1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz


Şu wagt gije 3 bolup gelýär. Kän gepi owadanlap biljek däl. Şeýleräk bir blog açaýyn diýdim.

hajathana şäherleşen adamzat medeniýetinde aşahana barabar möhüm orun tutýar. hajathana diňe iýeniňi daşary çykarmak üçin däl arassaçylyk üçin hem möhüm ýerlerden biri.

Ýokardaky suratda Türkmenistandaky hajathanalardan bir mysal görýärsiňiz.

Mramrdan million dollarlyk bina gurmak ýerine halka gowja, arassaja syçar ýaly (bagyşlaň) hajathanalar gurmaly öýdýän. Esasan hem söwda edilýän ýerlerde gurulmaly.

Bu bolsa Gazagystanyň hajathana ýagdaýy barada

jogaplar

Mramrdan million dollarlyk bina gurmak ýerine halka gowja, arassaja syçar ýaly (bagyşlaň) hajathanalar gurmaly öýdýän. Esasan hem söwda edilýän ýerlerde gurulmaly.

halk barada olar pikir edeonklarda! ozlerinde mramordan hajathanalary bar, halka gowy hajathanalary yasamak name gerek.
men birden hajathana barada yazasym geldi.

biraz amerikadaky kolledjlardaky hajathanalar barada:

* unitazda name "galdyran" bolsanyzlar ol ozi yuwulyar avtomaticheski

* elini yuwanda suw ozi akyp bashlayar, dine elini kranyn ashagyna uzatmaly

* elini kagyz bilen supurjek bolsan dine kagyz beryan mashinkan yanyna barmalyda elini uzatmaly

wiii, yene yatdan chykan: bu amatly "zatlar" adamlary bagtly edenoklar. in kop turmelerde oturan adam nirede diyip pikir edersiniz? kim bilmeyan bolsa amerikada.!
men şuna düşünemok
tm barada 1 zat aydylanda şol mramarlyja jaylara göz dikilyalay

-ony gurjagyna adamlara iş bersin
ony gurjagyna diş bersin
ony muny indem WC bahan boldumy!!!
---------------------------------------------
TM-de geregindenem köp pul bar edesi gelse belkem edesi gelyandir emma syyasat yalnyşdyr -o-bu ahmal!!!
---------------------------------------------
birem halk bolup hemme zady döwletden garaşmaly dal döwlet-başlyk şat bolsa bizem şat dok bolsa bizem dok ... birhili bizin yaşayyşymyz ON moral yagdayyna bagly bolmaly yaly....beyle yaşasak hiçwagtam gozganmaymasak...

Birhili gözli kör yaly yazyanam welin TM-nyn yagdayy hakykatdanam gowy dal yöne men şuna garşy---dine bahana bahana bahana...
bu hajathana poyezdinki dalmi? yadyma dushup gitdi...
Wakgish Faraby aga natdinizay muny?! Ol surat poyezddaky hajathana yalyla?! Galan yerlerinki onun yaly dala how. O surady kim dushuripdiray onun yaly nejis hajathanany gozlap tapandyrda?! Bilgeshleyin sheydip hapalapdyrlar oydyan.
A men zada garshyrajyk ine muzey guryalara birgiden shol nama gerek bara 1-2 sany boldy-da onun ichinde name goyjaklaray. Ona derek yelyeterlije edip jay gurmaly. Onam adamlaryn yashap oturan jayyny yykyp dal-de shaherin gyrasyndan bir tazeje shaher achyp gurubermeli. Son kop yurtlarynky yaly kone shaher taze shaher bolar. Bizde bosh yer kan ahyryn. Bashga-da sh.m peydalyja zatlary gurmaly. Hajathanany bolsa her jayyn oz ichinden guraymaly wiy ol shonda-da bolarla.
Ine Ruhnama mekdebi gurdular shona nache $ berip giryandirler oydyaniz?! 100 –200$ aralygy. Mekdebe soz yok super howesine-de okarsyn yone goy shonun yaly mekdep kop gursun beyleki chagalaram okar yaly.
Ertekiler dunyasi shony her welayatda gurmaly men pikirimche.
uytgesik turkmenler yenede sana akyl pikir beren bolyarlar we agyzlaryna name gelse aydyarlar hayran galaymaly aslynda hayran hem galmaly dal cunki bu yeri talyplaryn ozara pikir alysma nokady dalde chatlasma nokady bolanson hemme zat diyip bolar yurtdasyna cykyp batyrsyrayan turkmenler
batyrsyrayan turkmenler

Mena batyr turkmen diyerdim! Onsonam name diyjek bolyandygyny doly dushundiraysene in bolmanda birje gezek!!
Aslynda hajathana hakda gurrun edilse edilmese ol durmushdaky zat ahyry birhili bolsada!
A sen ozun gelip barde hey bir peydaly zat edyanmi?!
su yerdemi yagny su saytdami eger dogru durus bir zat bolsa ederdim yone bagyslan turkmenistan hakynda azajygam bolsa peydaly zat edyandirin diyip pikir edyan nameligi sizi gyzyklandyrmaz siz yamanlamaga dowul salmaga dowam edin menem name etjegimi ozum bilerin
Jankaka mena seni yamanlap gazanyan zadym yok dineje birazajyk sana dushunjek bolyan!
Ine "kim mamla" diyip bir tema achdym seni gyzyklandyryan bolsa okap gor shol temany. Bashgada barde gyzykly okuw bilim hakda temalar kan yone sen olan hich birinde zat yazman gelip shunun yaly yerde yazyp adamlary garalap gidyan!!
dogry temalar bolsa olara zat yazip oturmagyn hem geregi yok yone biderek gerekmejek tema hakynda soz acylsa biderek adamlaryn beynisini zayalayar
Uruş beter mi,yer beter talyplar.comdaky agzalar biri birinden beter.(oyun edyan)
dogry temalar bolsa olara zat yazip oturmagyn hem geregi yok
orslan bir söz bar doly yadyma düşenok
türklenkem bolmagy ahmal

hemme kişi bay bolsa sygry kim bakar!!!
edil palcylar yali dimek islediniz oydyan londandaky gyzyn jogabynda yazyshynyz yali bir okap gorun
kime diydigin bolya jankaka bu yazan zadyn.
londandaky okayan gyzlaryn dykkatyna diyen tema girseniz bilersiniz
Kellamy agradyp şol mowzuklary gözlemegime degmez.Wagtym gider.
onda edyan oynynuza biraz ceki duzen berin hayist

ony gurjagyna adamlara iş bersin

Hawa şuny etmek döwletiň emläkden öň etmeli işi. Adamlara iş bermek. Ýa-da adamlara iş berýän maýa goýumyny döretmek. Ýa-da adamlara iş berilýän sferany döretmek. Bu bolsa edil häzirki dünýa ekonomikasyna seretseň hususylaşdyrmak bilen amala aşyrylýar. Biziň döwletimiz bolsa näme edýär? Hususylaşdyrmak beýlede dursun hususy iş etjek bolýana hem hukuk döwleti bolmagyna ters düşýän zatlary ýagny hususy iş etjek bolýana dogry döwlet organy tarapyndan azar berilmeginiň öňüne geçip bilenok. Haýsy adamlaryň adam şekilli ýaşaýan ýurdunda biznesmeni her iki ädimde duruzup pasport soralýany görülipdir?! Şonuň üçin döwlet ony gurjagyna adamlara işe berip bilýän sferany döretmeli edil häzir we adamlary ýurtdan gaçyp türkiýede awtomoýkada, aňyrda-bärde işlemez ýaly etmeli.


birem halk bolup hemme zady döwletden garaşmaly dal
eger ekonomikanyň 80-90 prosendi döwlediň elinde bolsa bu häli sowet sistemasyndan çykyp bilmändigimizi görkezer we edil sowet sistemasynda bolşy ýaly halk adaty ýagdaýda hemme zady döwletden garaşar.
Gelin bizem bir gowy ish edili watanymyz uchin.

1. Gelin matematika klublaryny achalyk
2. Gelin shahyrlar klublaryny achalyk
3. Saz klubyny
4. Barde we bashga saytlardaky yazylan goshgulary neshir edelik
5. Arhitektor, inzhener.. bolup dowletimize gaydyp gelelik gowyja hajathanarly yasar yaly!
koroce halayyk!hajathana gurruni yaman gowy emma,dowlet hajathanalar bilen name işi bolsun?ony hajathanaly yerler(edaralar) etmeli..arassaçylygyna da sanitarlar seretmeli.seretmeli diyemdede pul üçin barlaga gelmeli dal,arassaçylyk üçin gelmeli!!
ayuuuuu adamlar düşünmedimle bu movzuga kimdir-biri gazagystan tualedy barada yazypdyr,yenede biri amerika türmeleri diyip yazypdyr,yenede biri turkmenistan ekonomikasy hakda yazypdyr,yenede biri batyrsyrayan turkmenler diyip yazypdyr,gepiň tümmegi kaşaaaaaaaa edipsiňizay bärini!

kakajan(jankaka)seniň "yurtdaşyna çykyp batyrsyrayan turkmenler" şu sözleňe nähili edip düşünmeli, haysy manyda yazdyň?düşündirsene hayyyyyyyyyyş!
beyba ilki bashda suraty gowy synlaman,kosmosdan dushirilen suratmyka diyip pikir edipdirin
garabekewül dos sen aonardynay muny? kosmos my?haha..kosmos şonun yaly hapamay?
1nji bn size tazelik, tmde ahli yolagçy poezdler tazelendi, ol önki sowetden galma poezdler hem taryha girdi.
yöne umuman türkmen durmuşynda, hajathana kan seredilmeyar.
obalara seredin, tuwaletleri hiç hem arassa dal, yagny döwlet edaralarynyn tuwaledi dal-de, yaşayyş jaylaryn öyleri hem kan bir arassa dal.
ing uly kemçilik suwyn bolmazlygy.
we "turkmen name, çopançylyk edip yöran halk bolanson, tuwalet gurmany hem orslardan öwrenipdir" diyen gürrün bar.
garaz, umuman turkmenistan halkynyn kan tuwalede, arassaçylygyna uly üns bermeyandigini göz önünde tutmaly.


ohow!galtaman haçandan bari tayak iymedinay sen?türkmenlere oynedibem beyle diyme how!çopançylygy hemme halkam etdi..her halkyn çopany bar,alymy bar,şahyry we bagşysy bar..türkmenlerinem şonun yaly :@"tuwalet gurmany" belki son owrenendiris welin,arassaçylyga üns berilya..obada bolmanyn belli bolya..obadakylaram tuwaledini "käbä" tarap guranok,şonam bilip goy..arassaçylyga üns bermeyanler yaltanyp bermeyan bolaymasa..

"Bir suprada tayyar kylynsa aşlar,
göteriler ol ykbaly türkmenin"
rebuilder, men "ol orslar öwretdiler" diyen sözünin daşynda yörite goşa dyrnak ("") goydym. şol zady yöne yere ulanmadym men. we sonunda "diyen gürrün bar" diydim.
obada tuwaledin nahili gurulyandygyny bizem biraz bilyas, dogan, yagny 3 metr çukur gazyalar, üstünden agaçdan yasalan tuwalet edyaler, içindaki deşigin hem üstü yapyk dal, yagny ysy erbet. suw ulanyanlar hem köplenç ayal/gyzlar we yaşulylar, erkek çagalara göni ayakda siyip (bagyşlan) gaytyar, 14-24 yaş oglanlaryn hem 60-70 %i suw ulanmayar, elbetde yewropa halkyna göra yene-de begendiriji.
sizin obanyza gidip göremok, kafellije, 24 sagat suw akyp duran, tuwalet kagyzly, erbet ysy gideriji sabyn, "fan"li tuwaledi dineje şaherde gördüm, obada dine aşa baylar edyan bolaymasa. ony hem gaty köp çykdayjy çykaryp edyarler.
19 asyrda türkmenlerin köpüsi çarwa bolup yaşan, yagny çopançylyk bn meşgul boldylar, yerleşik jemgyyetde yaşamadylar, şol sebaplem tuwalet gurmandyrlar.
çarwaçylyk-medeniyetsizlik dal!olam bir medeniyetdir-daarassa yaşamazlyk bizin medeniyetimizde arassaçylygyn yoklygyndan dal..aydyşym yaly,yaltalykda..gepin tümmek yeri biz birbirimize düşündük-da
medeniýet sözünüň gözbaşy ýalňyşmaýan bolsam şeýleräk.

medine arap dilinde şäher diýmek bolup medeniýet şäherli bolmak manysyna gelýän bolmaly.
ol aydyanyn dal oydyan dos..
tamizlik imandandyr diyilyar gelin tamiz arassa yasalyn
bärik men zat ýazmandyryn-laý

tm-däki öňki umumy hajathanalar göz öňüme gelýär. gysga wagtlyk gulluk durmuşyndaky banýo we hajathana ýagdaýyny ýatlap, hem gülýän hem-de utanyp gidýän.

UK-da şu hajathana ýagdaýy daşarda-da prb bolanok-how. Delil isleýäňizmi, ynha:

ýokardaky surat londonyň bir ýerinden görnüş

tamizlik imandandyr diyilyar gelin tamiz arassa yasalyn
jankaka


geliň

berekellah, jankaka!
daşyna seredip baha bermek ýalňyş, şoň üçin surata seredip öwüp biljek däl. kim bilýär, içinde suw akman, porsap duran bolsa, deşigiň içine-daşyna buşugylyp.
kombat--dogry aydyan,harkovdada dasy alla name koplenc ici huday saklasyn ysy beynini oldurjek
samolýotlarda-da köplenç şeýle.
samalyotdad kop dus gelmedim welin poyezdinki gaty erbet
kim turkmen orta mekdeplernin hajathanalaryny gordu?
NO comment.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy