaib Kandili (Gijesi)

Regaib näme diýmek?

Regaib, arapça bir sözdür we "rega-be" kökünden gelýär. "Rega-be" –
haýsydyr bir zady islemek, arzuw etmek, hyýal etmek we ony alyp bilmek üçin gaýrat etmek diýmekdyr. "Regib" sözi bolsa, "regabe"'den dörän bir atdyr we “özüne höwes edilen, arzuwlanan, talap edilen zat” diýmektdir. "Regibe"niň köplük sany "regaib" dyr.

Rejep aýynyň ilkinji juma gijesine Regaib gijesi diýler. Bu gijä Regaib gijesi adyny melekler beripdirler. Her Juma gijesi kyýmatlydyr/gadyrlydyr. Bu iki kyýmatly gije birleşse, has kyýmatly bolýar.

Allah, bu gijede, müminlere, ragibetler (yhsanlar, sowgatlar) berer. Bu gijä hormat edip, peýdalananlary bagyşlar. Bu gijede edilendilegler kabul bolar, namaz, oraza, sadaka ýaly ybadatlara köp sowaplar beriler. Regaib gijesinden peýdalanmak isleýän: şol gijäni ybadat bilen geçirmeli, kazasy bolan, iň azyndan bir günlük kaza namazyny kylmaly! Kazasy bolmadyklar hem nafile namaz kylar, Kur’an-y Kerim okar, tesbih çeker, toba eder. Penşenbe(4-nji) güni agyz bekläp, gijesinde hem amal etmek örän sogaplydyr. Rejep aýynda agyz beklemek örän sogaplydyr.

Pygamberimiz (SAW)’ iň Remezan aýyndan soň iň köp oraza tutan aýy Rejep aýydyr. Bu Rejep aýynda oraza tutmagyň beýik we köp mukdarda sogaplary bar.

Bu aýda sogaplar bendeleriň amal depderleriniň sogap hanalaryna, köp mukdarda dökülýäni üçin, “Rejebül esabb” diýlendyr, ýagny, sogaplaryň köp mukdarda, akyp gelýän aýydyr. “Sabbe”, Arapçada “dökmek” diýmek. Derýanyň hem daglardan şyldyr-şyldyr akyp dökülýän yerine “münsab” diýerler. Olam bir kökden döreýär. Rejeb-ül esabb – Allahyň rehmetiniň joşa gelip, ykram we yhsanynyň şyryl-şyryl bendelere gelýän aýy diýmekdyr.

Bilim we din alymlary kitaplarynda “bu aýyň ekim, ekme, ekerançylyk aýy”dygyny belläpdyrler. Sogaply işler, oraza tutmak, toba etmek we ş.m. gözel zatlar ediler.
Bir zadyň ekilmegi ýaly ekerançylyk, ekim aýydyr. Şaban bolsa ekilen zat bilen meşgullanma aýydyr. Remezan hasyly biçme/ýygnama aýy diýlendir. Diýmek, Rejep aýy bizi Remezan aýyna taýýarlaýan bir möwsümiň ilkini ädimi bolýar. Şonuň üçin, "Rejep aýy toba aýydyr." diýipdirler, ýagny, bende näme etmeli?! "Ýa, Rabbi! Men düşünmändirin, hata edipdirin, bilmändirin, men günäli, ýalňyşypdyryn! Bilip, ýalňyşyp ýa-da ýadyma düşmän ýalňyşan we günä eden bolsam, bu sebäpli meni hasaba çekme we meni bagyşla!..." diýip, hatasyny boýun alyp, hatasyndan el çekip, Hakyň ýoluna girmeli.

Şaban aýy ybadatlara dowam etme aýydyr. Remezan hem sylaglaryny alma aýydyr. Şu ýagdaýlar boýunça, şu üç aýyň bir-birleri bilen baglanyşyklydygy beýan edilendir.

Söýgüli Pygamberimiz (SAW), Regaib gijesini içinde bolan Rejep aýynda köp dileg eder, namaz kylar, oraza tutar, her dürli haýyr amallary eder, sadaka bermäge üns bererdi. Resulullahyň (SAW) Rejep aýynyň ilkinji penşenbe gününi orazaly geçirenligi we juma gijesinde bu kandil gijesine mahsus/degişli bolan on iki rekagat namaz kylany aýdylýar. Regaib gijelerinde dileg etmek, toba etmek, bu gijäni mukaddes kabul etmek bilen dürli ybadatlar bilen geçirmek, umuman, alymlar arasynda rowaçdyr.

Bu aýlara "Köp sogaply ybadat aýlary" diyen alymlardan biri şeýle diýýär: "Her gözel amalyň sogaby başga wagtlarda on bolsa, Rejeb-i Şerifde ýüzden geçer, Şabanda üç ýüzden zyýada we mübarek Remezanda müňe çykar we juma gijelerinde müňlere we Gadyr gijesinde otuz müňe çykar."

Bu gijäni pursat bilip, köňlüizi gaflat bilen bogan duýgy we pikirleri kalplarymyzdan aýralyň. Nebsiň erbet arzuwlaryny duruzyp, kalp höziri bilen ybadatyň lezzetini almaga, şol hal arkaly Rabbimize ýönelmäge çalyşalyň! Gyýbat, erbetlik, gysgançlyk, görünjeňlik, öwünmeklik, kin, gazap we kanagatsyzlyk ýaly erbet duýgylardan tämizleneliň!

Regaib ýaly mübärek gijeler näme etsek has amatly bolar?!
1-Mümkin bolsa, şol mübärek gijeler orazaly garşy alynmalydyr.

2-Kazasy bolan, iň azyndan bir günlük kaza namazyny kylsa amatly!
3- Kazasy bolmadyklar hem nafile namaz kylyp/okap biler;
4-Kur’an-y Kerim okalyp, tesbih çekilip we toba edilip biler.
5-Tefekkür (durmuş we ahyret barada pikir) edilip biler.
6-Iň azyndan ýatsy we ertir namazlary metjitde jemagat bilen kylynmalydyr. Bu bolsa bütin gijäni amal eden ýaly sogap gazandyrar.
7-Allahy beýik atlary bilen sena etmeli (öwmeli)


Regaib bilen baglanyşykly aýaty kerimeler:

Regaib sözi Kuranda hem bardyr. "Regabe"dan dörän dürli sözler, Kuranda sekiz ýerde geçýär we "regabe" ýerine ulanylandyr.

Aýratynam, "Şübhesiz Allahyň gökleri we ýeri ýaradan günki ýazgysyna görä aýlaryň sany on ikidir. Bulardan dördi haram aýlardyr. Ynha, bu Allahyň dop-dogry kanunydyr. Şeýle bolsa, şol aýlarda özüňize zulum etmäň!" (Toba Süresi, 36)

Hz. Pygamberimiziň ( a.s.m ) bir hadysynda ýokardaky aýatda agzalan haram aýlaryň: Zilkade, Zilhijje, Muharrem we Rejep aýlarydygy beýan edilendir.

Rejep Aýy we Regaib Gijesi ile baglanşykly Hadysy Şerifler:

• Allah Tagala Rejep aýynda oraza tutanlary bagyşlar. (Gunýe)

• Rejeb-i şerifiň bir gün başynda, bir gün ortasynda we bir gün hem soňunda oraza tutana, Rejep aýynyň hemme gününi oraza tutan ýaly sogap beriler. (Miftah-ül-jenneh)

• Remezan aýyndan başga Allah ryzasy/razylygy üçin bir gün oraza tutan, güýçli yaryş atynyň bir asyrda aljagy menzil ýaly Jähennemden uzaklaşar. (Ebu Ýala)

• Şu bäş gijede edilen dileg yzyna gaýtarylmaz: Regaib gijesi, Şaban aýynyň 15-nji gijesi, Juma, Remezan baýramy we Gurban baýramy gijesi. (İbn-i Asakir)

• “Rejeb-i Şerifiň birinji gününde agyz beklemek üç ýyllyk, ikinji güni orazaly bolmak iki ýyllyk we ýene üçünji güni orazaly bolmak bir ýyllyk kiçi günälere kefarat bolar. Bulardan soň her güni bir aylyk kiçi günäleriň bagyşlanmagyna sebäp bolar.” (Jamiu-s sagir)

• İbn-i Abbas -radiyallahu anh- hezretleri: “Resulullah -sallallahu aleýhi we sellem- Rejep aýynda kämahal şeýle köp oraza tutardy, biz Ony hiç iftar(agzaçar) etmez öýderdik. Kämahalam şeýle köp iftar ederdi, biz Ony hiç oraza tutmaz öýderdik.” diýipdi. (Müslim)

• Elbetde, zaman Allahyň ýaradan günki şekli bilen akyp gidýändir. Ýyl on iki aýdyr. Bulardan dördi haram aýlardyr we üçi yzly-yzyna gelýändir. Zilkade, Zilhijje, Muharrem, birem, Jemaziýel-ahyr bilen Şaban aýlarynyň arasynda gelen Mudar kabilesiniň aýy Rejep aýydyr." (Buhari, Tefsir, Süre, 8,9)

• "Rejep aýy Allahyň aýy, Şaban meniň aýym, Remezan hem ymmetymyň aýydyr." (Ajlûni, Keşfu’l-Hafa, 1/423)

• Ýene mübarek üç aýlardan ilkinjisi bolan Rejep aýynyň ähmiýeti we gadyry hakynda Enes b. Malik ( r.a. )'dan bir hadys şeýle rowaýat edilir: Rejep aýy girende, Hz. Pygamber şeyle diýerdi: "Allahym! Rejep we Şabany bize mübarek kyl we bizi Remezana gowuşdyr!" (Ahmed b. Hanbel, Müsned, 1/259)

• Rejep uly bir aýdyr. Allah bu aýda haýyr amallary esse-esse kabul eder. Rejep aýynda bir gün oraza tutan, bir yyl oraza tutan ýaly sogaba gowuşar. 7 gün oraza tutana, Jähennem gapylary ýapylar. 8 gün oraza tutana Jennetiň 8 gapysy açylar. On gün oraza tutana, Allah islän (haýyr) zadyny berer. 15 gün oraza tutana, bir jarçy: “Öňki günähleriň bagyşlandy!” diýer. Rejep aýynda Allah Tagala Nuh aleýhissalamy gämä mündürdi we olam Rejep aýyny orazaly geçirdi. Ýanyndakylara-da oraza tutmaklaryny emretdi. (Taberani)

• Hz. Aişe ( r.a ) walidämiz, “Resulullah, birinji(duşenbe) we penşenbe günleri oraza tutmaga örän ähmiýet bererdi.” diýýär. Çünki Hadysy Şerifde, “Amallar Allah Tagala duşenbe we penşenbe günleri arz ediler. Men hem amalymyň orazaly wagtym arz edilmegini isleýärin!” diýdi. (Tirmizi)

Hemmämiziň şeýle mübärek gijelerei iň oňat ýagdaýda peýdalanyp bilmegimizi dilemek bn!


"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
Kandiller barada öň ýazypdym, bärik gysgaça goýaýyn, soň ýazaryn-da, enşallah:


1- Mewlit Kandili - Pygamberimizin Rebiulowwal ayinyn 12-nji gijesinde,yagny, Hijri yilyna gora 1428 yil mundan ozal dunya geldi. Shol sebapli bu ayin 12-nji gijesi Hijri yilynyn ilkinji kandilidir;

2- Regaib Kandili - Mubarek uc aylaryn ilkinjisi bolan Rejep ayinyn ilkinji juma gijesi Regaib kandilidir;

3- Mirac Kandili - Mubarek uc aylaryn ilkinjisi bolan Rejep ayinyn 27-nji gijesi hem Mirac kandilidir;

4- Beraat Kandili - Mubarek uc aylaryn ikinjisi bolan Shaban ayinyn 15-nji gijesi bolsa Beraat Kandilidir;

5- Gadyr gijesi - Mubarek uc aylaryn ucunjisi bolan Remezan ayinyn 27-nji gijesi bolsa Gadyr gijesidir.

Bellik: Bularyn her biri ucin ginishleyin maglumat bilyan bar bolsa goymaklaryny hayish edyarin! Ozum tapsam hem goymakcy!


Kandiller barada öň ýazypdym, bärik gysgaça goýaýyn, soň ýazaryn-da, enşallah:
ata | 2008-07-06 21:56:30

ata aga! taňryýalkasyn! eliňiz-ýüzüňiz dert görmesin! siz bize köp zatlar öwretdiňiz. bu biziň dini bilimlerimizi giňeltmekde peýdasy deger diýip, umyt edýän.

ýöne, ata aga, şu "kandil" sözi ýaňy çykdy. öň eşidemokdym. türkmenlerde ýok öýdýän. diňe türkler belleýämi, nämemi. bilmedim-dä.
minnetdar, nehir! sendenem kop zat owrenyan, Allah razy bolsun, jigim!

Hawa, kandil turkce bir soz bolup, cyra manysy bn barabardyr. Gelip cykyşy bolsa: 2 asyr ön cyra bolmany ucin, kandilleri (pelte) yakyp, mubarek gijeleri ybadat bn gecirendikleri, shol gijelerde kop sanly kandillerln ulanylany ucinem, gunun yzyna kandil sozunin hem goşulany beyan edilyardi bir ceşmede.

Sag bol, jigim!
salaovmaleykum ata agam!
nbr!
yagdaylar meňkiden govudyra agam?
waleykim salam, Kakabay!

shukur men onat.
ertir Agajan bn gorushmegımız, dushushyk gurnamagymyz mumkin londonda, salamyny aydayinmy

sen yagdayiny bılemok, şonun ücinem deneşdirip bilemok yagdaylarymyzy
ertir Agajan bn gorushmegımız, dushushyk gurnamagymyz mumkin londonda, salamyny aydayinmy
hökman salam ayt agam!ol demir gutysy intägem işlänokmay,yogsam öňler gijelerine geläymesi bady "bizdä gündiz"diyip.onsoňam agam kyn görmeseň "erkek bolsa tal.coma gelsin"diyip aydyp goybersene şol arkadaşa...(kyn görmeseňiz).tüveleme duşuşyk diyyaňizmi(gyzlaram barmy) hmmmm govy pikir,onda näme sag-amanja geçiriň(bizem yatlap duruň,gulaklar şyňlamasa duşuşygyňyz hasap däldir agam).
sen yagdayiny bılemok, şonun ücinem deneşdirip bilemok yagdaylarymyzy
yagdayam bu vagt 5050 agam.siz bu zazmanlar näme bn meşgulllanyaňyz agam.yalňyşmasam bu vagt tomus kanikulymyka diyyan...
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!