1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,
beyyybe shol garashylan gun hem yetip geldi,ayyy ata akganyn bergisi bardy,bir gazan.menem name getirme diysemem,getiripdir.scotland,dan.onson bizem name,"garny doka bela yok"diyleni garny doyuryp,sizin,yagny agzalaryn,gulaklaryny shanlatdyk!!
wah palowyn,bürünjiha,barmak,yaly bürünchdi,
ustindaki eti-de üch kiloluk towukdy,
wah biraz duzsuz diymesen,palow super bolupdy,
ata akagamyz bishirse derde-dermandyr palow!!





jogaplar

eý, bar-a, Garabekewül jan, masgara edipsiň-ä meni

Myhman bolup gelýän, maňa palow bişirdýär
Bir meňkä gel, edişimie bir seret

Palowa adam dakýar üstesine

Neme, puly özi berdi-laý, şoň üçin kän bir gaýgy edip duramokk, garyn doýdy, şükür
hany, beýleki surat
paňlan bolup, talyplara girensirän bolup surata düşüpdiň

mende-de biri bar, tapsam pylçaryn şu ýere
Neme, bu Garabek jan meni Londona aýlamalydy welin, men ony ertir aýlaýmasam, onda-ha tolk ýok

Bir tonna surata düşme kül-küli bardy welin, "tamaňy tala daňaýmaly" zor ekeni-dä olam

Aýlamasa aýlaman geçsin, özümjek aýlanaýaryn
beybaa talyp.comda name tazelik barkanay.
Hä, duşuşyk gowy geçdi, diňe tm palow iýip, agzalar barada ganar-ganar gyýbat etdik

Garaz, kä zatlary ýatlap gülüşdik, bile Londona aýlandyk, bazara gitdik, zat satyn aldyk we ş.m.

Häzir bolsa öz öýüme gitmekçi, ertirem, enşallah, tm!

surata düşsek ýene goýarys, enşallah!
beybaa talyp.comda name tazelik barkanay.
ahowww ata aga london gijesine owadan bolyarey.gaty owadan bolyar.ynanmasan hazir gidip barlarys howw.surata duship,
salavmaleykum yaş yigitler (yaşuly diymäge gorkdym)!
içdäňiz gaty giň bolsun! agajan şol ata agaň bişiren palovundan maňada ugratsana!
ata aga tm haçan gaytyaňay?
gitseň sag aman gidip gel!
kyn görmeseň mara degip geçip bimermiň(gorotdela)
ertir, enşallah, ýola çykýan.
birigün irden aşgabatda bolaryn ölmän ýitmän dursam

Sag bol, jigim!
Neme, Garabek jan, ýör onda, Güne tarap

Hany, göreli gijesine nähili owadan bolýamyş bärleri
ata aga näme ölüme gidip baryaňmay.gaty erbet hoşlaşdyňla!
näme yzyňa geleňokmy agam?
Neme, Garabek jan, ýör onda, Güne tarap

Hany, göreli gijesine nähili owadan bolýamyş bärleri
3 günlik pany dünýädir-dä, näme, ebedi ýaşajak ýaly ýazypsyň-la, inim
waleykim salam goja,bizem iki bolan bolup,garry diyen bolyanley....ay kakabay gich galsan bolayjagy shul,ata akga iyip gutarda howw.mena gorkup bashladym,meni bir iyaymesin diyipine barjasy bilen onusharsynda,ishdan achykkkkkkk
eý, entägem öňümde dur, ýetiş, Kakabaý, ýogsam gürüm-jürüm bolar az salymdan
eyvay hany guyyan yokmy!
Haha bulary gulkunchlay siz Iki bolup bir jayyn ichinden yazdynyzmay bu yazgylary?! Tuweleme dunyan her kunjeginde dushushyklar gechirilyaray. Ishdaniz achyk bolsun!
ohow kakabay menem şuna diyyana!!..palaw iyeris bile,guleris da..garyn yazarys dil yazarys
ata aga! murtyna gelşipdir(manken)
ha-ha, murtmy, mankenmi

