1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Men durmuşumda bir zady hiç oňaryp bilemok. 2 ýyldan bäri ýa ýeke ýaşadym ýa-da 2 kişi bolup. İkimizem erkek elbetde. Ýöne bir hili hiç haçan doly ýaşaýan ýerimi arassa we düzgünje tutup bilemok. Hemişe arassalaýan we indi bulaşdyrjak däl diýsemem başda oturýan stolymdan başlap dargap başlaýa. 2-3 günüň içinde aşhana darma-dagyn bolýa we aňry bäri zatlar çaşyp ýatýa öýde. Bir hili näçe düzetsemem ýene 1 günüň içinde dargap galýa. Men-ä maşgala öýünde bolşy ýaly her gün we hemişe arassa duranok. Alan zadymy ýerine goýmaýan we şonuň üçin şeýle ýagdaý bolýa. Diňe men däl ähli sallah dostlarymyň öýleri şeýle. Ýöne öýlenen dostlarymyň öýleri arassaja. Arassa we tertipli ýaşamak üçin hökman öýlenmelimi? Aýal we gyz maşgalanyň näme aýratynlygy barka beýle arassa we tertipli bolmany gowy başarýalar? Men-ä şuňa näçe ýyldan bäri düşünüp bilemok. Birem diňe öý arassaçylgy däl gyzlaryň depderlerem arassa bolýa. Meniň depderime seretseňiz surat, garalama, hemme ýerinde adym we familiýam, golum ýaly zatlar bar. Siz arassa we tertipli edip saklap bilýäňizmi ýaşaýan we işleýän ýerleriňizi? Maňa nähili maslahat berip biljeksiňiz?

jogaplar

birinjidena suny yazan sen ...... bolmaly.sebabi hacan oyune barsam mal yatak yaly bolup durya.
arassa bolmak onat zat.has hem jemgyyetçilikde in esasy zatlaryn biri soldur.
mysal ucin men ozumin arassa bolmagymy owup aytdygym dal,su iki sebapden goryan:
1.alan zadymy sol bada yaltanman yerine goymaga calysyan. HOOOLL OWW MEN SENİN OYUNE BARSAM BİR JORAP YERDE YATAN BOLSA GYSDA OYE GİDİP GELİP SİZE BARSAM SOL JORAP ENTAGEM YATYRA.BİR GEZEGA HALA SİNEN JORABY AYYRJAK BOLUP NAHAR İYMAN YARYM SAGATLAP OYUNDAKİ HALYNY GAZAP OTYRDYM.sonun ucin alan zadyny ulanyp bolanson derrewjik yeri nire bolsa sona goymaly.
2-nji sebap ha ol adamyn ozune bagly bolaymasa diyyan...sebabi men bolyan yerim calaja bulasyp ugradymy derrew sol tayyny arrasalamak bilen bolyannnn.ynha ikiji sebap hem solllll
basga bilemogggggaaaaaa balam.dineje sulary bilyan.
suny yamanlap yazana gargajakdyryn))
bah, ogugam ur diyse olduraydin-a sen how.

ogugamyň diýýänleri dogry ýöne öz tanyşym bolansoň %50 çişirip ýazypdyr.
Men bilýän derrewjik ýerine goýsaň bolmajagyny. Asyl problemam şony öwrenip bilemok.

abi size arassaçylygy öwreder ýaly
birsi gerek eken sapak berer ýaly nädip
olar ýaly jaýda ýaşap bilýäňiz
Olar ýaly däl. sen ogugamyň diýenlerine üns berme. Meniň ýazanlaryma üns ber

bolýar siziňkä üns berdim siz günde
programa ýazanyňyzda bir sagat arassaçylyk
üçin diýip programalaşdyryň şonda günde
çaşyran zatlaryňyzy we öýüň içini ýygnamaga
wagtyňyz bolar eger siz kyn görmeseňiz

bolýar siziňkä üns berdim siz günde
programa ýazanyňyzda bir sagat arassaçylyk
üçin diýip programalaşdyryň şonda günde
çaşyran zatlaryňyzy we öýüň içini ýygnamaga
wagtyňyz bolar eger siz kyn görmeseňiz
gunluk belli bir wagty arassacylyk ucin ayirmak gowy bolar. meselem agsam 10. kuhnyadaky gap-canaklary yuwarsyn, bashga ownuk ushak zatlary duzedersin. mp3 playerin bar bolsa hezil-a, gulagyna dakyan, basybermeli. menin ing gowy goryan zatlarymdan biridir, sheydip gap-canak yuwmak. hem az hem bolsa hereket etdigin bolyar, hereketde bolsa bereket bar. hem hereket etmegin, hem arassalamagyn we arassa gormegin, hem kellani gorjalap birahat edip duryan bir ishi bitiren bolmagyn, hem az hem bolsa stresden halas edyan bolmagynyn berjek ruhy lezzedi bar. yogsam shol ishi bitiryancan birahat bolar durarsyn.
aslynda her adamyn durmushynda sholar yaly mejbury ishler bardyr. meselem okuwcyda sapaklary, yashayan yerini arassalamak yaly zatlar hokman edilmeli zatlar. edilmanliginde hokman birahatlyk peyda edyan zatlar. kop wagt hem almazlar yone, bashga zatlara, koplenjem gereksiz, mejbury bolmayan,keyp ucin edilyan zatlary ilki orun berenson adamyn ol esasy ishleri jemlenyar we son koplenc bitirip bolmajak hala gelyar. bu bolsa psihologiki tarapdan hem hokman erbet tasir edyar.
ing gowusy birazajyk erk edip sholary etjek bolmak. bir iki gun edenson owrenishersinem.
yashayan yerin, ya-da ishleyan yerin arassaja bolsa keypinem gowy bolyar, gownun rahat ishini edyan. yogsam aklyn bir ujunda hokman birahatlyk berer durar. kasperski programmasyny update etmedik yagdayynda her 5 minutdan ekrana cykyp bizar edip durushy yaly.
sen komputerci bolsan, bilemok bashga edyan hereketli ishlerin barmy. koplenc dine kompun bashynda geciregen bolyarlar olar. her nahilem bolsa sheyle bir zat bar. adam hereket halynda arassa pikir edyar, oturan ya-da duran wagtyna gora. oyun ishlerini etmek dagy hasam shol tarapdan gowudyr. kellande bir tema hakda pikir edyan bolsan, dury pikir edersin shonda. bilemok men ucin-a sheyle.
Diwana maslahatlaryň üçin sagbol. Aslynda dogry aýdýan ýöne iň azyndan ýanyna seni motivate etjek bir adam gerek. Meniňä ýekeje özüm bir hili etmek gaty agyr gelýä. Ýöne günlik meýilnamama girizjek şol arassaçylygy. Bolmasa bolanok, içiňde hözir bolmaýa.
shahyr,ol seni motivate etjek adamdan nahilirak hereketlere garashyan? onun yignarynamy ya sana yignadaryna?

menin chashan zatlary yignatmak usulym:
kompyuterini yalnysh ochurjek diyip gapdalynda tayyar bolup dursam,derrev motivatsiya gelya

ol adamdan şeýle diýmegine garaşýan.
Dawaý bol-da ýygnaly. Sen turmasaň menem turjak däl. Bol-da
ýa-da:
Ýo-ýo, sen kompýuteriň başyndan turup oturma özüm ederinlaý
ýa bolmasa-da .
Sen ýok wagtyň men eýýäm arassalap goýdum
kan kellani agıtmaga gerek yok dost öylen ve problemadan halas bol.menden sana nesıhat.Namede bolsa öylenmanın manasy öy edinmek dimektir öyin bar bolsa gelin almak dimektir.Öy yalnyz erkegi kösar.bu meseleden halas bolmanyn tek yoly öylenmektir.
yahey natdinizay muny, erkek mashgala dagynyk bolya hou .. [oylenyancha)] on yali zady gaygi etmesene, men yeke ozum byr ullakan komnatda bolyan, dine gapy`dan shkaf`a cenli incejik yodajik ba komnatyn ortasynda, galan yerine heniz ozumem baryp goremok. krovatdan bashga yerine.. barar yalam dalow. yolbars cikjakmi mojek cikjakmi belli dal, barmana gorkyanamow))) [that was kinda sarcastic]
kan kellani agıtmaga gerek yok dost öylen ve problemadan halas bol.


aslynda admin shony diyayesi gelip durdy, bu belli. yone gowni adamlaryn shony maslahat bermegini isledimi namemi? )

yone men pikrimce edil beyle dal. ony ilki bilen ozun duzetjek bolmaly. motivate etjek bir zat hokman gerek, yone ol hokman bir adam ya haysydyr bir dashardan doran "oyaryjy" (stimulus) bolmaly dal. motivation hacan has manyly bolyar? ol adamyn icinden dorande. yagny sen ona mataclik duyanda. bu hemme temada sheyle. tertiplilikde-de sheyle. adam tertip-duzgunli bolmagyn ona, durmushynyn gidishine, durmusha umumy garayshyna, psihologiyasyna, saglygyna positive tasir etjegine yurekden ynanmaly. ine shol hakyky ynanc adamy herekete gecirmage yetyar. dashardan komegin gelmegi hokman dal. yone munyn ucin ilki bilen tejribe etmeli. yagny ilki barlap gormeli, ol duygylary bir datmaly, goz yetirmeli, ony yurekden yashamaly. ondan son hakyky isleg bilen doran hereket bashlar. ona cenli bolsa birazajyk erk bilen ozune zorluk bermeli.
ey shu diyenlerimi ozumem etmeli oz-a
aslynda admin shony diyayesi gelip durdy, bu belli. yone gowni adamlaryn shony maslahat bermegini isledimi namemi? )
Bildiňaý diwana. Indi ýaşam bir çen boluberdi.. Köpden bäri öýe baramok barsam şu temany açyp kellämi iýerler.
Arassacylyk gerekmi?
Oylenen erkeklerin oylerinde arassa diyanizler, elbetde olarda ayallary bar. Ayallaram oyde oturyandyrlar diymek ishlenoklar.

Erkeklere arassa bolmak kyn sebabi olardan kop zatlara garashyarlar. Erkekler mashgala pul getirmeli, garyndashlaryna komek bermeli... bilimli bolmaly... son oyini arassalamaga wagt yok.

Priority of things diyen zat bar. Gerekli zady bashda edyan a son arassalamagyn peydasy bar bolsa onda oyi arassalayan.

Meselem, mende okuwdan kop oye ish berilen bolsa onda men kirli egin-eshiklerdam yorerin, gerek bolsa kirli kaseden hem iyerin .

Menin oyumde hich zady tapyp bolmayar..... bulam hich bir ulakan zyyan getirenok ...

Bildiňaý diwana. Indi ýaşam bir çen boluberdi.. Köpden bäri öýe baramok barsam şu temany açyp kellämi iýerler.

kellani iymesine iyerler hokman. garashmak ucin bir sebap yok bolsa bassss name.
batyrgyz bey diyme, arassacylyk gerek hokman. adam owrenishyan barlyk, herhili yagdaya owreniship bilyar. kop yagdayda oz icindaki "unstability" yagdayy duysa-da "consciously" pikir edenok ol hakda. [bagyshlan, inliscam gowy dal, gomparyandyryn oytman. shol sozlerin turkmencesini hem bilemok-da yone ]
dash toweregin dargap yatmagy hokman adama gaty tasir edyar. ol yagday has kop shol zatlary yerbeyer edende duyulyar. yogsam shol bolshuna dowam edersin.
bilemok, men shol "unstable" hallardan bizar bolan, shol esbapli oz icimde "stability"in gozleginde. shon yaly zatlar gaty tasir edyar mana, birazajyk sho taraplardan duygur birhili. yone yaltalyk mende-de bar, toweregi dargadyan wagtym kop boldy, yone shol wagtlarda, duzetmesem iyen naharymam bogazdan gecenok, gecse-de zaher yuwdan yaly bolyar. shol bolshuna dowam eden wagtlarymam kop boldy, song ahyry bizar boldum. indi chydap bilemok sheyle bolsa.
Ynjyk adamlar arassachyl bolyamyka diyyan mena. Otyryp-turyan yeriniz arassa bolmasa nadip ol yerde otyrasynyz gelya?! Mena in gowy goryan ishim uborka etmek halamayan ishim nahar bishirmek )
Mena in gowy goryan ishim uborka etmek halamayan ishim nahar bishirmek
iň gowy görýän işlerimden biri nahar bişirmek, stresden gutylmak üçin gowy zat. gap-çanaklary ýuwmak bolsa iň halamaýan işlerimden biri.
Wiy mena gap-chanak yuwmagy erbet goremok yone nahar bishirmegi halamok. Gaytam nahar bishirmek kyna her zadyny bir wagt salmaly. Gap-chanak bolsa derrewjek yuwyp goyyan.
Aý men-ä iksinem halamok şonuň. Pulym ýetip dursa diňe daşardan nahar iýýän, pulym az bolsa bialaç pişirýän bir zatlar. Ýöne 1 ýyldan bäri pişirip göremok diýsemem bolýa. Öňler pişiren naharyma haýran galýadylar . Geljekde baý bolsam elit restoran açjak. Şonda talyplar.com-yň agzalaryna %50 arzan satjak naharlarymy
mena uborka etmek in govy goren ishim dal,yone nahar bishirmekden yene uborkany govrak goryan;
men ynjyk-da onda,harmandali? ynjyk nahilirak bolyaray? arassachyl velin,yone daliredyan arassachylyk,bir uborka edaysem bir hepdelap hemmani yzarlap gezyan hich yerini hapalamazlar yaly, bir yeri bozulaysa dagy urush turya shol vagt
naharlaram bolyan hapalayan nahar,hapalamayan nahar diyip haysysy azrak gap-chanak edyan bolsa,shol nahary edyan; gazyn ustune-ha alyumin kagyz yapyp goydum,name dushse-de shon ustune dushsun;
Cendrillon salamchik sen iberenlerini aldym kop sag bol.
Ynjyk bolanynda hemme zat super puper muper bolmasa kanagatlanmayan adam
Mysal uchin koynek geysen sahel bir yeri gyshyk bolsa shony duzetmese geyip bilenok.
Uborkada hem shonun yaly bir zady arassalasa hokman anyry bashy edip etmeli hapachylyga bolmayan adam. Bashgasyny bilemok mena sheyle pikir edyan naharda hem sheyle suyji bishiryan adamlar
Admin aga ana indi dilinizden sypdyrdynyz restoran achsanyz gunde-gunde barar durars
gazyn ustune-ha alyumin kagyz yapyp goydum,name dushse-de shon ustune dushsun
hut türkmeniň edäýjek işi-dä. pultlary plastiki pakede dolap ulanylýar-a ýöne gowy emel ekeni.
dine turkmenler dal,mena fransuzlardan ovrendim shony,her uborka edemde kagyzy chalyshmak uchin ayiryan,gazyn ustunin akja bolup durmagy keypimi goterya

P.S.salam harmandali,indi shu yerlerde salamlashaymasak,gygyrmavach yok
tuveleme admin oylenmekçimi?way oglanlar gyssaberseler öylenayjege menzeyarle.Arrasaçylyk üçin öylenekçimi admin? Oylensen bir aydarsyna talyplar.coma guk dıydırtmesen bize gaty görers.
wo ai ni, gyssamasana oglany beydip, nahilay.. )
shahyr natdi?! arassachylygyn syryny owrendinmi?!! menem bir maslahat bereyin: yashayan yerine, yashayan yerini arassa saklayan adamlary we myhman kopurak getir. olaram senin bu yagdayyny gorup sana bir zat diyerler, diymeselerem senin ozun pikirlenersinmi, namys edersinmi birzat diyseler... ay garaz shoda...
menem nahar bishirmani halayan. bir ish edemde-de shol edyan ishimin goze yakymly bolmagyny gozonunde tutyan. arassachylygam(uborka) halayan.
iň azyndan ýanyna seni motivate etjek bir adam gerek. Meniňä ýekeje özüm bir hili etmek gaty agyr gelýä. Ýöne günlik meýilnamama girizjek şol arassaçylygy. Bolmasa bolanok, içiňde hözir bolmaýa.
shahyr | 2007-10-21 19:59:37

öýlenseneý shahyr dost! näme etjek, kösenip uborka edip. ýaşyňam indi öýlenerçe bolandyr-la?
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!