1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Mowzugyň adyndan hem belli bolşy ýaly, siz şu wagda deňiç giden we häzirki bolýan ülkäňiziň şäher atlaryny, olaryň aýratynlyklaryny, oňat we kem ýerlerini mümkin bolsa ýazaýsaňyz!

jogaplar

Özümden başlaýyn:

A – Türmenistan:

1 – Mary welaýaty:

a – Mary ş;
b – Baýramaly ş;
ç – Şatlyk ş;
d – Türkmengala etr;
e – Tagtabazar etr;
f – Garagum etr;
g – Murgap etr;
h – Baýramaly etr;
i – Ýolöten etr;
j – Wekilbazar etr.

2 – Lebap welaýaty:

a – Türkmenabat/(Çärjew) ş;
b – Atamyrat/(Kerki) ş;
ç – Halaç etr;
* – Saýat, Farap, Garabekewül we Pelwertden geçdim.

3 – Ahal welaýaty:

a – Abadan/(Büzmeýin) ş;
b – Tejen ş;
* – Kaka, Duşak, Änewden geçdim.

4 – Aşgabat ş.

• - Balkan we Daşoguz welaýatlaryna hiç gidip görmedim.

B – Türkiýe:

1- Istanbul;
2- Ankara;
3- Izmir;
4- Bursa;
5- Adana
6- Izmit/Koçaeli;
7- Gaziantep;
8- Samsun;
9- Konýa;
10- Eskişehir;
11- Balikesir;
12- Kaýseri.

Ç – Angliýa:

1- London;
2- Newcastle;
3- Leeds;
4- Bradford;
5- Carlisle.

D – Şotlandiýa:

1- Glasgow;
2- Edinburgh;
3- Aberdeen;
4- Dundy;
5- Dumfries;
6- Perth;
7- Inverness;
8- Elgin.

E – Wales/(Galler) :

1- Cardiff.

* - Irlandiýada bolup görmedim.

Meňkiler-ä şular.
Tm-däkileri-hä, umuman bilýänsiňizdir. UK-däkiler bolsa birmeňzeşräk. London hem taryhy, hem-de täze ymaratlara we ş.m. eýe bolan şäher. Edinburgh iň taryhy we owadan şäherleriniň biri. Türkiýede bolsa, Istanbul, Izmir we Bursa iň görülmeli şäherleriň başyny çekýär maňa görä. Antalýa, Marmaris, Bodrum, Alanýa, Belek we ş.m. turistik şäherlerinde welin bolup görmedim, bolanlar has öňe geçjegini aýdyp bilerler belki. Ankarada monoton binalar göze ilýär. Anytkabir we Atakule diýäýmeseň, men-ä göze ilen başga zat görmedim paýtagt bolmagyna garamazdan. Aşgabat bolsa tersine, Tm-niň ilkinji görüljek şäherlerinden. Mary we Daşoguz welaýatlary taryhy taýdan öňe saýlanýar diýip bilýän. Myradyň (Çhe) ýazanlaryna görä Balkan hem olaryň hataryna goşulýar
Ýokardakylar boýunça soragyňyz bolsa beribermeli!

Indi gezek sizde!
salam dost
sena dünyanın hemme yerini görüpsin.gormedik yerin galmandyr.Gowy etyan gez , oka ,gor ,aylan.Gezmek menin hobim

Yone Dasoguza gelmedigine gaty gynandym.Harezmşalaryn paytagtyna gelmeli gormeli.

Men Turkiye Ve Turkmenistani gordüm.
Turkmenistanda hemme welayatlary gezdim gördüm.
dashoguza we balkana gitmanime men hem gynanyan, yone shu wagtlar yeterlik wagtym bolanok. her iki welayatda-da dostlarym bar, ensallah, olary we mubarek yerleri zyyarat etmage barmakcy mumkin bolan in gysga wagtda!

