1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , , ,
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Men siziň bilen ýene bir hekaýany paýlaşmakçy:

Şäheriň çetiräginde, asudalyk ýerde iki maşgala goňşy bolup ýaşaýadylar. Olardan biri örän gurply, maddy taýdan oňat ýaşaýardy, ýagny, Bibi bilen ýanýoldaşy Myrat. Goňşulary bolsa, olaryň tersine garypdy, ýagny, Maral bilen Geldi. Şeýle bolmagyna garamazdan, garyp maşgala örän şat ýaşaýardy, olary ynsanlar bagtly hasap edýärdiler. Sebäbi olar hemişe Biribara “bereniňe şükür” diýip, kanagat bildirýär we şükür edýärdiler. Ýüzleri hemişe gülerdi. Özlerini beýleki ynsanlara garşy hemişe oňat alyp barardylar, şol sebäpli-de, hormata mynasyp hem görülýärdiler. Baý goňşulary hormatlanýan hem bolsalar, şeýle bir şadyýan ýaşap baranokdylar.

Bagtly bolmazlyklarynyň sebäbini öwrenmek isleýärdiler Bibi we Myrat. Iň sopunda Bibi goňşusy Maralyň ýanyna gidip, ondan nädip bagtly bolup biljeklerini soramagy makul gördi. Gidip sorady. Şonda Maral özleriniň “altyn toplarynyň” barlygyny, ýadaw we gamgynlyklarynda şol “top” bilen oýnap şatlanýandyklaryny aýdypdy. Şeýlelik bilen hem olaryň bagtly bolmaklarynyň sebäbi ýüze çykypdy. Bibi hem derrew öýüne gelip, baý bolan ärine altyndan bir top satyn aldyrdy. Olar tukatlyklarynda şol top bilen oýnamaga başladylar. Olar şoňa seretmezden, ýene-de şadyýan bolup bilenokdylar. Bibi ýene Maralyň ýanyna baryp, ýagdaýy oňa bildirdi we maslahat sorady. Maral bolsa oňa “altyn toplarynyň” gymmat baha daş däl-de, öz çagalarydygyny aýtdy. Muny eşiden Bibi öz eden säwligine göz ýetirdi. Şonda ol öz içinden şeýle diýdi:”Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar “ diýip, örän dogry aýdan ekeniler ata-babalarymyz!

jogaplar

Iki zat aýtmakçy:

1-Hekaýadaky atlary toslap tapdym, soň maňa sögmäň "meň adymy doýupdyr!..." diýip

2- Bu mowzuga goşmaça we gerekli maglumat hökmünde Maşgala bagty üçin altyn kanunlar mowzygyna hökman seretmegiňizi maslahat berýärin!


men jana wagtlam
ha-ha, onda senem ene-ataň üçin bu dünýädäki Biribar tarapyndan berlen iň beýik nygmatlardan biri ekeniň-dä Özem ýokardaky

Waý, ol çaga seret, maňa seredýar-aýt
Naçe ýaşyňdadyň?!
kim dalay ata aga..
sadikdedim öza yuwaşja eyjejik birzatdymlay
2 yada 3 bolmaly
wah özüni öwüp yykdynla talyplar.comda
hahaha
ön diydima men indi gören 2 sapar seretya how
ynsany tanamak üçin bir gezek seretmek yetya.
2 gezegem bah bu owadan zat bizin materiyalymyzdan yasalanmykaray diyip seretyalermiş
xaxaxax
miş myşa ynanmayanda el_mariachi agajyk.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!