1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Türkmenistan Güneş Ansambliniň kökleri 1970-nji ýyllara ve Türkmenistan Döwlet radio we telewideniýe orkestrasyna baryp degýär. GÜneş Tbiliside gurulan bir topar sazandalar we bir wokal topary bolan ansambldir. Soňlap täze ýaz sazandalaryň goşulmagy bilen etniki däp-dessurlara bagly güýçli jazz-rock sazlar çalan bir ansamble öwrüldi. Bu topar Azerbeýjan we Türkmenistana degişli ýerli wokal stil bolan Mugam stili bilen jazz sazyny birleşdirip deňsiz taýsyz ses emele getirýär.Bu toparyň iň möhim agzalary polifoniki-ritm ussady deprekçi Rişad Şafi we saksofonçy Stanislaw Morozowdur. Bu topara güýli abraý goşanlaryň arasynda Wietnamly biri hem bar. Güneş topary 1997-nji ýylda Moskwada geçirlen "Bahar ritmleri" festiwalynda baýragy alýar. Mundan başgada Rişad Şafi SSSR-de geçirlen bir topar ýaryşda iň gowy deprekçi saýlandy. Rişad Şafi, Peter Gabriel ýaly ussat sazandalar tarapyndan gowylardan gowy deprekçi hasaplanýar. Güneş toparynyň tapawutly wagtlardaky döreden saz we aýdymlaryndan ybarat bolan "Rashid Shafi presents Gunesh Ensemble" häzirki günümüzde saz sungatynyň ussatlarynyň agzyndan düşmeýän albomdyr. Topar bulardan başga Ýerewan, Alma Ata ýaly bir topar festiwalda baýraklar alýar. Bu topar Türkiýä gelip hem käbir ýerlerde çykyş edipdirler. Güneş toparynda jemi 65 kişi işlýpdir.
Olar:
Stanislav Morozov (tenor sax,fl,comp,arrang.)

Jusif Aliev (pos),

Alexander Stasjukevich (tr),

Shamil Kurmanov (tr),

Sabir Risaev (sax),

Wladimir Belousov (bas),

Rishad Shafi (dr),

Michael Logunzov (git),

Willy Albrecht (key)

Rishad Shafi presents Albomyndaky sazandalar.

Rishad Shafi / Deprekçi

Oleg Korolev - klawýatura

Stepan Stepanyantz / klawýatura

Michail Loguntsov / gitara, sitar

Vladimir Belousov / bas

Gasan Mamedow
/ skripka

Vagif Rizayev / sax

Stanislav Morozov / flute & alto saks

Yusif Aliyev / trombon

Alexander Stasyukevitch / trompet

Shamil Kurmanow / trompet

Rakhmed Abdurahmanov / gitara (7-12)

Khajiriza Ezizov / wokallar (2,7,8,10)

Berdimurat Berdiyev / wokallar (11)

Ilyas Rejepov / wokallar (12)

Şamamet Bäşimow / dutar, synthesizer, wokallar(12)
Ynha Rişadyň albomlaryny şu ýerden download edip bilersiňiz: http://uploaded.to/?id=fdw2nu

jogaplar

Rişadyň çalyşyna keýpim gidýär
Kakam aýdyp berýädi, radioda Güneşiň taze ýazgysynyň çykanyny eşitse, şol gije poezd bilen Aşgabada gydyp, ýazgyny tapyp ertesi agşama öýe gelýän eken. Bolmasa Mara 2-3 hepde giýç gelýän eken. Obaň bar adamy diňlejek bolup öýe üýşýän eken, ...

Ýone ýakardaky ýazgyda Şamammet Bäşim kölegede galan ýalak. Ýogsa ol güneş dörän wagty esasi wokaldy, asyl ideýa hem şonuňky eken.
Bizde başga rok topary ýokmy? Täze çykanlaryň arasynda rok aýdýan ýokmy?

Dutar sazlaryndan täze rok stili çykaryp bolar diýip pikir edýän.
Güneşiň "The Lamentation Of Shahsanem.mp3" aýdymyny gulagym galyp diňleýän. Dutar çalyşlary diýseň telpeklik.
sonky yyllar,
aşgabatda kiçijek "amator" rock grupbalary dörapdir..
yöne olaryn köpüsi türkmençe ya-da türkmen dal.
we olar dineje başgalarynyn aydymlaryny aytyarlar, çalyarlar.
"made mistake", "relikt" we yene birnaçe toparlar bar.
balkanabatdanam "tribe" diyip bir grup bar diyip eşitdim emma olar barada hiç zat bilemok.
http://my.opera.com/MADE%20MISTAKE/blog/
made mistake diyyanin sahypasy.
şeylede relikdin hem albomy bolmaly.
shahyr köp sagbol..
aydymlary alyp durun.
güneş ansambl hazirem barmy?? yada yitip gitdimi??
rişad şafi türkmenmi??
hazir dirimi?
gunesh.net ynha şu ýerde Stas Morozowyň ýasan gunesh barada saýty bar. Häzir bu topar dargana meňzeýär. Ýöne gaýtadan çykyş edip başlasalar men-ä gaty begenerdim.
Güneşiň "The Lamentation Of Shahsanem.mp3" aýdymyny gulagym galyp diňleýän. Dutar çalyşlary diýseň telpeklik.

şol aydymyn original dine dutarly aydylan görnüşi yokmyka??
menem gaty haladym
http://www.gunesh.net/html/my_records.html
“Кирк бир миллион беш юз минг” “Fank” Вариант

Düýn agşam «Güneş» diňledim. Başda çalaja ses bilen diňleýädim, ýuwaş ýuwaş damardan girdi, soň bar sesini açyp joşdum...
Progressive, Acid, Jazz, New Age, name diýseň bar. Döwründe ad almazça däl.
Ýenede bir "Güneşli" gije geçirdim, soň bir zat ýada düşdi. Güneş dargandan soň Şamammet Bäşim "Dessan" diýip bir topar döredipdi, ilden üýtgeşik aýdymlary bardy. Taýan bar bolsa Şamammet Bäşim Baýramaly Ýedinjiden.
Taýan bar bolsa Şamammet Bäşim Baýramaly Ýedinjiden.

sedmoý parijli maxat! tanaýaňmi
özüne yedinjide gabat gelmedim welin yöne maşgalasy barde, başga Gülşirin alijanowa bolmaly, son kim-çalasyn kim-çakgandaky İlmyradam gonşymyz
rişad şafi-niň 2000-nji ýylda çykaran albomy.
45° в тени


1. Интродукция 2:04 | 256 kbps | 3.81 mb
2. Моим друзьям-1 3:46 | 256 kbps | 6.91 mb
3. Вьетнамские фрески 7:03 | 256 kbps | 12.92 mb
4. 45 в тени 3:31 | 256 kbps | 6.47 mb
5. Ритмы древней земли 10:34 | 256 kbps | 19.36 mb
6. Волшебный халат 4:10 | 256 kbps | 7.64 mb
7. Ляна 4:03 | 256 kbps | 7.44 mb
8. Кечпелег 3:16 | 256 kbps | 5.98 mb
9. Моим друзьям-2 3:33 | 256 kbps | 6.53 mb
10. В путь 4:49 | 256 kbps | 8:83 mb
11. Финал 0:42 | 256 kbps | 1.31 mb
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!