Sen haysy shaherlerini gordun welayatlaryn, haysy has owadan we gidilayjek yerler we sh.m. maglumatlaram yazaysan elin degse!
ey türkmenler,

türkmenistanda diňe daşoguza gidip görmek nesip etmedi (olam önki wiza yagdaýyndan), beýleki welaýatlaryň hemmesini söküp çykdym

Ankara, Eskişehir, istanbul (Türkiye), Dubai (UAE), Bangkok, Pataya (Thailand), Taşkent (ÖZB), Sigapore, we Malaýziýanyň hemme ýeri

ýakynda ýene Tailand'a dynç almaga gitmekçi. hemmelere maslaat berýän, adamlary ýaman pes göwünli. tebigat bolsa gaty arassa, ellenmedik...
salm dost antalya hakynda aydyp bereyin sana. emma bodrum, marmaris, bellek, alanya yerlerini gormedim. antalya gaty owadan yer. tebigaty. howasy gaty yssy. yakyjy gunler hem bolyar. antalyada gaty gitse 2-4 gunde negirlere menzeyan. gyneşden yana. yone antalyanyn adamlaryndan seresap bolmaly. bu yerde her milletden adam bar. seni aldap, öldürmekden hem gaytmayarlar. antalya barada yazara zat kan yone menin wagtym az. bor yene bir gun yazaryn
dashoguza indi wiza yok. arkayın gelibermeli.
Horezmşalaryn yurdyny görmeli. dashoguz hem owadan welayat şaher planly gurulyar.

hany gelin dashoguzaa
eziz türkmen, singapura gideňde sms-i maňa däl-de, atdaşa atgynyň indikiňde
oglanlar bolup, entemäge gidipdik bärdäki şäherler, şonda hiňňäldikde(karusel) uçupdyk hezil edip, soňam surata düşürdim, ynha:
UK-da köp ýerde şeýle ýerleri görse bolýar, men-ä tm-da haçan bolarka, haçan ederkäk diýip, arzuw-hyýala batyp geçýän

Londondan 1-2 surat:

1-london eye:



2- undergroundyň escelovatoryn-dan bir görnüş:



3- Daşardaky tuwaletler (pully, ýagny, 20 pence)

http://img395.imageshack.us/img395/4130/dsc01211le2.jpg
o-how, Hasan aga, siz-ä gömülgije hazyna ekeniňiz, indi menden sypmarsyňyz

oýun edýän-le, ýöne bolup biler, maňa-da örän gowy bolar. Özüm-ä Bursada okadym welin, ol ýerlere hiç gidip görmedim, nebsime ynanyp bilmedim-laý, ýogsam giderdimmikäm diýýän
Hasan aga, şeýle kömek sözleriňiz üçin, gör, nähili begendim! Minnetdar, agam!

Allah sizden razy bolsun! işiňizi bereketlendirsin!
Bursada teleferige münüp görüpdim birnäçe gezek. Bärde-de bar ekeni, ýokardan çekilen suraty goýaýyn:



birem, biz Bursa "ýaşyl şäher" diýen bolýardyk welin, asyl bärleri ýaşyl eken-ä
Ýagyş-ygal köp bolýar, şoň üçin golf meýdançalary hem dolup ýatyr, tebigy suwaryş ýeterlik mukdarda bolansoň. TM ýa TÇ-de ýagdaý beýle däl, gurap galar her gün diýen ýaly suwarmasaň
tç bilen uk nire,acylsy nalli?
TC - türkiye cumhuriyeti

UK - umited kingdom
umited kingdom
united
sagja bol,tc diyman tç yazypsyn son ucin dusunmedim,united kingdom yadymdan cykayypdyr
Kim hitrowkwda bolup gordu?
Kim hitrowkwda bolup gordu?

men yashapdym 6 ay.
narkamanyn bay yeri
men yashapdym 6 ay.
narkamanyn bay yeri

Bey diyme dost indi azaldylar?
Allaha shukur
azalsyn
Bey diyme dost indi azaldylar

diymek islardim.
daska shol prikolygynda..gulup hezil etdim.
-türkmenistan
1.daşoguz welayaty:
-Tagta etr(görogly)
-yylanly(gurbansoltaneje) etr
-gubadag(telman)
-boldumsaz
-köneürgenç
-akdepe
-oktiyabrsk(türkmenbaşy)
2.aşgabat şaheri
3.türkmenbaşy şaheri
4.mary(Bu yyl nesip bolsa
-türkiye
-istanbul
-ankara
-bursa
-izmir
-kırklareli
-kırkale
-tekirdag
-edirne
-adana
-gaziantep
-kilis
-çanakkale
-çankırı
-samsun
-erzurum
turkmenistan
mary:
murgap
mary shaheri
sakar cage
bayram ali
tagta bazar
han hovuz

ahal:
kaka
anew
ashgabat
gokdepe
buzmeyin

lebap
carjew
halac
cohdepe

dashoguz:
yylanly
akdepe
koneurgenc

balkan:
nebitdag

turkiye:
ankara
istanbul

men aslynda in uly arzulamdan biri haca gidip gormek...hayyrlysynadyr...
urraaaaaa SAKAR ÇAGE
okkes sen sakar cagelimi?
haysy db?
men shu gun shotaydan geldim dayhan db dan geldim miraj gijesini shotayda belledik bir joramyzyn oyunde
way menem dayhandana
sen kerimow lary tanayanmy?
ana shol mashgalan dunya diyip gyzy bolmaly shol gyz men kursdashym da tanadynmy?
yada atashovalary tanayanmy?
pendin gyzy sulgun men kursdashym da tanadynmy?
hawala baryny tanayan.men seni tanayan bolaymayin ya
a siz kim doly adynyz nirede okayanyz zat?
ay meni tanayan dalsinle...
maksat halliyew.ankarada okayan.owezdurda gatnadynmy
yok men shaherden.
siz meni tanamayanyz.mojet atashova yazjahany tanayanyzdyr demi?
yok men hic kimde okamadym ozim tayyarlandym.
hawa ola men gonşymam.nahili eken dayhan ili
ay erbet dal.aslynda men shaherden bolamson obany govy goryan,yone ishlerinden gorkyankyn,goryan.yone oba arassa hova cageli diymesen
onsanam iymitin kopsi oz melleginde bitya,bizinki yaly name aljak bolsam magazina ylgap durmaly dal ay garaz mena govnime yarady,joralamyn kopsi shotaydan olan kopsineha aylandym.
obanyz onat ekeni myhman soyer esasanam kursadash gyzlamyn oyi
haysı yılda
men şol yerde talyp..??

geçen yyl tomusda bir iş bilen baryp gaydypdym. 19 mayıs Uniwerstetinde bolmaly onda siz.
bäh, Rejepmyrat, meň mowzuklarymy aktiw edip ýörmüň-ä

Ýokardaky Angliýada giden şäherlerimiň sanawyna ýene birnäçesi-hä goşuldy welin, wajyp däl-laý indi

Ýene-de gidip görermikäm diýýän kä ülke ýa şäherlere, iň azyndan, öz welaýatlarymyzyň ählisine
hava da cohpete.
ay agasy turkiye mezuny
jumayewler ana sholan in kici gyzlary toy etdi shona gidipdik oda htu da okaya tanayanmy?
Menem yazayin indi.
Etraplara men yorite tema acyp aydipdim hemmesini, garaz Turkmenistanyn kop yerinde bardym. Hemme welayatlara in azyndan yilda bir gezek gidyan.
Dashary yurtlardan:

1. Turkiye (Istanbul, Antalya)

2. Gollandiya (Amsterdam, Eindhoven, Rotterdem, Utrecht, Leiden, Delft, Maastricht)

3 Germaniya (Frankfurt, Wiesbaden)

4. Fransiya (Paris)

5. Luxemburg

6. Gazagystan (Almaty)

7. Belgiya (Brussel)
Koplenc ishim chykansong gidyan. Okuw, seminar we s.m. Kawagt gezelench.
Gelin ya Sakar cage hakda yada tema hakda yazalyn
kabir dostlarymyza kartadan goren sozlerini yazayypdyrow
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy