1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , ,
Çagalykdan bäri bilýän zadyň ýalňyş bolsa birhili bolýaňlaý!!! Ýaňy google earth bilen gözel Marymy syn edip otyrdym, we beýleki ýazgylarda "türkmenistanyň suw meselesi" bardy, menem derýalary yzarlap göreýin diýdim. we çagalykdan bäri kellämde duran soraga jogap tapdym. Maryda Gök(Гранд Базар, Зелённый) bazaryň ýanyndan akýan suwa adamlar Murgap diýýärler, menem pikir etýädim, Murgabyň suwy dury bolmaly a bu suw bolsa bulanyk, nädip beýle bolýarka diýýädim. Asyl ol suw Murgap derýasy dälde Garagum kanalyndan gaýtýan bir ýap(bölek) ekeni, menä ýaňy bildim, siz bilýädiňizmi???

jogaplar

Serdar bilýaňmy Maryň içinden geçýan murgap derýasynyň suwy doly özünüňki däl. Ýadyňa düşýan bolsa 5-6 ýyl mundan öň murgabyň ýokary taraplary (sandykaçy töwerekleri) takrapdy, diňe 1 metr çüňlüňkde suw akýady, özem ajy, hapa suwdy. Şu wagtlar hem şeýleräkdir, owganlar bir zat edipdir diýýäler. Ýöne şol wagtlar maryň içinden bolsa murgap joşup akýady. Sebäbi Ýolöten töwerekden başlap bir sürü kanal murgaba guýýa. Olaryň esasisi hem biziň ýanymyzdan geçýän "Maşkanal". Maşkanal gözbaşyny Garagum kanalyndan alýa. Maşkanal başgada Türkmengalaň içinden geçýän "Taňrygazan" kanalyna da goşan etýä.

Araňyzda Niçka gydyp gören barmy ?
ey türkmenler,

murgap derýasynyň maryny geçip çölüň içinde ýitip (gurap) gidýändigini bilýädiňizmi ?
Myrat agam, seň "maşkanal" diýýäniň gözbaşyny garagum kanalyndan alyp gaýdýar, "zähmed"iň yokarsynda we türkmengala bilen ýolöteniň arasyny bölüp Murgaba guýýar. meň diýýänim Mary şäheriň içindäki kanal bara, welaýat hassahanaň öňünden geçýän, şol kanal suwyny diňe garagum kanalyndan alýan ekeni emma halk oňa murgap derýasydyr öýtýär.
surat: köne ady "dmitriý" obasynyň töwerekleri, indi gökjä goşdylar öýtýän.

1. Garagum kanaly
2. Maryň içinden geçýän kanalyň göz başy
3. Murgapdan gelýän suw has soňurrak birleşýär, ýöne öňki murgapdan gelýän kanaljygy indi Garagum kanaly tersine akdyrýan bolaýmasa
4. Murgap derýasyndan gelýän bir bölek
bah! men hem bilemokdym! men hemise ona Murgap deryasy diyyardim. onda seyle bolyan ekeni.sag bolun size su meselani orta atyp anyklanynyz u/n.
menem oz gapdalymdan akyp duran deryan adyny shu wagt bildim
Hemmanize salamlar!! Cynymy aytsam menem bilemokdym bularyalak zady... Indi bilerin bu buzin murgap deryamyz asla garagum deryadygyny, men buny bilenime oran sat. Nesip bolsa oz Maryma baranymda dogan garyndaslaryma aytmana sozum gutarmaz . Sagja bolun!!!!!


Река Мургаб - diyip yazypdyr turkmenistan.ru))

http://www.turkmenistan.ru/?page_id=10&lang_id=ru&elem_id=105&type=section&sort=date_desc
Serdar aga sen Murgabyn suvuny Tagtabazarda gorsen duru suvy gorup bilersin. Yone Sonky yyllar Murgabyn Suvy gaty azaldy. Adamlara OVGANYSTANDA OVGANLAR BENT GURUP MURGABYN SUVYNY SAKLAYARLAR DIYYARLER YONE DOGRYMY YALNYSHMY BILMEDIM.Murgabyn boyunda eline gosha alyp sulgun avlayadym bu yerlere gelmezden on. Gaty hezildi gaty gidesim gelyar shol gunlere. Tagtabazaryn Cholunde baharda bolan bar bolsa unutyan daldir yokardan nahili govy gorunyar Murgab....

Плавательный бассейн

Max! seniň beren linkiňde gördim! Bu haýsy basseýnaý? Men MAryda diňe "Delfin" bardyr öýtýädim! Bu täze guruldymy, ýada delfini şunuň ýaly etdilermikä?!!
Eger delfini şeýden bolsalara bolmandyr! töwereginde halys agaç goýmandyrlara!!!
Река Мургаб - diyip yazypdyr turkmenistan.ru))


Belki garagum kanaly ýokka, gurulmanka ol ýerden Murgap akýan bolmagy mümkin, sebäbi Murgabyň bir bölegi şol töwerege barýar!


Asyl Murgap derýasy, Mary-BAýramaly ýolynyň ortaraklaryndan geçip gitýär. Soň wekilbazarda garagum kanalynyň aşagyndan geçip(suratda) çölüň ortalarynda ýitirim bolýar
serdar bilmedim-da, mary şaherliler bilyan bolaymasa, delfin diyyaninam google-mapden tapyp seredaymesen, agaç zat barmy ya yok


Max! Meniň delfin diýýänim, gök bazaryň arkasyndaky. Google earth-däki suratlar gaty köne. Google earth-de öňki durşy
Bu haýsy basseýnaý?


ol ltnin parkda taze gurulan basseyn. taze diyip sheyle bir taze-de dal. esenow'yn hakim dowrunde gurlupdy. "kapali yuzme havuzu" diysenem bolyar. ashhabadski kocanin ugrundan gecip baryarkan gornup dur. lezzet restoranyn yanynda, shaher sudunyn garshysynda.


Achilles! Aýdan ýeriňde duran ekenaý
sagja bol
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!