1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Öňden bäri söhbetdeşlige dowam edip gelýärdik. Arada tm gidip gelenim üçin, 3-4 hepde gowrak söhbetdeşlik bolmady. Iň soň derman bn söhbetdeşlik bolan bolmaly.

Indi sahypadaky ýaşulylarymyzdan bir bolan mc_merw, ýagny, Myrat aga bn söhbetdeşlik gurnamakçy, elbetde, özüniň rugsat berenligi üçin.

Agajanh-nyn teklibi boyunca, sohbetdeshlik gecirilyan agzanyn suraty oz rugsady bn goyulsa gowy, ynha, Myrat aganyn suraty:



Myrat Sadykow Mary w. T.gala etrabynda doglan bolmaly. Onuň bn tanyşmak maňa Baýramaly Türkmen-Türk mekdebinde miýesser etdi. 1993-1999 ýyllary arasy okady şol mekdepde. Mekdepde kompýuter olimpiýadalary boýunça ençeme ýaryşlara gatnaşdy. Soň öz bilim güýji bn Türkiýäniň Konýa şäheriniň Seljuk uniwersitetiniň Kompýuter inženerçiligi bölümini gazandy 1999-da. Uniwersiteti üstünlikli gutaran Myrat aga soň ýene şol uniwersitetde magistratura başlady. Häzir ýa dynan bolmaly ýa-da örän az wagt galan bolmaly.

Myrat aga geçen aý durmuş toýy tutupdy, bu babatda
şu ýerde has giňişleýin görüp bilersiňiz öz açan mowzugynda.

Konýadaky Mewlana hezretleriniň meşhur sözi bar:”Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol!” diýip, ynha, Myrat aga hem şeýle bir şahsyýet, hiç kimden çekinjesi ýokdy mekdepdekä-de, unidekä-de.

Indi Myrat aga soraglaryňyz bar bolsa beriberiň!

Sag boluň!

jogaplar

Adatdakysy yaly, ilkinji soraglar yene menden:

1- "haçan öýlenmekçi" diyjek dal
2- Gysgaça öz biýografiýaňy aýdaýsaň!(yokarda yazanlarym yalnysh bolup biler, men 81-limi ya 82-lidigini hem takyk bilmeok)
3- Magistratura dyndymy?
4- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?
5- Geljekki maksatlaryň/planlaryn?
6- Agzalara maslahatlaryň?
7- Hazir nirede we name edyarsin?!

Häzirlikçe bular, sonam sorabererin-da!
1. sallahlara name maslahat beryan mc_merw aga?
2.Sallahlykdan maşgala durmuşyna geçeninizde nahili kynçylyk/üytgeşiklik başdan geçirdiniz?
4.Özüni tayyar duyanda öylenmelimi yada tayyar duymasanam öylenmek islegin köp bolmagy yeterlikmi?
Berjek jogaplaryn şuwagtdan sallah mende sabyrsyzlyk döredyar.
1.nadip gyza BOLYA diydirmeli

2.birem suratda gaharjan-gyzmarak görünyaniz welin hakykatda beylemi ya dami?
1.nadip gyza BOLYA diydirmeli

2.birem suratda gaharjan-gyzmarak görünyaniz welin hakykatda beylemi ya dami?


1. Ansat. doly özüne bagly. ya da jügine gyza göra üytgeyar 1 ya da 2

2. yok ol cool polat alemdar yaly da düşünay
Gezek berip, söhbetdeşlik gurnanyňyz üçin sag bolsun aýtýan.
Men 81-nji ýyl dogulan, 27 ýaşymyň içinde. Adymy enem dakypdyr, Türkmenistan SSR-ynyň at gazanan aýdymçy Myrat Sadyk bilen atdaş bolsun diýipdir.
Ata agaň ýokaryda ýazanlaryňa bir goşjak sözüm, men dogulamda obam baýramala degişlidi, biz soňdan türkmengalaly bolanlardan

Şu wagtlar konýa şäherinde magistratura dogam etýän, az wagtdan ony hem tamamlamakçy. Okuwyň daşyndan web sahypalary taýynlaýan firmada maslahatçy işgär hökmünde işleýän.

Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?

Halamaýan zadyň näme diýip soralan wagty kellä zat gelenok, gaýta oýa batyrýa. Iň halaýan zatlaryň diýilseň derrow sanaýyn; Aýdym-sazy gowy görýän esasanam elektronika sazlary we reggea. Bob Marley, Faithless, Armin van Buuren ýaly ussalary diňleýän. Aýdym saz ruhyň iýmiti diýilýänine göni hak beräýýän. Taryh we öz ugruma degişli eserleri, makalalary, gepleşikleri, kinolary halaýan. Başgada futbol we formula1-yň jan köýeri. Iň uly hobim bolsa pul kolleksiýa etmek, şu ýerde az kem gürleşipdik.
kop zada jogap bermansin entak, hany, bolushdyr bakaly, son yene soraga bashlajak
halamayan zady naharda az bishen sogan)
gelnej-a şu yerden duyurulur...
bir gyza gereginden kop deger bersen gyz oz aydanyny etdırmek ucin kop nazlenermi ya da oda soygıne dushunip senden de kop soyer mi
webmaster bolsanyz köp göz gezdirensiniz tehnologiya-internet ulgamy bizin yurdumyzda na derejede...göwnüni açdymy? geljekde has gowy bolar diyyanmi?
ey mena sorag soramagada gorkyan depilayjek yaly
shahyr
Gulluga gitseň adam etýa diýýäler, durmuş gurmak hem şeýleräk. Ýaşaýşyň, pikir edişin, geýinşiň, nahar iýişiň (iýýän naharyň) assa ýuwaş üýtgeýär.
Durmuşyňda täze bir period başlaýar. Gysgaja aýdaňda öýlenmek gowy
Ýöne öýlenmek üçin gyssanmaly däl. Men 25 ýaşy durmuş gurmak üçin ideal hasaplaýan. Şol ýaşa çenli okuw hem okap bolýar, gezip hem bolýar.
Öýlenmek islegiň artyberse awtomat taýyn bolarsyň.
Sallahlykdan maşgala durmuşyna geçeninizde nahili kynçylyk/üytgeşiklik başdan geçirdiniz?

