1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  , ,
Agzalar,salam!
Bu yazgym bilen,talyplara "com back" edyan
Men bu gun pravamy aldym,begenjimi ichime sygdyryp bilman,talyplara-da yazyan
Indi ishime ozum gidip bilyaan.
Kopiniz uchin adaty zat yalydyr prava almak,namesine begenya diyyansizem,yone fransiyada prava almak uchin itin gorgusini gormeli.
Birinjiden, gaty gymmat,1000-1500 yevro aralygynda;
ikinjiden,teoriya hem-de praktika ekzamenlerinin kriteriyalary kyn,birinji gezekden alyan adam az(dine 48% adam bir gezekden alya statistika boyuncha);her gezek teoriya yada praktika ekzameninden yikilanda gaytadan sapak almaly,gaytadan avtomekdebe yazylmaly,sheylelik bilen prava ayryp goyan pulun iki essesi gerek bolya.
sheyle kynlygy hemem gymmatlygy uchin fransuzlaryn ozem yevropanyn beyleki ansadrak hemem arzanrak prava alyp bolyan yurtlaryna gidip gechip gelyaler.


jogaplar

dost pravaň bn gutlayan!
sag bol,kakabay

P.S.Bolyan yurtlarynyzda prava,mashyn yagdayi barada yazaysanyz,agzalar;
hoş geldiň cendrillon!
dost nirä yitip gitdiňay?(soňky dövürler köp agzalar yitdi)
pariž nähili ovadanmy?sende galan täsirleri barada yazsana!onsoňam düşüren suratlaryň yokmy ol yerleriň?
kakabay,men dost dal-de jora boljak sana
paris-in suratlaryny goresin gelse,ayratyn movzuk achyp goyayayin.
bagyşla jorajan(duymadym)
ok men seniň suratlaňa garaşyan!
vsyo taki hoş geldiň!
Cendrillon gutlysh

Bu yerda juda bir kyn dal diydiler prava almak! $25 ya 20 tolaymeli, birinji gezekde examden gechmesen, 2nja hachan geljegini aydyp adyny yazdyryp gaydaymalymysh! Prava alan joram bar, shol shey diyipdi!!
Cendrillon hosh geldin tazeden!! Indi bir yitmaweri sensiz ichimiz gysyp gitdi ahyry
Prawanam gutlysh menema bir arzuwym bar prawa almak. Barde okaman puluny bersenem prawany eline beryaler. Yone tersine okan yagdayynda-da egzaminda sahel bahana tapsalar hem yykyalar zat bermesen.
Men bir jorama 3-nji gezekde egzaminyndan gechdi pulsyz.

Men hem öz gezegimde...

aý, bolýar-la, adaty gutlaýaýyn:

Hawa, täze "prawaň" bn gutlaýýan, uýam!
Sizde almak kyn ekeni, bärde-de aňňsat däl öz-ä!

Bärdäki ýagdaý:

1- "Learner driving liçençe(gögele/öwrenje sürüji şahadatnamasy)" almak üçin, 34 pound pul we pasportyňy degişli adrese iberýärsiň poçta arkaly. 3 hepde soň gelýär. Munyň öz şertleri bar ýöne, ýagny:
1- hökmany ýagdaýda sürýän maşynyň yzyna we öňüne "L" plakaty/yşaratjygy goýllaýmaly;
2- hökmany ýagdaýda ýanyňda ussat sürüji bolaýmaly;
3- ilki esasy uly ýola çykman, az maşynly ýerlerde sürmeli.

we ş.m.

A doly "prawa" almak üçin bolsa, sapak almaly aýratyn, olam 1 sagady 25 pound=50$. Täze başlan biri üçin azyndan 12 sagat gerek bolýar. Hem teoriki(test) hem-de praktika/sürmek taýdan synaglar geçirliýär, olaram pully, takyk bahasyny bilemok, ýöne franssiýaňkydan-ha arzan

Şeýleräk bärde ýagdaý-a!
Ýöne alsaň pasport hökmünde UK-yň her ýerinde ulanybermeli. ýanyňda äkidip ýörmegem gerek däl. polisiýa sorasa-da "ýanymda ýok" diýäýmeli, onsoň gerekli görse:"1 hepdäň içinde iň ýakyn polisiýa ofisine getir!" mdiýip goýberýäler.

