1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,
Adatça haýsydyr bir halkyň gelip çykyşy öwrenilse, agtaryşlar ilki onyň adyndan başlanýar. Ozaly bilen şol halkyň adynyň nähili häsiýetde ýüze çykandygy seljerilýär. Ýagdaý türkmenleriň ady babatynda hem şeýle. Indi tas müň ýyl bäri dünýäniň onlarça alymy “türkmen” sözüniň nähili ýol bilen emele gelenligi barada kelle döwýär.

jogaplar

Häzirlikçe türkmenleriň ady duşýan iň irki maglumat (taryhy çeşme) onynjy asyra degişli. Şol asyrda ýaşan Makdysy Syr derýa boýlaryna syýahat edipdir. Ol şol töwereklerde ýerleşen Beruket hem Balaç şäherleri barada maglumat berip baryşyna: “Berkuet-uly şäher. Ol hem Balaç häzirki wagtda musulman goşunlaryndan gorkup, yslamy kabul eden türkmenleriň garşysyna ýerleşen serhet galalary” diýip ýazýar. Soň ol sözüni dowam edip: “Ordu-kijijek şäher. Onda türkmenleriň hökümdary ýaşaýar”-diýip belläpdir. Şu ýerde bir zady bellemek gerek: Makdysy öz işinde “Oguz” hem “Türkmen” sözlerini tirkeşdirip ulanypdyr. Iň esasysy bolsa, şol döwürlerde onuň görkezýän ýerlerinde oguzlar däl-de, garlyklar ýaşapdyr. Makdysydan bir asyr soň ýaşan Mahmyt Kaşgarly “Garlyklar-oguzlardan başga, bular hem türkmendir” diýip ýazypdyr. Diýmek, Makdysy öz işinde-de garlyk türkmenleri barada maglumat beripdir.
Türkmenleriň gelip çykyşy hem olaryň bu ada eýe bolyşy barada has töwerekleýin maglumaty on birinji asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarly beripdir. Ol özüniň meşhur “Diwany lugat attürk” diýen sözlüginde ilki “Oguzlar-bular türkmenlerdir” diýip ýazypdyr. Soň kitabyň ahyrragynda bolsa, “Türkmenler-bular oguzlardyr” diýip ýazyp, türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy barada gyzykly bir rawaýat getirýär. Şol rowaýatda aýdylşyna görä, Iskender Zülkarneýiň dünýäniň köp ýerlerini özüne tabyn edip, ahyry türki kowumlaryň ýaşaýan ýerine ýetýär. Onuň çozyp gelýänligini eşdip, Ilat gündogara tarap göçýär. Şol gaçyp barýanlaryň arasynda ýigrimi dört adam ulag tapypbilmän, yza galýar. Isgender öz goşyny bilen olaryň yzyndan ýetýär. Bu adamlara barmagyny batyrman, gaýta, olaryň ýüz keşbini türkülere meňzeş görüp “türkmanend”, ýagny türke meňzeş diýip at berýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä “türkmen” sözü ine, şu “türkmanend” sözünden emele gelipdir. Şol ýigrimi dört adam bolsa, türkmenleriň ýigrimi dört urygynyň ata-babasy hasap edilipdir.
Mahmyt Kaşgarlydan birneme öň,973-1048-nji ýyllarda ýaşan Biruny hem şuňa meňzeşiräk maglumat beripdir. Onyň mineralogýa hakynda ýazan traktatynda şeýle sözler bar: “Geçmişde şeýle bolypdy. Oguz türkleriň yslamy kabul edenleri hem musulmanlara garyşanlary iki tarapyňarasynda terjimiman boldy.Şunlukda Oguzlar yslamy kabul edenlerinde olara “türkmen boldy’ diýdiler Musulmanlar bolsa olaryň türkmen bolanlaryna “türkmanend” diýdiler”. Biziň “terjiman”(terjimeçi, dilmaç) sözüni aýratyn görkezmegimiziň öz sebäbi bar. Taryhy ylymlaryň doktory S. Agajanow şu söze agram berdi. Ol “terjiman” sözü soň “terguman-türkmen” görnüşüne geçendir diýen çaklamany öňe sürdi. Ýöne biziň pikrimizçe, onuň bu çaklamasy heniz doly esaslandyrlan yly netije däl. Taryhçynyň nazarlan sözü türkmenleriň taryhy durmyşynada, etniki gurluşyna da, ruhy-pishologik häsiýetinede onçakly bap gelenok.
Umuman, orta asyr taryhçylarynyň köpüsi türkmenleriň ady öňde ýatlanan “türkmanend” sözü bilen bagly diýen pikire gol ýapypdyr. Ilki bolyp dünýä taryhyny ýazan Reşieddin hem şeýle pikiriň tarapynda bolypdyr. Onyň “Jamy at-tawaryh” diýen işinde şeýle sözler bar: “Dünýädäki ähli türkmenler öňde ýatlanan ýigrimi dört kowymdan(Şondan öň ol oguzlaryň ýigrimi dört urugyna birin-birin häsiýetlendirme berýär-A. B.) ýa-da Oguz hanyň ýigrimi dört neberesindendir. Ozallar “türkmen” sözü bolmandyr. Ähli türkmen keşpli söhra taýpalaryna umumy “türk” diýip at berlipdir. Her taýpanyň aýratyn ady bolypdyr. Oguz kowumlary öz ülkelerine gaýdyp, Mawerennahara (Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygy-A. B)hem eýran topraklaryna gelenden soň olar şu ýerlerde önüp, köpelip gitdiler. Suw hem howa şertleriniň täsiri bilen kem-kemden olaryň ýüz keşbi täjiklere ýakynlaşyp ugrady. Emma bütünleý täjiklere meňzemezdi. Şonyň üçin hem täjik ilaty olara “türkmanend” diýip at berdi. 17 nji asyr hywa taryhçysy Abylgazy hem özüniň “Şejereýi terakime” diýen işinde Reşieddin tarapyndan aýdylan ýokarky pikiri täzeden gaýtalaýar.
Dogursy şu hili düşindirişler soňky döwür taryhçylaryny özüne doly imirindirip bilmedi. Köp taryhçylar ony folklorlaşan düşindüriş hökmünde kabul etdi. Hakykatdan hem, ol belli derejede ýasama görünýär. Galyberse-de, meseläniň esasy tarapy bar. Irki zamanlarda bir halkyň köplenç iki ady bolypdyr. Olaryň ilkinjisi şol halkyň özüne dakan ady bolsa, ikinjisi oňa goňşylarynyň hem beýleki halklaryň beren ady. Muňa taryhdan näçe diýseň mysal getirse boljak. Edil şonyň ýaly, bu ýerde hem türkmenlere häzirki adyny parslar dakan bolyp çykýar. Geçmişde türkmenler pars dilinden ýokarky “türkmanend” sözüni alyp, özlerine at dakypdyr diýseň, munyň özü onçakly heňe gelmeýär. Eýsem halkyň öz dilinde özüne dakan ady näme bolypdyr? Esasy mesele ine şunda. Edil şunyň ýaly, ikinji bir ýagdaýy hem ýatdan çykarmaly däl. Bir halka beýlekiler tarapyndan dakylan at şol halkyň diliniň tebigatyna hem doly laýyk gelip durmandyr. Iň bärikisi bir halkyň özü tarapyndan döredilen ady beýleki dillerde köp üýtgeşmelere sezewar edilipdir. Hatda olaryň kä birini tanap hem bolmaýar. Muny türkmenleriň öz adynyň hem irki rus senenamalarynda “taurmen” görnüşinde, orta asyr arap çeşmelerinde bolsa “terakime” görnüşinde ýazylyp gelendigi hem tassyk edýär.
Giçki orta asyr gündogar taryhçylary “türkmen’ sözüni has başgaça düşindirmäge synanyşypdyr. Şerf Merwzi. Badreddin Aýny, Ibin Kesiri, Mehmet Neşiri ýaly taryhçylar türki halklaryň yslamy kabul eden bölegine “türkmen” diýlipdir diýen pikiri orta atypdyr. Mysal üçin, 14 nji asyr taryhçysy Neşiri şeýle ýazýar : “Hijriniň üç ýüzünji ýylynda (häzirki hasap boýynça 999-njy ýyla düşýär-A. B) türkileriň iki müň öýlüsi yslamy kabul edip, musulman bolypdyr. Şonyň üçin olary “türk iman” diýip atlandyryp başlapdyrlar. Soň-soňlar sesleriň özgermegi hem diliň sazlanmagy bilen olar “türkmen” diýdiler”. Biziň pikirimizçe, “türkmen” sözüniň manysyny ýokarky ýaly düşündirişden gözlemegiň ylmy esasy ýok. Birinjiden, “türkmen” sözü Neşiriniň diýýän döwründen has öň bar. Ikinjiden, hut 10 njy asyrdan başlap, türkileriň yslamy kabul eden diňe bir bölegine däl, eýsem ähli oguz taýpalaryna “türkmen” diýlip ugralypdyr. Üçinjiden, araplar baryp 7 nji asyrda türki kowymlaryň köpüsini öz dinine uýdurypdyr.Şuňa esaslanyp, araplara tabyn bolan ähli türki halklary “türkmen” adynyň aşagyna salmak taryhy hakykata gabat gelmeýär.Dördünjiden “türkmen” adynyň şeýle düşindirilşi oguzlaryň, ýa-da türkmenleriň şol döwürdäki etniki gurulyşy bilen hem doly badaşyp baranok.
Geçen asyrda türkmenleriň arasyna syýahata gelen wenger alymy A. Wamberi türkmenleriň ady “türk” hem “men” sözlerden emele gelip, ol hakyky “hakyky türk” manysyny berýär diýen pikiri öňe sürýär. Aşgabatda ýaşaýan A. Alyýew hem şeýle pikiriň tarapynda durypdyr.Fransuz alymy J. Deni, wenger alymy L. Ligerti. Türk alymy I. Kafesogly dagy hem şol pikire goşylypdyr.
Geçen asyryň ahyrynda belli rus alymy N.A. Aris tow türki halklaryň taryhyna bagşlanan saldamly işini neşir etdiripdir. Alym şol işinde gadymy türki dilde “bon” ýa-da “man” sözüniň ýer, ýurt manylaryny aňladýanlygyny belläp, “türk” hem şu “man” sözleriniň birikmegi netijesinde “türkmen” sözü emele gelip, ol “türküleriň ýeri, ýada ýurdy” manysyny berýär diýip ýazypdyr. Akademik W. W. Bartold onuň bu işine ýörüte syn berip, bu çaklamany ylmy taýdan esassyz hasaplapdyr.
Görüşimiz ýaly türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy hem onyň aňladýan manysy dogrysynda aýdylýan pikirler az däl, emma olaryň hiç biri hem meseläni çöp döwen ýaly edýän doly bahaly ylmy netijäniň derejesine ýetip bilenok. Eýsem türkmenleriň häzirki ady nähili ýol bilen döredikän?......
Men bu temanny alym Ahmet bekmyradowyň makalasyndan ýazdym(gönüden-göni, göçürme däl, soňam düşnikli bolar ýaly) dogry “türkmen” söziniň gelip çykyşy hakda gaty köp alymlar aýdyp geçen, Emma şol bir pikirleri sananyň bilen diňe temany sozanyň galýar, has anygy alymlar dälde ideýalar,
hakda aýtmak isläpdim diýjek bolýan, we bu barada sizde de gaty köp maglumat barlygyna ynanýaryn we paýlaşarsyňyz diýip umyt edýän, we alym Ahmet Bekmyradowyň şahsyn öz netijesi hakynda hem temanyň dowamynda aýdyp geçeris
“türk” hem
şu “man” sözleriniň birikmegi netijesinde “türkmen” sözü emele
gelip, ol “türküleriň ýeri, ýada ýurdy” manysyny berýär diýip ýazypdyr.