men we mankenlik - bular bir-birlerine düýpli ters manyly sözlerdir, Kowus jan

Wiý, ýene Garabekewul bn surata düşdik, murtlyja men ýene-de

özi goýmandyr ekeni, men goýaýaýyn, ýöne beýlekileri özi goýmasa, mende ýok

maňa garabekewul: "ata aga diýip ýör ýöne" diýsem, men uly görünýän ekenim-ä onda, çyndanam

murtly bolamsoň-a hasam
wiy ata aga men sana garrymykan oytdum entek dal ekenine ay ta aga scol palawlaryndan bir bizede posylka yollayda,berde palawyn yagyny tapamokla,ahli yaglary zynypdyrlar--jir diyip:-(
duruň-how, öýlenmäkäm garradyp goýduňyz-la meni

indiki ýyl öýlenmekçi öz-ä, onsoň diýiberiň garry

Degişme bir ýana welin, şu "ata aga" diýmekleriniň asyl sebäbini öz pikirime görä beýan edeýin:

Her welaýatyň bu babatda üýtgeşigräk usuly bar bolmaly. Lebap we Daşoguz taraplarda özünden 1 ýaş uly bolana-da "aga" diýip ýüzlenip bilýän bolmaly.

Bärde bolsa umumy. Maňa aga diýýänleriň aglabasy Türkiýeden tanaýan bolmaly ilki başlarda, olaram maňa Türkçeläp "abi" diýýälerdi. Sahypa Türkmençe bolansoň, maňa "abi" diýjeklerine "aga" diýsinler diýdim. Olar "ata aga" diýensoňlar, meni görmedik, tanamadyk agzalaram ýaşymyň örän uludygyny pikir edip, "ata aga" diýip başladylar öýdýän, onsoň menden uly biri hem bolsa, maňa "ata aga" diýip ýör

Agalyga men mynasyp däl, ýöne diýýänleriň hormat we sarpalydygyna baglaýaryn!

Palow barada bolsa, Garabekewullerde iýipdik, az-owlak galan bolsa, adresiňe poçta bn iberäýsin
yene -de palawly gunlerin birinde
hemme yerde, suratlarda, kommentlerde gorunishi yaly, siz, yagny Ata aga we Garabekewul aga bir yerde okayan bolmaly?
YOne iki turkmen bolup bir yerde okamak sizin uchin nahili duygy. Mysal uchin, menin yanymda Turkmen bar yone onushamok,
Yone Ata aga we Garabekewul aga sizin uchin nahili bu duygy?
Beh, oň bn bir ýerde okamok-how, 1 şäherde bolsa-da kurslarymyz. 1 ýerde hem ýaşamok, adreslerimiz üýtgeşik. Ýöne ýene-de gowy ýaşaýas - düşünişip, dogan-jigi ýaly bolup, elhamdulilah

Mümkin, bir ýerde ýaşan bolsak, aram-aram özara düşünişmezlikler hem çykyp bilerdi kiçi-girimräk, ýöne uzagrak bolamyzsoň, bu ýagdaý ýüze çykmady henize çenli-hä, mundan soňam çykmaz-la, enşallah!

Ýöne seň ýanyňda başga bir türkmen bar we oň bn hem düşünişip bilmeýän bolsaňyz, örän geň. Sen-ä düşbije gyz bolmaly ýazgylaryňa görä Ol gyz/oglan hem şeýle bolsa, onda säwlik bolmaly däl, ahyryn?!

Diýmek, onda 1(näçe) säwlik bolup bilermikä diýýän?! Garaz, öňem-ä beýan ediňdiň şu ýagdaýy welin, şeýle etmeginde men-ä many göremok onuň. Çünki, hemişe-de ol nägile bolýan ýaly ýazypsyň. Eger ýagdaý şeýle bolsa, onda onda säwlik bar, pikirimçe.

Sabyr et we Allahdan ýagdaýyň düzelmegi üçin dileg et! Sebäpler we synaglar dünýäsi bolany üçinem, durmuşyň kada-kanunlaryna laýyklykda hereket etjek bol!

Garaz, sen sen bol-da gowulyk et. Gadyr-gymmatyňy bir gün biler, ol bilmese-de Biribar biler. Şoň üçinem sen gowy bol, gowulygyňa dowam et! Dileg hem et! Ynha, şu ýagdaýda Biribar hem dilegleriňi kabul eder we araňyz düzeler diýip umyt hem-de dileg edýärin!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!