TM-däkini hemmeler bilýän bolsa gerek
shadiyanja,harmandali,ata sag bolun.

hich haysy alan diplomyma shu prava alanymdaky yaly begenmedimlay

oye jan edemde,atama prava gechip yorun,gaty kyn barde diysem,mana pylancha dollar ibersen,iki prava alyp bereyin diyip oyun etdi
elbetde turkmenistanda pul berip almak arzan yoly-da,yone fransiyada turkmen prava prava bilen mashyn surup bolanok,hemme zady gaytadan gechmeli,shona tm-dan prava getirdip peydasy yok;

ata,angliyada prava almanyn birinji yoly arzanrak dushyandir,barde dine doly prava alyp bolya,almaly hokmany 22sagat/40€;
her gezek ekzamenden yikilanda hokman 3-4 sagat tazeden almaly,her ekzamenden yikilanda azyndan alty ay garashmaly(yikylyan adam kop bolanson yer az ekzamene);
yone anyrdaky yaly paspordyn yerini tutya;

birinji gezek avgustda gechip yikildym,shondan bari garashyadym,ahyry dyndym kellagrydan;
shadiyanja,usa-da dine "tizlik gutusy" avtomatik bolan mashynlary suryaler diyyaler,dogrumy shol?
gutlyş, ýene bir gezek

bärde tm prawa UK-ýa ilkinji gireniňden soň 1 ýyl kabul edilýär, şol 1 ýyldan soň kabul edilenok. Men häzir täze prawa alaýsamam kabul edilenok, sebäbi men 2 ýyl gowrak bäri bärde.

Iň gowusy hem köneje maşyn alyp, bilýän biri bn öwrenmek, onsoň özüňe ynamyň bolanda, gidip, 1-2 ýa-da 2-3 sagat ussat öwredijiden pul töläp sapak alaýmaly, bolany!

Ýöne maşynyň ruly bärde sag tarapda-da, kanunlar hem şoňa laýyklykda. Onsoň başda kyn bolýar, skora geçirjek bolup, sag eliňi aýlaýaň welin, gapa "mallç" edip degýär
Bizde mashynyn ruly sag gapdalda a galan hemme yurtda chep tarapda name uchin sheyle?!
Son Cendrillon yolda shu wagt arkayynjak surup bilyanmi?! Men biraz gorkyan yola chykmaga. Ay men pahyra ynananoklaramlay welik suryan weli yone mashyn entek gorkyanlay.
"Bizde mashynyn ruly sag gapdalda a galan hemme yurtda chep tarapda name uchin sheyle?!"

kim öwretdi muny saňa
ajykdyň öýdýän?! Käşir, pomidor zat iýibem bir ýazyp gör, jigim

Sen tersini ýazýan bolaýma?!
ohoo cendrillon jorashkajan gutly bolsun, prawan, bah menin birinji saparky prawamy alanymdaky duygulary senem bashyndan geciryansin onda
wiiiiii hacan yuwyan
Sen tersini ýazýan bolaýma?!

bah yalnyshyp zat edip yazar yaly dallay srazuw naharhana iberyaleray
Käşir, pomidor zat iýibem bir ýazyp gör, jigim

arzanrajyk zat tapmadynyzmy bu gushda olaryn yanyna barar yaly dalow
neme, has köp peýda edýär, witamin, ojuk-bujugy bar diýen ýaly etdiler-dä, şondan diýäýdim-le. Bolýar, onda kartoşka iýiň, ýa olam gymmatmy

Ýalňyşş ýazmajak boluň-da how
ata aga hazir ing gymmady kartoshkaya

viy neme siz name ishlap yorsuniz? sizin yurtdaky adamlar uje naachinji duyshinde uchup yorendirler...

pravan gutly bolsun cendrillon!

tazeje prava bilen milkan mashynyny manlayyma degiryan mana hem nesip etsin!
milayim jora,sag bolduyn gayinlarym bilen restoranda yuvdum,viyy,begenip menin pravamy olar yuvdular
gel,bu gun gichlik yene yuvjak

Harmandali,gorkanokmy diyyan,yok surmekdena gorkamok,gorkmak periody gechdi, avtomekdepde nirelerden dine surdurmediler,ekzamende-de sheyle:shaher sentr-yndaky kichijik,dar yollardan,onson avtoyola chykaryp tizem surduryaler, durli hili parkovat edip gorkezmeli mashyny,her situatsiyada synap goryaler,hich yerde aljyraman,yalnyshlyk etmesen sonuna chenli,dine shonda gechiryaler.
feya jan,sag bol!

feya,nache yerde gozume ildi "feyanyn vertoledy" barada,seni vertolyotda gatnadyan bolsalar sana prava geregem daldira ?
bärde sagat 10:24 häzir, diýmek, düýşli wagt bir mahal gutardy, umuman

onda haýsy miwe ýa-da gök önüm arzan bolsa, şony alyp iýiň bar-a, iň bolmanda suw içiň

prawa barada bärde-de şeýle, her ýere äkitdirip sürdürýär, eger göwni ýetse, şübhe ýok bolsa, onda geçirýäler. A teoriki taýdan internet arkaly hem synag berip bolýar öýdýän bilşime görä!
gel,bu gun gichlik yene yuvjak

ha ha hazir feyanyn wertolyody bilenjik gidayeris wii mashyn nadyan ol bamy?
beh size hem baryp yetdimay shol dowuk vertalyot? aslynda suratam yoga mende shonun

yone menin iiiiing uly arzuwym pravaly mashynly bolmak. (daje okuwdan hem birinjida)

shonun uchin tazeje pravany yene manlayyma degiryan!
mendagy prava alaysam bilemok chyndanam ucharynmy name begenjimden

nesip etsin jorajan!
yone menin iiiiing uly arzuwym pravaly mashynly bolmak. (daje okuwdan hem birinjida)

ey gayrat et beyle etmegin yalnyshlyk goybermegin, okuwa gir birinji onson prawanynam mashynynam ugryna cykarsyn 1-nji OKUW
ay okuwa girsemem surmek bolanok eken, shonun uchin giryancham almalyy son bilyan kakam onam bahana eder...
menem öz gezegimde berilen pursatdan peydalanyp prawany gutlayan. gutlamak bilen prawana uzak ömür we jan saglyk dileyan.

tr de prawa kursa gitman almak kyn. kurs 200$ zat in arzany. prawan döwlet tölegem 150$ yakyn . jemi 350$ etyar. yöne barde de yagday kynrak. bilmesen yykyalar.
Prava diydiniz weli Tmda wagtym kakamyn masynjagazyny jigim bilen alyp gacyp suryadik hezil edip.polisiya agalaryn yanindan gecyadik kor yali gormeyadilerem.
Mekdepden cykyp baryan ugruma safyorun masyny alyp suryadim.Ay o gunler hezille.
Ay bu yerde prava almasam gowy bolarla yasasym gelya.mirsedesim barla sona sukur iki tekerli pr Nesip edse onam alarysda.
Gutlys cendrillonhezil edyansinle.
agajanh,muhacir,tapjangul,sag bolun.

muhacir,omri uzak bolsun diyyan
omruna uzak etjek bolmaly,sebabi "12 point" dal-de,"6 point"-li prava beryaler barde,uch yillap hich hili yol duzgunini bozman sursen,dine shondan son "12 point" edip beryaler;
bu yurdun ichem "radar"dan doooly;mashynyn tizligini bolmalysyndan 5 km beygeltsen boldy,90 yevro jerime bilen 1 point-in gidya;
shon uchin uch yillap dagy yekeje yalnyshlyk goybermage hakym yok
cendrillon gutly bolsun pravaň.

meni sürmek üçin birine prava beraýsemmikä. birinji egzamenden ýykyp, ikinjide geçirip - zat edip 2400€... bäh!
sag bol,faraby;

sen karini uytgedip prava beryan inspektor boljakmy indi?

yone prava beryanler ol puly ozlerine alanoklara,hokumede gidya ol pul.beyle govy pul gazanjy hokumet ozune galdyrya, hususylashdyranok
Hususlasdyrmak kyn zat dal.Tanys barmy hemme zat gul yalı bolya.(sutka)EDyanlerem bar.Hokumete az mukdarda berlıp tansınada az mukdar bersen pravaly diyiwermeli.
gutly bolsun alan prawanyz!!!
ay meninka yatyr sekiz yyllap enemin sandygynyn duybinde
aslynda prawa almak kyny bizde tm-da.menem sheyle gysyk, wzyatka bermejk bolup,12 hepdelik woyennie dosaaf-a okuwa gitdim.irden 8-den agsham 5-e chenli.80-lik shablony 2 gezek doly chyzmasan ol gun oye gitme yok. .irden shagayt etmeli aydym aydyp,karabin atmaly, granat zynmaly pritowgazly mary yola chykaryp hem 5 km ylgatyarlar bar onsan.ay olary gullukda da goremoklay, otayda goremson,gullukda gaty ansat bolday,hich wagt "rushnoy"my chekmedim.
shadiyanja,usa-da dine "tizlik gutusy" avtomatik bolan mashynlary suryaler diyyaler,dogrumy shol?

Yok cendrillon dine automatic dal beyleki manual'ny hem ualnyalar.
garabekevul,sag bol.

gyzykly zatlar yazypsyn dosaaf barada,prava almak uchin okalyanlygyna eshidyadim tm-da vagtym,yone nahilirak okuvlygyny bilemokdym;

bu okuvyn "objectif"-i prava almak bolsa,ol okuvyn dovamynda "shagat etmek","karabin atmak","granat zynmak","protivogazly ylgamak" nama gerekka? bularyn mashyn surmage name dahyly bar? uytgeshik zatlar...
Käşir, pomidor zat iýibem bir ýazyp gör, jigim

Ters yazaypdyrn weli eyyam kashir pomidory salgy berip bashlaydylaray. Achilles niredenem bir tapypsyn hsol resepty indi bu saytyn modasy boldy ol. Indi dushunen bolsanyz jogap berayin haysynyz bilyan bolsanyz?! Yaman hemanizden jogap almak kynay sizin!
yone menin iiiiing uly arzuwym pravaly mashynly bolmak. (daje okuwdan hem birinjida)

Okuwdan bir one gechirme! Mashyn sen geljegin uchin kan bir uytgeshik peydasy bolmaz ony islendik wagty surup bolya a ine okuw ilki bilen on ugruna chyk! Mena maslahadym bolmasa Milka bilen men yaly garrap gidersin
cendrillon ","karabin atmak","granat zynmak","protivogazly ylgamak haçan da maşyn ulanyan wagtyn garşyna çykjak kelle keserlerden özüni goranmak üçin
Ay meninem kakam şeyle maşyn pravasyny almak üçin okap yörka urşa alyp gidipdirlerde.Kimin başy gowy çykyan bolsa saylap alyarlar.
tüweleme bizem gutlaly, yeke men galypdyryn öydyan.
kyn işin üstesinden gelipsin. sen prawan tmde yörejekmi özi? tmnki fransiyada yöremeyan bolsa. we name üçin yöranok tmnki o yerde?
we name üçin yöranok tmnki o yerde?


hakykatdan hem näme üçin ýöränok? mysal üçin angliýada rollar sagda bolany üçin diýsek bolar ýöne fransiýada näme üçinkä?
wiý 100$ bolany üçin bolaýmasyn
bolup biler. yüz dollar nire 1500 yewro nire.
fransiyada beyle almak kyn bolsa gaty halal eken. halal zahmedin bilen zordan alyan-a ony.
cendrillon----dosaaff shol bir wagta,prawa bermek b/n chaklenman,harby gulluga hem tayynlayar.hem.de mashyn gurlyshygyndan okadyar.gullukda name bar bolsa shol tayda hem bar. mugallymlar hem edil officer yaly,uryarlar.sana surmani owredyan masterin yanyna baranda chest berip,doklad edip barmaly.sonra hem ol yerde harby mashynlara kop uns berilyar."zil-31","ural" yaly.okan wagtyn hem mashyn sokip duzmani,yarag sokip duzmani,shablonlary,yol gozekchilik gullugynyn ishlerini,in sonunda hem ekzamen alyarlar,yokardan gelip(gai-den gelip diydigimda)eger gechip bilmesen tazeden tabshyrmaly,bolmasa da yokarda tanshyn bolsa dashhhhhhhhh>
he he ındı gyzlarada gulluk bar dıymeseler bolyala.
Aslynda kiçi we uly maşynlar üçin ayratin prava bolmalydy.Yalnyşmayan bolmasam.
kelle agradyp uly maşşynlary sürmek nama gerek.Name gerek bolsa sony ogrenmelide.

