1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Mollanepes "Ner Gezgin" goşgysynda "Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin." setirinde näme diýjek bolupdyraý, doly manysyny bilýäniňiz barmy?!!
"Maýa" näme?
"Ner" näme?
işdeş oglanlar bilen gepleşip otyrkak şol tema açyldy, hiç kim doly manysyny aýdyp bilmedi, emma biri "Maýa" düýe, "Ner" iner bolýan bolaýmasa diýdi.
eger beýle bolsa, Mollanepes näme üçin beýle diýipdir?!
_______________________________________________

Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin,
Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaň asla el berme,
“Jan aga, özüň bil” diýp, her näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes, hiç bir kem durma deňi-duş-u, dost-ýardan,
Pul tapmasaň göterme näkes bilen süýthordan,
Her diläňde gam basar, köňlüň dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.


jogaplar

Mollanepes "Ner Gezgin" goşgysynda "Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin." setirinde näme diýjek bolupdyraý, doly manysyny bilýäniňiz barmy?!! "Maýa" näme? "Ner" näme? işdeş oglanlar bilen gepleşip otyrkak şol tema açyldy, hiç kim doly manysyny aýdyp bilmedi, emma biri "Maýa" düýe, "Ner" iner bolýan bolaýmasa diýdi. eger beýle bolsa, Mollanepes näme üçin beýle diýipdir?!
CeriumOxide 2008-07-02 21:25:20

bu sözüň manysyny men saňa aýdyp bereýin, serdar dost! "maýa" diýlip, urba (urkaçy) düýä (female camel) diýilýär. "ner" (ýa-da iner; bul ikisiniň hiç hili tapawudy ýok. sinonim) diýlibem düýäň erkegine aýdylýar.

"Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin" - diýmek bolsa, bütin ömrüň dowamynda ýaranjaňlyk etmän, ner ýaly, hakyky erkek ýaly gez diýildigi. bular meň öz şahsy pikirlerim. ýöne, dogrumyka diýýän.
men hem milliýetçiň aýdanlaryna goşulýaryn!
Bu babatda Kerim aganyň hem setirleri bar:
"Bäş telpegi 1 gyňaja daňyň git" diýip, ýagny, şeýle peselen, betpäl erkek boljagyňa, hiç bolma, 40 ýyl şeýle durmuşdan, ýekeje ýyl hakyky erkek ýaly, dogry, dürüst, namysly, imanly, gözel ahlakly we ş.m. ýaşanyň has amatly diýipdir.

Many taýdanam milliýetçi süňk edip taşlapdyr, berekellah!
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden

shu soz gaty rast aydylan...
Meň pikirimçe beyle däl munuň manysy kyrk yil birine bagly(maýa) bolup yaşamakdan diňe yekeje bir yil ner ýagny bagly bolman arkaýın yaşamaklykdyr munuň manysy. Öýlenjek ýigitlere maslahatdyr bu goşgy
ol söz-a düşünse bolya welin şu birhilirak

Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden

bolmanam belli)),

Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ayaldan

diyjek boldumyka, yagny ar diymeginin sebabi senin-a aslyn ar olam ar bolaysa işin ugruna_bolmaz/kyn bolar diydigimika?
Salam doslar. men bu soragynyza oz dusunsimce jogap berjek. Has dogrusy mana seyle dusundirdiler. Sizin birinizin caklaysynyz ylay Maya-duye, Ner- iner (erker duye. Ysk mulkinin shasy Mollanepes bu gozgusynyn "Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin." setirinde seyle manyny beryar. ol kyrk yyl birinin hyzmatynda gezenden bir yyl erkana yasaysyn gowdygyny nygtayar.
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ayaldan

diyjek boldumyka, yagny ar diymeginin sebabi senin-a aslyn ar olam ar bolaysa işin ugruna_bolmaz/kyn bolar diydigimika?

barde sheylerak many bar, bir erkek bashga bir erkek adamdan gaty goren wagty, yureginden hic hacan cykarmayar ony. sho lyureginde galyar elmydam. "dogmaz dogsan dort ylda" diyilmegini sebabi hic hacan cykmaz diymek. "bogaz bolsa ar-arden" bolsa shol gaty gormeklik diyip bilyan.
Oguzhan agan aydany yalymyka diyyadim menem. Yone oylenmek hakda dalde Magtymgulyn goshgusyndaky yaly “Bedasylyn hyzmatynda gezinchan, asyl begin sayasynda kul bolgun” diyen goshgusy yaly. 40 yyllap bashga yat yerlerde bay bolup yashanyndan yekeje gun oz watanynda yasha diyen yaly manysy barmyka diyyadim. A milliyetchin aydanam dogry yaly
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!