Belgiler:
söhbetdeşlik
, agzalar
Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!
Söhbetdeşlik dowam edýär.
Ikinji nobat Diwananyñky.
Ozi sahypanyn ýaşulylaryndan hem-de şu wagda deňiç iň aktiw agzady yañy-yakyna deñic. Yone indi onun az wagty bar yaly, kabir soraglarynyza jogabam berip bilmez shol bashagaylygy bilen. Yene-de soraglarynyz bar bolsa soraberin. Bashda ozum azyrak tanayshym boyunca onun barada gysgaca yazayin:
Oran agras yazgylara eye. Kop mowzuklarda ozunin cuññur pikirlerini beyan edyar. Onun pikirlerini okap, men-a shol mowzuk barada oz pikirimi bildirmage gerek hem goremok
Sebabi, barybir, Diwana men yazjaklarymy yazyardy.
Hazir Turkiyede yokary okuw jayinda okayar we bu sahypa shol yerden yazyar.
Yadaman-yaltanman yazyan agzalardan biri.
Onun ulanyjy ady barada oz yazan yazgysy sheyle:
Onun ahli acan mowzuklaryna hem goz aylap bilersiniz!
Indi bolsa, sorag soramana başlabereliň!
Bellik: Söhbetdeşlige aktiw gatnaşalyň, sorag ya-da soraglar soralyň! Gyzykly bolar diýip umyt edýärin!
Sag boluň!

şu sahypa agza boljak bolyakam akyşyn aydymyny dinledim.
"garagol oglanlar garagöz gyzlar
diwana goydular adyma menin"
"eger-de ses bermesen söygime menin
men baky diwana dali diwana"
yaly sözleri bardy. köne forumda golumam şu setirlerdi. şonda yadyma düşdi, birazajygam özüme gelişdirdim şondan.
Onun ahli acan mowzuklaryna hem goz aylap bilersiniz!
Indi bolsa, sorag soramana başlabereliň!
Bellik: Söhbetdeşlige aktiw gatnaşalyň, sorag ya-da soraglar soralyň! Gyzykly bolar diýip umyt edýärin!
Sag boluň!
- ata
- 61 jogap
- 596 okalan
- 2008-02-16 13:30:43
jogaplar
Ilkinji soraglar yene menden:
1- haçan öýlenmekçi?
2- Gysgaça öz biýografiýaňy aýdaýsaň!
3- Hacan uni-den ucurym bolyarsyn?
4- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?
5- Geljekki maksatlaryň/planlaryn?
6- Agzalara maslahatlaryň?
Häzirlikçe bular

diwana---hazir sen okap yoren uguryn,oz saylan ugrunmy?yogsa-da okuwsyz galmazlyk u/n okayanmy?aslynda diyjek bolshum,senin chagalykdaky arzuwyn we hazirki wagtda ol ugra bolan garayyshyn?
Hemme soraglar berilipdirlay. Menem indi Diwana aga diyjek.
Durmushda nameden gorkyanyz?! Sychan, tarakan onun yaly zatlar dalde durmush yagdaylaryna degishli?!
Durmushda nameden gorkyanyz?! Sychan, tarakan onun yaly zatlar dalde durmush yagdaylaryna degishli?!
1) TM geleninden son name etsem-goysamlaryn bar?!
2) Ilki bada TR baranynda yashamak, okuw kyn dushdimi?!
2) Ilki bada TR baranynda yashamak, okuw kyn dushdimi?!
soraglarynyz üçin sagbolun. başardygymdan jogap berjek bolayyn. internetimde problema bar, her moment kesilmeginden gorkyan.
Ozi sahypanyn ýaşulylaryndan hem-de şu wagda deňiç iň aktiw agzady yañy-yakyna deñic
- yaşuly diyseler özümem birhili bolup başladym, garran yaly göwnüme. Köne forumda yaşulylaryn biridim sebabi o wagt köp agza yaşlardy, köpüsi universitetde birinji klas we şona menzeş. Men bolsa okuwda sonky yylym. Yöne indi menden uly agzalaram köpelen yaly göwnüme şon üçin indi yaşuly dal diyse-de bolar. Men 1984’li, syçanlardan.
- Aktiwlik barada, indi internet we wagt yagdayym önki yaly dal, şondan az girip bilyan indi. Kemem bolmady, içim rahat, wagt tapamda gelyan, yogsamam işlerim bilen gümra bolup gezyan. Ön köp giryan wagtlarym gatyrak içgin boldum, her tema jogap yazyp, her hata jogap berip zat edip. Son gördüm welin bu sahypa mende narkotik tasiri döredipdir, her gün girmesem bolanokdy. Bu yagdaydan halas bolmak üçinem duydansyz birden özüm girman başladym, son içeri girman daşyndan okap gitdim bir salym. Aralarda duydansyz yitenim şundandy. Şol wagt gaty yazasym gelen yerler bolşy yaly birem köp yerde yazmagyn hem gerek daldigine göz yetirdim. Yagny gaty kan biderek yere yazyan ekenim. Yazmanda-da boylan eken. İndi bolsa şertler az girmage mejbur edyar. Gyzykly gören temalarymy, hatlarymy okayan, we kawagtam bir hat yazyan. Ruhum rahat, şeyle bolmagy kem bolmady men üçin.
1- haçan öýlenmekçi?
- ha name? Alada etman toyuma çagyraryn.
dogrymy aytsam hazir belli dal. 24 yaşymda entek. We bu yaş gaty uly yaş hem dal eken. Yagny birwagt 18 yaşymdakam universitede giremde 24de uçurum bolmalydygymyn hasabyny edyarkam mana görünişi yaly uly dal eken hakykatda. Tm’de yaş öylenensonlar psihologiki özüni uly göryan, töwereginde özün yalylar çagaly, maşgalaly bolanson. Emma türkiyede bolsa yagday tersine diyse bolar, hatda özüni yetmez duyyan kawagt, özüni yaş göryan. Bu-da bir tarapdan psihologiki. Sebabi universitetde okuwçylaryn 99%y öylenmedik, çykmadyk diyse bolar. Bile okayanlarymda-da şeyle. Hemem barde social atmosfera tm’daki yaly dal.
Meselan birem şahsy tarapy bar. Yaş hem möhümdir welin öylenmek üçin esasy zat ruhy tarapdan özüni tayyn duymakmyka diyyan. Harakter tarapdan kamilleşmek gerek belli derejede. Muny özün duyyan. Meselem adam özüni her tarapdan onaryp bilmeyan yagdayynda, yanyoldaşa, kömekça mataçlik duyan yagdayynda öylenmeli diyip pikir edemok. Men tersini pikir edyan. Haçan-da men her tarapdan özümi onaryp bilmegi öwrenemde, özümi şu tarapdan yeterlik göremde, kömekça,goldawça mataçlik duymazlygy öwrenemde, yalnyzlyga haky bilen düşünemde şonda men öylenmage tayyn diyip pikir edyan. Sebabi geljekde maşgala seretmeli, bir topar problemalar dörap biler, olardan baş alyp çykyp bilmeli, olary dogry dolandyryp bilmeli. Ruh tarapdan güyçli bolup, jogapkarçiligi bilmeli. Bu zatlar şol problemalar döran wagty hem öwrenip bolar yöne tayyn bolmak, önürti özüni tayynlamak, öylenende özüni kyrk yyl ön öylenen yaly duyup bilmek peydaly bolar diyip pikir edyan. Adam üçin in uly terbiyeçilerden biri yalnyzlyk men pikrimçe. Hemme tarapdan azat bolmak, hiçkime ya hiçzada yüregini baglamazlyk adamy yetişdiryar. Muny başaryp bilyan diysem yalançy bolaryn. Kyn zat. Yöne barlap göryan.. Şol sebapden öylenmakam jogapkarçilik, kynçylyk yaly zatlara gowy düşünmeli diyip pikir edyan.
Birem öylenyançam işim boyunça özümi belli derejede ugrukdyrmak has gowy bolar. Şol tarapdan özümi yetişdirmage çalyşyan. Entek bir topar tarapdan özümi kemçilikli göryan.
Şu zatlar sebapli, haçan öylenjegim belli dal. Okuwy gutarsam ejemin hüjümine has köp duçar boljagymy bilyan. Yöne belki bir yyldan, belki iki, 3den anyrygam gitmezmika diyyan nesip bolsa.
Bir tarapda gulluk bar, karyerany dowam etdirmek islegi bar. Başga problema diyip boljak zatlaram bar. Bularam plany kynlaşdyryan faktorlar. Bir tarapdan 3 yyl içinde diysem, bir tarapdanam düybünden belli dal yaly görünyar.
Garaz şeyle.
- Gysgaça öz biýografiýaňy aýdaýsaň!
Hazire çenli özümi tanatmak temasynda belli granisany goramaga çalyşdym. Bir topar sebapden özümi tanatmazlygy has makul gördüm. “demirden gorksak otla münmezdik” pelsepesine eyerip özüni tanadyanlar bar. Yöne şu-da bar. Her otla münmeyaninem sebabi demirden gormak diyip bolmaz.
Özüni tanatmak, bu meselede rahat bolmak gowy zat. Muny kabul edyan.
Bu temada yene bir problema bar. Özüni tanatmagy islemedik yagdayynda “sen kim, name beyle nazlenyan, tanalyp tanalmagyn kime derkar? Gözel göwnün.” diyip muny ulumsylyk görjekler ya-da menin tanalmagy ulumsylyk göryandigimi pikir etjekler bolup biler. Herkim islanini pikir etmekde erkin. Menin bolsa özüme mahsus, özüme manyly sebaplerim bar.
Bu bir saylaw meselesi men pikrimçe düyp manyda. Meselem kimileri üçin tanalmak, suratyny goymak yönekey bir zat bolup biler.men üçinem şeyle aslynda. Yöne şolary etmegin name üytgeşik sebabi bar? Tanalmak bolmasa bolmaz, hokmany gerek zatmy? Bolmasa forumda yazmak bolanokmy? Eger şeyle soraglaryn jogaby “hokman dal” bolsa onda nama gerek diyse bolar. Men özümi hil bir zat görenim sebapli dal, tersine hiçhili ayratynlygymyn yoklugy sebapli tanalmakdan yüz öwrüp bilerin. Üytgeşik yüzüm barmy? Yüzümi görmek kime gerek? pikirlerim belli yazgylarymdan, onda yüzümi görüp men hakda bolan garayşyny üytgetjek adam barmy? Yok bolsa onda nama gerek diyip pikir etse bolar.
Garaz saylaw, iki tarapdan seretsenem dogry, men ikinjini sayladym. Demokratiki hakymy ulandym
Sebaplerden birini aydayyn. Türkmenler gynansagam şekilçi halk. Adamyn pikrine dal, şekline seredip karar beryar. Şol sebapden diwananyn kimdigini yakyn dostlarymam bilenok, bilyanem bolsalar yanymda zat diyenoklar o hakda. Forumyn daşynda forum hakda bir yerde-de dil yaramok. Yazyanlaryma seredilsin, özüme dal. Adamlary tanamak üçin pikirlerini yeterlik görmegi öwrenmek gerek. özüm şu yerde pikir alyşyan dostlarymyn şahyslaryny tanamagy gerekli göremok. Aydanlar dal aydylanlar wajyp.
Kabir agzalary tanamak, tanyşmak isleyan. Yöne hazirlikçe o tarapa adim ademok, gerekli göremok. Pikirlerime ters diyip bilersiniz yöne suratlarynyza seredyan.
Aydanlarym tankyt edilip biler ansatlyk bilen. Yöne diyşim yaly bu saylaw. Men çepden yakynlaşmagy sayladym hazirlikçe.
Şol sebaplem biografiya üçin şulary yeterlik göryan.
Şeyle etmegim söhbetdeşligin gyzygyny gaçyryp biler. Men soraglara jogap bereyin, galanyna edip biljek zadym yok.
3- Hacan uni-den ucurym bolyarsyn?
Önümizdaki yylyn birinji semestirini okap uçurym bolmaly nesip bolsa.
4- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň
Hobi: kitap okamagy halayan, sonky wagtlar hasam. Surat çekmege genetiki tarapdan geçen talantym bar, kamerada surat almagy halayan. Syyahat etmek. Yalnyzlyk. filosofiya (durmus, din, adam, psihologiya, bilim, ylym we sm). sonky aydanymy aslynda hobi dal-de has köp adam üçin howa yaly mataçlik hökmünde göryan. Özümi şon bilen gyzyklanmaga mataç göryan. Munun psihologiki, sosyologiki sebapleri bar.
Kiçikam sportun hemme görnüşi bilen gyzyklanyadym. Esasanam futbol. Yöne tomusky, gyşky olimpiadany hem sypdyramokdum. Orslara balet edyadim
Fobi: sosial fobim bardy, 75%ini yendim. Türkmenistandaky para problemasy we geljegi. Şuna baglylykda yalançylar, ikiyüzliler, erbet diyetli adamlar we bularyn artmagy. Özüme gowy adam diyip biljekdal yöne in bolmanda munun beyleki adamlara tasir etmeginden saklanjak bolyan.
Dar we garanky yerlerden gorkyan, möyler we menzeş möjekler. Bular kiçilikden galan zatlar.
Birem Türk mediasy
- Geljekki maksatlaryň/planlaryn?
İr ya giç karyerany dowam etdirmek we specialist derejesine gelmek. Belli bir wagtlygyna mugallym bolsam diyyan kate. Halayan karim. Watanyma we dünya şeyle peydaly bolmak gowy yaly. Bulardan başga öylenmek, gulluga gitmek yaly mejbury zatlaryn daşynda başga uly bir planym yok hazirlikçe.
- Agzalara maslahatlaryň?
Adama zat maslahat berip bijekdal. Beyle umumy dal-de hususy bir tema hakda pikrim soralsa belki diyjek zadym bolar
diwana---hazir sen okap yoren uguryn,oz saylan ugrunmy?yogsa-da okuwsyz galmazlyk u/n okayanmy?aslynda diyjek bolshum,senin chagalykdaky arzuwyn we hazirki wagtda ol ugra bolan garayyshyn
Kan wagtym yok diyip entek senin bilen edilen söhbetdeşligi okap bilmedim. Okamson menem soraglar berjek nesip bolsa.
Hazir okayan ugrumy özüm sayladym. Hatda bu meselede mana hiçkimin tasiri yok. Köp adamyn saylamakdan çekinyan karini men halanym üçin sayladym. Gowy okadym diyip biljekdal. Ugrumda okuw tarapdan halamadyk zatlarym bar yöne netijede kari halanym üçin çydamaly bolyar. Bu yagday hemme karde bar öydyan.
Çagalykdaky arzuwym diyip biljek dal. Sebabi mekdebi gutaryançam elli gezek pikir üytgetdim kar hakda. Yöne in sonky halan karim diyip bilerin. Bir kari halamak başga zat, ol ugurda okap, durmuş yoly hökmünde saylamak başga zat. Şu sebapden mekdebi gutarjak bolamda has çynlakay oylandym bu hakda we birini sayladym. Hazir ugrumdan 99% razy. Söyyan, keyp aylan, şol bir sanda özümi kabir sebapler zerarly, yöretmage mejbur göryan ugrum. 1% göterim narazylygymyn bolsa ayratyn belli sebabi bar. ol kate gözümde gaty ulalyar. Edil bir damja ganyn bir tabak süyde tasiri yaly kiçem bolsa tasiri gaty yokary. Yenip geçerin nesip bolsa.
talyplar.coma bolan garayşyň?
Gowy sayt
Tüweleme arzuwlarynyz hasyl bolsun
Özünizi yetişdiryançaniz gija galayman döwürden.
Kemçiligi bolmayan ynsan yokdur.Yöne şol kemçiligi birisi bilen paylaşip çözmek ondan gowydyr menim pikrimçe.
Özünizi yetişdiryançaniz gija galayman döwürden.
Kemçiligi bolmayan ynsan yokdur.Yöne şol kemçiligi birisi bilen paylaşip çözmek ondan gowydyr menim pikrimçe.
diwana-"sen beyik bol,sebap halkyn beyikdir!turkmenin pes ogly bolmak ayypdyr.ruhy jomartlary alla soyipdir.ruhynyz tug deyin belentde bolsun!!! seret merhum yolbashcymyz b.s.turkmenbashy hem sen hakda yazyp,gechipdir.goryan weli sen adyny hem gizleyan weli,yone-mone adam bolmaly dal
okayan ugrun hakdaky soragyma jogap beripsin sagbol!yone haysy unw.haysy fak.haysy shaherde,? ya-da bulara hem demokratik haklaryn sebapli jogap bermekden yuz döndüryanmi?
hhaha
sorag prosto kul purkulen yaly edyami name
demokratik haklar bolsada soraga jogaplamagam şolan arasyna girenokmy name???
sorag prosto kul purkulen yaly edyami name
demokratik haklar bolsada soraga jogaplamagam şolan arasyna girenokmy name???
Ohow hachandan bari shu diwana agan biografiyasyny eshitjek bolup yordum
Yazyan yazgylarynyz adamda "curious" doretya, ay yone "suratymy goymak islamok" diyipsinizda yogsa yuzunizi gormane curious'dim! Yone adamyn yuz keshbine seredip baha berip judge edemok, a tak aytyan!!
Ata aga molodesla, bize sorag goyasy yokla
Garabekewul aga bir zady edesi gelmedik, islemedik adama force etmek yalnysh bolaymasa! Nu islanokmy islanokda!
Ata aga molodesla, bize sorag goyasy yokla
ya-da bulara hem demokratik haklaryn sebapli jogap bermekden yuz döndüryanmi?garabekewul | 2008-02-19 22:42:13
Garabekewul aga bir zady edesi gelmedik, islemedik adama force etmek yalnysh bolaymasa! Nu islanokmy islanokda!
soraglara jogp beryan.
menem çyn yürekden minnetdar sana
kiçikam futbola gatnadym 2 yyl töweregi. Gowy oynamasamam futbolçy bolmagy gaty arzuw edipdim. Hatda kalendar tutdum we her salan golumy şol güne belledim. Son taşlamaly boldy. Taşlamda umuman 85 töweregi gol salan ekenim karyeramda. İndi kate oynayan diyaymesem. son ulalamda düşündim, men düybünden gowy futbolçy bolup bilmezdim. İndi ayda yylda bir oynap hasam biderek etdim.
“ata aga ýokarda "Yadaman-yaltanman yazyan agzalardan biri. " diýen setirňize çyn ýürekden goşulýan.
agajanh | 2008-02-17 08:33:23 ”
menem çyn yürekden minnetdar sana
“divana sport b\n meşgullanyaňyzmy?
çagakaňyz ulalaňyzda kim bolmagyňyzy arzuv ederdiňiz?
kiçikam futbola gatnadym 2 yyl töweregi. Gowy oynamasamam futbolçy bolmagy gaty arzuw edipdim. Hatda kalendar tutdum we her salan golumy şol güne belledim. Son taşlamaly boldy. Taşlamda umuman 85 töweregi gol salan ekenim karyeramda. İndi kate oynayan diyaymesem. son ulalamda düşündim, men düybünden gowy futbolçy bolup bilmezdim. İndi ayda yylda bir oynap hasam biderek etdim.
“talyplar.comda iň ünsüňi çeken movzuk ve tema?”
Şu tema we öz açan temalarym oyun bir tarapa, özüme göra ünsümi çeken köp tema boldy.
Menem indi Diwana aga diyjek.
Kyrk yyllyk “ey diwana sen…” indi “diwana aga siz…” e öwrüldimi? Siz diymek gerek dal mana. Onda-da şu wagta çenli “sen” diyen sen, diyme gerek dal. şey diyseler nenen özüni yaşuly yaly duymajak?
Durmushda nameden gorkyanyz?! Sychan, tarakan onun yaly zatlar dalde durmush yagdaylaryna degishli?!
Men özümem syçan (1984). Şol sebapli ondan gorkamok, hatda simpatiyam bar . Yöne möylerden gorkyan, çagalykdan galan zat, tarakandan bolsa gorkamok yöne hapa göryan, yigrenyan.
Durmuşdaky hakda bolsa yokarda fobilerim hakda aydan zatlarymdan gorkyan.
Ondan başga ejem-kakamy razy edip bilmedim diyip pikir edyan. Olar öz tarapyndan razy, ene-ata çagasyndan her yagdayda-da razydyrlar. Men olara erbetlik etmedim hudaya şükür yöne öz tarapymdan yeterlik dal diyip pikir edyan. Olary has yokary derejede razy etmek gerek. yüreklerinde men hakda kiçijigem bolsa narazylyk goymajak bolmaly. Şol sebapden okuwy gutaryp baryançam olary yitirmekden gorkyan. Beyleki gorkylar hakyky dal, göçme manyly gorkylar.
“1) TM geleninden son name etsem-goysamlaryn bar?!”
Mejbury yagdayda edilmeli işler bar. gulluk, maşgala gurmak, iş. İş tarapy beylekilere garanda az alada beryar. Şondan ony bir gyra ayyrsak, beyleki ikisinin yerleri hakda, natmelisi hakda, entek özüminem “detail”ly bilyan zadym yok. Olary dine huday bilyar. Garaz tm gelende name etmelisi hakda daşary yurtda okayan okuwçylaryn köpüsinin çürt-kesik eden plany yokmuka diyyan. Sebabi tm’de ertir namanin üytgediljegi belli dal. Oturmadyk, yöredilmeyan kanunlar bar, kimdir birilerinin bahbidi sebapli. kabir kanunlar kabir adamlaryn şahsy bahbidi sebapli gereginden artykmaç, zulum derejesinde yöredilyar. Tanyş ya pul bolsa islan planyny amala aşyrmak mümkin. Şondan şuwagtdan pylan diymek kyn.
Karyerany dowam etdirmek isleyan diyipdim yokarda. Eger mümkinçilik bolsa birnaçe yyl tm’de galyp, mejbur işleri yerine yetirip son daşary yurda karyera üçin tazeden çykmak nahili borka diyen pikirlerim bar. belkem ilki karyera temasynda kabir zatlary ederin meselem aspirantura ya doktorlyk, son giderin tm’e. Garaz entek özümem pylan diyip bilemok
2) Ilki bada TR baranynda yashamak, okuw kyn dushdimi?!
Bu soraga uzyn edip jogap berip bilerin aslynda, yöne etmayin. Gysgaça; kynçylyk çekdim, hemem öz göwrümime göra gaty köp. Tejribesizlik, umumy yaşayyş jayynda yaşap görmanligim hemem başga kabir şahsy meseleler sebapli tas depressiya giryadim gelen yylym. Gaty stres döredi. Yöne son Huday işimi rast eyledi düzeldi, indi yzyma seredip göryan welin esasy öwrümlerin hemmesem positive tarapa bolandygyny göryan. Hudaya şükür.
Bu zatlar okuwyma tasir etdi. Hatda esasy tasir şol stresin netijesi diyip bilerin. Özümi tazeden dürseyancam 2-3 yyl gerek boldy. Yöne şol problemalarin positive netijeleri bar. durmuş tejribami artdyrdy. 3-4 yyl tejribesizligimden problemalara tapan çözgütlerim gaty amateur çözgütlerdi, indi problemalardan has ansat we has Professional baş alyp çykyan diyip bilerin.
Özünizi yetişdiryançaniz gija galayman döwürden.
Kemçiligi bolmayan ynsan yokdur.Yöne şol kemçiligi birisi bilen paylaşip çözmek ondan gowydyr menim pikrimçe.
sag bol maslahatyn üçin. dogry aydyan.
diwana-
"sen beyik bol,sebap halkyn beyikdir!
turkmenin pes ogly bolmak ayypdyr.
ruhy jomartlary alla soyipdir.
ruhynyz tug deyin belentde bolsun!!!
seret merhum yolbashcymyz b.s.turkmenbashy hem sen hakda yazyp,gechipdir.goryan weli sen adyny hem gizleyan weli,yone-mone adam bolmaly dal
okayan ugrun hakdaky soragyma jogap beripsin sagbol!yone haysy unw.haysy fak.haysy shaherde,? ya-da bulara hem demokratik haklaryn sebapli jogap bermekden yuz döndüryanmi?
bagyşla welin goşgy bilen diymek islanine düşünmedim.
menin özümi tanatmazlygym ruhy peslikden dal.
bir topar sebap bar. ine şolardan yene biri:
şular yaly umumy yerlerde özüm hakda informasiya goymagy halamok. yönekey, orinary bir adam. goymagam bolar, goymazlygam. goymak şu dünyade hiç zady üytgetmez. şu nokatda adamlar bir tarapy saylayar. "hiç zat üytgemese onda goy, bass" diyyanler bilen "onda gerek dal" diyyanler. men ikinjini sayladym. mundan başga manylar çykarman. meselem senin yokarda "yöne möne adam dal öydyan" diyip kakdyran zadyna dogry düşünen bolsam; yok, menin öz durmuşym üçin önde tutyan "value"larym bar. olaryn içinde-de beyle bolmak yok. huday saklasyn.
stambulda okayanymy köne agzalar bilyar. beylekileri aytmak bilen özüni tanatmagyn arasynda tapawut bolmanson olary aytjakdal.demokratik hak diyenimem birinjiden-a şadyyanja jogap beren eken yokarda, ikinjisem men wagtym yok diyip kopy edip son boş wagtym word programmasynda yazdym kabir jogaplary.
umumy yerlerde tanalasym gelenok diydim. yöne meselem duşuşyklara den gelsem gelip bilerin. dine şu yerde tanyş bolan agzalarym bilen içgin tanşyp bilerin. munda problema göremok.
birem meselem özümi tanatmak meselesinde ikinji görüşi sayladym, yöne meselem şunça zady özüm hakda yazamda birinjini sayladym. yazmak gerekmi gerek dalmi? gerek dal yöne yazanyn bilen hiç zat bolmaz. onda yazayyn diydim.

Siz diymek gerek dal mana. Onda-da şu wagta çenli “sen” diyen sen, diyme gerek dal. şey diyseler nenen özüni yaşuly yaly duymajak?
Ay "siz" diyip sylap aydylya, "yashuly" hokmunde dalde
Diwana aga bizde yagny harmandalin, menin onup osen yerimizde ozunden bir yash uly bolsada "siz" diyip owretyaler, yone harman Ashgabatda "sen-sen'lemegi" owrenen bolaymasa
Sorag: -durmushunyzda in begendiriji waka ya, surpriz boldumy? Eger bar bolsa gurrun berseniz,yagny durmushumda shu bolan zady omurem unutman diyip begenen wagtynyzy?!
-Adamda birinji ozunize chekiji zat name?
-Diwana, jigim, bu sahypany nädip tapdyň?-Bu sahypada iň biynjalyk bolan ýeriň haýsysy, birem iň begenen ýeriň?! Iň azyndan 1-2 mysal beräýseň!
Şadyýanja, jigim, senem ýaşaýarmyň-ow
Maňa sataşyp galgynyň senem, aý, kän gepleýär diý, kän soraýar diý, garraýar diý we ş.m.

ata | 2008-02-22 07:03:19
Ehh agam borla kosheshin, ay yone menin hemisheki beryan yonekeyje soragymy sorapsynyz shondan diydimle
Yone "kan gepleya" diyemmokdurun, beyleki temada hem yrsaradym wel, sogmeshek yokdur yone
ha-ha, şu diwannanyň aýratyn mowzugy bolmadyk bolsa, söwüp ňşiňi görerdim 
Eý, bar-a, görenem meň agzymdan diňe söwünç çykýandyr öýder
sen meň maňlaýymdan gapy açmasaň bolýar, men söwmerin
Hä, haçan öýlenjek, gelneje,.. - diýibem-ä halys ýüregime düşdiň, tomus diýdiň, gyş diýdiň, entäk seniň temmiňi bermeli bolar, senem harmandäli we mylaýymyň yzyna goşdum, baryň jezaňy çekmeli bolarsyňyz
Aý, toýumda ylgasaňyz bolýar-laý
ýöne oňa çenli garraýmasaňyz
Bellik: Diwana, jigim, bagyşlaweri men lakyrdyny, tutup bilmedim dilimi, wiý, elimi

Kyrk yyllyk “ey diwana sen…” indi “diwana aga siz…” e öwrüldimi?
Men onem diyeyin diyip yordum weli yone in kop yazyan agza siz bolannyzson onsonam kop temalarda biraz kop gurrun edenmizson owrenshaypdirn. Bashgda yashynyz menki bilen denirakdir oytdim a son bilenimden son onki endige gora Diwana diyip gidiberipdirn. Yone Diwana diysem hem in hormatlayan agzalarymyn biri. Wiy sonam “ey Diwana” diyip yuzlenmedima men hich wagt
Minnetdar jogap bereniniz uchin. Mena “ozi saylap jogap berer” diydiler weli ay men soraglarym saylawyna dushmandir oydyan diyip otyrdym
ha-ha, şu diwannanyň aýratyn mowzugy bolmadyk bolsa, söwüp ňşiňi görerdim
Ay onunden aytdyma sowmeshek yok diyip
Hä, haçan öýlenjek, gelneje,.. - diýibem-ä halys ýüregime düşdiň, tomus diýdiň, gyş diýdiň, entäk seniň temmiňi bermeli bolar,
dogruda, sizem eje-eje diydiniz oturdunyz, 30 yashaman bolanok diyip
Yenede diwana aga yrsarayanyz "hachan oylenyan" diyip! Sizi oylendireli 1nji
Diwana aga erte gelayse, bize sogaymesin, sohbetdeshligi nadayipsiniz diyip
bäh, onuň söhbetdeşligi "flud" üçin örän amatly ýer ekeni 
erkek 1 sözli bolar, jigim! 30 diýdimmi, 30!
wah, ýene men näçe gezek şuny aýtmaly bolarkam
erkek 1 sözli bolar, jigim! 30 diýdimmi, 30!
wah, ýene men näçe gezek şuny aýtmaly bolarkam
"Agam uly bashlar kichi ishlar" kichi ishlar diyipdirler
Diwana heniz sizden kichi. Galybersede gorkyanyz oydyan ha boynunyza alyn hany
kimden?
haçan?
nirede?
näme üçin?
nädip?
gorkýanmyşym
akyl ýaşda däl, başda! a diwana bolsa bu babatda menden has akylly, diýmek, ol başda öýlenmeli, soň men
Harmandäli, akyllyja bol, jigim, indi men başlaýan bar-a

Ay ol zatlary ozuniz gowja bilyansinizle
Oyun edyanlay bolya gununize goydum indi sahetli guni bardyrda!
hawa, ýogsa şol "eje-eje!" diýdiň ýördüň
Bäh, indi şantažam etjek bolýasmy 
Günüme goý, jigim! Hem zat bilemok diý, hem-de aýdaryn diýip gorkuz bar-a
Bellik: Diwana jan, 1 kürşgejik ganymy geçeweri, seň söhbetdeşligiň meňkä ýazyp git-dä
Indi bir boldy edeliň-how, agzalar!
Günüme goý, jigim! Hem zat bilemok diý, hem-de aýdaryn diýip gorkuz bar-a
Bellik: Diwana jan, 1 kürşgejik ganymy geçeweri, seň söhbetdeşligiň meňkä ýazyp git-dä
Indi bir boldy edeliň-how, agzalar!
1)Diwana aga haysy shahyry gowy goryaniz?! Hemem haysy goshgusyny?!
2)Nahili kitaplary halayanyz?! In halan kitabynyz?!
2)Nahili kitaplary halayanyz?! In halan kitabynyz?!
Ay "siz" diyip sylap aydylya, "yashuly" hokmunde dalde
Diwana aga bizde yagny harmandalin, menin onup osen yerimizde ozunden bir yash uly bolsada "siz" diyip owretyaler, yone harman Ashgabatda "sen-sen'lemegi" owrenen bolaymasa
ona hormat goyyan, gowy zat öwredyan ekenler. men öz garry atama-da sen diyyan, henizem. sebabi bizde ona üns berilenok. meselem men atam bilen gepleşyakam "siz" diyaysem töweregine sereder özünden başga adam barmyka diyip.
ay özüniz bilin menem öwrenişerin-da 
durmuşymda in syurpriz wakalaryn biri universitedi gazanyşym. aslynda mundan ön bolanlaram syurprizdir welin turkiyani gazanmagym meni gaty begendiripdi. universitedim we bölümimem edil arzuw edişim yaly boldy. öye gidemde oban oglanlaryny göryan. eger şu zatlar bolmadyk bolsa menem şubhesiz şolaryn biri bolardym. şuwagtky gözüm bilen seredende yaşap bolmajak durmuş, emma olar başga hilisini bilmansonlar keypini göryarler. yaşap bolmajak diyenim, maksatsyz durmuş manysynda. hatda men olaryn arasynda belki olardan baş beter erbet bolardym diyip pikir edyan öz yanymdan. şol sebapdenem gelenime şükür edyan, ulumsy bolup biljek dal, sebabi men durmuşymda bolan yollaryn ayrylyan esasy öwrümlerinde menin öz gayratym bolman gowy taraplara gidenimi göryan şuwagt, şertler den gelipdir, nesip edipdir. hernaçe erkimin, ygtyyarymyn kiçijek payy bolsa-da şol uly öwrümlerde men payym bolmanson bolan zatlary özüme berip bilemok. gen galyan öz kiçijek beynim bilen şu zatlara özümçe. birem şu tarapy bar. obada oglanlaryn herbiri birhili. kabirinin yagdayy gowyrak, kabiri gaty dargapdyr, tananogam tanalanogam. men özüme seredemde şolar yaly bolup bilerdim diyyan. diymek men kömege has köp matac adam. şondan alla meni saylandyr diyip şükür edyan.
ylym ojagy nesip edipdir. özüni her tarapdan ösdürmek üçin herhili mümkinçilik bar. manyly, maksatly durmuş, başga yerde belki mümkin bolmajak zatlary öwrenme mümkinçiligi, üytgeşik tejribeler, diller, dünyagarayşyny gineltmek we şm zatlar gazanmaga uly mümkinçilik bar. bu zatlaryn özi yok olary gazanmaga mümkinçilik bar. adamyn özi erkini we aklyny ulanyp bilşine göra pay alyar bulardan. alman gidyanem bar. şu yagday men üçin syurpriz zat durmuşymda.

mundan başga-da durmuşymda köp gowy adamlara duş geldim. bularam bir nesibe, tötanlikden bolan zatlar. başgalaryna dal-de mana duş gelen bolsa şeyle adamlar ya kabir wakalar, men olardan many çykarjak bolyan özümçe, öz yanymdan,öz peydama. dogrydanam köp yerde kemçiliklerimi görmek üçin allanyn mana bolan rehmi hökmünde görüp biljegim zatlara duşdum, olar menin durmuşymyn şekillenmeginde tasirleri uly. ay men öz yanymdan şu zatlara serhoş bolup yörün, kim bilya köp adam üçin adaty zatlardyr. herkimin özi bilyar.
meselem mekdepde bir mugallymym mende gaty tasir galdyrypdy. hereketleri, bize bolan gatnaşyklary yasama daldi. oyun edyar etmeli yerinde, yöne "seryozny" bolmaly yerinde seryoznyydy. her adamam şeyle yalydyr welin ol has üytgeşik, "görünyan" dal "bolyan" adamdy. wyjdanynyn diyenini edyardi, ona garşy gitmeyan dürüst adamdy. bir gezek men sebapli işini riske sokdy. dürüst, işini yagny mugallymlyk tarapyny önde tutyan, okuwçysy üçin işini risk edip bilyan batyr adamdy. mana gaty tasir etdi şol, "yasama hereketli adamlar bilen işlemek kyn" diyip mugallymçylygy taşlamak isleyardi.
universitetde-de güyçli mugallymlardan sapak aldym. öz işleri hakda aydyp berdiler. olaryn tejribesini dinlemek gaty peydaly boldy.
durmuşda özümçe üstesinden gelip bilmeyan problemalarymda şolara öykünip bir zat etdim.
şu zatlar mende begençli zatlar.

Adamda birinji ozunize chekiji zat name? Shadyyanja | 2008-02-22 06:57:23
soraga yalnyş düşünen bolmagym ahmal. onda-da jogap bereyin, yalnyş bolsa aydarsyn-da.
her adamda bolşy yaly adamyn daş keşbi mende-de birinji özüne çekiji zat
ulumsylygy yigrenyan, özümde bar bolsa özümem yigrenyan. sebabi ulumsylyk öz edyan işlerini dogry edyandirin öytmek, özüni beylekilerden yokarda görmegin netijesinde döreyar. olam adamyn taze zat öwrenmeginin, yalnyşyny düzetmeginin, dogrylary görüp bilmeginin, beyleki adamlara düşünip bilmegin önünde duryan in uly böwetlerden biri. men üçin şeyle beyleki adamlary biljekdal. şeyle hasiyeti öne çykyan adamlaram söyüp bilemok. adamlara ilkinji görende şeyle zatlar etse halamok.
adamda birinji özüne çekyan zat, dürüst bolsun yeterlik, nahili pikirli bolsa bolsun. iki üytgeşik pikirli dürüst we hormatly adamyn birbirinden öwrenjek köp zady bolar.
1)Diwana aga haysy shahyry gowy goryaniz?! Hemem haysy goshgusyny?!
2)Nahili kitaplary halayanyz?! In halan kitabynyz?!
Harmandali | 2008-02-22 12:05:53
köp şahyr okamadym, okanlarymdan kerim agany halayan, kitabyny geçen tomus tapyp bilmedim aşgabady we jygyllygy söküp. şonam kitaby çap edilmeyan bolsa wezipeliler uklap yör onda diydim.
gurbannazar ezizowy gowy göryan. kitaplary bar okayan elim degse. köplenc awtobusda okayan. güyçli, akylly we pes göwünli adam. beyik adamlaryn hemmesem şeyle aslynda. ol dine öyde oturmandyr, halkyn arasynda bolupdyr. bir goşgusynda şahyrlara garşy edilen "adamlardan uzakda bolup, ulumsy bolup, öyde oturan yerinden daşaryny gowy tanaman goşgy yazyarlar" (belki özi üçin diylendir yadyma düşenok) tankyda garşy yazyar. ol hereketi, işlemegi halayan, meydana gidip ekin bilen meşgul bolmagy halayan adam. ondan gowy zatlar öwrendim.
magtymguly menin in gowy göryan şahyrym. ruhum dilinin terjimeçisi diyip bilerin. gaty beyik adam, bizin özümizden şeyle beyik adamyn çykanyna gaty begenyan, bizin üçin yol görkeziji ol. yöne kabir goşgularyny men onun yazanyna ynanyp bilemok. beyle beyik adamlar beyle ownuk zatlar bilen meşgul bolmaz diiyp pikir edyan kabir goşgusyna seredip. magtymguly düyşüme girse şu dünyade başga zat gerek dal
türklerden mehmet akif ersoy we nejip fazyly halayan. ikinjin kitabyny okadym doly, birinjin kabirini okadym, durmuşyny bilyan. beyik adamlar.
orhan veli'ni okadym, ön okamda halapdym.o wagtlar gaty duyguçyldym. arada yene seretdim, yok many görmedim. elbetde özümçe hemmesi.
omar hayyamy okadym. akylly adam yöne men halamadym. ruhy tarapdan depressiya girip yazan yaly goşgularyny. elbetde dogry aydyan zatlary bar.
eger yadymdan çykany yok bolsa beyleki şahyrlary sonky wagt okamadym şondan pylan diyip biljek dal.
kitaplardan şol yokarkylardan söyyanlerimin kitaplaryny halayan.
başga-da kan kitap okamadym diyip bilerin.
tolstoyy halayan. bir iki yuka kitabyny okadym. türklerden nurettin topçu diyen bir yazyjydan gaty peydalandym. cemil meric'in bir kitabyny okadym, peydalandym.
stressli wagtlarym şularyn kitaplary gaty peyda etdi, alyp çykdy diyip bilerin.
dostoyewski we balzagyn yekeje kitaplaryny okadym. birinjisini has haladym.
bilyan gowy yazyjylarynyz bolsa aydyn barlap göreris. herhili pikir bolup biler.
men galan soraglara son jogap yazjak.
men yazmakdan yadamaryn. eger isleseniz goyup indiki gezekde kim bar bolsa gecip bileris. kan biderek, özüm hakda bolan zatlar bilen kellanizi agyrdasym gelenok. netijede men hakdaky zatlar kime gerek? herkime özininki gowy. şu pikir bilen birazajyk içim gysyar diyibem bilerin. yöne biz barde dost boldyk. agzybirlik üçinem şeyle söhbetdeşlikler erbet dal. sorayanlara-da hormat etmek gerek. hormat edip soralan bolsa hormat bilen jogaplamak gowy bolar diyip "yazmalymy ya yazmaly dalmi?" soragyna "yazmaly"ny sayladym. men özümem soraglar sorajak nesip bolsa, beyleki agzalardan.
menkini eger başga sorag yok bolsa yapyp indika geçip bileris. sorag bolsa-da yuwaşlyk bilen jogaplarys-da yöne indika gecaymeli.

Galan şu soraglara-da jogap berip men söhbetdeşligimi yapalyn. Yadatdym.
Bu soraglara doly jogap bermandirin.
Mende magtymgulyn we gurbannazar ezizowyn kitaplary bar. ikisininem goşgylary birbirinden gowy, saylap görkezmek kynrak.
g.ezizowyn “gyzlaryma” diyen goşgusyny halapdym. “beh, biz den-duş gyzy barmykaray?” diydiryar
başga-da kan bar, yöne on atsyz köp goşgusy bar.
magtymgulydan goşgy saylamak gaty kyn men üçin yöne mysal bereyin okan yerlerimden. “gadryn nabilsin”, “donly görner”, “otur-turuşyn görün”, “ili gözlar”. Köp goşgusyny halayan onun. Men pikrimçe magtymgulyn goşgulary adama ayna bolyar. Okap özüni göryan we utandyryar. Menin üçin dünyanin iç beyik şahsyyetlerinin, “tasavvufçu”larynyn biri magtymguly.
Halayan kitaplarym: goşgy, roman, pikir, essay (deneme)…herhili stilem halayan. Men üçin içinden many alyp bilsem bolyar.
1)Diwana aga haysy shahyry gowy goryaniz?! Hemem haysy goshgusyny?!
2)Nahili kitaplary halayanyz?! In halan kitabynyz?!
Harmandali | 2008-02-22 12:05:53
Bu soraglara doly jogap bermandirin.
Mende magtymgulyn we gurbannazar ezizowyn kitaplary bar. ikisininem goşgylary birbirinden gowy, saylap görkezmek kynrak.
g.ezizowyn “gyzlaryma” diyen goşgusyny halapdym. “beh, biz den-duş gyzy barmykaray?” diydiryar
magtymgulydan goşgy saylamak gaty kyn men üçin yöne mysal bereyin okan yerlerimden. “gadryn nabilsin”, “donly görner”, “otur-turuşyn görün”, “ili gözlar”. Köp goşgusyny halayan onun. Men pikrimçe magtymgulyn goşgulary adama ayna bolyar. Okap özüni göryan we utandyryar. Menin üçin dünyanin iç beyik şahsyyetlerinin, “tasavvufçu”larynyn biri magtymguly.
Halayan kitaplarym: goşgy, roman, pikir, essay (deneme)…herhili stilem halayan. Men üçin içinden many alyp bilsem bolyar.
Diwana, jigim, bu sahypany nädip tapdyň?-Bu sahypada iň biynjalyk bolan ýeriň haýsysy, birem iň begenen ýeriň?! Iň azyndan 1-2 mysal beräýseň!
İlki Türkmence.com’ka kawagt aylanyardym. Son bir salym goydum. Son yene geldim, bu gezek ayrylyp gidip bilmedim. tapyşym bolsa yönekey, internetde birden tapaydym.
Gaty biynjalyk bolan yerim yok, yadyma düşenok. Könesinde kawagt yaman biderek zatlar yazylyardy, kabir agzalar çate öwrüpdi barini. Şonda içim gysdy diyip bilerin. Gaty görmesinler. Entek yaşlar, kabir zatlary bilmeyan, tejribesiz bolup bilerler diyip kan zat diymedim.
İng begenen bir yerimi, wakamy görkezip biljekdal, yadyma düşenok. Yöne agzalaryn dowamlylygy, in içgysgynç wagtlarda-da taşlap gitmanlikleri, çynlakay çemeleşmekleri, dürüstligi, sonam agzalaryn artmagy, esasanam gyz agzalaryn, hemem aktiw gatnaşmaklary meni begendirdi. Öwrenişmedik zatlarymyz-da.
diwana in gulkuncli wakanyz yadynyza dushyan bolsa ashony aydaysanyz
mylayym | 2008-02-22 12:39:01
pikirleneyin yadyma düşenok…
mekdepde okayakam bir gün irden turdum hemişeki yaly okuwa tayynlyk görmek üçin. Özüm turdum, hiç kime azar berman, ertirligimi we beyleki işlerimi özüm edip son duralga gitdim hemişeki yaly belli awtobusa yetişmek üçin. Duralgada bir salym garaşdym, yöne ne gelen geçen adam bar düzüwli ne-de maşyn. Bir nasazlyk bardygyny andym. Ol awtobusumdan geçen mana gerek dallerem geçenok. Golumda sagadymam bar we seredip duryan islan wagtym. Öyde-de hemme zady sagada göra ölçap edip şona göra çykdym yola. Şonda-da duymandyryn, bir görsem duralga bir sagat ir gelipdirin.
başga ownuk uşak wakalar kan. Yöne hem gülkünç, hem men üçin utandyryjy, “karizma”ny yok edyan waka yokardaky.
kitabyny geçen tomus tapyp bilmedim aşgabady we jygyllygy söküp.
Jygyllykda bir dayyda bar Kerim agan kitaby “oylanmalar bayry” G.Ezizowyn “turkmen sahrasy” bolmaly. Mende olar bar Kerim agan beyleki kitaplaryny gozleyan yone tapamok. Hawa ol kitaplary shu wagt chykaranoklar menem gynanyan. Kanteynyrlaryn arasynd abolmaly Hazara gidilyan yolda oydyan.