Käşir, pomidor zat iýibem bir ýazyp gör, jigim

Ters yazaypdyrn weli eyyam kashir pomidory salgy berip bashlaydylaray. Achilles niredenem bir tapypsyn hsol resepty indi bu saytyn modasy boldy ol. Indi dushunen bolsanyz jogap berayin haysynyz bilyan bolsanyz?! Yaman hemanizden jogap almak kynay sizin!
,

Ýokardaky degişmäniň erbet manysy barmyka?!
Şeýle bolsa, men bilmändirin! Adaty manysy boýunça ulanylýandyr, "witaminsizlige derman bolar" diýen manyda ulanylýarmyka öýdüpdim!
Şeýle erbetligini bilen bolsam ulanmazdym, bagyşla, jigim!

Sorag soradym zat diýipsiň, nirede we näme sorag ol?! Men-ä kän giremok welin, görmezligim we jogaplamazlygym adatyrakdyr, öýkeläp/gaharlanyp ýörmäň!
sag bol,diwana;

tmnki fransiyada yöremeyan bolsa. we name üçin yöranok tmnki o yerde?


sebabi bu iki yurdun arasynda "convention" yokmush pravany ovurmek uchin,onki sssr yurtlarynyn pravalaryny ovrup bolyan ekeni 1991-nji yilin dekabryna chenli,shondan sonky alnan pravalar bolanok;bulankam turkmenistanda yoremeyan bolmaly;
Türkemnlerin öz kanuny barka başgalarynkyny name etsinler GARAŞSYZ YURT.
harmandali,mashynlan ruly barada dalmi soragyn?
bizin mashynlaryn ruly beyleki yurtlardaky yaly chep tarapda,dine angliyada rullar sag tarapda(bilshime gora),name uchinligini bolsa bilemok,ata aydaymasa name uchin inlislerin dunya ters zatlar edyandiklerini
bulankam turkmenistanda yoremeyan bolmaly;
cendrillon | 2008-02-26 10:31:22

beh, onda entek entek fransiyadan gaytma niyetin yok-da onda şonça ejrini çekip alan bolsan.
Turkmenistanda yöreyan wagty geliwer(Shutka) ejrin peydasam bolar.
ay,fransiyada 1500 yevro berip prava alan bolsam,turkmenistana baramda 100 dollar berip prava alaryn

bir gat ashakda yashayan gonshymyz,eger gochmedik bolsa,dosaaf-da ishleyan bolmaly,tanyshlyk usti bilen 50 dollara alyp bermegem ahmal
bärde sag tarap ulanylýanynyň takyk sebäbini-hä bilemok welin, UK hemme ýeriň tersine, özlerini aýratyn görkezjek bolýan ýaly.
Öňem ýazypdym, ýene goýaýyn:
"Bu yerde transport illerin tersine, yagny, maşynlar öne çepden gidip önden bolsa sagdan gelyarler, ay, durshy bn ters how bular Prizleri (tok ötürülyan yer) hem iki dal-de 3 deşikli how, poyezd ugry hem ters. Masşynlary bir-birini TC-daki yaly 'sollanoklar', tersine 'saglayalar'
"


Bularyň öňki koloniýasyna degişli ähli ülkelerde hem sistema şeýle öýdýän, meselem, Pekinde(Hytaýyň beýleki şäherleri çepli sistemada ýöne), Hindistan(Jankaka?!), Afrikada kä ülkeler(takyk bilmeok) we ş.m.

sebäp hökmünde "at arabalaryny ulananlarynda, atyň jylawyny sag elleri bn tutandyklary, şol sebäpli-de maşynlaryň hem sag tarapyna rol dakandyklary..." aýdypdy biri, men-ä goşulamok, ýöne sorap görerin-dä bärdäkilerden
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!