Dogrydanam shu aydylan gawat gelayjek yaly weli anyk jogap bermek kyn.

Gyzykly maglumat merdan, sagja bol!

Iskender Zülkarneýiň dünýäniň köp ýerlerini özüne tabyn edip, ahyry türki kowumlaryň ýaşaýan ýerine ýetýär. Onuň çozyp gelýänligini eşdip, Ilat gündogara tarap göçýär. Şol gaçyp barýanlaryň arasynda ýigrimi dört adam ulag tapypbilmän, yza galýar. Isgender öz goşyny bilen olaryň yzyndan ýetýär. Bu adamlara barmagyny batyrman, gaýta, olaryň ýüz keşbini türkülere meňzeş görüp “türkmanend”, ýagny türke meňzeş diýip at berýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä “türkmen” sözü ine, şu “türkmanend” sözünden emele gelipdir. Şol ýigrimi dört adam bolsa, türkmenleriň ýigrimi dört urygynyň ata-babasy hasap edilipdir.

menä ylalaşyp biljek däl


gowy tema açypsyn 1merdan sagbol
1merdan sen taryhcymy? oran onat tema, sagja bol
gorkut atany okan bolsanyz ogul çaga dogulsa oňa at dakmandyrlar. oglan ulalyp bir iş bitirmeli eken we şol bitiren işine görä oňa at goyupdyrlar.bu oguzlaryň gadymy däbi bolupdyr.
belki şu däp tutuş millete at goymak üçinem ulanylan bolaymasyn. bu meniň dine öz pikirim.
1merdan ýazgyň üçin sagboluň. Emma türkmen sözi hakda Ruhnamanyň 1-nji kitabynda asly nurdan diýen manyny aňladýar diýip bellenilýär.
kitap agtaryp.kelle döwmäge degjek mowzuk.sag bol agam!
Menem ruhnamadan okapdym emma beyle ginishleyin dal ,anyk ve gyzykly maglumatlaryn ucin sag bol
Öň men şu aşakdaky teswirimi ertircomda-da yazypdym, üýtgetmän kopiýa edäýjek, belki hakykata ýakynrakdyram:

Türk - sözi bashga bir manynam berýär.
Sada - diýen manyda hem ulanylýar. Meselem: Türkana adam ýada sen türk adamaý diýiläýýär.
Türk bilen Sada sözi manydash bolansoñ, Sada-men diýmekligi añladýar. Sada - men, sada adam, sada halk manysyna gaty meñzesh gabat gelýär. Biziñ ata-babalarymyzam giñ, sähraýy, türkana adamlar bolan. Mumkin mundan gelibem çykar, belki ýalñyshrakdyram.
ýegen aga.taryhçylar "TÜRKMEN "sözüniñ ýazgylarda peýda bolmagnyñ 10-11 nji asyrlarda ba$lanlygny aýdýa. Esasan,köp öñe sürülýänem,millete da$yndakylaryñ beren ady.diýlen tarapy.
Eger da$yndan at beriljek bolsa. Sada men,dälde, sadalar.sada ol.ýaly berilerdi.

Halkyñ özüne sada men,diýip at bermegi,gaty bir ýapy tarapa gidenogam.
TÜRKMEN halkynyñ $o wagtky ahwaly.sada men,ýada.sadalar diýilmäge o diýen kybapda$am däl...
"türki" sözüniñ "sada"diýlen manyda ulanylmagam gaty ýakyn wagtyñ i$i.(ýagny.türki däl dilleriñ bize kölge saljak derejä ýeten zamanyndan gaýdýa)

Parsca ýada arapça(ýa da rusca) ýazylan ýazgylar halka o diýen dü$nükli däl. Gaýry dilde gürlän adama ."türkülesene" diýlipdir.

ýagny ,öz dilimizde gûrlesene.
üýtgeýä.
Dü$nükli gürlesene.
Üýtgeýä.
Sadarak aýtsana.
...
we biz ýaly
"söz manysyn bilmeýen..." adamlara gelip. Hasam üýtgäpdir manysy...

Meñ pikrim.
gorkut atany okan bolsanyz ogul çaga dogulsa oňa at dakmandyrlar. oglan ulalyp bir iş bitirmeli eken we şol bitiren işine görä oňa at goyupdyrlar.bu oguzlaryň gadymy däbi bolupdyr.
belki şu däp tutuş millete at goymak üçinem ulanylan bolaymasyn. bu meniň dine öz pikirim.
URGENCLI | 2012-02-12 08:10:45

menä ylalaşamok dost bu pikir bilen
Geçmişde türkmenleriň öz eli bilen döreden taryhyna “Oguznama” diýip at berilýär. Gadymy zamanlarda ýüze çykan “oguznama” hekaýatyna türkmenleriň nesilbaşysy Oguz handan başlanýan taryh siňdirlipdir. Onda halkyň tutyş geçmişi, ruhy gazananlary umumylaşdyrlypdyr. Reşieddiniň aýtmagyna görä, türkmenleriň köp bölegi “Oguznamany” ýatdan bilipdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ýörüte oguznamaçylyk däbi bolypdyr. Bu däbiň kökleri gadymyýetiň çuňlugyndan gaýdýar. Baryp biziň eýýamymyzyň 5 nji asyrynda bir “Oguznamanyň” türki dilden gadymy parsy diline geçirilendigi barada maglumat bar.Onuň awtory Ulug han Ata bitigçi bolypdyr.Biziň göwnümize bolmasa, türkmenleriň adynyň ýüze çykmasy hem şol kitapdan tapylaýjak ýaly....
“Oguznamada” aýdylşyna görä, Oguz hanyň pähimdar geňeşçisi Ulug Törük düýşinde bir altyn ýaý hem üç sany kümiş ok görýär. Ol düýşiüni oguz hana aýdyp, oňa şol ok ýaý bilen oklary tapyp almagy maslahat berýär.Oguz han alty ogluny üç-üçden topara bölüp, ýaý bilen okyň gözlegine iberýär. Onuň uly üç ogly ilki bilen altyn ýaýy tapyp getirýär. Oguz han ýaýy üçe bölüp her oglyna bir bölegini berýär. Şol üç oglyna hem “bozuk” diýip at berýär. Sebäbi ol ýaýy deň böl,ek üçin döwmelidi, ýagny bozmalydy.Soň galan üç kiçi oglyüç kümiş oklary Oguz hana gowşyrýar, kakalary olaryň hersine ok berip olary “üçok” diýip atlandyrýar.Şondan soň ol bozuklardan bolan on iki sany agtygyny sag tarapa, üçoklardan bolan on iki sany agtygyny hem çep tarapa geçirip, olary iki topara bölýär. Şeýdip oguzlaryň iki taýpa birleşigi döredilýär. Sebäbi ähli “Oguznamalarda” bellenilişi ýaly, Oguz hanyň her agtygynyň ady soň-soňlar oguz türkmen urugynyň adyna öwrülipdir. Şeýlelik bilen oguzlaryň bozuk birleşiginiň kerematly nyşany ýaý-keman, onyň üçok atlandyrylýan birleşiginiň kerematly nyşany hem ok-tir bolyp galypdyr.
Okyjylaryň bu ýerde näme üçin ok bilen ýaý-a köp agram salynýar diýmegi mümkin. Munyň öz emmasy bar. Biziň pikirimizçe “türkmen” sözüniň ýüze çykyşyny oguzlaryň, ine şol keramatly nyşany ok-tir bilen ýaý-keman bolan Üçok hem Bozuk taýpa birleşikleriniňň taryhy bilen bagly bolmaly. Ozaly bilen şeýle bir mysal. Rus alymy I. F. Blaramberg 1841-nji ýylda Peterburgda türkmenleriň taryhy hakynda ýazan kitabyny neşir etddiripdir. Ol işinde “türkmen” sözi “tir-u-keman” diýen iki sözden emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Öz pikirini türkmenleriň geçmişde ok-ýaý-a ýa-da tir-kemana türgen bolanlygy bilen delillendirmäge synanşypdyr.Alym diýseň gyzykly meseläniň başyny başlapdyr.Ýöne ony ahyryna çenli alyp gidip bilmändir.Biziň pikirimizçe “türkmen” ady şol sözlerden emele gelipdir, emma ol diňe tir-kemana türgenligi bilen däl,öňde ýatan iki taýpa birleşiginiň taryhy bilen baglanşykly bolandyr......
Okyjylaryň bu ýerde näme üçin ok bilen ýaý-a köp agram salynýar diýmegi mümkin. Munyň öz emmasy bar. Biziň pikirimizçe “türkmen” sözüniň ýüze çykyşyny oguzlaryň, ine şol keramatly nyşany ok-tir bilen ýaý-keman bolan Üçok hem Bozuk taýpa birleşikleriniňň taryhy bilen bagly bolmaly. Ozaly bilen şeýle bir mysal. Rus alymy I. F. Blaramberg 1841-nji ýylda Peterburgda türkmenleriň taryhy hakynda ýazan kitabyny neşir etddiripdir. Ol işinde “türkmen” sözi “tir-u-keman” diýen iki sözden emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Öz pikirini türkmenleriň geçmişde ok-ýaý-a ýa-da tir-kemana türgen bolanlygy bilen delillendirmäge synanşypdyr.Alym diýseň gyzykly meseläniň başyny başlapdyr.Ýöne ony ahyryna çenli alyp gidip bilmändir.Biziň pikirimizçe “türkmen” ady şol sözlerden emele gelipdir, emma ol diňe tir-kemana türgenligi bilen däl,öňde ýatan iki taýpa birleşiginiň taryhy bilen baglanşykly bolandyr......
