1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,
« Parfum » temasy hemmani gyzyklandyryan tema,ichinizde shony ulanmayanynyza yokdur…
Kop forumlarda « parfum » temasy achylya,yone yuzleyin gurrun edilya,shonun uchin shu movzugy achyp, Parfyumeriya barada sapaklarymdan « gysgacha » yazyp paylashayin diydim.

Parfum diyende derrev Fransiya goz onune gelya,yone Parfum-yn taryhyny yzarlasak,ol Fransiyada doremandir.
« Per », « fuma »(tusse) latyn sozlerinden gelip chykan, (tussanin usti bilen )diyen manyny berya,sebabi ilkinji doran parfumlary yakyp tusse etmegin usti bilen doredipdirler.
Antik dovurde ilki doran yeri :Yegipet,faraonlar dovrunde parfumleri ilki bilena olulerin bedenini yslandyrmak,dini « obryadlar » uchin,nervyny rahatlandyrmak,yashayish otaglaryna govy yslar bermek uchin ulanypdyrlar ;Kleopatra ysly yaglary erkeklerin bashyny aylamak uchin,ozune chekmek uchin ulanypdyr.
Antik dovrunde parfum bashga-da arap yurtlarynda,Gretsiyada,italiyada(Rom) kop ulanylypdyr.
Fransiya Parfum biraz sonrak gelip yetipdir :Orta asyrlarda, Renessans dovrunde parfum yasamak gullap osupdir.Shol vagtlar fransiyada (Gunorta-gunbatar bolegi) deriden geyim tikyar ekenler,shol derinin ysyny ayirmak uchin parfum ulanypdyrlar, aristokratlarda ellik geymek moda bolupdyr ve ellikchiler deriden edilen ellikleri yslandyrmak uchin parfum ulanypdyrlar.Sonlugycha deri modadan chykya,mata geyimler moda girya ve deri ellik tikyan tikinchiler ellik tikmegi goyup dine parfum satmak bilen meshgullanyp bashlapdyrlar, ve parfum ulanmak aristokratlaryn arasynda moda bolup parfum yasamak ayratyn hunare ovrulya ;fransiyadaky Grasse shaheri parfum-yn paytagty hokmunde belli bolupdyr. Onki ellikchiler indi Parfumchylar adyna eye bolupdyrlar,Parije (aristokratiyanyn yashayan shaherine) gochup,shol yerde oz parfum magazinlerini achypdyrlar.

jogaplar

Parfumin duzumine giryan esasy natural ekstraktlar :
gullerden:(bagul,jasmin,lavanda, mimoza,narsiss,etc ),
mivelerdenapelsin,limon,mandarin,pamplemuss,etc),
osumliklerdenchay yapraklary,lavr yapragy,koriandr(tm-da kinza diyyaler oydyan),myata-menthe(turkmenchesi shu vagt yadyma dushenok),
kabir ysly agachlarkedr,ekaliptus),
etc ;
kabir hayvanlardan(musk(tibetde yashayan gechinin bir gornushi),kastor(kastor atly hayvan),etc ;

Natural ekstraktlaryn gymmat dushmegi,tebigaty gorap saklamak yaly sebapler uchin hazirki dovurde kop natural ekstraktlar sintetik(yasama) ekstraktlara chalshyldy,islendik tebigy ekstrakty himiya yoly bilen yasap bolya;
mysal uchin :vanillin(tebigy gornushi-vanil), menthol(tebigy gornushi- myata-menthe), jasmon (tebigy gornushi-jasmin),etc ;
Hazirki parfum produksiyasynda 90% ektraktlar sintetik yol bilen yasalya.
In birinji parfyum markalar :
Farina gegenüber(in meshhur parfumy -Eau de Cologne(Odekolon)-Kolon’yn suvy diymek terjime edende ;Kolon’-shaherin ady) ;
Guerlain(Shalimar) ;
Francois Coty(Shipr,Lalique) ;
Jean Patou(Joy-oz dovrunin in gymmat parfum-i) ;
Chanel(Chanel N5,Coco Chanel) ;
Dior(Eau Sauvage,Diorissimo,Poison);
Yves-Saint-Laurent(Paris,Opium)

"parfum" sozuni ulandym hemme yerde,sebabi turkmenchesini bilemok,duhi sozi bar,yone olam turkmenche dal,ruscha,parfum diysem birhili internatsional yaly bolup dur govnume,hemme dushunjek.
ine,indem gezek sizden,kim haysy parfum-y ulanya?yashayan yerlerinizde bahalary nache,haysysy moda? haysy parfum-i sovgat etdiniz?
Gaty gyzykly makala ekeni!


ine,indem gezek sizden,kim haysy parfum-y ulanya?yashayan yerlerinizde bahalary nache,haysysy moda? haysy parfum-i sovgat etdiniz?


Alla tagala tebigatdan mana bir gowyja "ys" beren ekeni Shol bilen yoreyan. Pul yoklamayan bashga "parfumlara".
dogrymy aýdaýyn, meniň christian dior-yň poison parfumynyň ysyny alsam keýpim gelip başlaýar. şol ysyň yzyna düşüp gidiberesim gelýär. şeýle parfumy döretmegi kim akyl eden hem bolsa men-ä şoňa telpek goýýan.

Meň özüm Jean Paul Gauiltier-iň "Le Male" parfumyny köp wagtlap ulandym. Iň gowy görýän parfumym. Ikinji ýerde Giorgio Armani-niň parfumlary durýar. Olardan hem iň gowy görýänim "Aqua di Gio".
men onda porsap duraryn sizlerin aranyzda ...
biraz gullerin arasynda uklap chyksam onda edil sizlerin ol yokarda yazan adamlaryn atlaryny dakyan "parfumlary" ustume sepen yaly bolaryn, ha?

yone men yashayan yerde kop gul yok sebabi olary "parfum" etmek uchin kesdiler.... shonun uchin gullerin arasynda yatyp bilmerin.
Gowy maglumat!

Menin halayan perfume'm Lune d'Ete, shuda fransuz duhi. Cendrillon terjimesini aydynsana bilsen, gayrat edip?!
Iň kän ulanýanym we halaýanym Kenzo parfumlary, başgada GIO (Acqua Di Gio by Giorgio Armani). Şu wagtlar bolsa janamyň sowgady Avon Retrospect ulanýan. Avon parfumlarynyň gowy tarapy özi ýalak markalaryň arasynda bahasy örän el ýeterli.
Batyrgyz,sen azajyk depressiv dalmi? yazyan zatlaryndan shony anyp bolya... yashayan yerindaki gulleri parfum etmek uchin kesilen bolmagy mumkin dal,birje litr parfum ekstraktyny almak uchin nachembir tonnalap gul yapragy gerek,sheyle kynlyk bilen alnan ekstraktlaryn "stabilite"-si kyn,zayalanya tiz,shol sebapli tebigy yol bilen dal-de sintetik yol bilen yasyayalar indi parfum ekstraktlaryny;hich gaygy etme,oyun gapdalyndaky gulleri ol uchin kesen daldirler.

Shadyýanja "Lune d'été"-Tomus ayi;(lune-asmandaky ay)
Perfume: The Story of a Murderer kinosy ýada düşdi. Kino hem parfum öndürilişi barada pikir berýä hem fransuz sungaty...
Gaty üýtgeşik kino kimiň tarapyny tutajagyňy bilip bolonok.
türkmençe "atyr" diyyadik biz-a..
Batyrgyz,sen azajyk depressiv dalmi?


azajyk dal diyerdim.

Menin pikirimche kosmetika, "parfum" diyen zatlary duybunden ayyrmaly! CHagalar ach wagtynda nadip "parfum" barada gurrun edyarsinizlere!

Kollejymda, "Cosmetology" diyen department bar. Her gezek onun yanynda gechende shonun ustune bomba tashlaryn bir gun diyip niyet edyan.

name ucindir batyrgyzyn hatlaryndaky duygy mana has yakyn.
goldayan batyrgyz, tashla bir gun bombany
cendrillon informasiyan ucin sagbol.taryhyny gyzygyp okadym. parfumlerin atlarynyn bolsa birem tanysh gelmedi. men ozum-a ulanamok welin reklamada zatda dush gelendirin birine diysem, yok, tanamadym hicisini. hic unsumi cekmandir, name ucindir. universitetde okanda parfum sepmek geregem bolanok.
tashla bir gun bombany


Men name uchin himiyany okayan diyip pikir edyan? Sebabi bomba yasamakchy .....
Menin pikirimche kosmetika, "parfum" diyen zatlary duybunden ayyrmaly! CHagalar ach wagtynda nadip "parfum" barada gurrun edyarsinizlere!


batyrgyz,sen islanok,ayrypsyn oz durmushyndan,dogry edyan,yone durmushynda parfumly bolmak isleyanler degme parfumly bolsunlar;
sonam "parfum" -olam ozbashyna sungat.govy goryan goshgularyn,kitaplaryn,chekilen suratlaryn sungat bolshy yaly,onun taryhy,yasalyshy barada gyzyklanmakda erbet zat goremok;
türkmençe "atyr" diyyadik biz-a..
ga1taman sagja bol.

atyr ulanmakda ýalňyş zat göremok. hatda atyr ulanylmagynyň tarapdary. esasan hem ýaz aýlarynda. sebäbi awtobusda zatda deriň ysy ýaman biynjalyk edýär. käwagt restoranda zatda ofisantdan deriň ysy gelip gidýär welin şo ýerde açlykdan ölüp barýan hem bolsam işdäm alanok.
Parfýum ulanmak, esasanam yssyda deodorant ulanmak kämahal wajyp bolýa. Esasanam tomusda Türkmenistanda uzyn wagt daşarda gezmeli bolanyňda onda derlemegi azaldýan faktorlara ýüz tutmaly bolýa.
Birem parfýum cendillonyň aýdyşy ýaly bir sungatmy diýsem, bir keýpmi diýsem näme diýjegimi bilemok, ýöne käbir şahsyýetleriň durmuşunyň bir bölegi bolup durýa. Esasan zenan maşgalalarda beýle ýagdaý has köp bolýa.
Meniň gören we halan atyrlarym: Erkeklerde Emporia Armani Mania, Kenzo çalarak haladym. Gyzlaryňkyda bolsa Lacoste we Versace gaty haladym. Ýöne gyzlar bu yslar bilen köp üns çekýändirler bulam tejribelerimden bir bellik
parfumlerin atlarynyn bolsa birem tanysh gelmedi

Diwana,tanysh gelenok diyipsin,men yazanlarym iiiiiiin gadymkylar,klassik bolup galanlar.
hazirkileri yazmadym,sebabi ozunizem bilyaniz.

mc_merw,ol film-yn adyny yazanyn uchin sag bol,internetden aldym,oten yilmy,bilmedim, kinoteatrda bolupdy,gitjek diyip elim degmandi,senin yazanyn gorup yadyma dushdi,erte gorjek.
farabi we farabi, sizin aydanlarynyzam yerlikli.
cendrillon, shony diyende ozumi samsyk yaly duydum birhili. yokarda diyipdin men uns bermandirin.
hazirkiler diyende-de kellame mysal gelmedi. bu menin jehalatym, uns berme kan.
iki gezek farabi yazypdyryn. biri shahyr bolmaly. menin haziyetimdir sheyle yalnyshlyklar goybermek, geng gormang
batyrgyz,sen islanok,ayrypsyn oz durmushyndan,dogry edyan,yone durmushynda parfumly bolmak isleyanler degme parfumly bolsunlar;


degjegem bolamok. "svoboda vybora ya-da saylaw erkinligi" bize Alladan berilen, menden dale!

Kim name etse edyar. sen, men dine maslahat berip bilyas.

Yene galybersede, men janymy kim uchindir yakyp gechirjek daldirin. Janymy, guyjimi dine soyyan adamlaryma berjek.

kim duhi seper ustune, a kim bolsa ach chagalary bakar, watanyna inzhener bolup gaydar, son demir yol gurar bilet koprak bolar yaly, monarhiya diyen zat bolmaz, totalitariyan rezhim bolmaz......

Ura! Saylaw Erkinligi!!!!
Ay Batyrgyz jorajan ayyrmaly diyenina bolmady mena adam ozune seretmeli diyip pikir edyan!! Chagalary ach goyup ozune seredyan adama yokdyrmyka diyyan onun yaly yagday bolsa menem garshy.
Wiii Diwana senem Batyrgyza goshulyanmy name etjek bomba tashladyp ona porsadyp ozal shu dunyade tashlanan bombalary az goryanizmi hehe sen bir ony ojukdirmesene?! Adamlardan yakymlyja ys gelip durany nama degenok. Mena halamok hachanda kabir adamlaryn yanynda duranynda birhili ys gelse. Nadyanizay muny ur diysen oldurayyaniz in bolmanda gymmatbahalylary hokman dal diyin sizem!!
Men name uchin himiyany okayan diyip pikir edyan? Sebabi bomba yasamakchy

Haha gowy zat diydinmi yaman gulkunch zat yazyanlay sen ;D Bomba yasamakchy… ))) bomba yasayanlaryn sany gun-gunden artyp baryar )))
Ay Batyrgyz jorajan ayyrmaly diyenina bolmady mena adam ozune seretmeli diyip pikir edyan!!


gunde dusha dushup bolyara?! menin pikirimche bize tebigatdan berilen ysa utanmaly daldiris.
yone bu menin pikirim.. men hich zady sizlerin ustunizde zorluk bilen asyp goyjak daldirin we wagtymam yok, saglygymam yok..
menin pikirimche bize tebigatdan berilen ysa utanmaly daldiris.
Batyrgyz | 2007-10-30 18:29:15
tebigatdan berilen ys diýip ýalňyşýan bolaýma?
tebigatdan berilen ys diýip ýalňyşýan bolaýma?


bolya, onda alladan
Türkiýede bolsaňyz original parfum almagyňyzy maslahat beremok. Ynha http://www.dpperfumum.com.tr elde ýasalan parfum satýarlar. Satýan parfumlarynyň ysy originallarynyň edil özü, hatda üstüňde originallaryndan hem köp galýar. Başga-da originalyna 100 dollardan köp töläp alýan parfumyňy bulardan 20 dollara alýaň.
aslynda 'atyr' hem diyilyar welin men bilyanim-a "parfum'um turkmenchesi "anbar" bolmaly...
Magtymgulynyn setirlerinde-de gabat gelmek mumkin...

"Durasyn geler" demi yadyma dushenok "Anbaryn ysy" diyip bir bolek bolmalydy...shu wagt kan yadyma dushenok...

PS: mlyaaa...ichip ichip Beyin halys gutarypdyrey..."yat" diyen zat gutaryp baryar...ya garrayanmy namemo...
vayey
içyan zadyn namay??
ashgabatda student vagtymda "l'eau par kenzo" diyip bir duhi ulanypdym,tygshytlap,gunde sepmanondan bari nache yillar gechdi;
doglan gunume bashlygym shol duhini sovgat etdi,achyp ysgadym velin,shol ashgabatdaky "kenzo" sepen dovrum goz onumden gechaydi bir salymda;jadyly zat,atyr,iki sekundda turkmenistana,studentlik yillaryma dolanan yaly boldum...
benetton sargadym .. geler ya nesip indi svidaniyelere sepinip giderin

içinizden biriniz görersiniz
menin duhim gutordy hazir onkimden galan Licia-my sepinyan, name alsamkam nahili maslahat berip bilyaniz? katalog baryny dordim welin kan gowusyny tapyp bilemok siz name diyyaniz?
aslynda 'atyr' hem diyilyar welin men bilyanim-a "parfum'um turkmenchesi "anbar" bolmaly...
Magtymgulynyn setirlerinde-de gabat gelmek mumkin...


Achilles, anbar atyr däl gülüň ady. ol gülüň tohumlarynda misk ysly ýağ bar. tebip dilinde (Hibiscus abelmoschus) diýilýär.İşdä açar hökmünde hem ulanylýar. Asyl watany Hindistan we Hytaýdyr. Gabyzlyga peýdalydyr. ...
el-maryachi,"benneton" diyip duhi-de chykyp yormay indi? mena ony geyimin markasymyka oydyadim;

feya,atyr saylamak kynrak-da,her kimin vkusy bir dal;sonam gyshkylar bar,yazkylar bar,yenil yslar bar,agyr yslar bar... almak isleyan atyrlan adyny yazsan,ichinden saylaly
anbaryň nämedigini bilemok. ýöne meň ony anbar däl, ambar diýip bilýädim. "misk-u/i ambar" diýlip köp ulanylýar.

misk aslynda aziýada ýaşaýan bir keýigiň mäzinden çykýan gowy ysyň ady bolup, köplenç gowy ys manysynda ulanylýar.

ambar, balygyň (esasan bir görnüş kit bagynyň) garnyndan çykýar. gymmat parfumlarda ulanylýar.

amber

misk
Feya adam gararak bolsa ýeňil atyr gowy gelişmeýä. Teniň akja bolsa onda şu möwsümde Lacoste saňa gowy gider diýip biljek.
menem shol lacoste-ni goz onume tutyan. Yone locostin ysy nahili entek goremok men. Indi magazinlara aylanaymasam.
wah cendrillonjan men kan atyrlan atlaryny yatda saklap bilemokda, hazira oriflame-dan sepinip gelyadim: together, midsummer, lucia yadyma dushyanler shular indi bir uytgeshigrak zat alasym gelyar
Feya gowy atyrlary arzan almagyň ýollaryndan biri daşary ýurda gidýän, esasam bizde türke köp gaýdýalar, şolardan aeroportdaky duty free(salgytsyz) dükanlardan almagyny haýyşt etmek. Ol ýerde 40 göterim dagy has arzan tapmak mümkin. Öňünden bir atyr saýla adyny aýdyp goýberseň getirerler öýtýän.
Feya, original lacosteniň ysy gaty gowy. seniň görnüňe ýararmy bilmedim ýöne köp kişi halaýa. Originaly türkmenistanda 2 milyon palança manat. 100 dollardan has gymmat. A türkiýede esasanam duty free-lerde 40- 50 dollara tapmak mümkin.
bor sag bol, yone men ozum saylap almasam bolanokda arada bir atyr gordum wah adynam ozunem yadymdan chykarypdyryn. renki gulgulidi oydyan dashy guldimi ozem uzzzyyyyn belli atyrlan birilay, bahasam yalnyshmasam $50-dy
bor sag bol, yone men ozum saylap almasam bolanokda
Özüň saýlaýan ýogsamam, saýlap adyny anyklap zakaz edäýmeli. Borlaý menki maslahat diňeje.
Sagja bol maslahatyn uchin! Dogurdanda pikirlenip goreyin hem ozume galjak
Feya,ine "Lacoste"-yn ayallar uchin kabir atyrlary barada,belki komegi deger saylamaga.


touch of pink-gul-mive yslary bar(pamplemuss,kinza(coriandre)yapraklary, jasmin,fialka(violet),vanil, santal agajy , ambar(ambre) ;





lacoste inspiration-gul-oriental yslary agdyklyk edya;(nar mivesi,jasmin,mandarin,landysh(muguet),mirabel(sliva),tuberoza,santal agajy ,musk )




lacoste touch of spring - gul-deniz suv(aqua)yslary;(ayva agajynyn guli,osmantus agajyn guli,nenufaryn guli(water lily),hosta osumligin guli)



lacoste pour femme - gul-agach yslary;(freesia(gul),jasmin,hibiskus(hitay rozasy),bagul,geliotrop,kedr agajy,santal agajy,encens agajy)
suratlar bolmady,entek surat goymany bilemok,ovrenemson goyaryn;
cendrillon suratyň adresi ýazylýan ýerede http:// ýazylgy, sen başda şony poz.
http://http://www.lacostepourfemme.com/assets/fragrance.jpg
başdaky bölek artykmaç, şeýle ýaz
http://www.lacostepourfemme.com/assets/fragrance.jpg

sag bol,mc_merw,hany tazeden edip goreyin,belki bolar;










caldion duhi ana sona duhi disen bolar. Sen duhini gowy goryan bolsan gerek.
caldion duhi ana sona duhi disen bolar. Sen duhini gowy goryan bolsan gerek.
caldiondanam bir duhi(!) bolarmay,bahasyndan belli-le nahili atyrdygy.uniw.e kabir kursdaş gyzlar sepinip gelyar welin mena yanlaryndan ökjami göteryan.aslynda hemme zatdada şeyledir welin esasan hem atyr alanda pulyny gysganman gowjasyndan almaly.
esasan hem atyr alanda pulyny gysganman gowjasyndan almaly.
Edil menem şu caldion hakynda ýazjak bolup otyrdym. Sen ýazypsyň. Gowy atyr däl caldion. Lacoste, Sisley ýaly atyrlar bilen deňeşdirer ýalam däl.
mena bilemok "caldion" diyen atyry,internetden gozlap gorsemem tapmadym; name marka ol?
mena bilemok "caldion" diyen atyry,internetden gozlap gorsemem tapmadym; name marka ol?
Ýalňyşmasam caldion deodarant + atyr + .. = komplekt 15 dollara almak mümkin
caldion-y türkiyenin hunca diyip bir firmasy bar, şol öndüryar. adidasyn parfumynyn eddil özüne menzap duran ysy bar caldionyn. ysy yumşak, gowy ys. men erkekler üçin bolanyny aydyan. ayallarynkyda nahili ys bar bilemok.
teke jenski onyn

farabi
caldion türkmenistanda da modady wagtynda onon özbekler poddelkasyny eltip zyndylar.
mena özüm D&P ulanyan
http://www.dpperfumum.com.tr/
Sag bol cendrillonjan suratlar uchin! Alla razy bolsun senden!

caldion barada, mena jenskisinin ysyny halamok, kellami agyrtyar. a oglanlanky bolsa gowy, ka wagtlar oyde gezip yorkam oglanlankysyny sepinyan nastroyenyam dagy galyar aslynda mujskoy atyrlaryn ysyny gowy goryan.
mena özüm D&P ulanyan
nirede ulanýaň? Men-ä görmedim 2 ýyl bäri
nirede ulanýaň?

dine türkmenistanda tr de beyle atiyaç yok

hazir "polo blue" ulanyan, ysy gowy hem welin menin burnyma sepenimden son ysy gelenok. yöne başgalary sorayar haysy atyry ulanyan, gowy ekeni diyip. şuny başga ulanyan/ulanan barmy? size-de şeyle boldymyy? birhili utulan yalyp bolup yörün şu atyry alanym üçin.

geçen gün barde selfridges diyip bir uniwermag bar welin şona gidemde mugt (darmawoy) christian dior-yn bir atyryndan sepindim, bir hepdelap pünkap durdy üstümde.
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!