1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Çaý keýpi - bu belki-de dünýädaki iň zyýansyz we iň arzan keýpdir. Meniň durmuşumda çaýyň aýratyn orny bar. Onuň ýerine ne cola tutup biler ne-de başga tebigy miwe suwlary.

Çaýyň taryhyna göz aýlasak biziň eramyzdan öň 2700-nji ýyllar töweregi medisina ylmyna höwesli bir Hytaý gyzgyn suwuň adam organizmasyna peýdalydygyny görüp ýene bir gün özüne gyzgyn suw taýýarlap ýörkä suwuna ýaprak düşýär we suwdan çykan ol çaý ysy muny beýhuş edýär. Bulam çydap bilmän ol suwy içýär we tagamyna geň galýar.

Mundan başga-da özümüň durmuşumdan gürrüň bersem men irden ertirlik edinmesem-de çaý içmesem ukymdan açylşyp bilemok, çaý içsem özümi dynç duýýan we kelläm has gowy işlän ýaly bolýar. Çaýyň köp görnüşi bar. Meniň içýänlerim diňeje 3 görnüşi.
1) Türkleri tananymdan soňra durmuşuma giren gara çaý. Asyl kimlere degişlidigini bilemok.
2) Bu biziň gök çaý diýýan açyk ýaşyl renkli çaýymyz.
3) daşoguzda içilýän asyl gazaklaryň humary süýtli gara çaý. Renki coffee mate goşulan kofýanyň renki ýaly bolýa.

Şulardan iň köp içýänim 1-nji gara çaý. Ony men nahardan soňra gowy görýän. Mudnan soňra bolsa ýadanyňda janyňa em bolýan gök çaýymyz. Ýadamasam tagamyny alyp bilemoık. Mundan soňky bolsa Daşoguza öýe gidenimde irden we öýlän süýjüläp içýän süýtli gara çaý. Munyňam keýpi telewizor görüp içmekde. Gowy edip oňarmasaň süýt çüýreýär we içer ýaly bolmaýa.

Meniň pikirimçe çaý adamzat üçin berilen uly nygmat. Sebäbi gymmat däl we taýýarlamak gaty aňsat.

jogaplar

mena koplench gyzyl chay ichyan (red tea).
yaman lezzetli. şekerläp ichmegem gerek däl.
imho:eger aranyzda icyanler bolsa,köp içmezligi maslahat beryan.gunde 1 stakan(330ml lik stakanlar
herkimin byr hasiyeti baray, chay ichmedigime asyrlar bolandyr =P
Gök içsem başym aýlanyp, ysgynym gaçýa.

Gara çaý bilen süýtli çaýy gowy görýän
mana gara içsemem, gök içsemem tapawut edenok. Yöne içip otyryn. Hergün agşam çay içmesem, şol günüm birhili geçen yaly bolup dur...
Men çaýy şekersiz içmäni halaýan, diňe glýukozam dinsa şeker goşýan ýada ýany bilen sorulýan süýji iýýän.
Şu günler gök çaýym gutardy, diňe gara çaý içýan. 3-4 görnüş çaýdan garyp öz halaýan tagamymy (aromat) ýasanýan. Gowy ys bermek üçin hemişe Earl Gray Tea (tomurcuk) garýan.
a mana bolsa neme, turkiyede mejbur diyen yaly gara cay icyan, yone hic wagt yuregim cekip icemok. iller ichyar menem ichjek dowur sheyle dowur, diyleni yaly. yor chay icelin bolushlykda "karambole" menem ichiberyan. gara chayi barde yone icip otyrlar, men bolsa bir, iki kici stakandan son yuregime degyar.sebabi sheker atmasan bolanok, shekerli chayam nace stakan icmek ooooeee! etdiryar uzagyndan.
gok chaya bolsa sheker atman ichyan,suwsuzlykdan gandyryar, keyp beryar. tm gidemde chayneklap icip bilyan bir gezekde.
her kimin bir keypi bar, adminem "chay tiryakisi" diysene.
gonul ne cay ister ne cayhane gonul muhabbet ister cay bahane
cay yali suwsuzlygyny gandyrjak basga zat barmyka men pikirimce yokdur
cay mun bir derdin dermanydyr
selam jankaka..
cay mun bir derdin dermanydyr
jankaka
sanasana şolary))

ps: şuwagt çay goyupdym gaynap barya, içseniz aylanyn(gara çay)
hay menem su wagt cay icip otyrn yaman hezil erbet dal waleykum salam prenses aydyp oturyn
jankaka abadan facebookda yokmu..
jankaka akrabasımısın abadanın..
onla konuşmak istiyorum yardım et jankaka..
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!