......Ahmet Bekmyradow şu pikir bilen ylalaşypdyr elbetde, men sazlaşygy saklamak üçin bir makaladan peýdalanmakçy boldym temada(elbetde özeni hökmünde) dogry Gorkyt atada da Bogaç hana öküz öldürenligi sebäpli at dakýarlar, egerde ýagdaýa şeýle göz bilen seretsek(Ürgençli agzamyz aýdypdyra) onda yslamy kabu edip “türk-iman” bolypdyr diýlen bilen ylalaşmaly bolýar, emma .....
...Şahsyn men bu pikire goşulamok
bu pikir bolýa...
Mukaddes Ruhnamada "tùrk-asly ,iman-nur"ýagny asly nurdan diyip bellenip gecilýär,menä $u pikirde galýan
alym ahmet bekmyradow turkmen adynyň gelip çykyşy baradaky çaklamalara we jedellere nokat goyup hakykaty açmak isläpdi. emma...
ol otuz sekgiz ýaşynda aramyzdan gitdi. ahmet bekmyradowyn yatan yeri yagty bolsun
Eger türkmenleriň taryhy bilen bagly çeşmeleri içgin yzarlasaň, bir ýagdaýy aňşyrmak bolýar. Tä onynjy asyra olaryň “oguz” ady ýörgünli bolypdyr. Bu asyrdan başlap “türkmen” ady hem peýda bolypdyr. Eýýam 11-nji asyrda “oguz” ady-da, türkmen ady-da deň derejede ulanylypdyr. Muny Kaşgarlynyň “Oguzlar –türkmenlerdir” diýip berýän maglumatlary hem tassyklaýar. Bellemeli tarapy, 12-nji asyrdan soň “oguz” sözi kem-kemden aýrylyp başlapdyr. Tersine “türkmen” sözüniň işjeňligi artypdyr. Soňlugy bilen ol “oguz” sözüni bütinleý gysyp çykarypdyr. 12-nji asyrdan soňky çeşmelerde “oguz” sözü türkmenleriň ozalky ady hökmünde gelýär.
Elbetde “türkmen” we “tirkeman” sözleriniň arasynda tapawut bar. Ýöne dilçilik nukdaýnazardan çemeleşilende, olaryň agzyny bir edip boljak. Türkmen dilinde çekimli sesleriň biri-birine uýgunlaşmagy-singarmonizim ýörgünli kadalarynyň biri. Şu esasda “tirkeman” sözü “türkemen” görnüşine geçendir diýip pikir edýäris. Bellemeli tarapy, türkmen diýalekitiniň köpüsinde “kemana” “kemen” diýilýär. Hatda “kemenli “ diýen etnonim hem bar. Soňky asyrlarda türkmen dilinde birinji bogyndaky “i” çekimliniň ýerine “ü” çekimliniň geçmek kadasy geçipdir. Mysal üçin:, gadymy türki dilindäki “ýiniji”, “ýip”, “min”, “miň”, “tiz”, “tiwe” ýaly sözler türkmen dilinde “hünji”, “ýüp”, “mün”, “müň”, “düz”, “düýe” görnüşine geçipdir. Arap-pars dilinden alnan “mirze”, “misir”, “mişik”, “sitem”, “himmet”, “hijre” ýaly sözler hem türkmen dilinde “mürze”, “müsür”, “müşk”, “sütem”, “hümmet”, “hüjre” diýlip aýdylýar.Şu ýagdaýa görä, “tirkeman” sözü “türkeman” formasyna geçen bolsa gerek. PROFESSOR J. Amansaryýew türkmen diline häsiýetli bolan bir kadany belläpdir. Ol köp bogunly sözleriň ikinji bogyndaky çekimli sesleriň düşip galmak kadasy. Alymyň getirýän mysallaryndan görnüşi ýaly, bu kada aýratyn hem alynma sözlere häsiýetli. Mysal üçin, “telefon”, “telegramma”, “papiros”, “hökümet”, “patyşa”, “bilet”, “minut”, “eşit” ýaly alynma sözler gepleşikde hem, dialektde hem “tilpun”, “tilgram”, “paprus”, “hökmet”, “paşa”, “bilt”, “mint”, “eşt” görnüşinde ulanylýar. Edil şonyň ýaly hem “keman” sözü hem alynma söz, ol türki dile 13-nji asyrdan soň aralaşan. Ine , şu kada boýynça ozal “türkeman” görnüşinde bolan söz ahyry “türkmen” formasyny alypdyr: tirkeman-tirkemen-türkemen-türkmen.....
..... diýip taryhçy alym Ahmet Bekmyradow öz makalasynyda aýdýar
alym ahmet bekmyradow turkmen adynyň gelip çykyşy baradaky çaklamalara we jedellere nokat goyup hakykaty açmak isläpdi. emma...
ol otuz sekgiz ýaşynda aramyzdan gitdi. ahmet bekmyradowyn yatan yeri yagty bolsun
URGENCLI | 2012-02-13 02:07:06

sag bol dost teswirler üçin, taryha hormatyň üçin aýratyn sag bol
ýöne alymyň şeýle başlangyja ýapyşmagynyň özü uly işmikän diýip pikir edýän
Mukaddes Ruhnamada "tùrk-asly ,iman-nur"ýagny asly nurdan diyip bellenip gecilýär,menä $u pikirde galýan
Raimend | 2012-02-13 01:40:55

bolyp biler welin, ondaky aýdylşyna görä bäş müň ýyllyk taryh diýilýär, onda biz "töwratdan" gözlemeli bolýas delilleri, dogyrsy beýle dälmikän diýýän menää bagyşla welin
Nyýazow 5 müñ ýyl diýeninde Oguz handan bäri hasaplapdyr.
oguz han,b.e.o 3-2 nji asyrlarda ýa$anlygy aýdylýa
Iñ irki Oguznamaçy hasaplanylýan Ulughan bitikçiniñ "Oguznamasy" baryp,6-njy asyrda (TÜRKMEN dilinden) parsça terjime edilipdir...
we oguz han 3 nji asyrda ýa$an bolsa.we ogullarny bölip.tik,keman diýip, TÜRKMENI emele getiren bolsa,näme ûcin bu ikisini,tir we kemany, birlikde gelen ýerini, 10 njy asyr ýazgylarna çenli aralykdan tapyp bilmedik?
*tir bolmalydy!
Nyýazow 5 müñ ýyl diýeninde Oguz handan bäri hasaplapdyr.
oguz han,b.e.o 3-2 nji asyrlarda ýa$anlygy aýdylýa
Iñ irki Oguznamaçy hasaplanylýan Ulughan bitikçiniñ "Oguznamasy" baryp,6-njy asyrda (TÜRKMEN dilinden) parsça terjime edilipdir...
turkmenntug | 2012-02-19 12:14:01
biziň eramyzdan öňki 3-2 asyr bolanda, bäş müň ýyllyk bolmaýan bolaýmasa diýýän
Nyýazow 5 müñ ýyl diýeninde Oguz handan bäri hasaplapdyr.
oguz han,b.e.o 3-2 nji asyrlarda ýa$anlygy aýdylýa
Iñ irki Oguznamaçy hasaplanylýan Ulughan bitikçiniñ "Oguznamasy" baryp,6-njy asyrda (TÜRKMEN dilinden) parsça terjime edilipdir...
turkmenntug | 2012-02-19 12:14:01
biziň eramyzdan öňki 3-2 asyr bolanda, bäş müň ýyllyk bolmaýan bolaýmasa diýýän
we oguz han 3 nji asyrda ýa$an bolsa.we ogullarny bölip.tik,keman diýip, TÜRKMENI emele getiren bolsa,näme ûcin bu ikisini,tir we kemany, birlikde gelen ýerini, 10 njy asyr ýazgylarna çenli aralykdan tapyp bilmedik?
turkmenntug | 2012-02-19 12:18:30
biz ýokarda "tirkeman" diýlenligi, we başgada köp bolyp biläýjek ýaýgdaýlar hakda aýdypdyk.ýöne ýene bir ýazgylarda "türkmen" sözüne 5 nji asyrda da duşmak bolýarmyşyn, oňa näme diýjekGepiň gysgasy men Bir pikiri goramak islämok,
ýöne hakykada ýakynyragyny aýtmak isledim
biziň eramyzdan öňki 3-2 asyr
bolanda, bäş müň ýyllyk bolmaýan
bolaýmasa diýýän

1merdan

agam.
menem edil $o bolýa
diýmedim.
$oña meñze$ bir zatlara esaslanandyr
Diýjek boldum!
ýenede ,Oguz han 3 nji asyrda ýa$an,4 asyrda ogullarny 2 topara bölûp, tir we keman toparlarny döreden bolsa.
Näme ûcin bu bölûn$ik ýa da birle$ik dörän wagtynda gyzgyny bilen tir we keman .diýlip ugralman.tersine tire,urug köpelip,ep esli bolan 10 njy asyrna gelip tir keman diýlipdir.
Tersine bolmaly dälmidi?

"Tir","keman"
TÜRKMENiñ sözümi?ene dilinde barmy?
Ýok.pars sözümi?
Beýle bolsa ýokardaky millet öz özüni atlandyrdy,da$yndan at dakylmady diýlen pikire geli$meýä?!
"türki" sözüniñ "sada"diýlen manyda ulanylmagam gaty ýakyn wagtyñ i$i.(ýagny.türki däl dilleriñ bize kölge saljak derejä ýeten zamanyndan gaýdýa)

parsca ýada arapça(ýa da rusca) ýazylan ýazgylar halka o diýen dü$nükli däl. gaýry dilde gürlän adama ."türkülesene" diýlipdir.

ýagny ,öz dilimizde gûrlesene.
üýtgeýä.
dü$nükli gürlesene.
üýtgeýä.
sadarak aýtsana.
...
we biz ýaly
"söz manysyn bilmeýen..." adamlara gelip. hasam üýtgäpdir manysy...

meñ pikrim.
turkmenntug | 2012-02-13 00:40:52

sen diýeniň bilenem bir tarapdan ylalaşýan Nejep, ýöne bir tarapdan şu başgaragam.

Türkmen - ady haçan gelip çykypdyr. Öňki ýazgylarda Türkmen sözi känmika, bu taýda müňýyllyklary gözlemeli däl, Türkmen sözi dörän bolsa 10-njy asyrdan bärdemika diýän.
türk - sözüniň aňlatmasy şeýle: türkana.
türkana - diýmegem, sada, sähraýy diýmekligi aňladýar.
biziň ata-babalarymyzam türkana, sähraýy adamlar bolansoň, olara Türkmenler diýlen bolmagy mümkin.
Onsoňam hiçbir halk, ýada taýpa özüne özi at dakanok, goňşy halk, taýpalar dakýar. şoňa esaslanyp dakylan bolmagam ahmal.
TÜRKMEN sözi 7 nji,6 njy asyr ýazgylarynda da du$ýa diýilýä.
Eger $eýle bolsa Ahmet agañ pikri hakykata has ýakyn hasaplanmaly...
türkana - diýmegem, sada, sähraýy diýmekligi aňladýar.
biziň ata-babalarymyzam türkana, sähraýy adamlar bolansoň, olara Türkmenler diýlen bolmagy mümkin.
Onsoňam hiçbir halk, ýada taýpa özüne özi at dakanok, goňşy halk, taýpalar dakýar. şoňa esaslanyp dakylan bolmagam ahmal.
Yegen | 2012-02-20 23:42:47
ýegen dost bolybam biler weliinnn,10-15 asyrlardaky türkmenler dünýä nusga bolan halk, köp babatda, şumatky ösen halklar ýaly
ýenede ,Oguz han 3 nji asyrda ýa$an,4 asyrda ogullarny 2 topara bölûp, tir we keman toparlarny döreden bolsa.
Näme ûcin bu bölûn$ik ýa da birle$ik dörän wagtynda gyzgyny bilen tir we keman .diýlip ugralman.tersine tire,urug köpelip,ep esli bolan 10 njy asyrna gelip tir keman diýlipdir.
Tersine bolmaly dälmidi?
ýokarda sözüň wagt geçip üýtgeýşini aýdypdyk
"Tir","keman"
TÜRKMENiñ sözümi?ene dilinde barmy?
Ýok.pars sözümi?
Beýle bolsa ýokardaky millet öz özüni atlandyrdy,da$yndan at dakylmady diýlen pikire geli$meýä?!
turkmenntug | 2012-02-20 09:01:59
gadymy türki dilinde de duş gelýär, parsçada-da ýok däl(gizlemäýin)ýöne häzirki dilimizde alynma sözler känä, ýada ýoýylma esasynda başga dilden gelip üýtgän sözler.Umuman näme diýjek bolýaňa türkmentug aýtsana belli bir pikir bagyşla welin
agam gaharlanma

Diýjek bolýanym.

Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.

(bu pikir Nurýagdy dostumdan cykdy asly)
Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.


şu pikire goşulyan.

niçe alym geçdi neler bildiler
şem dey ýanyp dünyä yşyk saldylar
olaň haýsy böwüsdi tümlügi
bir erteki aydyp uklap galdylar

şu aýdylyşy ýaly turkmen adynyň we milletiniň gelip çykyşy hakynda kop-kop alymlar kelle döwdiler. olaryň hiç biri hem tümlügi böwsup bilmediler. her kim öz çaklamasyny aýdyp gitdi.

gaty manyly hem peýdaly tema açypsyň 1merdan agza

bu temada taryha hem milletiňe beyik hormat hem yhlas duyulyar
1. adam ata
2. şis
3. anuş
4. kynan
5. mehlaýyl
6. bered
7. ahnuh (idris)
8. müteweşlek
9. lemek
10. nuh
11. yafes
12. türk
13. tütek
14. emelje han
15. bakuy Düyp
16. gök han
17. alynja han
18. tatar - mogol
19. ...... gara han
20 ...... oguz han
Diýjek bolýanym.

Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.
Bää ahyr aýtdyňoow hooll injilde agzalýan "kir" patyşada onda Tumarisden ýeňilen(tumarda bizde)dogry bolyp biler, emma kabul edilip bilinmejek zat Nejepjan bul
gözlegiňe sag bol, sen aslymyz hakda aýtýaň, dogry emma türkmen sözü şol ýerli taýpada bardymykan biz"türkmen" sözüni yzarlaýarys eger bolandady ......nloagzamyzyň açan temasy şuň dowamyna meňzäp gitýär
Bagşla türkmentug men gaharlanmadym, temaň hatyrasyna, "pikiriňi aýdyňyrak aýt" diýmek isledim
agam.menem "gaharlandyñ" diýmedim.
"gaharlanma" diýdim

Dogry aýtdyñ.dowamy
$o ýerde ýazmaly .
ýagny.
Nlo agañ mowzugynda
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy