1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Temanyň adyndan belli bolşy ýaly bu ýazgyda para alýanlaryň näme üçin alyanlyklary barada ya-da sebapkarlerini yazgarmak barada däl-de dineje parany jemgyýetimizden nädip ýok edip bolar diyip bu barada diskussiya, pikir alyş-çalyşlygy edeliň. Maksadymyz diňeje watanymyzdan şeýle adamçylyga dogry gelmeýän haramçylygy düýpgöter aýyrmagyň ýollaryny derňemek, tapmak bolsun. Uly haýyşym, temadan daşaryk çykmalyň we diňe kelläňize gelen, siziň logiki görýän ýollarynyzy ýazyň. Diyjek zatlarynyzy düşündürüp yazmagynyzy haýyş edyarin. Belki bir gün bu temany okanlar döwletimizin dolandyryş derejelerine göterler we watanymyza uly peýdasy deger.

jogaplar

İlki bilen parany yatyrmak üçin edilmeli zat mekdeplerde, yokary okuw jaylarynda bilimin hilini yokarlandyryp, okayan yaşlaryn bilime, üstünlüge, tehnologiya ünslerini çekmek we paranyn jemgyýete bolan zyýanlaryny ündemek we para bilen tutulanlaryň agyr jerimelere sezewar edilýändiklerini görkezmek.
Olara parasyz jemgyýetlerden mysal bermek,döwletin güyçli we demokratiki yurt bolmagy parasyz işleyan sistemalar, yollar bilen amala aşjak maksatdygyny ündemek gerek diyip pikir edyan men.

Bu zatlaryn gysga wagtda boljak zatlar daldigini hemmamize ayan, emma birinji adim yaşlary mekdeplerde terbiyelemek diyip pikir edyan.

Sizin pikirlerinizi okamak üçin sabyrsyzlanyan.
men pikirimche halkyn yashayyn shertini gowulandyrmaly, aylyk manysynda diyyan. onsonam bu wagt tkm-da ishchilerin aglabasy dowlet edaralarynda ishleyar. dowletin beryan aylygy bilen gununi gorse boljak welin, yene-de gaty owerlik bolanok-da. dowletin ekonomika yagdayy galsa bu zatlar edil shugunki yaly bolup durmazmyka diyyan. meselem tkm-da yayban para organ-da bar diyilyar. organ isgarlerinin aylygy kop bolsa, olar parany name etsinler? ya tapawudy beyleki edaralarda-da shonun yaly... meselem salgyt gullukchysy, hokumetden alyan aylygy nache?! 3-4 million arasy. a onun barlayan sowdagerleri bolsa ayda 10-12 million gazanyarlar (in barkije taksistler) arasyndaky tapawut dag yaly. hawa onson 2 tarapy denlemeli bolyar-da.
yene bir mysal getireyin, tkm-da in kan gabat gelinyanlerin biri gundelik durmushda. samolyet biletleri. d-oguza alayjak bolsan gije baryp nobata durmaly, i to her reyse bir 10-15 adama satyarlar, son bilet gutardy diyyaler. ine diyeli halkyn yagdayy gowy bolsa, biledin bahasynam dowletin ozi hem yokarlandyrsa, aslynda munun uchin koprak reys goyulsa hasam gowy bolar, hemme kishi gelip alyp bilerdi. meselem biledin bahasy 100.000 manat bolsa hem dowlet pul gazanyp gazna pul yygnar, hemem halkam arkayyn baryp alyp biler.
in sonunda jemlap aytsam, ekonomikany galdyrmaly, hokumetde ishleyanlerin aylygyny galdyrmaly.
Ilki bilen yokarda arassa ishleyan ishgarleri otyrtmaly ol zatlary amala ashyrjak bolsan! Sebabi olar jeza bermeli olar halkyn arassa ishlemegine gozegchilik etmeli biriniji adamlar.
d-oguza alayjak bolsan gije baryp nobata durmaly, i to her reyse bir 10-15 adama satyarlar, son bilet gutardy diyyaler.

50-60 adama satyalar. Yone shu wagt bilyan bolsan biletler doly erkin satylyp otyr kassan yanynda milise dayylar dur. Yone bilemok ol nache wagtlyk sheyle boljagyny. Bazarlarda lashkan bahasyny arzanlatdylar 90 munden 37 mune getirdiler.
Aeroportda birgiden dowuk samalyot bar sholary bejerdip reysi kopeltmegi soz beripdir diyyaler.
Men sheyle pikir edyan her bir yokary ishgarin yzynda hokman barlag goymaly hemme hereketlerini bilmeli. Hachanda yokary okuw jaylaryna egzamin bashlan wagty her egzamin alynyan klasda kamera goymaly. Eger hokumet ony etmese onda ozune gowni yetyan okuwchylan birisi yanyna juchok alyp gitmeli hemme zady yazdyrmaly eger haramchylyk etse goni arza yazmaly. Sheydip yuwash-yuwah adamlan gozuni gorkuzmaly gaydyp gaytalamazlary yaly. Shu zatlara hokumet jogap berip bilmese onda halkyn ozi her bir adam hereket etmeli. Bolyan haramchylyklara goz yummaly dal “men bilen bolmady men name ishim” diymeli dal. Ay yone bulan bary dilde ansatlay.
5 manat ber aydayin parany nadip yatirmalidigini )
Her adamyn başina bir milise goyjak bolsa, ol milisilerin başina kim durarka?
Her adamyn başina bir milise goyjak bolsa, ol milisilerin başina kim durarka?

Men durarn Shol zatlara seredyan chesny ishleyan adam. Ol barlag edyanler gizlin ishlemeli aylygynam kop bermeli.
"sesi yazdyryp" "duşmanlaryny" türma sokduryanlar köp..
we işe yarayar hem..
menem bir janym yansa, şeydip, "durmuşyny garankylatmak islardim, şol para alyanlaryn.

Biledin satylyandygyna begendim. şonun yaly habarlary gowyja tazeje tema açyp yazsana harmandali..
hemme daşary yurtdakylar üçin gyzykly bolyar şeyle habarlar.
Türkleriň "Hacivat ve Karagöz" diýen kinosy bar, şol kinodan bir sahnany ýazaýyn.
1320-nji ýylda Eşrefogullary begligi ýykylýa welin baş weziri gelip Osmanla goşulýa, Orhan gazy (osmanlyň ikinji padişasy) döwrinde bolýa. Ýaňky weziri hasabat işleriniň ministeri edip belleýäler. Soň ol etjek täzelikleri gürrüň bermäne başlaýar:
- Adamlar, arap ýurtlarynda "para" diýip bir zat bar. Kim pul berse şonuň hökümetlik işi has çalt edilýär. Hem hökümet gazançly bolýa hemem oň işi ir dynýa. Şony bizem ýola goýalyň.
yaman kyn zat. nireden baslap name yazjagymy bilemok men-a.
bilim terbiye hokmany zat yone. okuwlarda owredilmeli, mashgalada we mediada-da owredilmeli, yazgarylmaly, kanuny tarapdan gunadigi, bilinse belli jezasynyn bardygy owredilmeli. yone bir tarapdan jezalar yerine yetirilmeli. mekdepde watan soygusi owredilse gowy bolar. watan soygusinin ozune bolan soyginden artykmac bolmagy, azyndan ozun yaly soymegi owretmeli. taryhda adamlaryn watany goramak ucin oz janlaryny pida edendiklerini, shondan hem cekinmandiklerini gowy gurrun bermeli. sholar etmedik bolsa hazir bizin biz bolmajakdygymyzy aytmaly. hazir bolsa para diyilyan zat watanyn dargamagyna sebap boljak esasy zatlaryn biri, shol sebaplem ondan uzak durmalydygyna ynandyrmaly. netijede jezalar dine gorunmezligine sebap bolar, emma sheyle ynanclar bolsa gorunmeyanlerinem bir bolegini yok eder. watan soygusi gerek.
hazir yaman birhili yone. ekzameni gecirmek ucin para alyan mugallym kime paranyn erbetdigini owredip bilsin. para alyan polisiya, hukuk organlary kimi jezalandyrsyn. ay kyn zat.
yone hokman idealist bolmaly diyip pikir edyan. hickim ol ugra bolmasa-da shona dushunyan adam hokmunde dushunyaler yeke ozi hem bolsa garshy goreshmeli. bashga yoly yok.
achilles, halkyn yashaysh sherti gowulashdyrlylmaly, ol dogry welin senin aydan zatlaryn para almak ucin sebap bolup bilmez, men pikrimce. zorbalyk bolyar o zatlar, hemme zadyn bashy shonda-da. dowletin bir organynda ishlap, elindaki guyji oz nebsin ucin ulansan eyyam bary biderek. ol guyclinin ejizi soymasy bolyar. watany goramak ucin berilen guyji sheydip oz nebsi bahbitleri ucin ulanyanlar yagdayy shu hala getirmedilermi?
garaz chozgut dine bir tarapdan bolup bilmeyar. shuwagtky yagdayda herkime bir guna berlip bilshi yaly herkimin ozuni goramak ucin sebabi hem bar. duzetjekmi hemme taraplayin birden herekete gecmesen bolmazmyka diyyan. meselem shol salgyt gullukcysy para almagy guna, emma aylygym pes diyip bahanasy bar. "onda para alma, dowletden aylygy galdyrmasyny talap edin" diysen ony dinleyan dowlet bolmaly. garaz sheyle. yone bir tarapdanam adamlar kanagat etmegi owrenmeli, bu eyyam bashga tarapy.
derman şu wagt kanikulda yöne barde bolan bolsa şey diyerdi:

1. para sözini sözlikden çykarmaly
2. para yok diyip kabul etmeli
3. belki para gowy zatdyr ony yamanlamaly dal
4. belki ony gowy şekilde ulanmany başarmalydyrys
para alýanlar/berýänler bilen göreşýänleriň özleri hem para alyp ýörse näme etjek?
Men-a dogrymy aytsam bu parahorlygyn yatyrylmagy bir nesilin üytgemegine bagly öytyan. Taze nesilden umyt bar, könelerden menin umydyma yok. Şuwagt parany yatyrmak üçin işlenip başlansa 20-30 yyl yetmezmika diyyan. Belki şeyle bir akylly taktika yzarlasap 5-10 yylda ayirip hem bolar. Ay bilmedim-da. Umytsyz bolmak gowy dal welin umytlanmak üçin sebap gaty az-da :-(
Men bildim nadip parany yatyrmalydygyny
1) Dunyadaki hemme adamlardan artykmach pullaryny choplap chykmaly
2) Para alyanlary bilinyan bir programma yasamaly )
Bizin hemmamiz nalynmagy gowy goryasay “Hokumet eytmeli, beytmeli, ony edenok muny edenok, bu bolshuna gitse yurda name bolar, ah, eh…” bilyan bu hakykat yone yene-de bir hakykat bar bizin her birimiz hem mun uchin edyan ishimiz yok! Men name edyan hich zat! Bulan hemmesi ilki bilen yonekey zatlardan bashladyp bilers. Mysal uchin onurajik bir shampun alyp gaytdym bazardan oye geldim shampunyn srogy gechipdir. Yzyna akitmedim son yene-de sheylerajik yagday boldy yenede gitmedim a bir gun bolsa jigimi zaman gazedyny almaga ugratdym weli gazedyn bir listy yok ekeni. Dashynda gorkezilen “Shahrukh Khan….” Okajak bolyan ichi yok. Jigime yzyna tabshyr diysem etmedi. Ay bara gaharym geldi utandymam sheyle yonekeyje zat uchin barmaga weli jigimi alyp gitdim ol pahyra utanyp anyrda durdy. Menem baryp “Zaman gazedyny ber!” diydim, chykaryp berdi gorsem listy yerinde onson “onda name uchin hol duran chaga satan gazedynyzyn sahypasy yok?!” diydim pahyr yash oglan ekeni aljyrady bahgada alyjylar bardy mengoh etmedim dine soradym. Olam “bagyshlan gormandirn shol elinizdakini alayyn…” diydi. Birhili dashymdaky adamlardan utandym bolmasa ona “utananokmy chaga diyip kem zat bermage..” diyjekdim biraz gatyrganyp weli. Bilyanlay yonekey zatdygyny yone kawagt kakynym tutsa yonekey zatlardan hem problema yasayan
Bashgada kop sheyle zatlar bolya diyjek bolyanym shonda her bir adam shol harydyny yzyna gaytaran bolsa onda shol satyjy indiki gezek gowy dal zadyny satmaga gorkardy. Parahorlyk hem sheyle eger bir adamdan para soralsa ol name uchin onun ustunden arza yazanok?! Name uchin ya shol soran puluny tapyp berya ya-da umsumjek gaydya?!

Para bermek usaii we ýewropa ýurtlarynda hem bar ýöne bizdäki ýalak her ädimde däl de diňe uly wezipelilerde hem de gaty uly möçberlerde.
Bizde (köp ýurtda) esasy para berilýän ýer ýol gözegçylygy. Eger sen trafikada ýalňyşmasaň para bermeli ýagdaýa düşmersin. Umuman kanuna gulak assaň para bermeli bolmarsyň.
Tomus şeýleräk waka boldy. Jigime täzelikde işe başlan DÝGG işgäri "ne podçinenýa" ýazypdyr, aslynda o taýda diňlemezlik diýen ýaly zat hem bolmandyr. Şol ýagdaý maryda ýarymarkaň öňünde her gün 100 gezek bolýa, şans saňa gabat geläýýä. Ol diýýä "men täze işe başladym men ýazaýmaly, plany dolmaly", jigim hem "ýazsaň ýaz" diýipdir.
Soň jerimäni tölemäne gitdik, kassadaky tanyşyň gulagy galýa, diýýä "Ýazdyrman, para berip sypaýmaly ekeniň, özem ne podçinenýa, bilýäňmy 3 şeýle bolsa prawaňy alýas...".
DÝGG işgäriniň aýdanyny etmeseň, durmasaň, garşylyk berseň 750.000-den 1.500.000-e manada çenly jerimesi bar. Şol jerimeleri 6 aýda bir göterýäler, bir tarapdan kanun hem mejbur etýän ýalak.
Bizde (köp ýurtda) esasy para berilýän ýer ýol gözegçylygy. Eger sen trafikada ýalňyşmasaň para bermeli ýagdaýa düşmersin. Umuman kanuna gulak assaň para bermeli bolmarsyň.mc_merw |

mac_merw shu diyenin beyle dal bolaymasa. kanuna gulak assan bolanok gaytam, men bilyanim. yolda bolup biler, sebabi ol yerde kanunlar acyk. emma basga yerde kanunlar yoranok. hemme zatda ne ishgar ne-de yuz tutan, hicisem kanuna seredenok. halk oz hakyny gorap bilenok, kanunlardan, azyndan adam hak hukugyndan zat bilenok. olar owrenishipdir, gorguliler alacsyz para isleseler zat diyman, pikir etman beryaler. turkce aytsak shartlanmishlar. wyjdanlary gysylypdyr, yonekey, hic hili "arka"sy bolmayan adamlar hokmunde ruhlaryna garyshan gorky bar, beyleki tarapy pikir edip bilenok. bu yagday "arka"sy ya-da pul yagdayi gowy bolanlar ucin bolsa hezillik. olar yalylar bilen sohbetdesh bolsan "biz razy, gul yaly parahatchylyk bashga zat gerek dal, internet zat nama gerek" diyyar.bu bir tarapy.
bir tarapam shu. sen kanuny bilende-de etjek zadyn yok. men bir yerde para isine bulasmajak bolup bir zady duzetmek ucin ylgadym. haksyzlyk etdiler, goz gortele. yone senin ylmyn, tejriban, gozyetimin hic zadyn peyda edenok. olaryn pinine-de dal. meselem men sholaryn eden haksyzlygyny doly subut edip bilerin, psihologiyanam ulanyp (hereket, tasir, reaksiya yaly zatlary ulanyp), aramyzda gecen diyaloglara seredip. yone bolanok, men duzedip bilmedim.para-da bermedim yone. aslynda gidip aytmaly yerlerine aytsan yagdayi, duzelerdimi bilemok, ony etmedim, yone shonda yaman icim gysdy, alada edip bashladym, okuwy gutaryp gelemde nadip yashap bolarka diyip. hudaya yene shukur karim gaty bir paralyk kar dal. garaz kanunlary bilip eden yalnyshyny yuzune aytsanam bolanok, "arka"n bar bolsa ulanmasan sen sesinem chykanok. elli iki uytgeshik adam bolay. men-a sheyle gordum.
chare hokmunde sistematiki name etmeli biljekdal. dowledin etmeli ishleri bardyr, olar hakda zat diyip biljekdal. yone bir zat bar, adam hak hukugy, wyjdan tarapy. shol duzelmese bolmaz men pikrim. halka hormat bolmaly. yurdun eyesi dowlet dal diyip pikir edyan, yurdun eyesi halk, dowlet yurdun goragchysy. dowletin organlary, polisiya ya bashga yerler, olaram halky goramaly, halkyn ustunde basgy gurmaly dal. yonekeyje bir ishe gidip bir zat hayish edyan, sana gowniyetmezcilik bilen seredyaler. ol shol ishin eyesi we men ona matac yaly. shu mentalitet gitmese bolmayar. paranam esasy koki shol mentalitetde. garaz, gepin gysgasy demokratiya gerek. dowletin herhili jezalar, kanunlar bilen etjek zady sonky zatlar.
Menin sizin yazanlarynyzdan çykaran netijam parany yatirmak üçin ony halk diline düşürmeli we mediada göni programmalar ýaýlyma bermeli we şol ýerde ýaşlary çykaryp gürletmeli, parahorlyk hakynda öz pikirlerini aýdyp bilmeli şol ýaşlar erkinlik bilen.

We parahorlar telewizorda ýazgarylmaly, gazetlerde makalalar çykarylmaly bu barada. Haçanda şeyle etsek düzeleris diyip pikir edyan. Şeyle aç-açanlygy, erkinligi pikir hem etmek kyn düşyar Türkmenistan üçin dogrymy aytsam. Gözöňüme gelenok bir hili.
shahyr seň diýýan zatlaňy tv görkezdirmek üçünem "para" bermeli...
meň pikirimçe garaşsyzlyk alamyzdan soň ýadyňyza düşýan bolsa tv-den adalat programmasy görkezilýärdi(belki şu zamanda-da görkezilýandir,ýöne öňküler ýaly däldir)şol vagtlar köçede "trek" satýanlary, podvallarda "geroin" çekýanlerini ,mentleň "para" alýan adamlary tutuşlaryny açyklaýyn görkezilýardi.belki şol programmany öňküler ýaly düzedip ýerine goýup bilseler ondaň "para" alýanlarda,"geroin" çekýanlerde,"trek" satýanlarda azalar.
shahyr, sen pikirlerinde "media"ny ulanmak hem bar oydyan. onyn dogry welin edil shu wagtky situasiya-da kynrak. sebabi biz-de "hususy eyechilik"(ozel sektor) entek osmedik. we ne bir hususy tv kanaly ne radio kanaly ne gazeta(zamandan bashga) bar. olaryn bary dowletin elinde. onson.....(ozun dushunensinda)
"pikir azatlygy" bolmaly men pikirimche onerti. yone olam bu yagday-da men-a bolmasyn gowy goryan. hemme zat yuwash-yuwashdan bolsa gowy bormuka diyyan. sebabi bizin halkymyz entek shona tayyn dal ruhy taydan. ya bolmasa ekonomiki tarapdan galmak. "mesligi goyun goterer, goynunam garasy". shol zatlar uchin "okuw, bilim" gaty gerekli. ol okuwam bizin dowlet wuz-larymyzda dal.(olaryn ichinden dine 12-20%i diyip bilerin) dashary yurtda okasalar, ya bolmasa bizin wuzlarymyzda sistemany uytgetseler bolup biler...
"pikir azatlygy" bolmaly men pikirimche onerti. yone olam bu yagday-da men-a bolmasyn gowy goryan. hemme zat yuwash-yuwashdan bolsa gowy bormuka diyyan. sebabi bizin halkymyz entek shona tayyn dal ruhy taydan. ya bolmasa ekonomiki tarapdan galmak.

ruhy taydan tayin bolmak name diymek bolyar?
pikir azatlygynyn yagny demokratiyanyn berjek zyyany nace kopem bolsa men pikrimce hazirki yagdaya gora has gowy bolar. adamlaryn ruhuna erkinlik berman, ona gorky salmak, gysmak, ylym bilen, pikir bilen doldurmazlyk, wyjdanyny koreltmek bilen nadip ruhy tayin etjek dusunmedim.
eger ekonomiki tarapdan galmak halky azdyrjak bolsa ol pikir azat edilende dal hazirki yagdayda-da bolar. ekonomika galmaka azan adamlaryn sany artyp baryar-a. pikir azatlygy hazirki yagdaydan gowumy? hawa bolsa onda iki erbetden az erbedini saylamak has dogrudyr.
sonam halk entek tayyar dal bolsa muna kim gunakar? halkyn ozumi? ya-da shugune cenli hokum suren rejimmi? onda bu toprak tohumy gogertmage yetmandir bugune cenli, mundan son garashmak akyllylykmy? men pikrimce yok.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!