1. Täze agzalaryn dykgatyna 2. Nädip surat goýmaly? 3. Geçirlen söhbetdeşlikler 4. Suratlarda biz
Belgiler:  ,
Ý A T L A G Y N!

Çagalykda ýakyn adam saýanym
Kämillikde söýgüm bolup sataşdyň
Ykbal meni gijä goýdy mähriban
Bir gözeliň ýary bolup sataşdyň!
_________________________________
Aramyzda niçe ýyllar ýatsada
Synladym daşyňdan doýmady gözüm
Uýaldym men bildirmäge söýgümi
Sen bolsa duýmadyň, duýmadyň özüň!
________________________________
Sen bagtly bolsaň meniň hem bagtym
Arman aýrylmaýar ýürek yzasy
Pelek meni ne günlere saldyň sen
Ýaman eken ýalňyz söýgüň jezasy.
__________________________________
Haýyşym unutma ýatlagyn dünýäm
Ýatla gaýgy-gamyň basan mahaly
Geçip aýlar-ýyllar gojalan wagtyň
Ýatlagyn ýüregiň gysan mahaly.


jogaplar

goşgyny okap mekdep döwrüm yadyma düşüp gitdi tüweleme öran onat goşgy

BAGTYÑ PURSADY!

Sen maňa bagt hakda wada bermändiň
Ýada söýýän diýip çökmändiň dyza
Sen ýöne yşkyň gapysyn açyp
Süýji sözler aýtdyň biçäre gyza.

Jadyly sözleriňe süýjilik gatyp
“Men seňki, sen meňki bolaý” diýmediň
Emma ykbalymdan ýekeje güni
Bagtyň gapysynda biraz güýmediň.

Şol süýji pursatlar galdy gursakda
Süýji arzuwlaryma gönezlik bolup
Meniň kalbym arzuw edýär bagt hakda
Bagtyň şol pursatyn ýadyma salyp
Dostlar manada bir gyz yazyp berdi shulary gowy gosgy bolonson siz bn paylashyyn diydim !)
tüwleme men şu goşgulary göçürip alyan .awtora menin minnetdarçylygymy yetirin
sag bol bagyr!
myhman hem bir ýere çenli. jogap ýazmak üçin gaýrat edip
talyplar.com-a
içeri gir!!!

tap
 

Soňky jogaplar

Add to Google

Tutulanlar Banner

Talyplar.com - RSS Lentasy