1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,

Bir wagtlar haýyr amallary gijikdirmän ýerine ýetirmäge çalyşýan bir adam bar ekeni. Ol öz nebsiniň isleýän zatlaryna ýok diýip bilmegi başarýan ekeni. Şol sebäpli-de ol haçanda nebsi buzly gaýmak(manty, pizza we ş.m.) iýmek islände wyždany bilen nebsine:”Iýen ýaly kabul et!” diýip, şoňa berjek pulyny öýlerinde haýyr üçin saklaýan gutujygyna goýar ekeni. Şol gutujyga goýlan pullaryň mukdary belli wagtdan soňra köpelip, oňat haýyr etmäge ýeterlik derejä gelipdir. Olam şol pula bir metjit gurdurypdyr. Bu metjidiň nädip binýat edileni öwrenen ynsanlar bolsa şol metjidiň adyna “Iýen ýaly kabul et!” goýupdyrlar.

jogaplar

Şu bolan waka öňem ýadyma düşende:”Gel-aý, şu wakany agzalar bilen paýlaşaýyn!” diýip birnäçe gezek ýadymdan çykardym. Indi bir ýatdan çykarmaýyn diýibem goýup durşym!
Ata aga şol diyyan metjidiniz istanbulda eminönü rayonunda ine suraty:

Türkçe ady sanki yedim
suraty googledan tapdym belki dogry daldir emma şol metjidin bardygyny bilyan.
shahyr jan, oran minnetdar, sen yaly gozleg motorlary bize hemishe gerek-how

gorenime begendim, eshidipdim on.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!