Toý karary berilenden toýa çenli geçen 6 aýyn dogamynda az kem saçlar agardy. Bütün aladalary, sapaklary dynjak bolup kän ylgadym. Toý wagty hem aljyraňlyrak geçdi. Aslynda hemme zat gurnalan, taýynlanan şonda da bir hilek bolýaň, aljyransyraýaň. (Soň ýada salýaň welin ýaman prikol).
Täze durmuşdan soň üýtgän zat gaty kän. Iň esasysy wagtyňy has takyk ulanmaly bolýaň
Üýtgän zatlary kän ýazmaýyn, gelnejede kä ýarym girip okaýa. (maxat senem ägä bol...)
Shahyr agan bar beren soragy sallahlyk bilen bagly bolaypdyr. Men pikirimche mc_merw aga yaman agras gorunya suratlaryna seretsen.
1. Nache chaga isleyaniz?
2. Sonky planlarynyz TM gelmekchimi ya anyrda ishlemekchimi?!
3. Haysy sportyn gornushi bilen meshgullanyanyz.
men shu taydan mc_merw'e shuny diymek isleyan.öye irrak bar!)
bul-a bolaydy
yalnyş pikir etman. men gelini daldirin)
gelneje kawagt okayar diyda bir yerde diymek yanyndadyrda...
el_mariachi
webmaster bolsanyz köp göz gezdirensiniz tehnologiya-internet ulgamy bizin yurdumyzda na derejede...göwnüni açdymy? geljekde has gowy bolar diyyanmi?
Internetiň ýagdaýy kän öwerlik däl. Sebäbi talap az, talap döremegi üçin bolsa hususy firmalar köpelmeli. Dünýade internetiň ýaýramagyna asyl sebäpkäri reklama. Firmalar has kän klient, has gowy hyzmat, kankurensiýa üçin web sahypalaryny ulanýalar.
Başgada döwlet edaralary raýata habar etmek üçin ýada pikirmek ýaly ýagdaýlarda ulanýa.
Birem internetiň gymmatlygy negatif täsir etýa. Eger hökümet diňe aşgabat däl hemme döwlet edaralaryna we mekdeplere internet çekse, birem azajyk el ýeterli etse derrow ýaýrar. Hökümede girdeýji gelip başlar welin tyzlygyny hem artdyrarlar.
harmandali
Nache chaga isleyaniz
Men iki çaga isleýan, ekiz bolsalar has gowy. Biri ejem üçin, birem kakam üçin. Belki uzagyndan dünýä üçin diýip ýene biri .
Sonky planlarynyz TM gelmekchimi ya anyrda ishlemekchimi?!
Ýakyn wagtda magistraturany tamamlaýaň, soň doktora üçin gerekli hemme şertler taýyn (bahalarym gowy). Doktorany hem okasym gelýa, bu diýmek TR-de ýene 3-4 ýyl ýaşamak diýmek. Aslynda bärlerde kän durasym
gelenok. TM gidip Maryda ýaşasym gelýa, ne aşgabat ne-de başga şäher. Kiçiräk bir reklamnyý agentstwo açmak hyýalym bar, partner (paýdar) tapylsa ulyrak hem açsaň bolar.
Haysy sportyn gornushi bilen meshgullanyanyz
Jan köýer hökmünde futbol bilen formula1-i halaýan. Izgiderli meşgul bolýan sportum pökgi depmek Birem suwa girsem ýüzmäň kemi goýamok.
Ustunlikler hemranyz bolsun geljekki maksatlarynyzda, durmushynyzda-da! Gelnejemizem sahypalara gelaysin belki jora bolars

Nahili kitaplary halayanyz?! Dedektiw, durmush, goshgular, fantastika..
1) Sen yashlygyndan komputershik boljakdynmy? Nadip komputer bilen "tanysh" boldun? (meselem birinji gezek mekdepde komputeri gordin, ya-da ene-atan komputershikler)

2) Kitap okamagy soyyanmi? Nache yashynda kitap okap bashladyn?

3) Universitete girmek uchin nadip tayyarlyk gordin? Abiturientlere maslahatlaryn:

4) Komputer inzheneri bolmaga bashgalara maslahat beryanmi?

5) Komputer inzheneri bolup adamlara(jemgyyete) nahili komek edip bilyan ya-da biri edip bilyar?

Jogap bersenem bermesenem sagbol.
Myrat aga, käbir soraglara jogap bermedigem bolsaň, men ýene bir-iki sorag soramakçy:

1- Bilşime görä, sen köp sanly sahypalary dizaýn edýän bolmaly! Hatda, içinde başga dillere degişli hem sahypalar bar öýdýän.
Indi, şol sahypalara hakerlar hüjüm edýälermi?! Hawa bolsa, olary goramak kynmy?! Şuňa meňzeş ýagdaýlar barada gysgaça aýdaýsaň!

2- Şu forumlarda kä agzalar hetden aşýarlar kä agzalaryň üstünden gülmek ýa aşa käýinmek/söwünmek arkaly. Şeýle biri saňa-da güljek boldumy haýsydyr bir forumda/sahypada?! Hawa bolsa, netije näme boldy?! pikirimçe, şeýle biri ýa birnäçesi bolup, soňam şol sahypa gaýdyp girmez ýaly boldy öýdýän
salam!hemme zada dushundimde MC haysy manyda?ya da manysy name..kompyutershik diymega dal shona bilyan..
nury han ,bir manysy bardyr ,kabirleri shun yaly goyubam basyp yor ,mc dan many chykarsan chykarybermeli yone skopkada many yok.
Mc didar on aytda how,
men soyen didar diyp.
bu ms merw diyyara.
way men shu mc_merv agany telewizorda goryanmikamay yada men sheyle piikir etyanmikam
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!